Yhlasb
09.07.2020 14:06
Aýakgaplaryñ bagjygy näme üçin öz-özünden çözülýär? Bu belkide iñ soñ aklyñyza geljek soraglardan biridir sebäbi aklyñyz has möhüm zatlar bilen başagaýdyr.Ýöne şeýle ýagdaý hökman başyñyzdan geçendir. Bu barada California Berkeley University-däki alymlar gözlegler geçiripdirler men hem bulary siziñ bilen paýlaşmagy ýüregime düwdüm. Bilim adamlary bagjygyñ düwününiñ çözülmegi aýagymyzyñ hereketi netijesinde sekuntlar içinde bolup geçýändigini orta çykarypdyrlar. Edil görünmeýän bir el ony çözýän ýaly.

Bu çözülmäniñ düwüşimiz bilen bagly bolýandygyny aýtýarlar. Biziñ köpümiziñ ulanýan düwünümiz ABOK #1212 diýlip atlandyrylýar. ABOK gysgaltmasy ,,The Ashley Book of Knots '' kitabyndan çykypdyr. Bu kitap 1944-nji ýylda çykypdyr we bu kitapda 3854 görnüşli düwün görkezilipdir we bu kitapdaky nomerlemeler halkara standartyna öwrülipdir.

Düwün diýlen zat aslynda örän öñ ýüze çykan zat bolup paltadan, tigirden we hat-da otdan hem ir oýlanyp tapylypdyr. Has içgin seretdigimizde düwün diñe aýakgaplarymyzda däl, eýsem egnimizdäki eşiklerimiz hem şolardan emele gelýär dälmi? Mata diýdigimiz hem ýüpleriñ düwün düwün örüminden emele geldigini bilýäris.

Bu günlerde tehnologiýa Marsa çenli baryp ýetdi ýöne ol ýere iberdigimiz roweriñ üstünde kabelleri baglamak üçin hem 5000 ýyl mundan öñ müsürlileriñ kemer baglamak üçin ulandygy düwümiñ ulanyldygyny görüp bilýäris.

Gordion düwüni barada eşidipdiñizmi? Gordion Ankaradan 94 km uzaklykda ýerleşýän gadymy bir şäher. Frigýanyñ paýtagty. Rowaýata görä bir öñdengörüji Frigýanyñ derwezesinden arabaly ilkinji kim geçse ony patyşa yglan etmelerini aýdypdyr. Şol pursat derwezeden garyp bir adam öküz arabasy bilen derwezeden giripdir we ol hem Gordion eken we ony hem patyşa diýip yglan edipdirler. Gordion öküzlerini bir düwün bilen baglaýar eken çözmesi örän kyn bolan bir düwün bilen bu düwün hem Gordion düwüni diýip at alypdyr. Bu düwüni çözüp bilen adam Aziýanyñ häkimi bolar diýen gürrüñ baryp Aleksandr Makedonskiniñ gulagyna çenli baryp ýetipdir.
Ol hem miladydan öñki 334 ýylynda şahere geleninde düwüni çözmäge çalyşypdyr. Ýöne gynansakda ol hem çözüp bilmändir we çözmegiñ ýerine gaharyna gylyjy bilen kesipdir. Taryhçylaryñ käbirleri hem onuñ 33 ýaşynda Aziýanyñ häkimi bolup bilmän ölmesini şol düwün bilen hem baglanyşdyrýarlar.

Edil şonuñ ýaly mende-de bolýar çekmämi açdygymda Gordion düwüni ýaly bir-birine dolaşan kabelleri görýärin ?. Özünden çözülen aýakgap bagjyklarynyñ tersine bu gezek hem özünden düwülýän nauşnik kabelleri. Alymlar dürli uzynlykdaky jisimleriñ 120 dürli düwün emele getirip bildigini açypdyrlar. Hasaplamalara görä 46sm-den gysga bolan kabelleriñ özünden düwülme ähtimallygy 50 prosentden azdyr.

Geliñ onda aýakgap düwünlerine gaýdyp geleliñ. ABOK #1212 özünden çözülýän bolsa näme edip bileris? Aslynda bu düwüni iki şekilde düwüp bolýar añsat çözülmeýän güýçli bir düwün düwmegimiz gerekdir. Ýolda barýan wagtymyz üstünden basyp ýykylmazymyz ýaly. Dogry düwülşini hem internetden tapyp öwrenip bilersiñiz.

Peýdasy degen bolsa like goýup goldap bilersiñiz.
Pikirleriñizi hem teswirlerde galdyrmagy unutmañ!
26
1 023
Yhlasb
9 Iýul 2020
Sag boluñ. ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.