"Sari saçlarini deli gönlüme
Baglamişim çözülmiyor Mihriban"
Abdyrahman Karakoç
Şamar saçlaryňy däli göwnüme
Baglapdyryn, çözülmeýär Mähriban
Aýralykda gujak gerdim ölüme
Senden aýra gezilmeýär Mähriban
Seni söýdüm, saňa aşyk men diňe
Hyýalymda gezip ýörün seň bile
Galam ejiz gelýär söýgiň derdine
Yşk kagyza ýazylmaýar Mähriban
Ýüregim gan aglar ýarasy täze
Ýazgydyň ýazmasa alajyň näme
Çäre tapylmady şol öňki däbe
Köne kada pozulmaýar Mähriban
Söýgiň derdi saldy, ýandyrdy meni
Oňa derman etmez tebipler emi
Her bir zadyň ahyrsoňy bar weli...
Söýgä serhet çyzylmaýar Mähriban
Geregim, geregim, sen gyz geregim
Özge gözel tutup bilmez deregiň
Gara daşa dönen ganym ýüregi
Gözýaş bilen ezilmeýär Mähriban
Göwre aýra bolup göwün bir bolup
Sözüm galar tenim gider ýer bolup
Belkide bu derdim galar syr bolup
Ýüre syry çözülmeýär Mähriban
Ilmyrat Babaýew