Sahet
14.12.2019 08:38
Profesor we Talyp
Bir gün akylly professorlaryñ biri talyba oran gyzykly bir sorag berdi.
Professor: Hudaý gowumy?
Talyp: Howwa.
Professor: Şeýtan gowumy?
Talyp: Ýok.
Professor: Dogry. Oglum onda maña aýtsana, ýer ýüzünde "erbetlik" diýilýän zat barmy?
Talyp: Howwa.
Professor: Erbetlik hemme ýerde bar, şeýle dälmi?! Hudaý hem ähli zady ýaradyjy, dogrumy?!
Talyp: Howwa.
Professor: Onda "erbetligi" kim ýaratdy?
Talyp: ...
Professor: Ýer ýüzünde elhençlik, bihaýalyk, keseller, medeniýetsizlik, yzagalaklyk bar. Şular hakykatdanam bara şeýle dälmi?!
Talyp: Howwa jenap, bar.
Professor: Onda şol zatlary kim döretdi?
Talyp: ...
Professor: Ylym adamda daş töweregimizdäki dünýäni öwrenmeklik üçin bäş sany ten duýgularynyñ bardygyny tassyklaýar. Hany oglum sen bize aýtsana, sen haçanam bolsa bir wagt Hudaýy görüpmidiñ?
Talyp: Ýok jenap, görmedim.
Professor: Hany bize aýt, sen Hudaýy eşidipmidiñ?
Talyp: Ýok jenap.
Professor: Sen haçanam bolsa bir wagt Hudaýy duýupmydyñ? Onuñ tagamyny dadyp görüpmidiñ? Ýa bolmasa, onuñ ysyny alypmydyñ?!
Talyp: Gynansakda ýok, jenap.
Professor: Sen şonda-da Hudaýa ynanýarsyñmy?
Talyp: Howwa.
Professor: Şul alnan çözgütlerden ugur alyp, ylym Hudaýyñ ýoklugyny tassyklaýar. Sen şu aýdylan zadyñ garşysyna çykjak birzat aýdyp bilersiñmi?
Talyp: Ýok professor. Meniñ ol zatlara diñe "Ynamym" bar.
Professor: Ine ine...Ynam - bu ylymyn esasy problemasy bolup durýar.
Talyp: Professor, "sowuklyk" diýilýän zat barmy?
Professor: Soragyñdagy nahili?! Elbetde bar, sen näme üşäp görmediñmi?!

Klasdaky oturan beýleki talyplar bu talybyñ beren soragynyñ üstünden gülüşdiler.

Talyp: Hakykat ýüzünde, Jenap, sowuklyk diýilýän zat ýok we Fizikanyñ kanunlaryna laýyklykda biziñ sowuklyk diýip hasap edýän zadymyz diñe bir gyzgynlygyñ ýoklugydyr. Adamy ýa-da jisimi onda energiýanyñ barlygy ýa-da onuñ bölüp çykarýan energiýasy boýunça öwrenmek, ölçemek mümkin. Absolýut nol (Selsiniñ ölçeg şkalasy boýunça -273 gradus) bu gyzgynlygyñ doly ýoklugydyr. Şol derejede ähli zat inert görnüşinde bolup, hereket etmäge düýbinden ukypsyz bolýar. Sowuklyk diýilýän zat ýok, biz bu sözi gyzgynlygyñ ýoklugyny häsiýetlendirmek üçin oýlap tapdyk.

Klasa dymyşlyk aralaşdy.

