altyyeva
10.12.2023 14:38
Kalbyň dar ekeni söýgi sygardan,
Şoň üçin sen ony diliňe çolap,
Paýlap ýörsüň gözel görkli gyzlara,
Owadan söz bilen daşyny dolap.

Seniň söýgiň juda-juda pes eken,
Ýere sepelenip, garyldy çaňa.
Çynym, senli umytlarym kör eken,
Kalbyňda çyn söýgi ýok eken maňa.

Sen diňe ýylgyrdyň ýüzüme bakyp,
Şygyrlarmyň manysyna düşünmän.
Seniň arzuwlarňa ýetip bilmedim,
Ýa kyndymy bu zatlara düşünmäň?

Ömrüň ýalan bilen aýlanýar dynman,
Hakykat seň üçin bar zatdan agyr.
Ýaraly kalbymyň üstünden gülüp,
Näme üçin sen maňa çekdirýäň jebir?

Sen hamala bagtly ýaly görünýäň,
Emma kalbyň hile bilen al eken.
Ýok, puşman etmerin söýenim üçin,
Seniň kalbyň yşk sygardan dar eken.

Ogulbagt Çaryýewa
27
61
altyyeva
10.12.2023 02:35
Salam ýeke tudum, bu ýene-de men
( Ýadyňdadyr, gelmeklige söz berdim)
Seniňä şol durkuň,
A mende welin...
Gaty kän zat,
Gaty kän zat özgerdi

İndi gürrüňlerim gussa hakda däl
Dertleriň içini ýylgyryp ýakdym
Gursagymda dörän umytlaryma
Köýen arzuwlarmyň adyny dakdym

Köpden bäri gezip ýörün özgäniň,
Ýangyna ýanman, közüne köýmän
Geňirägem bolsa, soňky wagtlar
Dogrysy men diňe özümi söýýän

Belki öňküsinden gatandyr ýürek
Ýa-da meniň sabyr käsäm döwlendir
Öňler halaýardym gürlemekligi
Ynanmarsyň, dymmaklygy öwrendim

Senem indi artyk horlap durmaýyn
Ýel - ýagmyrda ýetikdir señ derdiñem
Gel syrdaşym, bagryma bir basaýyn
Bu ýerlere dolanmaryn belki men

Ilmyrat Babaýew
24
50
altyyeva
09.12.2023 18:19
Baryň huzuryna päklenip kemsiz.
Uzyn gijelerde galyň ikiçäk.
Darkaşyndan başly – barat duýgulaň
Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk.

Ähli hossarlardan, dosty-ýarlardan
Golaýdyr ol, iňňän golaýdyr size.
Öwrüm-öwrüm, aýlaw-aýlaw ýollaryň
Haýsynyň nireden çykarjagyny
Şol aýdar size.

Şol aýdar müşgilleň asan çözgüdin,
Şol aýdar –
Şoňkudan özge ýalandyr.
Alla owal-başda ynsan ogluny
Ýere gönderende nurundan ýasap,
Dolap ýürek atly düwünçejige
Özündenem birje bölek salandyr –
Ýürekde bolýandyr iň uly hasap.

Iň owadan ýazlar ýürege gelýär,
Iň ýowuz kyýamat gopýar ýürekde.
Ol ymgyr ummanda ýalňyz gämidir –
Jan-jedel bol – yhlas bilen kürekle!
Ýürek tämiz bolsa, ýollar tämizdir.
Ol çäji harpykdan saýlap durandyr.
Diňe gül bedeniň gülgün ganyn däl,
Ykballaryň kültem-kültem ýollaryn
Öz-özünde sazlap, aýlap durandyr.

Ýüregňizi diňläň!
Ýürek – öz dünýäňe ýalňyz gapyňdyr!
Ýüregiňizi diňläň! Syrdaşdyr size,
Size sizden ýakyndyr!

Kakamyrat Rejebow
24
36
altyyeva
09.12.2023 11:05
Ýürek törümizde söýgüni gizläp
Diñe pynhan duýgy bilen sözleşdik.
Gezmesek-de bir-biregi ezizläp
Biz juda meñzeşdik,juda meñzeşdik.

Senä a:şa gedem,şonçarak menem
Ne-hä söýüp,nede söýlüp başardyk.
Beýle meñzeş bolmasadyk ikimiz
Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk.

Biz bireýýàm hökman habarlaşardyk.
Gyşy getirmezdik ömrüñ ýazyna
Gör-ä muny,şum ykbalyñ özi hem
Bizi hüwdüläpdir meñzeş sazyna.

Wagtal-wagtal suratlara bakýarys.
Sorap durmasak-da ýagdaý halymyz
Ömrümiziñ kemi artygy bilen
Bir almany iki bölen ýaly biz.

