Wepa Gurbangeldiyew
14.02.2020 11:24
HEMMÄÑIZIÑ SÖÝGÜLLER GÜNI BN GUTLAÝAN DIÑE ÖÑE

Belki ýaprak bolaryn seniň üçin güýzde gurap giderin,isleseň her baharda iň owadan gül bolup seniň üçin açylaryn.Belki güneşiň bolup ýüregiňe nur saçaryn, diňe seniň üçin ýanaryn,isleseň bir gije ýalňyzlykda sessizje gaýan ýyldyzyň bolaryn.Belki ýagmyr bolaryn, ejizläňde üstüňe ýagyp göz ýaşyňy süpürerin.Men sadaja seni söýerin,Gijäniň gündizi, balygyň suwy, guşlaryň asmany söýüşi ýaly söýerin.Her gezek seni ýatlanymda gyýylsada ýüregim,Ykbalyň kejine gidip ýene seni söýerin.Ölerin belki, sensiz geçen her sagatda solaryn.Birgün unudaýsada seni bu dünýäde herkim,Bir hakykady unudaýma perizat, men seni ölinçäm söýerin.
10
485
Wepa Gurbangeldiyew
13.02.2020 01:37
Түркмениң
Читенек сим гоңшы-гоңшы арасы,
Гылсыратдан инче чили Түркмениң.
Бәш дүйп туршы алма меллек арасы,
Эрбетлешип баряр хили Түркмениң.

Җокрама ыссыда телпек саясы,
Даргады чөлүнде нери-маясы,
Меллек ери бардыр, элиң аясы,
Соган экер, болмаз гүли Түркмениң.

Ак яглык бүренип чыкар периси,
100-лүк галтак билен чекер дерси,
Голайына гетирмез дерсиниң ысы,
Ювунмага дегмез эли Түркмениң.

Ичме дийип гечди онуң педери,
„Чеменден“ доянсоң сәмәп дур сери,
Небир өли онсаң , не-де бир дири,
Ваззык-вуззык болар дили Түркмениң.

Оглы көп пакырлар өзини гынаяр,
Түкеллигни ятансоңлар саная,
Агзы аша етсе бурны ганаяр,
Хоҗалыгы яман улы Түркмениң.

Чагасы йыгнаншып сачага гечсе,
Демкеш бошар, херси бир кәсе ичсе,
Йөне эл болар дурар сачагы ачса,
Хер кимде икиден эли Түркмениң.

Хер класда бир чагасы бар онуң,
Плановый җаям боса дар онуң,
Гүзаплыкда гүни гечип дур онуң,
Галмагалда гечер салы Түркмениң.

Верандасы гырма көне көвишден,
Гапма салып җыззык бишир сөвүшден,
Ёрган шифонери долы нагышдан,
Гурт ятышын эдер балы Түркмениң.


Оглы улалдыгыча иҗегин гысар,
Тапан-тупаныны галыңа басар,
Әрлери пеззик болар, хелейи есер,
Эмели бал болды балы Түркмениң.

Галың йыгнап гезер хор болуп итден,
Шонда-да иенок магазин этден,
Гара дери батып геленсоң отдан,
Саплыҗа белкедир ялы Түркмениң.

Меллек алса машын-машын гум чекер,
Оңа-да уммасыз гиден пул чыкар,
Гоңшысындан галман тамыны йыкар,
Кесеге гидйәндир пулы Түркмениң.

Эсасы иймити гатан говурдак,
Эгнинде гүпбүси, башында шырдак,
Экленип билмәнсоң чагасыны гырҗак,
Чап эдер ялы дәл дили Түркмениң.

Шүкүриң дутары дүнйә беллиси,
Сахы багшы, дутарчысы Мыллысы,
Кем – кем галып баряр „тилли-тиллиси“
Инди сазы „тарлли-валли“ Түркмениң.

Шонда-да аслымыз Түркмендир бизиң,
Башыңыз бег ялы дик тутуп гезиң,
Түркмениң шанына шыгырлар дүзиң,
„Диңләрчерәк бардыр дили Түркмениң.“

Гошгыма „Түркмениң “ боландыр өзени,
Ол ягшы гошгыны Пырагы язан,
Ким дийсең сатирик тарапыны язан,Аман Сары – бир билбили Түркмениң,
Сага беримсиздир кели Түркмениң.
6
561
Wepa Gurbangeldiyew
12.02.2020 12:34
Сен-сен дийип ах уруп, гезсем җаханы дилбер,
Сең угруңда майырдым мамаш-паханы дилбер,
Бирҗе көпүк пулум ёк, берҗек бахаңы дилбер,
Галың дийип терк этдиң, дини-сувханы дилбер,
Өз бахаңы өзүң кесдиң, якдың бу җаны дилбер.


