Tayler
11.01.2024 14:11
İt diýilýân jandar golaý gelip gyş,
Sepelâp başlanda gar bilen ýagyş,

Aç-hor syňsyraşyp, zat düşmân garna,
Ha:mlary ýelmeşip gapyrgalarna,

İnýâňçâ başyndan musallat, towky,
Dünýâsi daralyp, gaçýança eňki,

Gezip-gezip, agyr hala düşensoň,
Arzuw eden bolup başlarmyş onsoň:

"Şu aldajy gyşdan sag-aman sypsam,
Tomus ýatak gurmaň ugruna çyksam..."

Diýip, gyssananda göwün ýüwürdip,
Soňra ýatdan çykarşyny kân gördük.

Adamlaň kâsi-de edil şoň ýaly,
Başyndan inende dünýâň gowgasy,

Kynçylyk, muşakgat gysyp-gowranda,
Gider ugrun bilmân ýanyp jowransa,

Şol it ýaly, boldan berse-de wada,
Soň ýatdan çykarmak bolupdyr kada.


Jelaleddin Rumy
26
47
Tayler
17 Yanwar 2024
Ne gözel post..... Ýöne ýöremândir🤷
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.