Talyp: Professor, "garañkylyk" diýilýän zat barmy? Professor: Elbetde bar, garañkylyk bolmasa gije bolardymy?!
Talyp: Jenap siz ýene ýalñyşdynyz. Garañkylyk diýilýän zat hem ýok. Garañkylyk hem ýagtylygyñ ýoklugydyr. Biz ýagtylygy öwrenip bileris emma garañkylygy öwrenip bilmeris. Biz Nýutonyñ prizmasynyñ kömegi bilen şöhlani birnäçe dürli reñkli şöhlelere bölüp hem şol dürli reñkli şöhleleriñ her biriniñ tolkun uzynlygyny ölçäp ony öwrenip bileris. Siz garañkylygy ölçäp bilmersiñiz. Ýagtylygyñ ýönekeýje şöhlesi garañkylyk dünýäsine aralaşyp ony ýagtylandyryp biler. Siz bir giñişligiñ nähili derejede garañkylygyny nädip anyklap bilersiniz? Siz diñe düşýän ýagtylygyñ mukdaryny ölçäp bilersiñiz, şeýle dälmi?! Garañkylyk - bu adamyñ ýagtylygyñ ýoklugyndaky bolup geçýän hadysany häsiýetlendirmek üçin ulanýan düşünjesidir. Indi maña aýdyñ jenap, "ölüm" diýilýän zat barmy?

Professor: Elbetde, ýaşaýyş hem bar, ölüm hem bar. Ölüm ýaşaýşyñ arka tarapy ahyryn.

Talyp: Siz ýene ýalñyşýarsyñyz professor. Ölüm ýaşaýşyñ arka tarapy bolmaýar, ol ýaşaýşyñ ýoklugydyr. Siziñ ylmy teoriýañyzda uly bir jaýryk emele geldi professor.
Professor: Ýaş ýigit, Siz näme diýjek bolýarsyñyz?!
Talyp: Professor, siz ähli talyplara adamzadyñ maýmyndan ewolýusia arkaly emele gelendigini öwredýärsiñiz. Siz şol ewolýusiýany öz gözleriñiz bilen görüpmidiñiz?

Professor gürrüñiñ näme hakynda gidýändigine düşünip, ýylgyryş bilen kellesini ýaýkady.

Talyp dowam etdi: Şol öwrüliş prosesini öz gözleri bilen gören ýekeje adam hem ýok. Bu bolsa siziñ has dogrusy alym däl-de, ruhanydygyñyzy görkezýär.

Klasyñ içini oturan talyplaryñ gülkisi gurşap aldy.

Talyp oturanlara ýüzlenip: Indi bolsa maña aýdyñ, siziñ arañyzda professoryñ beýnisini gören, eşiden, onuñ ysyny alan ýa bolmasa elläp gören adam barmy?!

Oturan talyplar
gülüşmelerini dowam etdiler..

Talyp: Görnüşi ýaly, hiçiñiz. Onda ylmy faktlara daýanyp professoryñ beýnisi ýok diýen netijä gelmek mümkin. Siz meni bagyşlañ professor, eger siziñ beýniñiz ýok bolsa, onda siziñ leksiýalardaky gürrüñ berýän zatlaryñyza biz nädip ynanmaly?!

Klasyñ içi dymyşlykdy.

Professor: Meniñ pikirimçe, siz maña ýöne ynanmaly...
Talyp: Ine ine...Hudaý bilen adamyñ arasynda diñe ýekeje baglanyşyk bar. Ol hem YNAMDYR!.
16
395
Sahet
28.11.2019 09:41
Garynjadan hat

Hormatly öý eýeleri!
Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş
edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!
Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz,
men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek ýa-da ýönekeý
okuw tagtasy heki bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony
owunjak dograp, girýän ýerleriňize goýsaňyz, biz düşüneris we girmeris. Mundan başga-da,
eger sizi birahat etmeýän bolsa, penjiräniň gyralaryna sarymsak çalyp bilersiňiz. Biz
sarymsagyň ysyny alan ýerlerimize-de girmeýäris.
Ýöne, haýyş edýäris, çaga pudrasyny sepmäň. OL BIZI ÖLDÜRÝÄR, pudra biziň dem alyş
ýolumyzy ýapýar.
Eger siz bulary etseňiz, biz sizi hiç hili birahat etmeris.
Ýöne, unutmaň, öýüňize salmasaňyz hem, gapyňyzyň öňüne bir gap suw goýsaňyz, kiçijik
dostlarymyň adyndan size minnetdar bolaryn…
GARYNJA
7
177
Sahet
27.11.2019 08:57
Dowamy:

