altyyeva
17.11.2023 15:46
Bagt duýdansyz gelse, üýtgeşik ge:rmiş,
Çyn eken...
Ak arzuwlam melegidi düýşümiň.
Arkadag didary... Awazaň düri...
Şa serpaýyn ýapyp, dolýar öwezin,
Azabyny şöwür çeken gijeleň...

Ynanmak kyn, şatlygyma ýer tapman,
Insem diýýän ak bulutlaň gerşinden.
Bu ýyl...Ykbalyma berilen sowgat
Ilki gezek hiç ýadymdan çykmajak
Ýeňşimdi...

Hut täsin ahwal,
Gözlermiň içinden gaýdasy gelmän,
Gowzamaga söz tapmaýan ýüregmiň
Begençden, joşgundan damagy dolup,
Başga-da kän zady aýdasy gelýär...

Tyllaýy güýz, eý, bagtymyň buşlugy,
Biz nirelerde gabatlaşdyk bu gün.
Sary ýapraklarňa meňzeş zynjyrym
Şu pille üç ýola alnyma sürtüp,
Gursagmyň üstünde göterip durun.

Beýik ynsan... ýaşlyk... hümer mähelle...
Bolýan eken
Ertekini huşda kino deý görmek.
Menmi bü, hut häzir başymdan geçýär,
Surata däl, ömre sygmaly pursat,

Bagt eken,
Paýly bolmak bagt paýynyň ülşünden.
Göýä begenýän deý özümden beter
Bu gije şeýle bir üýtgeşik juda
Tolkunlaryň kenaryna urşy hem...

...Tä başyndan ykbaldaky nesip bü,
Gülýär amal bolan hakykatlarym.
Men hut şo gün diňläp gördüm ürç edip
Gözýetmez kenarda iki gün säher
Meňkä meňzeş ak çarlaklaň aýdymyn...

Aýşat Hojamuhammedowa
18
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.