altyyeva
23.11.2023 18:45
Wagt ähli zada bolsa-da derman,
Ýyllar ýetirse-de ýaralaň seýgin.
Ýene ünji berer kalpdaky arman,
Talyplyk ýyllarym.
Ilkinji söýgim.

Ak şäheriň her künjünde ýaşaýar,
Bagtyýar günlerden süýji ýatlamam.
Men seni söýüpdim çendenaşa,ýar,
Ýeke pursat oňman seni ýatlaman.

Baglar seýlimize, belki, indi zar,
Indi "biz"ýok, deregine gury "HIÇ".
Şol duralga her gün bakýan intizar,
Neçün seni getirmeýär “23”.

Annabeg Aýmakowa
27
45
altyyeva
22.11.2023 11:51
Özüme özüm gerek
Gamy neýleýin,
Çykar meni bujagyna gara günleriň,
Azaşdym ýollara boldy umydym
Ak başym, aglan başym,
Çykar özgäni,
Çydamaz baldyr,
Meni dergähde galdyr.

Goşawuçlap suwlar içsem,
Suwlaň damjasynda Ol,
Hünibirýan ýaşlar döksem,
Gözleň hünjüsinde Ol,
Ynjymda,
Ynjamda Ol,
Erkim zynjyrlamda Ol,
Elenýär içim bagrym,
Meni dergähde galdyr.

Ýöribersem Sina daga
Ýazgydym kimler elinde,
Zybamyşam hüýr gyzlardan
Togtadym asal deňinde,
Dilimiň jähegi gitmiş,
Sapagym galdy elimde,
Özümi özüm gözläýin,
Gözlem aldamasyn salgym,
...Meni dergähde galdyr...
19
31
altyyeva
22.11.2023 07:57
Az salym goşgy-da ýazmaýyn diýdim,
Ýazsam, sözlem ak kagyzy otlajak.
Ünsüm sowjak bolup alsam galamy,
Duýgularym ýene seni ýatlajak.

Senli ýodalarda gezmäýin diýdim,
Gezsem, aýak saňa tarap ätlejek.
Mundan ýöremäýin, hakykat aýan,
Ol ädimler indi bagta eltmejek.

Saňa-da bir zady sözläýin diýdim,
Ýatlamalaň artyk ömrüm gätmejek.
Dolanmagy dolama:ly yzyna,
Şundan beýläk her kim bir ýan ätmeşek.

Bu gün baryn jemläp geldim karara,
Ýok, bir däl, birnäçe kagyz otlajak.
Goý, alawlap ýansyn, şol ot bilenem
Saňa bagly geçmişimi ýoklajak…

Kerim Atçapanow
19
43
altyyeva
21.11.2023 19:09
Howany garaldyp, gamlanmasana...
Seniň kemiň däldir, bahar dälligiň.
Diýselerem «sowuk, gara gyş» saňa,
Men welin, keseden bakan däldirin...

Maňa-ha yssydan sowuk ganymat.
Bu sowuk nepesim durlajak ýaly.
Adamlar has mährem bolsady, senem
beýdip, sowuk bolup durmajak ýaly...

Aýgül Garaýewa
28
85
altyyeva
21.11.2023 09:13

"Durmuş adamlardan düzülen goşgy,

Bu goşguda bir sen maňa kapyýa.."

18
30
altyyeva
20.11.2023 21:16
"Aşk en çok yolculukları sever Çünkü aşk kendini bırakıp tek olana kavuşmaya talip olmayı gerektirir. Yaratan insanı aşkla yaratmıştır ancak insan dünyada kendisiyle aşkın arasına perde çekmiş mesafe koymuştur. Yolculuk bu suni ayrımı ortadan kaldırmak için gereklidir. Aşk için çıkılan her yolculuk aslında insanın başladığı yere geri dönmesi içindir."

Bir Çemberdir Aşk , 19. Sır
23
59
altyyeva
18.11.2023 19:10
Söýülmek umydy bilen söýmek ynsanlara mahsusdyr, emma garşylyksyz söýmek diňe enelere hem-de perişdelere mahsusdyr..🤍
20
32
altyyeva
17.11.2023 15:46
Bagt duýdansyz gelse, üýtgeşik ge:rmiş,
Çyn eken...
Ak arzuwlam melegidi düýşümiň.
Arkadag didary... Awazaň düri...
Şa serpaýyn ýapyp, dolýar öwezin,
Azabyny şöwür çeken gijeleň...