Sähetli: «Ýör» diýse-de, butnaman, doňup duran gyzyň ýanyndan ökjäni
göterdi.
Eýýäm boljak iş bolupdy. Çilimli ýigit ahlamaga-da ýetişmän, böwrüni tutup,
ýuwaşlyk bilen ýere ýazyldy. Häli gündogar derwezeden gaty-gaty ýöräp gelýän ýigit
bolsa eýýäm atan-satanyň çem gelen ýerine urýardy, depýärdi. Onuň goşhaltasy honda
zyňlyp ýatyrdy.
— Wa-aý! Adam öldürdiler! Ýeti-iň! — diýip, Dürjemal ýarylaýjak bolup
gygyrdy.
Ol adam öldürilişini ilkinji gezek görýärdi. Gorkudan gulaklary şaňlap, agzy
gurady. Hatda Sähetliniň özüni äkidip bilmänsoň, gaçyp gideninem duýmady. Ol
bagyň çetindäki telefon budkasyna tarap ylgady. «Tiz kömege» jaň etdi.
— Merkezi medeni-seýil bagynda adam öldürdiler, ýeteweriň!
Bagyň günbatar derwezesiniň gapdaljygyndaky milisiýa postundan milisioner
ýigitler ylgaşyp gelip, sport maýkalynam, ala köýneklinem gabyrdadyp tutdular.
— Goýberiň meni, men öldüremok. Men araladym — diýip, ala köýnekli atan-
satan nadaralyk edip gygyrýardy.
— Sen öldürdiň şony, men araladym! — diýip, sport maýkaly ala köýnekliniň
üstüne gygyrdy. — Haramzada, etjek işiňi edeňsoň, boýun alarlar!
Iki milisioner «Tiz kömege» garaşyp, pyçaklanan ýigidiň ýanynda galdy.
Beýlekiler bolsa, sport maýkaly bilen gök zolak geçen ala köýneklini idenekledip
äkitdiler.
Milisionerleriň biri jaň edip, telefon budkasyndan çykan Dürjemalyň ýanyna
geldi.
— Sizem ýörüň, hakykaty anyklamaga kömek ediň.
Şeý diýip, milisioner gyrada ýatan goşhaltany hem pyçagy alyp, Dürjemal bilen
ýanaşyk ýöräp ugrady.
— Hakykaty anyklamaga gaty kömek ederin! — diýip, Dürjemal tolgunmadan
sesini titredip gepledi. Atan-satana gahary gelip, ony özi baryp, düýt-müýt edesi geldi.
— Şol atan-satan haýran sokdy ol ýigidiň içine pyçagy.
Milisiýa nokadyna bardylar. Iki ýigidiň ikisiniň eline dessine gandal geýdirip,
hersini bir oturgyçda oturtdylar. Ýarym ýeň, ak sport maýkaly ýigidiň çep ýeňiniň
dyrnak oýtumy ýalyjak ýerinde gan yzy görünýärdi. Atan-satan ýigidiň bolsa gök zolakly köýneginiň ýeňi, gara «warýonka» balagynyň dyzyna çenli ýeri gana
boýalgydy.
Milisionerleriň biri telefon trubkasyny göterip, nirädir bir ýere jaň etdi:
— Şäheriň merkezi medeni-seýil bagyndaky gözegçilik nokadyndan kapitan
Myradow habar berýär. Bu ýerde adam öldürildi. Jenaýatkärler ele salyndy. Olar
nokatda saklanýar. Size garaşýarys.
Daşarda «Tiz kömegiň» sesi, adamlaryň hüňürdisi eşidildi. Kapitan Myradow
äpişgeden daşaryk seredip, ýoldaşyna ýüzlendi:
— «Tiz kömek» geldi öýdýän?
Kapitan Myradowyň ýoldaşy gapydan daşaryk boýnuny uzadyp:
— Hawa — diýdi. — Jebir çekeni äkidýärler.
Dürjemal atan-satan ýigit bilen ak sport maýkaly ýigidiň ýüzüne nazar aýlady.
Sport maýkaly ýigit ýüzüni aşak salyp otyrdy. Atan-satan bolsa gaýşarylyp,
hondanbärisireýärdi. Ol özüne nazar aýlan Dürjemala şeýle bir gazap bilen seretdi
welin, şol pursat Dürjemalyň endam-jany buz ýaly bolup, galdyrady. Üşütme tutýan
ýalydy. Gyz atan-satandan derrew ýüzüni sowdy.
