Yhlasb
10.07.2020 19:57

Salam dostlar. Bu günki postumuzyñ temasy DNK üýtgetmelerindäki gazanylan netijeler hakda bolar.

Soñky ýyllarda DNK-lary has içgin gördük we olaryñ nähili işledigini öwrendik. Ony okap bilýän maşinkalar döretdik. Soñ 6 ýylda bolsa olary üýtgedip biljek enjamlar hem döretmäge başladyk. Indi bu enjamlary ulanyp heniz dogmadyk bäbekleri dizaýn etmäge başlajagymyz täze bir döwüre aýak basýarys.Bizden has güýçli, çydamly we owadan boljagy bir gelejek. Bu günler hem geler ýöne daşyndan görnüşi ýaly ýönekeý we gowy bolman hem biler.

Gen üýtgetmeklik işi gaty bir täze çykan däldir, ýyllar öñ hem edilýärdi. Onuñ 4 derejesi bar. Has hem gowy düşünükli bolar ýaly bu derejeleri 4 gatly bir binanyñ içindäki gapylar şeklinde taryp etmäge çalyşmakçy. Bu binanyñ giriş gatyndaky gapysy 1980-nji ýylda gen bejergisi maksady bilen açyldy. 1990-njy ýylda doktorlar ilkinji gezek bir gen hassalygyny bejermegi başardylar. Şondan bäri hem dürli kesellere garşy bu ugurda gözlegler dowam edip dur.

Bular dowam edibersin käbirleri bolsa ikinji gatdaky gapyny açmaklyga zorlap başladylar. ,,Eger genleri üýtgedip bilýän bolsak onda ony näme üçin diñe bejergi maksatly ulanalyñ?'' diýýänler 2004-nji ýylda bu gapyny hem açdylar. Meselem internetde gördügim wideoda iki sany syçan bar olaryñ biri adaty syçan beýlekisi bolsa genleri has çalt ylgap biler ýaly üýtgedilen (dizaýn edilen). Bulardan adaty syçan 10 minutda 200 metre ylganyndan soñra bes edýär.Emma genleri üýtgedilen syçan bolsa 5 km ylgaýar we soñra bes etjek ýaly edýär we biraz dynç aljak ýaly edýär we ýene dowam edýär. Gürrüñiñ gysgasy 2-nji gapy hem açylýar.Heniz diñe teorik bolsa hem adamlaryñ hem genlerini şu şekilde üýtgedip boljakdygyna örän ynanýarlar.

Üçünji gata çykmaga taýýarmysyñyz? Başga näme edip bolar diýip pikirlenýäñizmi? 1-nji we 2-nji gatdakydan gaty bir üýtgeşik hem däl. Diñe tapawudy girizilen üýtgeşmeler olaryñ nesillerine hem geçýär. Ýagny 3-nji we 4-nji gatda germline tehnikalary bar. Muny etseñiz diñe ol adamy däl ondan dogjak çagalary hem üýtgetýäsiñiz. Köp bilim adamlary muny etmek üçin örän irdigini aýtýarlar. Şonuñ üçin hem dünýäde 25 döwletde muny kanunlar bilen gadagan etdiler. ,,Şonuñ üçin hem bu gapy açylmady'' diýmegi islärdim ýöne iki döwletde gadagan däldigini hem aýtmadan geçmäýin.

ABŞ we Hytaý. Onsuzam gen üýtgetme barada iñ köp gözlegleri geçiren ýurtlar şulardyr. Şeýlelikde 2018-nji ýylyñ noýabr aýynda dünýäniñ ilkinji genleri üýtgedilen çagalary Hytaýda dünýä indi: Lulu we Nana.

Bulary geçiren doktorlar hem bejeriş ähmiýetli bolduguny aýtýarlar, ýagny HIV wirusyna garşy immunitetleri bar. Ömülerinde hiç AIDS bolmazlar nähili gowy diýip pikirlensek hem bu birnäçe çekeleşiklere ýol açýar.Sebäbi bu üýtgeşmeleriñ nähili netijelere getirjegini bilmeýäris.Ýöne gapy açylandan soñ ondan içeri girenleriñ sany-da artar.

