Günlerde bir gün Ependi hoz agajynyň aşagynda oturyp : näme üçin gawun garpyz ýaly gök önümler inçejik golda ösüp , kiçijik hoz ýaly önümler äpet agaçda bitýärkä diýip pikir öwrüpdir.
Soňra öz ýanyndan :diýipdir şol wagt güýçli ýel turup ,bir hozy sapagyndan tändiripdir , ol hem gelip , onuň çat maňlaýyna degipdir . Ependi agyra çydaman gygyrypdyr -da :
- Wah-eý Allatagalla edýän zadyny bilip edýän eken . Men ýalňyz pikir eden ekenim. Eger şol hozuň göwrümi garpyz ýa gawun ýaly bolan bolsa , meniň kellämi mynjyradardy -diýipdir.
Halan bolsaňyz like 👍