Berilmedik wadañ gapysyn kakyp
Ýaýdanyp durmazdyk ondan girere.
Umyt monjygyny gezmezdik dakyp
Meñzemedik bolsak birek-birege.

Men-ä indi aýralykdan ýadadym
Sensiz pursatlary ütüp ýolýaryn.
Ebeteýin tapyp geçýän günleriñ
Saña indi meñzemejek bolýaryn!!

Awtor:Nurekowa Gülnäz
15
28
altyyeva
06.12.2023 02:19
Ol gün ýyldyz süýner asmanda, meger,
Girerin men ýakynlarmyň düýşüne.
Dostum ýagşy ýorgutlary agtarar
Ýarygije düýşde gopan dişine.

A sen bolsa ýellendirip gözleriň,
Çirim etmän geçirersiň gijäni.
Menem gaýgy-hasratyma döz gelip,
Öz meýlime gazanmadyk bijämi
gitmegime edinemde tutaryk,
Gözleriňde sorag bilen nem galar.
Täleými gijäniň tümlügne garyp,
Şemdanymda ody öçen şem galar.

Aýdan her sözümden many gözlener,
Şemala-da bahana bor şuwlara.
Bu zatlardan bihabarka özgeler
Itimem ýok, tebil tapyp uwlara.

Şonuň üçin ýyldyz süýner asmanda,
Girenimde ýakynlarmyň düýşüne.
Dostum gowy ýorgutlary gözlände
Ýarygije düýşde gopan dişine

Mukam Muhamow
21
31
altyyeva
04.12.2023 20:12
Kä aýralyk süýji...
Aýralyklardan
Göçgün göwünlerden eşdilýä seda.
Mawy tolkunlaryñ möwjün gujaklap
Arkan düşüp ýatyr... bagtly kenar.

Munda şowhun, tanslar...
Hem kebap ysy
Jagyrdysy howra gyzan daşlaryñ.
Mahmal möwsüm, gomlañ gohy, pagşyldy
Sesin alsa alyp gidýä... ýaşlygyñ.

Gamly göçüş bilen
Agladyp köñli
Nagma döküp, uçup barýar durnalar
Durna geçýä... bir el kakar penjiräm
Ýerde, ýene umyt salym pyrlanar.

Bu deñiz... bu kenar...
Ümüş-tamyşda
Balyklaryñ pyşyrdysyn diñleýä.
Kä aýralyk süýji... duşuşyklardan
Deñze ýagyş ýagýa... ýagýa, diñmeýä...

Orazbibi MÄLIKGULY gyzy
22
27
altyyeva
30.11.2023 19:06

Iňrik gözýetimi gizländir bu çak,

Wadaly ýerlere bagryn berip Aý.

Aýralygy bulut deýin parçalap,

Indi bize sataşma ýok, ynanaý!


Azaşyldy dünýäň gündizliginde,

Degme, syrlam şemim bilen tütesin.

Gözläp senli günlem sensizligimden,

Gidenleň yzyndan gelýär gidesim.


Ýyllar kem-kem unutdyrýar keşbiňi,

Neçün göge ýetişmedi dilegim?!

Dyzyn sypjyrdanda büdrän yşkymyz,

Nirede döküldi erän ýüregim?!


Ynanmaz ynamym, menem seňki däl,

Gelmek hakda arzuw etdiň, gelmediň.

Nirde galdy sygyndygmyz ýagşy päl,

Çat açan menzili sepläp bilmedim.


Indem arzuwlaryn çar ýan dagadyp,

Bu oturan men däl, boşan ýalňyzlyk.

Söýmänmidik?!

Onda neçün agladyk?!

Sebäp, bizden rüstem geldi aýralyk.


