Tayler
21.03.2024 13:31
Ölüm durmuşda görgi baryny görüp, mâtâçlikde ýaşaýanlary kynçylykdan, ezýetden gutarýar. Ölüm mâtâçleriň zâhmetinden peýdalanyp, eşretde ýaşaýanlary bolsa lezzetden gutarýar. Ölüm bolmadyk bolsa, biadyllyk gutarman, belkem, ol has belent derejede dowam ederdi. Diýmek, tebigy ölüm ynsan üçin adalat kanuny bolup hyzmat edýâr. Ölümden gaýry hiç hili çârâniň adyl deňligi gazanyp bilmeýândigini bolsa ynsanyň deňlik üçin göreşip geçiren müňlerçe ýyllyk taryhy subut edip gelýâr.
A.Tagan
Ölüm hakda pikir etseň, ömür öýkelârmişin.
K.Gurbannepesow
27
73
Tayler
14.02.2024 20:35
Şu hayatta mutlu olunacak milyon tane neden varken bir tane mutsuz eden nedene takılıp kaliyor işte insan......


(gamlansam köplenç ýadyma düşýân söz, siz bilenem paýlaşaýyn diýdim)
38
273
Tayler
18.01.2024 13:33
Eger çagalarňyzyň akylly bolmaklaryny isleseňiz, olara erteki okaň. Eger has akylly bolmaklaryny isleseňiz olara has köp erteki okap beriň.
Albert Einstein
Kâwagt durmuş garşymyza şeýlebir kynçylyklary çykarar. Edil şol wagt etmeli ýeketâk zadymyz, ynamymyzy ýitirmezlikdir.
Stiw Jobs
Men şowsuz synanyşygy kabul edip bilerin, ýöne synanyşyp görmekden asla ýüz öwürmerin.
Maýkl Jordan
Ýöne ýakynyňa getireniňden,
Kâ adamlar daşdan oňat görünýâr.
Gurbannazar Ezizow.
Eger çagalaryňyza halaly, haramy, dünýâni we ahyreti öwretmeseňiz; islân ýeriňizde okatsaňyzam asla "adam" edip bilmersiňiz.
Nejmeddin Erbakan
33
175
Tayler
17.01.2024 21:12

Gören zatlarňyzyň diňe ýarysyna ynanyň, eşidenlerňiziň hiçbirine.

Edgar Allan Po


Ölmek isleýâňmi? Git onda özüňi deňize okla, 5 sekuntdan soňdurmuşda galmak üçin nâhili çyrpynyp başlaýşyňy görersiň. Sen özüňi öldürmek islâňok, içiňdâkileri öldürmek isleýâň.

Morgan Freeman


Nâmâ ynansaň ynan, seni bagtly etmeýân bolsa ýalňyşdyr.

Charles Bukowski


Zâhmet çekmân baý bolanyň, kitap okaman bilim alanyň, haram iş edip "men musulman" diýeniň ýolbaşçysy şeýtandyr!

Ýunus Emre

53
436
Tayler
11.01.2024 14:11
İt diýilýân jandar golaý gelip gyş,
Sepelâp başlanda gar bilen ýagyş,

Aç-hor syňsyraşyp, zat düşmân garna,
Ha:mlary ýelmeşip gapyrgalarna,

İnýâňçâ başyndan musallat, towky,
Dünýâsi daralyp, gaçýança eňki,

Gezip-gezip, agyr hala düşensoň,
Arzuw eden bolup başlarmyş onsoň:

"Şu aldajy gyşdan sag-aman sypsam,
Tomus ýatak gurmaň ugruna çyksam..."

Diýip, gyssananda göwün ýüwürdip,
Soňra ýatdan çykarşyny kân gördük.

Adamlaň kâsi-de edil şoň ýaly,
Başyndan inende dünýâň gowgasy,

Kynçylyk, muşakgat gysyp-gowranda,
Gider ugrun bilmân ýanyp jowransa,

Şol it ýaly, boldan berse-de wada,
Soň ýatdan çykarmak bolupdyr kada.


Jelaleddin Rumy
26
47
Tayler
06.01.2024 19:00

Oglunyň mugallymyna Awraam Linkolnyň haty!

