Yhlasb
10.07.2020 19:57

Salam dostlar. Bu günki postumuzyñ temasy DNK üýtgetmelerindäki gazanylan netijeler hakda bolar.

Soñky ýyllarda DNK-lary has içgin gördük we olaryñ nähili işledigini öwrendik. Ony okap bilýän maşinkalar döretdik. Soñ 6 ýylda bolsa olary üýtgedip biljek enjamlar hem döretmäge başladyk. Indi bu enjamlary ulanyp heniz dogmadyk bäbekleri dizaýn etmäge başlajagymyz täze bir döwüre aýak basýarys.Bizden has güýçli, çydamly we owadan boljagy bir gelejek. Bu günler hem geler ýöne daşyndan görnüşi ýaly ýönekeý we gowy bolman hem biler.

Gen üýtgetmeklik işi gaty bir täze çykan däldir, ýyllar öñ hem edilýärdi. Onuñ 4 derejesi bar. Has hem gowy düşünükli bolar ýaly bu derejeleri 4 gatly bir binanyñ içindäki gapylar şeklinde taryp etmäge çalyşmakçy. Bu binanyñ giriş gatyndaky gapysy 1980-nji ýylda gen bejergisi maksady bilen açyldy. 1990-njy ýylda doktorlar ilkinji gezek bir gen hassalygyny bejermegi başardylar. Şondan bäri hem dürli kesellere garşy bu ugurda gözlegler dowam edip dur.

Bular dowam edibersin käbirleri bolsa ikinji gatdaky gapyny açmaklyga zorlap başladylar. ,,Eger genleri üýtgedip bilýän bolsak onda ony näme üçin diñe bejergi maksatly ulanalyñ?'' diýýänler 2004-nji ýylda bu gapyny hem açdylar. Meselem internetde gördügim wideoda iki sany syçan bar olaryñ biri adaty syçan beýlekisi bolsa genleri has çalt ylgap biler ýaly üýtgedilen (dizaýn edilen). Bulardan adaty syçan 10 minutda 200 metre ylganyndan soñra bes edýär.Emma genleri üýtgedilen syçan bolsa 5 km ylgaýar we soñra bes etjek ýaly edýär we biraz dynç aljak ýaly edýär we ýene dowam edýär. Gürrüñiñ gysgasy 2-nji gapy hem açylýar.Heniz diñe teorik bolsa hem adamlaryñ hem genlerini şu şekilde üýtgedip boljakdygyna örän ynanýarlar.

Üçünji gata çykmaga taýýarmysyñyz? Başga näme edip bolar diýip pikirlenýäñizmi? 1-nji we 2-nji gatdakydan gaty bir üýtgeşik hem däl. Diñe tapawudy girizilen üýtgeşmeler olaryñ nesillerine hem geçýär. Ýagny 3-nji we 4-nji gatda germline tehnikalary bar. Muny etseñiz diñe ol adamy däl ondan dogjak çagalary hem üýtgetýäsiñiz. Köp bilim adamlary muny etmek üçin örän irdigini aýtýarlar. Şonuñ üçin hem dünýäde 25 döwletde muny kanunlar bilen gadagan etdiler. ,,Şonuñ üçin hem bu gapy açylmady'' diýmegi islärdim ýöne iki döwletde gadagan däldigini hem aýtmadan geçmäýin.

ABŞ we Hytaý. Onsuzam gen üýtgetme barada iñ köp gözlegleri geçiren ýurtlar şulardyr. Şeýlelikde 2018-nji ýylyñ noýabr aýynda dünýäniñ ilkinji genleri üýtgedilen çagalary Hytaýda dünýä indi: Lulu we Nana.

Bulary geçiren doktorlar hem bejeriş ähmiýetli bolduguny aýtýarlar, ýagny HIV wirusyna garşy immunitetleri bar. Ömülerinde hiç AIDS bolmazlar nähili gowy diýip pikirlensek hem bu birnäçe çekeleşiklere ýol açýar.Sebäbi bu üýtgeşmeleriñ nähili netijelere getirjegini bilmeýäris.Ýöne gapy açylandan soñ ondan içeri girenleriñ sany-da artar.

Biologiýadan ýatlasak adam genleri hromosomalarda ýerleşýär . 23 hromosomalarymyzy ejemizde 23-ni bolsa kakamyzdan alýarys.Her bir hromosomanyñ içinde hem 20000 sany gen bardyr.

Bu üýtgeşmeler heniz dogmadyk bäbeklerde edilip başladygynda dördünji gapy hem açylar.
Munuñ bilen bagly bolan Gattaca filmini hem size maslahat berip bilerin. Ol filmde hem dogmadyk çagalarynyñ gözüniñ , teniniñ ,saçynyñ reñkine hat-da oglan ýa-da gyz doguljagyna çenli karar berip bilýärler. Ýöne ilki başda diñe baýlara muny etmek mümkin bolar. Gysgaça aýtsak baýyñ çagalary has akylly, gelşikli ,ukyply bolarlar bu hem adamzada howp salyp biler meniñ pikirimçe.
Şu ýere çenli okanlara köp minnetdar. Bu tema bilen bagly teswirleriñize garaşýaryn.

25
1 150
Maglumatlar
11 Iýul 2020
Su dowurde ylymda caganyn oglan yada gyzlygny bilip bolya yone tkmada ony bilp bolyamy bilemk dasary yurtlan kopusinne diyen yaly bilyaler
Yhlasb
11 Iýul 2020
Mümkin ýene 10-15 ýyldan açylaýmasa pul üçin her zat etýälerdä
gulshatayewa97
11 Iýul 2020
Hudaý saklasyn her zat etjek bu adamlar... O gapylar doly açylýança bizä ölüp gideris...
Yhlasb
10 Iýul 2020
Köp sag boluñ pikiriñizi ýazanyñyza . Hawa siziñ aýtýanyñyz hem dogry ? birnäçe kesellere hem getirip biler ýöne öñ ösümlikleriñ genleri üýtgedilende şeýle netijeler beripdi
barlagcy
10 Iýul 2020
Bah gyzykly tema mena name diyjegimi bilemok ylymyn osmegi gowy zat sol bir wagtyn ozundede zerurlyk bolup duryar on bilen adamzat durmusyndaky birnace kyncylyklar yenillesyar yada yitip gidyar . Yone su meselede sen aydysyn yaly baylar islanini edip yene garyplar onki onkilik boljak bolsa bolmasa gowy yone uns bersen seylede puly bolan kosenenoga sypatyny gowladyanam organlaryny calsyp owadanladyp yorenem bar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.