altyyeva
14.12.2023 05:53
Hamala bagt daragt bolsa onuň miwesi ol bolsa gerek. Iň söýgüli miwedenem datly özü-de. Ondan doýma ýok. Kalbyňa eçilýän ýakymy iň süýji miwäniň ysyndanam lezzetli. Köp ynsanlara bagtyň miwesini datmak nesip edýär. Käbirleri bolsa onuň zary.
Arzuwlanyp ýetilen bagtdan miwe datmak ömrümiziň manysy megerem. Ynsan ogly hamala şol miwäniň dowamly barlygy üçin ýaşaýan ýaly. Barha ýyl geçdikçe süýjeýän ol miwäniň idegem yhlasam özüne ýeterlik.
Alma üzüm nar beýi armyt diýlişi ýaly bagtyň niwelerem her hili atly bolýar. Her kim oňa özi ýagşydan ýagşy ady saýlap goýýar. Soňam bolşundan beter süýjedip dakylan şol at bilen garraýar olar.
Biziň iýýän miwelerimiz bilen atdaşlaram bar hatda olaryň. Adamlar Alma Enar Injir diýip olara göni miweleriň adyny geçirip goýberýärler. Şeýdibem olaryň atlaram özlerem süýjeýär.
Mahlasy olar hemişe hemme ýerde söýülýär. Olar dünýäniň şasy göýäki. Ähli barlyk olara tabyn. Şolar aglasa ylganyp gülse begenip ýaşaberer hemmeler. Bagta gelen olar hamala.
Bagta gelen bagtyň miwesi çagajyklar. Goý ähli çagajyklaryň jykyr-jykyr gülki sesleri kesilmesin eneleriň hüwdüsidir kakalarynyň ertekileri bilen ulalmak ähli çagajyklara nesip etsin.

Oguljan ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
25
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.