Эҗем пахыр сең угруңда чигит сатып ыглап йөр,
Какам пахыр ярмаркада алып-сатып йыгнап йөр,
Өйленмедик бәш иним бар, олар муртун яглап йөр,
Гүнде-гүнде унаш ичип ичегесин даглап йөр,
Чыра якман тыгшыт кыляс, отуряс түмде дилбер.


Списогңы гөрен бада эҗем пахыр чашыпдыр,
Өйңүздәки ач сиңеклер оң эрнине үйшүпдир,
Болупдыр бир башагайлык, гоңшы-голам сүйшүпдир,
Якаларна түйкүршип, “Тоба-тоба!” дийшипдир,
Нәме, кастың бармыды эҗем пахырда дилбер.


10-җа саны помбархыт, 10 кримплин сымланан,
10-ы “гырав”, “гурултай”, “самолётдан салланан”,
10 “трикотин”, балак йүп, 10-җа тахя гүлленен,
“Әбермесең айрылышҗак”, 10 “сандыкда сыгыран”,
Херсем 100-ден аңырда, как же я куплю дилбер?


Карз пул дийип чарх уряс, гезйәрис оба-оба,
“Помбархыт бармыш!” дийип турист гитда Львова,
Подмосковйә, Одесса, Трускавеце, Тамбова,
Ленинграда, Рига, Краснодара, Пскова,
“Кулхувалланы” ленч эдйәс, тутулман гелсин дилбер!


Ят болды манты, палав, иййәнмиз шуррук чорба,
Бир агзыма гара нан, ене бирине ярма,
Инди халыс етдирдик биз, херимизде бир торба,
Чакыр сүңке өврүлдик биз, гөренлер кыляр тоба,
Әпет гөврәм кичелип, болдум сүңклет дилбер.


Какам пахыр өлүп галды, гарры били эпилди,
Эҗем эшитмесини гойды, саг гулагы гапылды,
Дамакгандан әтлән ялы какын-силкин тапынды,
Менем өзүми асҗак, тапсам ёгын йүп инди,
“Галың үчин өлди” дийип газъетде чыкар дилбер!


Галың дийме, ятайын гуррук гуйы-ямада,
Зарпа ылгап чыкайын еди этаж тамада,
Плавкалы гидейин 40 градус БАМ-ада,
Маймын ялы гезейин, пәки урман түймеде,
Рехим делай, чёрт возьми, сколько можно, дилбер?!

Дагдан дашы даша дийсең, дишләп-дишләп дашайын,
Ашагыма йоглар ялы 100-лик чүйден дүшәйин,
Зынҗыр билен багласалар, шонам кертип бошайын,
Нан ерне пластмасс бер, хакыт шонам кушайын,
Ода гачан гыл ялы мүршерип галдым дилбер.


Хочеш, пойду брошусь, йүкли отлың өңүне,
Дийсең пешком поднимусь, Самаркандың диңине,Парлы банядан чыкып, бөкҗек сувуң доңуна,
Гаплаң загырдар дурар, окласалар өңүме,
Сама будешь виновата, мен оны ийсем дилбер!


Сен товар дәл, мен – алыҗы, зачем меня мучаешь,
Наны агзымдан иййән, сенем шондан кушаешь,
Сөйги сатын алнанок, ты что-то путаешь,
Чекер ялы болан дәлдир, мен гарыба яшайыш,
Лучше будеть так өйленсек, к чёрту калым, дилбер!


Эгер индем ёк дийәйсең, аларын мен Машаны,
Түркмен чорба хөкманмы, буду кушать кашаны,
Орс молласы ника гыяр, нәмедейин ишаны,
Бир голтукда Машаны, бейлекиде Мишаны,
Гысып ятҗак гуҗагымда, таким образом дилбер.


Соң дул галсаң менден гөрме, еке көпүк барым ёк,
17-нҗи йылдан бәри, зарым бар-да, зорум ёк,
Сен болмасаң гөвнүм аглар, өзге билен угрум ёк,
Асман-земин арасында сенден башга ярым ёк,
Рехим эйле, түкгертме, Аман Сарыны дилбер!
7
726
Wepa Gurbangeldiyew
11.02.2020 13:15
Bir azajyk degişeliñ

yene bir naçalnik GAI öyüne yadap gelya welin gapyda bir natanyş erkek köwüş dur diyya..
(biwagt gelendir da) derrew içerik girya welin eyyam keywanysy köwşün eyesini bir yere gizlap yetipdir diyya... Ayaly: Ezizim , sen bugün nobatçy dalmidin?
- Hazir men sana görkezjek kimin nobatçydygyny? Nira gizledin bol ayt ! Hazir tapayyn men şony.. diyip gözlap başlaya.. Şkafyn gapylaryny açya we " barda yok ekeni.. " diyya.. şifonyeri açya " barde de yok ekeni.. " diyya.. kerowadyn aşagyna seretjek bolyaram welin bir sany el gymyldap dur .. seretya welin 100$ ... 100 $ heleyine bildirman alya da.. " bah.. barde de yok ekeni .. " diyip dowam etya diyya