Kapitan Myradow eline kagyz alyp, protokol ýazmaga başlady.
— Adyňy, familiýaňy, işleýän, okaýan ýeriňi aýt! — diýip, ol ak sport maýkaly
ýigide ýüzlendi.
— Tahyrow Mekan. Sport klubynyň treneri. Ýaşaýan ýerim Aşgabat şäheri.
Türgenleşikden gelýän — diýip, sport maýkaly ýigit kapitan Myradowa jogap berdi.
— Indi sen aýt! — diýip, kapitan Myradow öňüne ýene bir kagyzy süýşürip,
atan-satana ýüzlendi.
Atan-satan oňa özi hakda hiç zat aýtmady-da, ýerinden turup, hondanbärsi
bolup, telefon trubkasynyň ýanyna geldi. Kapitan Myradowa buýruk berdi:
— Şol trubkany meň elime ber-de, özüňem meň aýtjak sanlarymy aýla!
— Ýeriňde otur! — diýip, kapitan Myradow oňa azgyryldy. — Men saňa şeýle
bir sanlary aýlaryn welin, hiç wagt ýadyňdan çykmaz! Özüňem içgili sen!
Atan-satan juda arkaýyn gepledi:
— Bolýa, oturmaly bolsa oturaryn men ýerimde. Ýöne, soň seň özüňe kyn
bolaýmasa, ýoldaş kapitan!
Ol «kapitan» sözüni oýun bilen şeýle bir basyp aýtdy welin, bu ýerde bir syryň
baryny aňdymy-nämemi, kapitan Myradowyň ýüzi bir agardy, bir gyzardy.
— Haýsy sany aýlamaly? — diýip, ol şol bada atan-satan bilen ylalaşdy.
Atan-satan ýigit loh-loh edip güldi. Soňam epeýsiräp, gandally elleri bilen
trubkany gulagyna ýetirdi.
— Aýla — diýip, kapitan Myradowa buýruk berdi-de, ýeke-ýekeden telefon
sanlaryny aýtmaga durdy. — Dört... alty... alty... ýene alty... ýene...
Diýlen sanlary aýlan kapitan Myradowyň gözleri tegelendi hem-de ol generala
sataşan esger kimin, dim-dik bolup, çest bermäge taýýar bolup durdy.
— Şerap kaka! — diýip, atan-satan trubka gygyrdy. — Men Hommat... Merkezi
bagyň milisiýa nokadynda meni saklap durlar-laý... Adres gerek diýýäler. Şulara
aýdyp bersene... Geçip barýakam sakladylar-laý... — Şundan soň atan-satan trubkany
kapitan Myradowa uzatdy. — Me... gürleş.
Kapitan Myradow dim-dik bolup durşuna trubkany eline aldy:
— Kapitan Myradow diňleýä! — diýende onuň sesi sandyr-sandyr edip çykdy.
Ol bir salym doňňara daş ýaly bolup durdy-da, soňam sakawlady. — B... bagyşlaň,
Şerap Şerapowiç! B... bilmezden... Ýest! Ýest! Baryna jogap bererin. Baryna!
Kapitan Myradow trubkany goýanda üstünden dagyň bölegi aýrylan ýaly,
haşlap, uludan dem aldy.
Atan-satan ýigit ýene loh-lohlap, keýpi kök güldi:
— Men saňa aýtdym-a, kapitan, erbet boljagyny!
Özüniň ýeňlenine kapitanyň gaharynyň gelýäni mese-mälim bildirip durdy.
Edil şol pursat gapydan milisiýanyň şäher bölüminiň işgärleri girdiler.
— Jenaýatkärleri maşyna salyň! — diýip, iň öňden giren agajet pyýada özi bilen
gelen milisionerlere tabşyrdy. Milisionerler diýlerine mähetdel, atan-satany-da, ak
sport maýkaly ýigidi-de idenekledip, alyp ugradylar. «Eýle ýöre – beýle ýöre» diýip,
olaryň ýeňselerine suňşuranlaram boldy.
Kapitan Myradow ilki gapydan giren agajet maýoryň gulagyna bir zatlar
pyşyrdady. Agajet maýor çep elini diwara hütledip goýberdi:
— Bolsa bolup geçsin Şerabowlardan! Maňa tüýs şolar ýalaklar gerek-dä! Ile
