Dowamy:
Sähetli: «Ýör» diýse-de, butnaman, doňup duran gyzyň ýanyndan ökjäni
göterdi.
Eýýäm boljak iş bolupdy. Çilimli ýigit ahlamaga-da ýetişmän, böwrüni tutup,
ýuwaşlyk bilen ýere ýazyldy. Häli gündogar derwezeden gaty-gaty ýöräp gelýän ýigit
bolsa eýýäm atan-satanyň çem gelen ýerine urýardy, depýärdi. Onuň goşhaltasy honda
zyňlyp ýatyrdy.
— Wa-aý! Adam öldürdiler! Ýeti-iň! — diýip, Dürjemal ýarylaýjak bolup
gygyrdy.
Ol adam öldürilişini ilkinji gezek görýärdi. Gorkudan gulaklary şaňlap, agzy
gurady. Hatda Sähetliniň özüni äkidip bilmänsoň, gaçyp gideninem duýmady. Ol
bagyň çetindäki telefon budkasyna tarap ylgady. «Tiz kömege» jaň etdi.
— Merkezi medeni-seýil bagynda adam öldürdiler, ýeteweriň!
Bagyň günbatar derwezesiniň gapdaljygyndaky milisiýa postundan milisioner
ýigitler ylgaşyp gelip, sport maýkalynam, ala köýneklinem gabyrdadyp tutdular.
— Goýberiň meni, men öldüremok. Men araladym — diýip, ala köýnekli atan-
satan nadaralyk edip gygyrýardy.
— Sen öldürdiň şony, men araladym! — diýip, sport maýkaly ala köýnekliniň
üstüne gygyrdy. — Haramzada, etjek işiňi edeňsoň, boýun alarlar!
Iki milisioner «Tiz kömege» garaşyp, pyçaklanan ýigidiň ýanynda galdy.
Beýlekiler bolsa, sport maýkaly bilen gök zolak geçen ala köýneklini idenekledip
äkitdiler.
Milisionerleriň biri jaň edip, telefon budkasyndan çykan Dürjemalyň ýanyna
geldi.
— Sizem ýörüň, hakykaty anyklamaga kömek ediň.
Şeý diýip, milisioner gyrada ýatan goşhaltany hem pyçagy alyp, Dürjemal bilen
ýanaşyk ýöräp ugrady.
— Hakykaty anyklamaga gaty kömek ederin! — diýip, Dürjemal tolgunmadan
sesini titredip gepledi. Atan-satana gahary gelip, ony özi baryp, düýt-müýt edesi geldi.
— Şol atan-satan haýran sokdy ol ýigidiň içine pyçagy.
Milisiýa nokadyna bardylar. Iki ýigidiň ikisiniň eline dessine gandal geýdirip,
hersini bir oturgyçda oturtdylar. Ýarym ýeň, ak sport maýkaly ýigidiň çep ýeňiniň
dyrnak oýtumy ýalyjak ýerinde gan yzy görünýärdi. Atan-satan ýigidiň bolsa gök zolakly köýneginiň ýeňi, gara «warýonka» balagynyň dyzyna çenli ýeri gana
boýalgydy.
Milisionerleriň biri telefon trubkasyny göterip, nirädir bir ýere jaň etdi:
— Şäheriň merkezi medeni-seýil bagyndaky gözegçilik nokadyndan kapitan
Myradow habar berýär. Bu ýerde adam öldürildi. Jenaýatkärler ele salyndy. Olar
nokatda saklanýar. Size garaşýarys.
Daşarda «Tiz kömegiň» sesi, adamlaryň hüňürdisi eşidildi. Kapitan Myradow
äpişgeden daşaryk seredip, ýoldaşyna ýüzlendi:
— «Tiz kömek» geldi öýdýän?
Kapitan Myradowyň ýoldaşy gapydan daşaryk boýnuny uzadyp:
— Hawa — diýdi. — Jebir çekeni äkidýärler.
Dürjemal atan-satan ýigit bilen ak sport maýkaly ýigidiň ýüzüne nazar aýlady.
Sport maýkaly ýigit ýüzüni aşak salyp otyrdy. Atan-satan bolsa gaýşarylyp,
hondanbärisireýärdi. Ol özüne nazar aýlan Dürjemala şeýle bir gazap bilen seretdi
welin, şol pursat Dürjemalyň endam-jany buz ýaly bolup, galdyrady. Üşütme tutýan
ýalydy. Gyz atan-satandan derrew ýüzüni sowdy.
