Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
25.03.2023 13:08
Eje
Söýdim bir ýigidi örtedi janym,
Meni menden aldy mensizdim Eje,
Kä men diýip orta goýýardy janyn,
Aýdyp bilmän saňa sensizdim Eje,

Indi günler geçmän barha erinýär,
Uzak aralykda göze görünýär,
Ol söýen wagtynda söýerdi dünýä,
Şol wagtlar göýä deňsizdim Eje,

Ara saldyň ykbal hasap deňlediň,
Söweşdim emma men hijem
ýeňmedim ,
Saňa derdim aýdyp biraz ýeňledim,
Hatda dek düýnjegem , demsizdim Eje,

Näçe ýyllar ,geçdi ýitipdir yzy,
Boldy mydam ýürek ýalňyzy ,
Gören wagtym gujaga dolan gyzy ,
Meniň nirim kem diýip kemsindim Eje,

Awtor: Jumaýwa _Ogulgurban _Olýa

Halan bolsaňyz like 👍❤️
14
101
melek_tkm_98
25 Mart 2023
🌟🌟🌟🌟👍👍👍
Myhman Myhman
25 Mart 2023
Örän gowy ❤❤❤
Myhman Myhman
25 Mart 2023
😃😃😃😃😃😃😁😁😁😁🤩
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.