ýolbaşçy bolup oturan adamlar! Çagalary bolsa nämeler etmeýär! — Men oňa söz berdim, ýoldaş maýor! Ol jigisine göz-gulak bolmagy hem-de
onuň hiç-hili gep-gürrüňsiz öýüne barmagy üpjün etmegi maňa tabşyrdy. Ýoldaş
maýor, men oňa söz berdim-ä! — diýip, kapitan Myradow aýagy bişen towuk mysaly
bir ýerde durup bilmän, agajet maýora ýalbardy.
— Goý, ol jigisini has ulurak wezipelilerden diläp alsyn. Biz bir tabşyraly
tabşyrmaly ýerine — diýip, agajet maýor kapitan Myradow bilen ylalaşmady. —
Utanaňzokmy, kapitan! Siz jenaýatkäre hemaýat etmek isleýäňizmi?!
— Ol araçy bolupdyr, ol jenaýatkär däl! — diýip, kapitan Myradow bilmeýän
maglumatyny birýanlygyna syrdy.
Adamlary goramaly milisiýa işgäri halyna jenaýatkäri aklajak bolýan kapitan
Myradowa Dürjemalyň gahary geldi. Ol oturan ýerinden zöwelip gygyrdy:
— Şol ala köýnekli, Şerabow diýýäniňiz sokdy pyçagy jebir çekene... Sport
maýkaly bolsa aralady. Ýoldaş kapitan!.. Siz näme üçin hiç zady görmän, özüňize jaň
etdireli bäri ol atan-satan haýranyň tarapyny tutjak bolýaňyz! Siziň ýaly milisiýa
işgärleri şeýdip, ters işleýän bolsa, size ynanýan halk pahyr nätmeli?
— Sen näme, wakany gözüň bilen gördüňmi? — diýip, agajet maýor
Dürjemalyň gözlerine dikanlap seretdi.
— Hawa, gördüm. Boljak iş bolup, men gygyramsoň bardy kapitan Myradow
dagy. Onda-da hil bir zat bilýän kişi bolup, ol, adam öldüren jenaýatkäriň tarapyny
tutjak bolýa bi, Myradow.
Kapitan Myradowyň ýüzi ýene boz-ýaz boldy.
— Myradow! Ýazan protokollaryňy ber bärik. Biz ugraly! — diýip, agajet
maýor kapitan Myradowa elini uzatdy.
— Şol protokollary ýyrtaýaly-la, hä, ýoldaş maýor — diýip, kapitan Myradow
ýene aljyraňňylyga düşüp, agajet maýora ýalbaryp ugrady. — Ikimiz üçinem abraý-a
bolardy... Häzir bu wakany ikimizden başga anyk bilýän ýok... Protokolyň täzesini
ýazaýmaly bor...
— Äber bärik ýazanyňy, gepiňi köpeltme! — diýip, agajet maýor kapitan
Myradowyň saklap duran kagyzlaryny onuň elinden çekip aldy. Onuň birine gol çekip,
yzyna uzatdy:
— Ine, ikinji ekzemplýary. Jenaýatkärleri äkidýänligim üçin gol goýdum. — Siz meni işden-ä boşatdyrarsyňyz — diýip, kapitan Myradow naýynjar
gepledi.
— Belki seniň milisiýadan gitmegiň bähbit bolar — diýdi-de, agajet maýor
daşaryk ugrady. — Hany, ýör senem — diýip, ol ýüzüniň ugruna Dürjemala ýüzlendi.
Dürjemal maýoryň yzyna düşdi.
— Sen gyzjagaz bu wagt-a saýraýaň welin, görd-ä! Şaýat bolmak aňsad-a
däldir! — diýip, kapitan Myradow Dürjemalyň yzyndan hüňürdäp galdy.
— Aý, aňsat bolmasa-da, adam öldüreniň kimdigin-ä aýtmakçydyryn — diýip,
Dürjemal gapydan çykyp barşyna oňa pert jogap berdi. — Adam janyna kast edip
bilýän adam näme üçin temmi almaly dälmiş?
Dürjemal gaty dogumlandy. Gaýa-gopuz ýok ýerden bir bendäniň çagasyny
ýagty jahan bilen hoşlaşdyran atan-satanyň jenaýatkärligini subut etmek häzir onuň
ýalňyz maksadydy. Özüniň şu maksadyna ýetjekdigine-de gyzyň ynamy zordy.