bir oglan omrunde birinji gezek gyza gidyar(sauna)oyune gelyar weli balagynda ak-ak tegmiller,nokat nokat bolup bildirip dur diyyar ony goren ejesi:oglum balagyny hapalapsyn name boldy?ogly\"-ay yolda morojnie iydim weli shonda damypdyr.ony eshiden kakasy gülüp;\"oglum indi morojnie iyeninde balagyňy çykaryp iy\" diyipdir


Bir gun bir goja agajin ashaginda namaz okayarmish.Agachda oturan adam hem ona seredyarmish.Namazini okap bolan adam sonra namazini kabul bolmagy uchin Alladan dileg etmage bashlapdir.-\"Allajan sen menin namazymy kabul et\".Agachdaki adam:-\"Etmen\" diyip jogap beripdir.Goja ynanmandyr.Goja tazeden gaytalapdyr.-\"Allajan sen okan namazymy kabul et\". \"Etmen.\" Goja yene gaytalapdyr.-\"Allajan sen okan namazymy kabul et\".Agachtaki adam gaytalap-\"Etmen\" diyen-de goja gaharlanypdyr.-\"Etmesen etme.barybilen taretsiz okapdim.


yene bir naçalnik GAI öyüne yadap gelya welin gapyda bir natanyş erkek köwüş dur diyya..
(biwagt gelendir da) derrew içerik girya welin eyyam keywanysy köwşün eyesini bir yere gizlap yetipdir diyya... Ayaly: Ezizim , sen bugün nobatçy dalmidin?
- Hazir men sana görkezjek kimin nobatçydygyny? Nira gizledin bol ayt ! Hazir tapayyn men şony.. diyip gözlap başlaya.. Şkafyn gapylaryny açya we " barda yok ekeni.. " diyya.. şifonyeri açya " barde de yok ekeni.. " diyya.. kerowadyn aşagyna seretjek bolyaram welin bir sany el gymyldap dur .. seretya welin 100$ ... 100 $ heleyine bildirman alya da.. " bah.. barde de yok ekeni .. " diyip dowam etya diyya
8
958
Wepa Gurbangeldiyew
09.02.2020 23:03
Juwanlygym goydy meni armanda
Kowsarlayar omrum, gyshy her yana
Buysancly yashlygym ey dowlet gushum
Shol ucup gidishi,kanda sen kanda?
9
624
Wepa Gurbangeldiyew
08.02.2020 12:12
Meni süýji gujagyñda goý, dünýe!

Haýranda men,
kim üçin sen toý, dünýe,
Kim üçinem...
ýöne bizi söý, dünýe!
Bir gün alyp gitjeklerin bilsem-de,
Menem sende gurup ýörün öý, dünýe!

Ne beýle harasat, goýnuñ gaý, dünýe,
Görerdiñ sen ýogsa menem, eý, dünýe
Älemi ürküzip ýören gamdakam,
Bilmersiñ sen diýip: ''Elwan geý!'', dünýe!

Aýnajakdym, wah bolmady maý, dünýe,
Kimse başga küýde içip meý, dünýe.
Indiden soñ ''Owadan sen'' diýdirip,
Dakdyñ meniñ döşlerime şaý, dünýe.

Goýduñ sen namysa-ara, baý dünýe,
Gün-günden kiçelip barýar boý, dünýe.
Nebsimem kä alyp gaçyp gidende,
Diýmediñ sen neçüýn, neçüýn ''Haý!'', dünýe?!

Doýan barmy, barmy senden, heý, dünýe,
Ýüregime ýagşy niýet guý, dünýe!
Dyza çöküp ýalbarýaryn men saña,
Meni süýji gujagyñda goý, dünýe!
7
402
Wepa Gurbangeldiyew
07.02.2020 20:30
-- Gunsuz bir ertir, aysyz bir gije, tikensiz bir gul, yapraksyz bir shaha, yagyshsyz bir gysh, aglamadyk goz, soymedik yurek, suytsiz babek, suwsuz mellek, olumsiz durmush, urushsyz bir dunya.. Birem seni soymezlik.. Mumkin daal..

-- “Yshk” dodakdan dokulen bir soz dal, gozden akan bir yashdyr. “Maksat” bir soygulin ugruna olmek dal, ugruna olup boljak soygula dushmakdyr..