Kapitan Myradow eline kagyz alyp, protokol ýazmaga başlady.
— Adyňy, familiýaňy, işleýän, okaýan ýeriňi aýt! — diýip, ol ak sport maýkaly
ýigide ýüzlendi.
— Tahyrow Mekan. Sport klubynyň treneri. Ýaşaýan ýerim Aşgabat şäheri.
Türgenleşikden gelýän — diýip, sport maýkaly ýigit kapitan Myradowa jogap berdi.
— Indi sen aýt! — diýip, kapitan Myradow öňüne ýene bir kagyzy süýşürip,
atan-satana ýüzlendi.
Atan-satan oňa özi hakda hiç zat aýtmady-da, ýerinden turup, hondanbärsi
bolup, telefon trubkasynyň ýanyna geldi. Kapitan Myradowa buýruk berdi:
— Şol trubkany meň elime ber-de, özüňem meň aýtjak sanlarymy aýla!
— Ýeriňde otur! — diýip, kapitan Myradow oňa azgyryldy. — Men saňa şeýle
bir sanlary aýlaryn welin, hiç wagt ýadyňdan çykmaz! Özüňem içgili sen!
Atan-satan juda arkaýyn gepledi:
— Bolýa, oturmaly bolsa oturaryn men ýerimde. Ýöne, soň seň özüňe kyn
bolaýmasa, ýoldaş kapitan!
Ol «kapitan» sözüni oýun bilen şeýle bir basyp aýtdy welin, bu ýerde bir syryň
baryny aňdymy-nämemi, kapitan Myradowyň ýüzi bir agardy, bir gyzardy.
— Haýsy sany aýlamaly? — diýip, ol şol bada atan-satan bilen ylalaşdy.
Atan-satan ýigit loh-loh edip güldi. Soňam epeýsiräp, gandally elleri bilen
trubkany gulagyna ýetirdi.
— Aýla — diýip, kapitan Myradowa buýruk berdi-de, ýeke-ýekeden telefon
sanlaryny aýtmaga durdy. — Dört... alty... alty... ýene alty... ýene...
Diýlen sanlary aýlan kapitan Myradowyň gözleri tegelendi hem-de ol generala
sataşan esger kimin, dim-dik bolup, çest bermäge taýýar bolup durdy.
— Şerap kaka! — diýip, atan-satan trubka gygyrdy. — Men Hommat... Merkezi
bagyň milisiýa nokadynda meni saklap durlar-laý... Adres gerek diýýäler. Şulara
aýdyp bersene... Geçip barýakam sakladylar-laý... — Şundan soň atan-satan trubkany
kapitan Myradowa uzatdy. — Me... gürleş.
Kapitan Myradow dim-dik bolup durşuna trubkany eline aldy:
— Kapitan Myradow diňleýä! — diýende onuň sesi sandyr-sandyr edip çykdy.
Ol bir salym doňňara daş ýaly bolup durdy-da, soňam sakawlady. — B... bagyşlaň,
Şerap Şerapowiç! B... bilmezden... Ýest! Ýest! Baryna jogap bererin. Baryna!
Kapitan Myradow trubkany goýanda üstünden dagyň bölegi aýrylan ýaly,
haşlap, uludan dem aldy.
Atan-satan ýigit ýene loh-lohlap, keýpi kök güldi:
— Men saňa aýtdym-a, kapitan, erbet boljagyny!
Özüniň ýeňlenine kapitanyň gaharynyň gelýäni mese-mälim bildirip durdy.
Edil şol pursat gapydan milisiýanyň şäher bölüminiň işgärleri girdiler.
— Jenaýatkärleri maşyna salyň! — diýip, iň öňden giren agajet pyýada özi bilen
gelen milisionerlere tabşyrdy. Milisionerler diýlerine mähetdel, atan-satany-da, ak
sport maýkaly ýigidi-de idenekledip, alyp ugradylar. «Eýle ýöre – beýle ýöre» diýip,
olaryň ýeňselerine suňşuranlaram boldy.