Dowamy bar...
3
130
Sahet
26.11.2019 08:53
Şu postymda Ogulsenem Taññyýewanyn "Şaýat bolmak añsat däl" atly powestini siz bilen paylaşmak isledim. Arañyzda öñ okap gorenlerem bar bolsa gerek okamadyklaram.

ŞAÝAT BOLMAK AŇSAT DÄL (powest)
Kursdaşy Sähetliniň özüne ýiti-ýiti bakyp ýörenini Dürjemal eýýäm nije ýyl bäri
duýup ýördi. Her gezek Dürjemaly görende nazarlary bilen gyzy iýip barýan-da bolsa,
nämüçindir ýigit dilden gyza zat diýiberenokdy. «Utanýa öýdýän» diýip, Dürjemal
ýigidiň bolşuna öz ýanyndan baha keserdi hem-de onuň özünden çekinip ýörmesine
gülküsi tutardy.
Gülälekli maýyň ilkinji günleridi. Dördünji kursy tamamlaýyş ekzamenlerine
ýekeje aý galypdy. Ine, şol günleriň birinde Sähetli dil açdy:
— Dört ýylyň içidir paýtagtda okap ýörenimize. Onda-da şäheriň medeni-seýil
baglaryna-da gezelenje gidip göremzok. Gel, şu gün agşam çaýyndan soň baga
aýlanaly — diýip, ol umumy ýaşaýyş jaýynda, ýokarky gatdan aşak düşüp gelýän
Dürjemala pete-pet gelende, ony gezelenje çagyrdy.
Kursdaşy Sähetli hem öz obalaryna ýakyn obadan. Boý-syraty hem hiç
ýigidiňkiden pes däl. Üstesine-de, hukuk fakultetiniň ökde okuwçylarynyň biri. Beýle
ýigidiň çakylygyndan Dürjemal ýüz öwürmekçem däldi. Ol çakylygy kabul etdi.
Agşam çaýyndan soň Dürjemal bezenip, ýola şaýlandy.
— A gyz, nirä ugradyň? — diýip, hiç wagt agşam gezelenje gitmeýän
Dürjemalyň biwagt geýnişini geňlän otagdaş jorasy Döndi oňa ýylgyryp bakdy.
Soňam sag eliniň süýem barmagyny çommaldyp, Dürjemala haýbat atdy. — Nämejik
hyýala mündüň, hä?!
Dürjemal ilki utanjyrap ýylgyrdy. Soňam jorasyndan syr saklap durmady:
— Sähetli gezelenje çagyrdy.
— Bow! — diýip, Döndi gaşlaryny geňsi gerdi. — Ilkinji çakylygymy ýa öňem
bir zatlar diýýädimi?
Döndi soňky sözlerini süýndürip aýtdy. Soňundanam jykyrdady. Dürjemal
jorasynyň näme diýjek bolýanyny aňdy:
— Ilkinji çakylygy... Onda-da gidýän, Döndi. Göwnüňe ýarap durka nämä gerek
näziňi artdyryp durmak...
— Bolýa, git, joram, git, alnyň-bagtyň açyk bolsun — diýip, Döndi ýene
jykyrdady.
 Dürjemal oýun edip, Döndiniň ýagyrnysyna bir şarpygy batly ýelmedi-de, özem
ondan gaýtargy şarpygy datmajak bolup, gaçyp, otagdan çykyp gitdi.
— Sen entek dolanyp gel bakaly, almytyňy alarsyň — diýip, Döndi onuň