Hemmeleri diňlemegi öwret, soň bolsa diňlânlerini hakykatyň eleginden geçirip, diňe dogrularyny saýlamagy başarsyn. Aňsat düşmejekdigini bilýârin, şonda-da başaryp bilseň, oňa gazanan bir dollaryň köçeden tapan bâş dollaryndan has gymmatlydygyny düşündir. Ýumşak adamlar bilen ýumşak, gödeklere garşy gödek bolmagy öwret. Oňa başarnygyny we zehin ukybyny iň gymmat bahadan satmagy öwret. Zeýrenip, şagal ýaly uwlaýanlara gulak asmazlygy we özüniňkiň dogry mahaly mert durup söweşmegi öwret. Oňa özüne bolan berk ynamy kalbynda döretmegi öwret, şeýdeňde, ol tutuş milletine-de ynamly bolar.

41
79
Tayler
15.11.2023 21:08

Gülýakaňy gül dek boýna

Dakan çagyň ýatla meni.

Gyzlar bilen agşam seýle,

Çykan çagyň ýatla meni.


Şemal öwsüp, çyksaň düze,

Saçyň oýnar çöze-çöze.

Gara zülpi Aý dek ýüze,

Döken çagyň ýatla meni.


Güller solup, düşdümi güýz?

Uzyn derek durmy ýalňyz?

Penjirâňden şoňa, gül gyz,

Bakan çagyň ýatla meni.



A.Tagan

43
268
Tayler
14.11.2023 00:06

Meni söýýâniňe ynanýan kemsiz,

Ýöne munuň üçin söýemok seni.

Söýülýânim üçin söýmeli bolsam,

Öňem az bolmady söýenler meni.

Men seni söýemok söýýâniň üçin,

Men seni söýýârin söýýânim üçin.



✍️#nâbelli

38
379
Tayler
10.11.2023 23:36

Ýaşyňy bilmegiň alternatiw görnüşi.



*Köwşüň razmerina iki sany noly goş

*Çykan sandan öz doglan ýylyňy aýyr

*Çykan sana şu wagtky ýyly goş

*Soňky iki san siziň ýaşyňyz.


m/ü: 42+00=4200

4200-1994=2206

2206+2015=4221👈

31
152
Tayler
06.11.2023 22:17

Hemme bilýâr, erki bolýar her kimiň.

Meniňem paýyma birisi düşdi.

Göwnüne degmezdim lâlik erkimiň,

Şoň üçin aldy-da, daşyma geçdi.


Günâsizmi ýa-da günâlimidi,

"Ýör" diýse, yzyna düşâýmelidi.

"Mün" diýse, sâginmân münâýmelidi.

"Düş" diýse, sâginmân düşâýmelidi.


Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,

Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,

Edilýân gybatlar "opurlyşyklar",

Akyllysyraýan akylsyz gözler.


Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,

Peslikdigni-de örân berk syzdym.

Ýöne erkim weli, diýseň bezzatdy,

Erkim bardy, emma ýene erksizdim.


Syzdym şu erk bolsa ruhym, serimde,

Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz.

Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de,

Okap biljek dessanlarym okalmaz.



Munuň özi şum düýş görüp uklama,

Munuň özi diňe boşluga elter.

Agşamky haýp geçen minutlaryma,

Şeýdip, başym ýaýkap ökünýân erte.


Emma agşam ýüregimde tirpildi,

Otyryn. Göz welin, şol penjirede.

İne, barmak aýna kakýar; tyrkyldy,

Men gidýârin boş dünýâme ýene-de.



...Men ahyr otyryp hyýala batdym,

"Nâtmeli, bu lâlik erki nâtmeli?"

Az ýörâp, köp ýörâp bir pikre ýetdim:

Ony it ýenjenden beter ýençmeli!



Men ony tutdum-da, daňdym erige,

Soň erikden çygly çybyk kesindim.

"İlkinji urgyny haýsy ýerine

Eçilsemkâm" diýip, esli kösendim.



Wagtym az bolsa-da, bolsa-da iş kân,

Bar işimi taşlap urdum men, urdum.

Urdukça urmaga açyldy işdâm,

Urdukça beýgeldi, güýjedi ruhym.



Ony tertip bilen alty gün saýdym.

Wagt bolupdyr hezil edinerçe-de.

Özünden gidenne düşünip aýdyň,

Boşatdym bagyndan ýedilenjide.



Boşatdym özümi halymsyraýan

Erkimiň öňünde çöken duýgydan.

Manysyz bolsada manylysyraýan

Şowsuz otyrşykdan, şowsuz söýgüden.



Salam berdim bu durmuşa tâzeden,

Birden wagtym many bilen gaplandy.

Bir wagtlar garşy çyksam nâz eden

Erkim urgylarda mâkâm taplandy.



Eger günleň biri tozadyp çaňyn,

Bir boş dünýâ çagyraýsa erkiňiz,

Erk tapyň siz şeýle erki daňmaga,

Soňra taýak bilen beriň merkini



G.Ezizow

35
90