Tayler
06.11.2023 22:17

Hemme bilýâr, erki bolýar her kimiň.

Meniňem paýyma birisi düşdi.

Göwnüne degmezdim lâlik erkimiň,

Şoň üçin aldy-da, daşyma geçdi.


Günâsizmi ýa-da günâlimidi,

"Ýör" diýse, yzyna düşâýmelidi.

"Mün" diýse, sâginmân münâýmelidi.

"Düş" diýse, sâginmân düşâýmelidi.


Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,

Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,

Edilýân gybatlar "opurlyşyklar",

Akyllysyraýan akylsyz gözler.


Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,

Peslikdigni-de örân berk syzdym.

Ýöne erkim weli, diýseň bezzatdy,

Erkim bardy, emma ýene erksizdim.


Syzdym şu erk bolsa ruhym, serimde,

Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz.

Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de,

Okap biljek dessanlarym okalmaz.



Munuň özi şum düýş görüp uklama,

Munuň özi diňe boşluga elter.

Agşamky haýp geçen minutlaryma,

Şeýdip, başym ýaýkap ökünýân erte.


Emma agşam ýüregimde tirpildi,

Otyryn. Göz welin, şol penjirede.

İne, barmak aýna kakýar; tyrkyldy,

Men gidýârin boş dünýâme ýene-de.



...Men ahyr otyryp hyýala batdym,

"Nâtmeli, bu lâlik erki nâtmeli?"

Az ýörâp, köp ýörâp bir pikre ýetdim:

Ony it ýenjenden beter ýençmeli!



Men ony tutdum-da, daňdym erige,

Soň erikden çygly çybyk kesindim.

"İlkinji urgyny haýsy ýerine

Eçilsemkâm" diýip, esli kösendim.



Wagtym az bolsa-da, bolsa-da iş kân,

Bar işimi taşlap urdum men, urdum.

Urdukça urmaga açyldy işdâm,

Urdukça beýgeldi, güýjedi ruhym.



Ony tertip bilen alty gün saýdym.

Wagt bolupdyr hezil edinerçe-de.

Özünden gidenne düşünip aýdyň,

Boşatdym bagyndan ýedilenjide.



Boşatdym özümi halymsyraýan

Erkimiň öňünde çöken duýgydan.

Manysyz bolsada manylysyraýan

Şowsuz otyrşykdan, şowsuz söýgüden.



Salam berdim bu durmuşa tâzeden,

Birden wagtym many bilen gaplandy.

Bir wagtlar garşy çyksam nâz eden

Erkim urgylarda mâkâm taplandy.



Eger günleň biri tozadyp çaňyn,

Bir boş dünýâ çagyraýsa erkiňiz,

Erk tapyň siz şeýle erki daňmaga,

Soňra taýak bilen beriň merkini



G.Ezizow

35
90
bellidal
6 Noýabr 2023
Dost paýlansa 3 baýlygy ilki al ylgap barda saglyk bilen erki al yany bilen çuwal çuwal gülki al soň tapylar galan zady zyňyp git
tmyigit76
6 Noýabr 2023
"Erkek" - erkiňe erk et. Edip bilmeseň erkekligiň gümäna...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.