Biologiýadan ýatlasak adam genleri hromosomalarda ýerleşýär . 23 hromosomalarymyzy ejemizde 23-ni bolsa kakamyzdan alýarys.Her bir hromosomanyñ içinde hem 20000 sany gen bardyr.

Bu üýtgeşmeler heniz dogmadyk bäbeklerde edilip başladygynda dördünji gapy hem açylar.
Munuñ bilen bagly bolan Gattaca filmini hem size maslahat berip bilerin. Ol filmde hem dogmadyk çagalarynyñ gözüniñ , teniniñ ,saçynyñ reñkine hat-da oglan ýa-da gyz doguljagyna çenli karar berip bilýärler. Ýöne ilki başda diñe baýlara muny etmek mümkin bolar. Gysgaça aýtsak baýyñ çagalary has akylly, gelşikli ,ukyply bolarlar bu hem adamzada howp salyp biler meniñ pikirimçe.
Şu ýere çenli okanlara köp minnetdar. Bu tema bilen bagly teswirleriñize garaşýaryn.

25
1 150
Yhlasb
09.07.2020 14:06
Aýakgaplaryñ bagjygy näme üçin öz-özünden çözülýär? Bu belkide iñ soñ aklyñyza geljek soraglardan biridir sebäbi aklyñyz has möhüm zatlar bilen başagaýdyr.Ýöne şeýle ýagdaý hökman başyñyzdan geçendir. Bu barada California Berkeley University-däki alymlar gözlegler geçiripdirler men hem bulary siziñ bilen paýlaşmagy ýüregime düwdüm. Bilim adamlary bagjygyñ düwününiñ çözülmegi aýagymyzyñ hereketi netijesinde sekuntlar içinde bolup geçýändigini orta çykarypdyrlar. Edil görünmeýän bir el ony çözýän ýaly.

Bu çözülmäniñ düwüşimiz bilen bagly bolýandygyny aýtýarlar. Biziñ köpümiziñ ulanýan düwünümiz ABOK #1212 diýlip atlandyrylýar. ABOK gysgaltmasy ,,The Ashley Book of Knots '' kitabyndan çykypdyr. Bu kitap 1944-nji ýylda çykypdyr we bu kitapda 3854 görnüşli düwün görkezilipdir we bu kitapdaky nomerlemeler halkara standartyna öwrülipdir.

Düwün diýlen zat aslynda örän öñ ýüze çykan zat bolup paltadan, tigirden we hat-da otdan hem ir oýlanyp tapylypdyr. Has içgin seretdigimizde düwün diñe aýakgaplarymyzda däl, eýsem egnimizdäki eşiklerimiz hem şolardan emele gelýär dälmi? Mata diýdigimiz hem ýüpleriñ düwün düwün örüminden emele geldigini bilýäris.

Bu günlerde tehnologiýa Marsa çenli baryp ýetdi ýöne ol ýere iberdigimiz roweriñ üstünde kabelleri baglamak üçin hem 5000 ýyl mundan öñ müsürlileriñ kemer baglamak üçin ulandygy düwümiñ ulanyldygyny görüp bilýäris.