yzyndan ýetip bilmän, gygyryp galdy.
Dürjemal jorasyna ýetdirmän, bökjekläp barşyna, aşaky gata düşüp, umumy
ýaşaýyş jaýynyň daşyna çykdy. Sähetli eýýäm oňa garaşyp durdy.
Ikisi ýanaşyk ýöräp, ýola düşdüler. Birbada seslerini çykarman ýörediler.
Dogrusy, olar näme gürrüň etjeklerinem bilenokdylar. Uzakly gün okuwdaky zatlary-
da bile synlap durdular, okuwdan soň umumy ýaşaýyş jaýynyň ýagdaýyna-da ikisi
hem beletdi.
— Baga gidenden kino gitsek gowy bolmazmy? — diýip, esli ara geçenlerinden
soň Dürjemal Sähetlä ýüzlendi.
— Ýok-laý — diýip, Sähetli elini silkip goýberdi. — Kinoda surata seretmeli
bolýar. Bagda bolsa bileje oturyp, gürleşeris. Kursdaşam bolsak, ikimiz ýakyndan
gürleşibem göremzog-a...
— Bolýa-da beýle bolsa — diýip, Dürjemal Sähetli bilen ylalaşdy.
Ikisi tirkeşip, uniwersitetden gaty uzak bolmadyk merkezi medeni-seýil bagyna
bardylar. Bagyň içindäki hem töwerekdäki çyralaryň şöhlesi töweregiň gözelligini has-
da artdyrýardy. Bezemen geýnen ýaş juwanlaryň eýläk-beýläk ötüşip duranlary-da
bardy, Dürjemal bilen Sähetli ýaly bileje oturanlary-da. Bagyň çetindäki konsert
zalyndan aýdymyň sesi gelýärdi.
Dürjemal bilen Sähetli obadan, okuwdan, kursdaşlarydyr tanyş-bilişlerinden
söhbet açyp, esli oturdylar. Aýdym-saz tamamlanyp, konserte gelenler topar-topar
bolup, çykyp gitdiler. Ýaş juwanlaryňam käbirleri turup gitdiler. Bag çolaryp ugrady.
— Bizem turaly, wagt gijikdi — diýip, Dürjemal Sähetlä ýüzlendi. Şeý diýip, ol
ýerinden turdy. Töwerege nazar aýlady. — Hol çetde birki skameýkada adam bar.
Hemmeler gidipdir.
— Beýle bolsa, bizem gidäýeris — diýip, Sähetli diklenip, töwerege nazar
aýlady.
Edil şol wagt olaryň gabat garşysyndaky ýodajykdan orta boýly ýaş ýigit bagyň
günbatar derwezesine tarap geçip barýardy. Onuň elinde çilim bardy. Ol çilimini
sorup, öz maýdalyna ýöräp barýardy.
Ähli zat göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi.
Günbatar derwezeden gündogar derwezä tarap hem şol ýodajyk bilen uzyn
boýly, daýaw bir ýigit gelýärdi. Gara «warýonka» balakly, gök zolak geçen ala
köýnekli daýaw ýigit gaty badyhowady. Hamala, dagy ýerinden süýşürip gelýän ýaly,
özüni hondanbärsi tutýardy. Uzyn, atan-satan aýaklarynyň hersini bir çete taşlap,
«bassammykam-basmasammykam» diýip gelýärdi.