Ynanmak kyn, şatlygyma ýer tapman,
Insem diýýän ak bulutlaň gerşinden.
Bu ýyl...Ykbalyma berilen sowgat
Ilki gezek hiç ýadymdan çykmajak
Ýeňşimdi...

Hut täsin ahwal,
Gözlermiň içinden gaýdasy gelmän,
Gowzamaga söz tapmaýan ýüregmiň
Begençden, joşgundan damagy dolup,
Başga-da kän zady aýdasy gelýär...

Tyllaýy güýz, eý, bagtymyň buşlugy,
Biz nirelerde gabatlaşdyk bu gün.
Sary ýapraklarňa meňzeş zynjyrym
Şu pille üç ýola alnyma sürtüp,
Gursagmyň üstünde göterip durun.

Beýik ynsan... ýaşlyk... hümer mähelle...
Bolýan eken
Ertekini huşda kino deý görmek.
Menmi bü, hut häzir başymdan geçýär,
Surata däl, ömre sygmaly pursat,

Bagt eken,
Paýly bolmak bagt paýynyň ülşünden.
Göýä begenýän deý özümden beter
Bu gije şeýle bir üýtgeşik juda
Tolkunlaryň kenaryna urşy hem...

...Tä başyndan ykbaldaky nesip bü,
Gülýär amal bolan hakykatlarym.
Men hut şo gün diňläp gördüm ürç edip
Gözýetmez kenarda iki gün säher
Meňkä meňzeş ak çarlaklaň aýdymyn...

Aýşat Hojamuhammedowa
18
36
altyyeva
17.11.2023 00:03
Pikirlermiň täsiri ýok arzuwa
Ýatlamalar ölçerip ýör derdimi
Ýalňyzlygyň gujagynda ukladym
Göz ýaşlara beren çagym erkimi

Sakçy bolduň düýşlerime gijeler
Hem ynandym ýorgudyna aşa men
Şeýde - şeýde günlerimden ogurlap
Didelemde gözýaş bolup ýaşadyň

Gözlesegem ýalňyzlygyň çäresin
Tapmadyg-a ezenekden çekeni
Bizi soňsuz kötellere iteren
Aýry ýollar nesibämiz ekeni

Her çak düýnleň gowlygna aldanan
Wysaly ýok arzuwlarym sen hakda
Ýanymdasyň, aňymdasyň elmydan
Ýöne seň ýanyňda men ýokda...

Allanur Çaryýew
27
57
altyyeva
16.11.2023 19:28

Töle.

Gaýdyp ber hemmesin.

Sensiz günüm, sensizligim,

Takatym, pikirsiz beýnim...

Indiden soň kynam bolsa,

Maňa gaýdyp ber yzyna

Ýogsa

Çydamok bu aladalaň

Girdabynda sana döndüm.

Artyk sözem gürlemedik

Düşündirşsiz, sessiz-üýnsiz

Bu söýgiden

Senem dändiň, menem dändim.


Ne men saňa bardyr öýdýän,

A sen menden ýetmiş esse.

Ýollaryňda badak bolup,

Günäleriň ahy tutsa

Gargyş etseň iki uçlumyş,

O başda sen, bu başda men

Dogry, öweziň dolmady

Ne ýakynym, ne başgalar.


Töle,

Gaýdyp ber hemmesin

Içiňden çykar sesimi,

Ýüregiňe giren sözlem

Ber

Maňa söz kemlik edýär.

Sen-ä şatsyň, a men munda...

Alalap goýma-da ykbal,

Bize haçan deňlik edýäň.


Töle öňki sadalygym,

Men öňki özüm küýseýän.

Il ýatyp, it uklandan soň

Gijeleriň tümün böwsüp,

Eziz saýan şu ýollaňdan

Seň bilen, özüm ideýän.


Aýşat Hojamuhammedowa

18
42