Gordion düwüni barada eşidipdiñizmi? Gordion Ankaradan 94 km uzaklykda ýerleşýän gadymy bir şäher. Frigýanyñ paýtagty. Rowaýata görä bir öñdengörüji Frigýanyñ derwezesinden arabaly ilkinji kim geçse ony patyşa yglan etmelerini aýdypdyr. Şol pursat derwezeden garyp bir adam öküz arabasy bilen derwezeden giripdir we ol hem Gordion eken we ony hem patyşa diýip yglan edipdirler. Gordion öküzlerini bir düwün bilen baglaýar eken çözmesi örän kyn bolan bir düwün bilen bu düwün hem Gordion düwüni diýip at alypdyr. Bu düwüni çözüp bilen adam Aziýanyñ häkimi bolar diýen gürrüñ baryp Aleksandr Makedonskiniñ gulagyna çenli baryp ýetipdir.
Ol hem miladydan öñki 334 ýylynda şahere geleninde düwüni çözmäge çalyşypdyr. Ýöne gynansakda ol hem çözüp bilmändir we çözmegiñ ýerine gaharyna gylyjy bilen kesipdir. Taryhçylaryñ käbirleri hem onuñ 33 ýaşynda Aziýanyñ häkimi bolup bilmän ölmesini şol düwün bilen hem baglanyşdyrýarlar.

Edil şonuñ ýaly mende-de bolýar çekmämi açdygymda Gordion düwüni ýaly bir-birine dolaşan kabelleri görýärin ?. Özünden çözülen aýakgap bagjyklarynyñ tersine bu gezek hem özünden düwülýän nauşnik kabelleri. Alymlar dürli uzynlykdaky jisimleriñ 120 dürli düwün emele getirip bildigini açypdyrlar. Hasaplamalara görä 46sm-den gysga bolan kabelleriñ özünden düwülme ähtimallygy 50 prosentden azdyr.

Geliñ onda aýakgap düwünlerine gaýdyp geleliñ. ABOK #1212 özünden çözülýän bolsa näme edip bileris? Aslynda bu düwüni iki şekilde düwüp bolýar añsat çözülmeýän güýçli bir düwün düwmegimiz gerekdir. Ýolda barýan wagtymyz üstünden basyp ýykylmazymyz ýaly. Dogry düwülşini hem internetden tapyp öwrenip bilersiñiz.

Peýdasy degen bolsa like goýup goldap bilersiñiz.
Pikirleriñizi hem teswirlerde galdyrmagy unutmañ!
26
1 023
Yhlasb
08.07.2020 07:53
Bütindünýä Saglyk Guramasy wirusdan goranmagyñ 3 sany iñ täsirli şekilini yzygiderli aýtýar olar:. •Öýüñde gal
•Elleriñi ýuw
•Ýüzüñe degme
Ýöne bu tema wirusdan goranmak hakynda däl-de bu görkezilen zatlary näme üçin edip bilmeýändigimiz hakda bolar. Bulardan iñ esasan hem näme üçin ýüzümize degmeden durup bilmeýändigimiz barada gürrüñ bermekçi.

Bilim adamlary adamlaryñ sagatda ortalama 23 gezek, 2 ýarym minutda bir agzymyza,ýüzümize,gözümize ellerimizi degirdigimizi aýtýarlar. Hem-de heniz dogulmankak degmäge başlaýarys 24 we 36 hepdelik göwreli zenanlarda geçirilen gözleglerde bu anyklanylypdyr. Ejeleri stresli bolsa çagalar çep ellerini bilen ýüzlerine degirýändikleri orta çykaryldy.Başga gözlegde bolsa çilim çekýän zenanlaryñ bäbekleriniñ ellerini has köp ýüzlerine eltdigi aýdylýar.

Germaniýada geçirilen gözlegde test çözýän okuwçylaryñ töwereginde dürli sesler göýberipdirler we okuwçylaryñ has köp ýygylyk bilen ýüzlerine degdiklerini anyklapdyrlar, we netije hökmünde ýüzümize degmegimiziñ duýgularymyz bilen bagly bolduguny orta atypdyrlar. Siziñ pikiriñizçe bu şeýle bolup
bilermi?

Ýüzüñe degmek islegi diñe adamlara degişli bir zat däl , bu pişiklerde, itlerde, belkalarda hem bardygy bilinýändir.1970 li ýyllarda belkalarda geçirilen gözleglerde hem belkalaryñ ýüzlerine degme sebäbiniñ ys almak bilen bagly bolup biljekdigini aýtýarlar.

