Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
25.03.2023 13:08
Eje
Söýdim bir ýigidi örtedi janym,
Meni menden aldy mensizdim Eje,
Kä men diýip orta goýýardy janyn,
Aýdyp bilmän saňa sensizdim Eje,

Indi günler geçmän barha erinýär,
Uzak aralykda göze görünýär,
Ol söýen wagtynda söýerdi dünýä,
Şol wagtlar göýä deňsizdim Eje,

Ara saldyň ykbal hasap deňlediň,
Söweşdim emma men hijem
ýeňmedim ,
Saňa derdim aýdyp biraz ýeňledim,
Hatda dek düýnjegem , demsizdim Eje,

Näçe ýyllar ,geçdi ýitipdir yzy,
Boldy mydam ýürek ýalňyzy ,
Gören wagtym gujaga dolan gyzy ,
Meniň nirim kem diýip kemsindim Eje,

Awtor: Jumaýwa _Ogulgurban _Olýa

Halan bolsaňyz like 👍❤️
14
101
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
22.03.2023 13:25
Neýlejeksiň
Aslyň palçyk ,ýatjagyň gum ,
Berlen rysgyň çeýnejeksiň,
Ykbal atyň ters çapsa ,
Ana şonda , neýlejeksiň,

Gahar çyňsap ýogsa içden,
Paýyş sözi diýmejeksiň ,
Dilden sypsa ajy sözlem ,
Döwülen göwün neýlejeksiň,

Ak kagyza çyrşap syýa,
Ýalanlara köýmejeksiň ,
Alla emir etse saňa ,
Ýürek bermän neýlejeksiň.

Awtor : Baýram Bejidow goşgusy

Halan bolsaňyz like 👍❤️
15
112
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
20.03.2023 08:42
Bir gün Ependi bir çarbagyň haýatynda iç ýüzünden Merdiwany söýäp baga giripdir . Bagban onuň baga girenini görüpdir. Ol derrew Ependiniň ýanyna gelip :
- Ýeri , halypa, Bu ýerde näme işleýärsiň ? -diýip sorapdyr Ependi darykman :
- Merdiwan satýaryn -diýipdir onda bagban :
- Eý , Ependi,bu ýer merdiwan satylýan bazarmydyr -diýip Ependiniň al petinden alypdyr Ependi:
- Paheý , sen-ä bir gepe düşmez adam ekeniň , merdiwandyr -da, nirde sataňda näme , onuň aýratyn bazary ýok ahyryn -diýipdir

Halan bolsaňyz like 👍❤️
16
524
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
18.03.2023 09:38
Hoja :Ashyr 23 fewralda berlen joraplaryñ üstine goyup Ber ayalyñ 8 martyna !!!!🤓
Ashyr: Hoja bir hili bolmazmy 🤔😁
Hoja : hiç hilegem bolmaz toyda gelnejeler sheytyärler bizi geñ görmezler

Oglanlar gyzlar bu bir degishmedir göwniñize almañ

Hoja bilen Ashyr halypañ degishmelerniñ biri
14
418
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
17.03.2023 14:59
Günlerde bir gün Ependiden :
- Erik agajy nähili agaç bolmaly ? -diyip sorapdyrlar . Ependi
- Ol agaç bir wagtlar yumurtga getiryän agaç eken. Onsoñ günlerde bir gün doly yagyp, yumurtgalaryñ agy gidipdir.
Ine sondan soñ diñe sarysy galypdyr . olary hem Indi ol agaçda göryärsñiz -diyip jogap beripdir

Halan bolsañyz like 👍
12
343
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
15.03.2023 14:31
Günlerde bir gün Ependi hoz agajynyň aşagynda oturyp : näme üçin gawun garpyz ýaly gök önümler inçejik golda ösüp , kiçijik hoz ýaly önümler äpet agaçda bitýärkä diýip pikir öwrüpdir.
Soňra öz ýanyndan :diýipdir şol wagt güýçli ýel turup ,bir hozy sapagyndan tändiripdir , ol hem gelip , onuň çat maňlaýyna degipdir . Ependi agyra çydaman gygyrypdyr -da :
- Wah-eý Allatagalla edýän zadyny bilip edýän eken . Men ýalňyz pikir eden ekenim. Eger şol hozuň göwrümi garpyz ýa gawun ýaly bolan bolsa , meniň kellämi mynjyradardy -diýipdir.

Halan bolsaňyz like 👍
15
328
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
14.03.2023 11:41
Teýmirleň akşähere gelende bir gün Ependä .
- Gel ,ikimiz bile hammama gidip ýuwunaly -diýipdir , olar hammama gidipdirler . Teýmirleňiň bilinden ýüz tyllalyk guşaklyk bar eken . Hammama girip , sekiniň oturypdyrlar .
Teýmirleň yzyna bakyp Ependä :
- Eger men hökümdar dälde gul bolup satylmaly bolsam, näçe Tylla geçirdim? -diýip sorapdyr onda Ependi:
- ýüz tylla geçirdiň -diýipdir Teýmirleň:
- Eý , Ependi, sen nämeler diýýärsiň ? Diňe bilimdäki guşagyň bahasy ýüz tylla ahyryn diýeninde Ependi :
- howwa , dogrusy biliňdäki guşagyňa baha kesdim-dä . Ýogsa, sen bir tylla-da geçmezdiň -diýipdir


Ependiniň degişmelerinden

Halan bolsaňyz like 👍
14
279
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
13.03.2023 19:11
Bir gün Ependi çöle gitjek bolup durka ,bir dilegçi , gelip ondan eşegini sorapdyr . Ependi bir bahana tapyp eşegni bermezligi ýüregine düwüpdir -de
- häzir eşegim ýaragynda ýok -diýipdir, onýançada eşegi aňňyraýypdyr dilegçi adam :
- eý, Ependi sen-ä ýalançy ekeniň. sakalyň agyndan utansaň bolmaýarmy? Eşegiň ýatagynda ekenä-diýipdir onda Ependi
- Men ýalançy bolýan bolsam Senem ýürege düşgünç dilegçi ekeniň meniň ak sakgalym bilen aýdanyma ynanman eşege ynanýarmyň ?-diýip jogap beripdir

Ependiniň degişmelerinden

Halan bolsaňyz like ♥️
12
298