altyyeva
18.12.2023 00:51
Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal,
Sesim barmasa-da, duýýansyň meni.
Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan,
Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni.
Paýlaşmaga derdem galmady indi,
Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke.
Maňa-da alysdan ýollar göründi,
Nirede mähelle?!
Nirde märeke?!
Wagtyndan ir doldy şeýdip möwritim,
Okan kitaplarym basypdyr tozan.
Garaldy şapagym, söndi gözýetim,
Gitdiň, ýeke setir bolmady ýazan.
Çykgynsyz ýagdaýa düşmekden gaçdym,
Durmuş düşünmeýär seniň derdiňe.
Adamly günlerden aramy açdym,
Ýöreýän, ýanymda ruhum bar diňe.
Güýzüň gussasynyň öňküligi ýok,
Kesp edindim ýalňyzlygy söýmegi.
Eý, dost, niçüýn beýle sesiň çykanok,
Ýene könäň başyn syryp ýörmeli.
Köçeler ýagyşly, galmady ugry,
Heser eden ýaly nätanyş gussa.
Seň bilen dogrumy, sensizlik dogry?
Pikirlem daralýar, köňlümem hassa.
Seýran Otuzow
21
37
altyyeva
15.12.2023 16:29
"Şahyryň aýaly kimin
Ýokdur çydamly aýal.
Günde äriň başyna
Gelip dur ýüz-müň hyýal
Bir gözeliň gamzaly
Gaşyny taryplaýar,
Bir gözeliň on sekiz
Ýaşyny taryplaýar.
Bir gözeliň eliniň,
Işine alkyş aýdýa,
Bir gözeliň dürdäne
Dişine alkyş aýdýa.
Zire-zire zülpleriň,
Taryny taryplaÿar,
Garaz, gaýry gözeliň
Baryny taryplaýar.
Müýnürgemekden geçen
Ýazdygy okap berýä,
Sähelçe at daksaňam
Uçursyz gaty görýä.
Özgeleriň waspyny
Takatly diňlemeli,
Meniň çydap ýörşümi
Görenler geňlemeli.."
Diýip, joraň ýanynda
Gürlediň güle-güle,
Menem göwünlik berdim
Saňa batyrlyk bile :
- Ejiz aýaly şahyr
Asyl-ha alyp bilmez,
Ylham oduna ejiz
Uçgunam salyp bilmez.!
Ata Atajanow
26
87
altyyeva
14.12.2023 18:37
“Bilmedik biz bagtyň nirde uklanyn...”
Düşünmezlik eken, çagalyk eken
Ilki söýgimize “agalyk” eden.
Ýygralyk eken.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen günleň
Ahydyr zary bilen
Sen meni bagyşla, ýar.
Men seni bagyşlaýan.
Bizi duşurmadyk gijelermizi
Ýatlasam, ýatmasam gijelerine,
Aý aglap bakar.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen aýlaň
Ýagmyrdyr gary bilen
Sen meni unutma, ýar.
Men seni unutmaýan.
Bilmedik biz bagtyň nirde uklanyn.
Ýyllar bizi aýra salan ykbalyň
Bar syryn açar.
Şolaryň bary bilen,
Sensiz geçirlen ömrüň
Ysgyn-mydary bilen
Ýalňyz galsaň, agla, ýar!
Menem käte aglaýan...
Gurbandurdy Orazow
21
40
altyyeva
13.12.2023 15:50
Ýürek seni küýsär, gözlerim görmez,
Wagt tapyp, ýanyňa baryp biläýsem.
Aýralyk aýgytly, ynjalyk bermez,
Her günde, didaryň görüp biläýsem.
Yzgytsyz yzasyň, köňlüme meniň,
Rahatlan, ynjy ýok, göwnüňe seniň,
Mähriban, görke baý, näzik bedeniň,
Garşylap, gujagym gerip biläýsem.
Heý, rehim etmezmiň, galdym delmurup,
Şunça özelenip, şonça ýalbaryp,
Aý yşgyna ýola düşsem, men baryp,
Ýüregimi sowgat berip biläýsem.
Geýinşiň gelşikli, laýyk, görkana,
Mazamlanmaz, güjeňlenmez erkana,
«Örüklengi» özüm çekip bir ýana,
Otdan çykyp, suwa urup biläýsem.
Ýakymyň ýaňzydýan, ýalkymyň ýaýsaň,
Gözleň gülüşinde, ýüze nur çaýsaň,
Hopugyp, howlugýan howandar saýsaň,
Hal-ahwalyň sorap durup biläýsem.
Saldamly söz sende, salyhat sende,
Kararsyz men munda, kanahat sende,
Aşygyň görgüli – birahat bende,
Daň säher törüňden örüp biläýsem.
Gözleýän alajyn, aňymdan aňtap,
It boldum, ugruňda ser-sepil entäp,
Ýörejek ýodaňdan gapdalyň ýantap,
Deň nepesde, bile aryp biläýsem.
Senden seda gelmez, çykmaz ses-üýnüň,
Ertirki umytda bu günüm, düýnüm,
Hakdan seni diläp, hiç ýokdur müýnüm,
Maňlaýymda, daşy ýaryp biläýsem.
Illi diýr, irkilsem tisginip turýan,
Göýä, zerur zatdan, giç galyp barýan,
Gaýgyrman, bagyşlap janymy berýän,
Ömrümi ömrüňe garyp biläýsem.
Ilmämmet Allagulyýew
31
47