-- Dunyade iki sany kor tanap galdym: Biri senden bashga hickimi gormeyan men, beylekisi bolsa meni gormeyan sen..
9
661
Wepa Gurbangeldiyew
06.02.2020 15:47
Bir gün Mežnun çölde Leyla diýip pikire çümüp barýarka namaz okap otyran bir panynyň (bu dünýäň panydygyna duşünýän) öňünden geçýär. Namazyny tamamlandan soňra ýaňky pany Mežnuna garap: -Eý Mežnun, näme öňüňe seredeňokmy, men namaz okap otyrkam öňümden geçdiň? Mežnun: Eý Pany, men Leýlaň pikirindekäm seni görmedim. Sen nädip Möwlamyň öňünde dyza çöküp meni görüp bildiň???!!!
11
878
Wepa Gurbangeldiyew
03.02.2020 21:12
hemmäňize salam. gadym zamanlarda bir patşa bar eken. bu patşa aragy gowy görýän eken. günlerde bir gün patşa hemme wezirlerini ýanyna çagyryp, "kim meniň aragymy taşladyp bilse ýarty baýlygymy şoňa berýän" diýipdir. bir wezir nädip taşlatmaly diýip pikirlenip barýarka derwezesi açyk jaýa gözi düşýä. bu howlyň içinde bir owadan gelin bir ýere seredip kä aglaýa, käde gülýä. wezir bu geline düşünmän derwezeden kellesini uzadyp: "girmek bolýamy"- diýip gygyrýa. bu gelin: "meniň şu ýagdaýym bilen ylalaşsaň geliber"- diýip gelin weziri öýüne salýar. wezir öýüne girse öňünde iki sany mazar bar. wezir birhili bolup gelinden soraýa,"bu mazarlar näme?". gelin muňa hemme zady gürrüň berip başlaýa: "men kiçiräkgäm enem-atam ýogalýa. men erkek doganym bilen galdym, doganym günde içip gelýädi. bir gün gije gelip doganym meniň düşegime girdi. men gorkup sesimi çkarmadym. ertesi irden men muňa aýtdym, bu bolsa namys edip özüni asypdyr. menem hiçkime bildirtmejek bolup muny şutaýda jaýladym. günler, aýlar geçdi doganymdan meniň çagam boldy. men ony metjidiň öňýnde goýup gaýytdym. men ýeke özüm ýaşaýadym, şo bir günler. aradan 20-ýyl geçdi bir gün ýaba suw almaga baramda atly bir owadan oglan geldi. bu meni günde şutaýda görýädi. bir gün bu maňa gowy görýänini aýytdy. men oň diýýen zadyna utandym. men ullakan aýal ol bolsa ýaşajyk oglan. biz bu bilen toý tutdyk. toýuň ertesi güni beýik ullakan jaýda oglandan başga hiç kim ýokdy. men muňa seniň eneň-ataň ýokmy diýdim. oglan meniň ýüzüne seredip: "meniň ejem men bolamda meni metjidiň öňüne taşlap gidipdir, meni öweý atam alyp ulaldypdyr, häzir bolsa atam aradan çykdy" diýdi. men oglana men onuň ejesidigini aýytdym. oglum bolsa namys edip özüni asdy. ine bulam oglumyň mazary". wezir geline seredip "onda sen näme üçin kä aglaýaň käde gülýäň" diýýä. gelin "men çagakam menim maşgalaly, çagaly bolaryn diýip arzuw edýädim. şo zatlar ýadyma düşse gülýän. öz başymdan geçen zatlary ýatlap aglaýan" diýipdir. wezir gelini köşeşdirip köşge gelýär, we patşa hemme zady gürrüň berýä. patşa bu bolan zatlary eşidip aragyny taşlaýa. oglanlar arak gowy zat däldir, sizem şoňa ýanaşmajak boluň.
8
772
Wepa Gurbangeldiyew
02.02.2020 12:14
agalar ýalançy bäş gün dünýede, aýalyň erkegne uranyny gördüm, gelinler gygyrýar ärleň üstüne,
ärleriň müzzerip duranyny gördüm

indi sylamaýar ini agany,. agalar hem sylamaýar inini,
ak süýt beren bir mähriban enäni, zalym ogluň ýenjip duranyny gördüm

jepasy kän bu ýalançy pelegiň, gadry gaçdy hormat bilen sylagyň, bäş gün pully bolan ýeňi ýolugyň, dostunam äsgermän duranyny gördüm

nesibesi güýçli öňki gelenleň, gabahat işleri görmän ötenleň, ýoldaşyn ukladyp käbir gelinleň, özgäniň gujagna dolanyny gördüm

zemin gury bolsa açylmaz güller.
gül bolmasa, saýramaýar bilbiller, oglundan, gelninden ýanan bendeleň, gözün açyp göre girenini gördüm
10
844