altyyeva
27.11.2023 00:48
Bu meniň göwnümiň gündeligi. Daş-töweregimiň ýasama ynsanlardan doludygyna seretmezden ony gözellikler barada ýazylan kyssalar bilen bezemek diňe maňa bagly. Hernäçe kynam bolsa men muny başarmaly...
Ol göwnümiň gündeliginde arzuw eden goluny galdyranam bolsa kalbymda islän ornuny gazanyp bilmedi. Belki onuň dalaş edeni kalbymyň töri däl bolmagam ahmal. Gara syýa bilen göwnümiň gündeliginde goýlan gara tümlük mysaly düşnüksiz ol goluň maňa käbir zatlary öwretmekden başga zada haýry ýok ahbetin...
Göwnüm. Onuň seni söýüp başarmadygy seniň söýülmäge mynasyp däldigiňi aňladanok. Gaýtam has gowy zatlaryň nesibäňde barlygyna umydyňy berketmäge kömek edýär. Bu zatlary saňa gelip kimdir biriniň düşündirmegi hökman däl. Sen kimdir biriniň yşkyndan telbelik hala düşerden mert hem akylly bolmaly. Ömrüňde ilkinji gezek bagtly bolmaga eden töwekgeliň başa barmadygy seniň özüňe bolan ynamyňy hem söýgüňi gowşadyp bilmez ahyry. Sen erkiňi duýgularyňa birdem aldyranam bolsaň özüňi ele alar derejede güýçlüdigiňe ynanýan...
Sessizlikden erbet jeza ýok ekeni ynsana. Özüňi özüň iý diýýän ýaly ne ýagşydan ne ýamandan seda berilmese nerw öýjükleriň bilen beýniň arasyndaky sazlaşyk ýitýär-de was-wasa öwrülläýýän ekeniň. Ýekeje sözi ýekeje haty senden gysganan adam nädip seni kalbynyň hany saýýandyr öýdüp bilýäň. Sen bu zatlaryň hiç birine mynasyp däl. Seni hiç kim tanamasa-da men tanaýan-a...
Biz üçin hemişe ýollaryň kyny sataşypdy. Hiç haçan elimizden tutup bu ýollarda öňümize düşen adam bolmandy. Dogry salga barmak üçin entäp-entäp jepa baryny çekip hamala illeriň ulagly barýan menzillerini biz pyýada külterledik şu güne çenli. Indem kyn boljagy belli zat. Ýöne biz ýene-de başararys. Durmuşyň tagamy kynçylyklarda biziň üçin. Darykma, göwnüm!
Gijeler dümtünip galam bilen dertleşýänimi ejem bilse niçik bolardy. Göwnümiň gündeligini okaýsa ejemiň maňa bolan garaýşy üýtgärdimikä? Beýleki ejeler ýaly "düşünjesi döwrebabam" däldi meniň ejem. Gujagyny ýassanyp kalbymda kemsinip galan duýgularymy aýdyp bersem ejem meni köşeşdirermidikä. Ýa tentejik hem gorkajyk gyzynyň bardygyna gyýylarmydy. Indi sanly günden mugallym bolmaly arzylysynyň özüni boş hyýallara aldyryp şahyr bolan bolup ýörşüne gaharlanardy belkem. Käýinerdi hatda. Belki kalbyma ýetmeýän zat mähirden ötri şol käýinç bolmagam ahmal...
Göwnümiň gündeligini bagtly günlerimiň belligi üçin tutupdym. Aslynda adam özüne bagty özi döredýär diýilýär. Men bolsa özüme bagtsyzlygy döredýän kejirje çaga. Bagtly bolmakdan gorkýan gorkajyk towşan ýüreklije gyz men. Syry bilinse ynsan müýnürgär. Men bolsa köňül gussalarymy gündeligime döküp ýeňledim. Indi günleriň bir güni göwnümiň gündeligini okaýmasam gaýdyp ýatlamajak derejede ynjaldym. Indi saňa dolanmaryn sag bol gündeligim!

Annabeg Aýmakowa
21
89
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.