altyyeva
15.11.2023 18:17

Söz bermändiň maňa asmanda Aýy,

Ýyldyzlary monjuk düzjek diýmediň.

Didelerňe bakyp tapan özümi

Ýitirmeklik üçin seni söýmedim.


Telbe bolup ylgamadyň yzymdan,

Ne ýalbardyň ýanyp-bişip köýmediň.

Kakyp duýgularmyň inçe taryny

Üzüp zyňmak üçin seni söýmedim.


Intizar halymdan habar tutarňa,

Isläpdim bolaryň kalba söýgedim.

Süýji sözleriňe özümi aldap,

Güýmemeklik üçin seni söýmedim.


Tala daňlan umytlarym boşanyp,

Özümi tapaýsam elwan öýmede.

Men seni söýmedim

Aglamak üçin

Utulanym ýatlap ilki söýgüde.


Annabeg Aýmakowa

22
60
altyyeva
15 Noýabr 2023
serdarowna
15 Noýabr 2023
@altyyeva, 5 günden gidersiň nesip bolsa, begenýänsiň
serdarowna
15 Noýabr 2023
@altyyeva, hawa şükür gowy menem
altyyeva
15 Noýabr 2023
@serdarowna, salam. Gowy, ozun gowumy ? Hawa 🙂
serdarowna
15 Noýabr 2023
Gowumy taýýarlanýaňmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.