Aknur Rozyýewa

30
78
altyyeva
27.11.2023 00:48
Bu meniň göwnümiň gündeligi. Daş-töweregimiň ýasama ynsanlardan doludygyna seretmezden ony gözellikler barada ýazylan kyssalar bilen bezemek diňe maňa bagly. Hernäçe kynam bolsa men muny başarmaly...
Ol göwnümiň gündeliginde arzuw eden goluny galdyranam bolsa kalbymda islän ornuny gazanyp bilmedi. Belki onuň dalaş edeni kalbymyň töri däl bolmagam ahmal. Gara syýa bilen göwnümiň gündeliginde goýlan gara tümlük mysaly düşnüksiz ol goluň maňa käbir zatlary öwretmekden başga zada haýry ýok ahbetin...
Göwnüm. Onuň seni söýüp başarmadygy seniň söýülmäge mynasyp däldigiňi aňladanok. Gaýtam has gowy zatlaryň nesibäňde barlygyna umydyňy berketmäge kömek edýär. Bu zatlary saňa gelip kimdir biriniň düşündirmegi hökman däl. Sen kimdir biriniň yşkyndan telbelik hala düşerden mert hem akylly bolmaly. Ömrüňde ilkinji gezek bagtly bolmaga eden töwekgeliň başa barmadygy seniň özüňe bolan ynamyňy hem söýgüňi gowşadyp bilmez ahyry. Sen erkiňi duýgularyňa birdem aldyranam bolsaň özüňi ele alar derejede güýçlüdigiňe ynanýan...
Sessizlikden erbet jeza ýok ekeni ynsana. Özüňi özüň iý diýýän ýaly ne ýagşydan ne ýamandan seda berilmese nerw öýjükleriň bilen beýniň arasyndaky sazlaşyk ýitýär-de was-wasa öwrülläýýän ekeniň. Ýekeje sözi ýekeje haty senden gysganan adam nädip seni kalbynyň hany saýýandyr öýdüp bilýäň. Sen bu zatlaryň hiç birine mynasyp däl. Seni hiç kim tanamasa-da men tanaýan-a...
Biz üçin hemişe ýollaryň kyny sataşypdy. Hiç haçan elimizden tutup bu ýollarda öňümize düşen adam bolmandy. Dogry salga barmak üçin entäp-entäp jepa baryny çekip hamala illeriň ulagly barýan menzillerini biz pyýada külterledik şu güne çenli. Indem kyn boljagy belli zat. Ýöne biz ýene-de başararys. Durmuşyň tagamy kynçylyklarda biziň üçin. Darykma, göwnüm!
Gijeler dümtünip galam bilen dertleşýänimi ejem bilse niçik bolardy. Göwnümiň gündeligini okaýsa ejemiň maňa bolan garaýşy üýtgärdimikä? Beýleki ejeler ýaly "düşünjesi döwrebabam" däldi meniň ejem. Gujagyny ýassanyp kalbymda kemsinip galan duýgularymy aýdyp bersem ejem meni köşeşdirermidikä. Ýa tentejik hem gorkajyk gyzynyň bardygyna gyýylarmydy. Indi sanly günden mugallym bolmaly arzylysynyň özüni boş hyýallara aldyryp şahyr bolan bolup ýörşüne gaharlanardy belkem. Käýinerdi hatda. Belki kalbyma ýetmeýän zat mähirden ötri şol käýinç bolmagam ahmal...
Göwnümiň gündeligini bagtly günlerimiň belligi üçin tutupdym. Aslynda adam özüne bagty özi döredýär diýilýär. Men bolsa özüme bagtsyzlygy döredýän kejirje çaga. Bagtly bolmakdan gorkýan gorkajyk towşan ýüreklije gyz men. Syry bilinse ynsan müýnürgär. Men bolsa köňül gussalarymy gündeligime döküp ýeňledim. Indi günleriň bir güni göwnümiň gündeligini okaýmasam gaýdyp ýatlamajak derejede ynjaldym. Indi saňa dolanmaryn sag bol gündeligim!

Annabeg Aýmakowa
21
89
altyyeva
26.11.2023 01:14
Kalpda ot uçguny damjalar bilen
Bir bedende. Ynha, başlady darkaş.
Diňe sen derdimi aňan bolmaly,
Ýagşyňy ýagdyryp, tebigat gardaş.

Sen bu gün ne beýle alňasap dursuň,
Ýa has ýanmagymdan heder etdiňmi?
Başgalara aýan bolsa ahwalym,
Söýmek hem söýülmek ýiter öýtdüňmi?
26
76
altyyeva
25.11.2023 07:18
Hiç kim üýtgeşik däl, alym bolanam
Biz ýaly adam.
Ýagşyzada däl-de, zalym bolanam
Biz ýaly adam.

Durmuşy söýenem
Biz ýaly adam.
Durmuşdan köýenem
Biz ýaly adam.

Onsoň nämüçin biz arzuwlarmyzdan
Özümizi juda saýýarys ejiz?
Kynçylykdan gorkup, umytlarmyzdan
Ýene öňküligi görýäris eziz?

Kynçylykdan gorkýanam
Biz ýaly adam.
Arzuwyna ýetýänem
Biz ýaly adam.

Il derdini çeken beýik ägirtler
Kynçylyk öňünde ýumşamadylar.
Baglaram boý aldy şitil çybykdan,
Sähel ýele asla gowşamadylar.

“Beýik bolmaz – diýseň
– Men ýaly adam”,
Beýik bolanlaram
Biz ýaly adam.

Şoň üçin öçürme kalbyňda körän,
Eden arzuwlaryň tutaşan odun.
Kynçylyk öňünde merdem bol örän,
Ýeňeris!
Ýeňenem biz ýaly adam.
22
31