altyyeva
30.11.2023 19:06

Iňrik gözýetimi gizländir bu çak,

Wadaly ýerlere bagryn berip Aý.

Aýralygy bulut deýin parçalap,

Indi bize sataşma ýok, ynanaý!


Azaşyldy dünýäň gündizliginde,

Degme, syrlam şemim bilen tütesin.

Gözläp senli günlem sensizligimden,

Gidenleň yzyndan gelýär gidesim.


Ýyllar kem-kem unutdyrýar keşbiňi,

Neçün göge ýetişmedi dilegim?!

Dyzyn sypjyrdanda büdrän yşkymyz,

Nirede döküldi erän ýüregim?!


Ynanmaz ynamym, menem seňki däl,

Gelmek hakda arzuw etdiň, gelmediň.

Nirde galdy sygyndygmyz ýagşy päl,

Çat açan menzili sepläp bilmedim.


Indem arzuwlaryn çar ýan dagadyp,

Bu oturan men däl, boşan ýalňyzlyk.

Söýmänmidik?!

Onda neçün agladyk?!

Sebäp, bizden rüstem geldi aýralyk.


Aknur Rozyýewa

30
78
sabyrly
1 Dekabr 2023
Aknur Rozyýewa zehinli şahyr üýtgeşik dünýasi bar ýöne nåme üçindir bilemok eserleri bilen kän bir görnüş berenok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.