— Ýöräli — diýip, şol pursat Sähetli Dürjemala ýüzlendi.
Dürjemaldyr Sähetli-de gitmekçi bolsalar, iki ýigidiň biri-birine tarap
golaýlaşyp gelýän ýodasyna tarap düşmelidiler. Şol atan-satan geçip gidýänçä
Dürjemal durmagy makul bildi. Ol ýigitden üýşendi.
— Biraz duraly, şol atan-satan geçip gitsin-le — diýip, pyşyrdap diýen ýaly
aýtdy.
— Eý, çilimiňi bir özüň çekmäň näme, hany birini maňa-da bersene — diýip,
gök zolak köýnekli atan-satan ýigit eli çilimli ýigide ýüzlendi.
Edil şol pursatam gündogar derwezeden günbatar derwezä tarap ýarym ýeň ak
sport maýkaly, egni goşhaltaly daýaw ýigit hem gaty-gaty ýöräp gelýärdi. Ol çilimli
gürrüňleri başlanlaryň ýanyna ýetipjik barýardy...
— Şundan başga çilimim ýok, dost — diýip, çilim çekip barýan aýak hem
çekmän, atan-satanyň deňinden geçip barşyna jogap berdi. — Bi-de gutaraýdy-da,
ýogsa şuny beräýerdim. — Şeý diýip, ol çilim galyndysyny ýere pitikläp goýberdi.
Ala köýnekli atan-satan çilim çekip gelýäniň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da:
— Sen maňa agzyňdan galanyny hödürlejek bolýaňmy! — diýip gygyrdy. —
Häý, seň bir bajyňy!..
Atan-satanyň elinde ak zat ýalpyldap gitdi.
— Waý! Pyçak! — diýip, Dürjemal zähresini ýaryp, çirkin gygyrdy. — Sähetli,
ýet! Ony pyçaklaýa!
Sähetli kömege ylgamadan geçen, Dürjemalyň elinden çekdi:
— Ýör, gaçaly.
Dürjemal saň gaty bolup, sekuntlarça durdy. «Birini öldürjek bolup durkalar
näme üçin gaçyp gitmeli!» diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda onuň kellesine gelip
geçdi. Ol bu sowaly Sähetlä bermek isledi.

Dowamy indiki postlarda like sany15den gecse goyaryn
11
190
Sahet
25.11.2019 08:55
Pul hemme zady eder diyyan adam, pul ucin hemme zady etyan adamdyr.
6
76
Sahet
25.11.2019 08:54
Zalymyñ köpegi bolanyñdan, garybyñ arslany bol. Öleninde mazar daşyña IT däl ÝIGIT yazylsyn.
6
103
Sahet
25.11.2019 08:51
Aclyk name iydirmez
Dokluk name diydirmez
4
97
Sahet
23.11.2019 09:26
Ya aw bol ya-da awcy, emma awy awça getirip beryan aracy bolma!
2
75
Sahet
23.11.2019 09:04
Kalp- dusundirip bolmayan bir zatdyr, hic kim onun nirede yerlesyanini bilmez, yone hemme adam nahili agyryanyny bilyar.
1
76
Sahet
23.11.2019 08:59
Köp adamlar size düşünmek ucin dinlanoklar, jogap bermek ucin dinleyarler
3
67