altyyeva
13.11.2023 09:03

Güýz.

Jumadyl-owal.

Ýagyşsyz meýdan.

Gum sürlen hanalar,

Üstünde jaýlar...

Moskowskiý.

Howry gaçyşan asfalt.

Köwüşim elimde

Aýakýalañaç...

Kädaýym ylgasam başlaýan haşlap,

Öwzary ýykylyp öwzaýy giden

Tañryñ gamdan azat eýlän gedaýy

Tüneksiz galansoñ duralgamyzda

Otyr... sowan gamburgyny symyşlap.

Ýapraklary gaýýar aýak astynda,

Agaçlar ýalañaç

utananoklar...

Meger ýatdan çykarypdyr Hudaýy.

Gök asman gyzarýar olañ deregne...

Küpürseýär ýene yzgarsyz Zemin.

Ýel çalýar ýañagna guran derýalañ

Çöküp galan gaýygynyñ küregne.

Gara daglañ serin ýarmaga peýläp

Wulkanlar pysyrdap başlady ýene.

Kapda bent edilen äjit-mäjitler

Boşap geljek bolýan ýaly bu sene

Ýene bikararlyk tutdy dünýämi

Eýse, bu nämekä?..

Yşkyñ gamymy,

Ýetip gelýän kyýamatyñ dañymy?

Ýa meñ gohly durmuşymyñ soñumy?

Muny sen syzmasañ,

bilemok syzyp,

Sen dur, öñkiñ ýaly gözüñi süzüp...

Eger ýaramasa ynjyk göwnüñe

Soñky sanawajyn sanaýan dünýäñ

Jemendesi,

galmagaly,

gürrüñi...

Ýagyşsyz meýdanda alnyñdan öpüp

Gaýdan pursatymy magallak kylyp

Dolanaly daş asyrly eýýama...

Hem jort atyp garramaýan heññama!


Has Türkmen

17
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.