Subut edilen däl ýöne bu düzgünleriñ üçüsini hem ýerine ýetirmekde kynçylygymyz ys almak isleglerimiz bilen bagly bolup biler.

•Öýümizde galmaýarys sebäbi dürli yslara gereklik duýýarys.
•Ellerimizi köp wagt dowamynda ýuwmaýarys sebäbi ol yslary doluluguna ýitirmek islemeýäris.
•Ýüzümize degýäris çünki ol yslary burnumuza transfer etmek gerek.

2011-2014- nji ýyllarda geçirilen barlagda hem elimizi ýüzümize degirmegimiziñ ys almak bilen baglydygyny anyklapdyrlar.Barlayg diş doktoryñ otagynda geçiripdirler. Bu barlag jemi 281 adamda geçirilipdir we bu adamlara beýniñiziñ elektrik işlerini hem ölçemekçi diýip burunlaryndaky howa akymyny ölçeýji bir gural dakypdyrlar we bu adamlaryñ stamatolog bilen elleşip salamlaşdykdan soñra ellerini ýüzlerine we burunlaryna eltdiklerini we ys aldyklaryny orta çykarypdyrlar.

Bir zatlar öwrenen bolsañyz like basmagy unutmañ.


20
714
Yhlasb
07.07.2020 13:27
Başgalaryna ,,hawa'' diýdigiñizde özüñize ,,ýok'' diýmedigiñize göz ýetiriñ
18
295
Yhlasb
07.07.2020 06:43
Ähliñize salam bu gün size Starlink proýekti barada biraz gürrüñ bermekçi. Tema başlamankam size bir sorag temalary giñişleýin gürrüñ bersem gowymy ýa-da gysgaçamy okamaga ýaltanýan bolsañyz indikilerde gysgaldaýyn.

Onda tema gireliñ , bu proýektiñ arkasynda Elon Musk we onuñ kompaniýasy SpaceX bar . Starlink proýekti dünýäniñ orbitasyna döredilmäge başlanan hemra sistemasydyr (спутниковая сеть) . SpaceX kompaniýasy bu hemralary orbita ýerleşdirmek arkaly dünýäniñ ähli ýerlerine has ýokary tizlikli we amatly internet hyzmatlaryny bermegi planlaýar. Bu proýekti amal etmek üçin örän köp sputlikler gerek on müñlerçe. Bu sputnikleriñ kosmosa iberilmesi häzir dowam edýär. Her aýda 60 töweregi we ortalama günde 3-4 sanysy orbita ornaşdyrylýar. Bütin dünýäni internet bilen üpjün etmesi üçin 42 müñ sany hemrany uçurmak planlanylýar.

Käbirleri bu proýektiñ dürli problemalary döretjekdigini hem aýtýarlar .Meselem yşyk kirliligi ýaly problemalar. Ýa-da ol sputnikleriñ orbita ornaşanyndan soñ ilkinji günlerde olaryñ üstündäki güneş paneliniñ şöhlelenmesi rahatsyzlyk döretýändigini-de aýtdylar. SpaceX bu meselelere çözüm gözleýändigini aýtdy.

Bu sputnikleriñ her biri 260 kg agyrlykda we bir stol ululugyndadyr. Üstünde 4 sany güýçli anten bar we şolaryñ kömegi bilen hem Ýer bilen hem öz biri-birleri bilen aragatnaşyk edip bilýärler. Üstlerindäki güneş panelleri saýasynda özlerine gerek bolan energiýany öndürýärler. Bulardan başga hem bu sputniklerde nawigasiýa enjamy ýerleşdirilen ýagny orbitadaky beýleki uçýan jisimler bilen çaknyşmaz ýaly. Eger çaknyşan ýagdaýynda hem Ýere zyýansyz şekilde özüni ýakyp ýok edip bilýär.Bularyñ ählisi interneti peýdalanmak üçin örän möhümdir we häzirki wagtda ulanýan internetimiz kabellar arkaly bize ýetirilýär.

Geliñ indi çykdaýjylar we girdeýjiler barada maglumatlara seredeliñ . SpaceX bu proýekt üçin 2030-njy ýyla çenli 10 milliard dollar çykdaýjy eder. Ýöne häzirki ulanýan kabeller arkaly internetimiz üçin bolsa geljek 7 ýyl üçin harçlanjak pul mukdary ondan 15 esse köp ,ýagny 150 milliard dollar. Bu arada SpaceX kompaniýasy kosmosa raketa uçurmaklygyñ hem has ekonomik usuluny tapdy. 600 million dollara derek 50 million dollara Falcon9 roketalaryny uçurýar. Şonuñ üçin hem öñ Fransiýa, Rossiýa ýurtlara sputnik uçurdulsa indi köp ýurtlar Spacex-i peýdalanýar. 2027 ýylyna çenli dünýäniñ ähli ýerini ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär.Bu proýektden geljek girdeýji 120 milliard dollar boljakdygy aýdylýar . Bu proýektden geljek pullary bolsa Elon Musk Marsy öwrenmek üçin harçlajakdygyny aýtýar.

Halan bolsañyz like basmagy unutmañ!
0
9
835
Yhlasb
06.07.2020 10:15
Ähliñize salam bu gün size Elon Musk barada birnäçe maglumatlar bermekçi.

Elon Musk barada öñ hem eşiden bolmagyñyz mümkin. Men hem bildigimden gürrüñ bermäge çalyşaýyn. Şeýle bir zady göz öñüne getirip görüñ gije diýmän gündiz diýmän işläp bir kompaniýany ulaltýarsyñyz. Täze şärikdeşler, ýatyrymçylar tapýarsyñyz. 200 sany ýurda geçerli bir hasaplaşyk sistemañyz bar ( PayPal ). Iñ soñunda bu kompaniýany 1,5 milliard dollara satýarsyñyz. Jübiñizde 165 million dollar töweregi puluñuz bar.
Eger isleseñiz ömrüñiziñ ahyryna çenli hiç işlemeseñiz hem ýeterlik derejede .
Ýöne Elon Musk näme edýär ? Elon Musk ýene-de özünde bolan pullaryny hem jemläp 3 aýry ýere ýatyrym edýär. 10 million dollaryny energiýa sektoryndaky SolarCity-ä, 70 million dollaryny awtomobil sektoryndaky Tesla , 100 milliony bolsa kosmos sektoryndaky SpaceX-e ýatyrypdyr.
Bu ugurlar hem biri - birinden beter töwekgelçilikli ugurlar. Indi bir kosmos kompaniýasyny gurmak isleseñiz näme edersiñiz . Diñeje 100 million dollar ýatyrmaly we ýyllyk girdejisi 19 milliard dollar bolan Nasa bilen bäsdeşlik etmeli. Elon Musk ilki bilen kosmos bilen bagly ähli kitaplary okapdyr we işe aljak adamlaryna hem iñ az olarça astronomiýadan bir zatlar bildigini görkezip bilipdir. Elon Musk-yñ Los Angeles-däki SpaceX kompaniýasyna barýan koridorda iki sany surat asylgy dur .Olaryñ çep tarapkysy Mars-yñ häzirki ýagdaýynyñ suraty , sag tarapdaky bolsa okeanlar, baglar bilen doly bir planeta . Gysgaça aýdanymyzda Musk-yñ maksaty Marsda ýaşaýyş bolmasyny gazanmak hatda diñe Mars hem däl islendik başga bir planetada hem ýaşaýyşy üpjün etmek ynsanyýet medeniýetini goramak üçin möhümdir.
Tesla awtomobilleriniñ önümçiligi üstünlikli dowam edýär. Tesla awtomobilleriniñ iñ gowy görýän taraplarymdan biri hem elektrik bilen işlemegidir. Olary zarýada goýmak üçin hem batareýalary-da öndürýär. SolarCity kompaniýasy Amerikanyñ iñ uly güneş panellerini öndüriji halyna geldi şuwagt.
Aýtmak isledigim ýene bir zat bar şu wagta çenli onuñ gowy taraplary barada gürrüñ berdim emma her adamda bolşy ýaly Musk-yñ hem ters taraplary hem bar. Maşgala we iş gatnaşyklarynda hemişe üstünlikli bolmadyk wagtlaryda bolupdyr. Şonuñ üçin hem maksadym bu adamy öwüp oña garşy fanatik bir düşünjeleri döretmek hem däl ony pese düşürmek hem. Muny hiç ynsanada mahsus göremok, ýöne meniñ üçin möhüm bolan onuñ durmuşundan dogry netijeler çykarmak.
Elon Musk Amerikanyñ raýaty bolsa hem aslynda Günorta Afrikaly. 17 ýaşyna çenli Günorta Afrikada kynçylyklaryñ arasynda ulalypdyr. Kynçylyklara garamazdan hem kitap okamaklygy şeýle gowy gorüpdir we günde 10 sagat kitap okamak onuñ üçin adaty bir zat bolupdyr. Ilkinji kompýuter oýununy hem 500 dollara satypdyr.

Şu ýere çenli okanlara minnetdar! Ýene-de şeýle biografiýalar paýlaşmagymy isleseñiz teswir ýazyñ.

Halan bolsañyz laýk goýmagy unutmañ!
21
906
Yhlasb
05.07.2020 08:59
Bir gyz ýürek operasiýasyna girjek bolup durdy.Ýanynda-da söýgülisi bar. Gyz:
-Meñ üçin dileg et ezizim, sag aman gutulaýyn we señ bilen durmuşyma dowam etjek.
-Belkem gowy gutularsyñ söygülim. Söyyän seni"
diýdi we operasiýa girip gowy çykdy. Gyz gözüni açdy, kakasy ýanynda otyrdy. Gyz:
-Hany söygülim?
- Saña yüregini kim berendir öytyäñ, señ üçin özünden geçdi!
- Nämee?! (Gyz aglap başlady)
- Ýokla oýun etýan, dalbayob tualeda gitdi geler häzir.
????

Halan bolsañyz like basmagy unutmañ!
24
1 192
Yhlasb
04.07.2020 00:26
Düýn meniñ öñümden Aladdiniñ çüýşesi çykdy we içinden jyn çykyp 1 arzuwuñy hasyl edeýin diýdi.Menem dollary düşüräý diýdim welin olam ony etmegi kyn gördi, menem onsoñ bolýada ony etmeseñ öwrenmeli-de limit bolmaz ýaly edäý diýdim. Jyn bolsa dollary näçä düşürmeli diýýära ???

Kim düşünen bolsa ?. Laýk goýanlara öñünden sag boluñ
16
820
Yhlasb
03.07.2020 00:12
Salam dostlar gowymy ýagdaýlaryñyz. Size bir soragym bar haýsy kompaniýanyñ awtomobilini almak isleyäñiz. Bahasyna görä dälde öz halaýan kompaniýañyzy aýdaýyñ.Mena Tesla diýýän.
12
714
Yhlasb
02.07.2020 14:07
° Dikkat ettim de, her şeyin kaderde yazılmış olduğunu ve kaderi değiştirmek için hiçbir şey yapamayacağımızı iddia edenler bile, karşıdan karşıya geçmeden önce sağa sola bakıyor.

° Eğer sürekli sinirli ve bir şeylerden şikayetçiyseniz, insanların size ayıracak vakti olmaz.

°Keşfedebileceğimiz ve anlayabileceğimiz mantıklı kurallarla yönetilen bir evrende yaşıyoruz. Ayaklarınıza değil, gökyüzüne bakın. Gördüğünüz şeylerin mantığını anlamaya çalışın. Evren’in neden var olduğunu düşünün. Meraklı olun

Stephen Hawking.
16
546