Kapitan Myradow ilki gapydan giren agajet maýoryň gulagyna bir zatlar
pyşyrdady. Agajet maýor çep elini diwara hütledip goýberdi:
— Bolsa bolup geçsin Şerabowlardan! Maňa tüýs şolar ýalaklar gerek-dä! Ile
ýolbaşçy bolup oturan adamlar! Çagalary bolsa nämeler etmeýär! — Men oňa söz berdim, ýoldaş maýor! Ol jigisine göz-gulak bolmagy hem-de
onuň hiç-hili gep-gürrüňsiz öýüne barmagy üpjün etmegi maňa tabşyrdy. Ýoldaş
maýor, men oňa söz berdim-ä! — diýip, kapitan Myradow aýagy bişen towuk mysaly
bir ýerde durup bilmän, agajet maýora ýalbardy.
— Goý, ol jigisini has ulurak wezipelilerden diläp alsyn. Biz bir tabşyraly
tabşyrmaly ýerine — diýip, agajet maýor kapitan Myradow bilen ylalaşmady. —
Utanaňzokmy, kapitan! Siz jenaýatkäre hemaýat etmek isleýäňizmi?!
— Ol araçy bolupdyr, ol jenaýatkär däl! — diýip, kapitan Myradow bilmeýän
maglumatyny birýanlygyna syrdy.
Adamlary goramaly milisiýa işgäri halyna jenaýatkäri aklajak bolýan kapitan
Myradowa Dürjemalyň gahary geldi. Ol oturan ýerinden zöwelip gygyrdy:
— Şol ala köýnekli, Şerabow diýýäniňiz sokdy pyçagy jebir çekene... Sport
maýkaly bolsa aralady. Ýoldaş kapitan!.. Siz näme üçin hiç zady görmän, özüňize jaň
etdireli bäri ol atan-satan haýranyň tarapyny tutjak bolýaňyz! Siziň ýaly milisiýa
işgärleri şeýdip, ters işleýän bolsa, size ynanýan halk pahyr nätmeli?
— Sen näme, wakany gözüň bilen gördüňmi? — diýip, agajet maýor
Dürjemalyň gözlerine dikanlap seretdi.
— Hawa, gördüm. Boljak iş bolup, men gygyramsoň bardy kapitan Myradow
dagy. Onda-da hil bir zat bilýän kişi bolup, ol, adam öldüren jenaýatkäriň tarapyny
tutjak bolýa bi, Myradow.
Kapitan Myradowyň ýüzi ýene boz-ýaz boldy.
— Myradow! Ýazan protokollaryňy ber bärik. Biz ugraly! — diýip, agajet
maýor kapitan Myradowa elini uzatdy.
— Şol protokollary ýyrtaýaly-la, hä, ýoldaş maýor — diýip, kapitan Myradow
ýene aljyraňňylyga düşüp, agajet maýora ýalbaryp ugrady. — Ikimiz üçinem abraý-a
bolardy... Häzir bu wakany ikimizden başga anyk bilýän ýok... Protokolyň täzesini
ýazaýmaly bor...
— Äber bärik ýazanyňy, gepiňi köpeltme! — diýip, agajet maýor kapitan
Myradowyň saklap duran kagyzlaryny onuň elinden çekip aldy. Onuň birine gol çekip,
yzyna uzatdy:
— Ine, ikinji ekzemplýary. Jenaýatkärleri äkidýänligim üçin gol goýdum. — Siz meni işden-ä boşatdyrarsyňyz — diýip, kapitan Myradow naýynjar
gepledi.
— Belki seniň milisiýadan gitmegiň bähbit bolar — diýdi-de, agajet maýor
daşaryk ugrady. — Hany, ýör senem — diýip, ol ýüzüniň ugruna Dürjemala ýüzlendi.
Dürjemal maýoryň yzyna düşdi.
— Sen gyzjagaz bu wagt-a saýraýaň welin, görd-ä! Şaýat bolmak aňsad-a
däldir! — diýip, kapitan Myradow Dürjemalyň yzyndan hüňürdäp galdy.
— Aý, aňsat bolmasa-da, adam öldüreniň kimdigin-ä aýtmakçydyryn — diýip,
Dürjemal gapydan çykyp barşyna oňa pert jogap berdi. — Adam janyna kast edip
bilýän adam näme üçin temmi almaly dälmiş?
Dürjemal gaty dogumlandy. Gaýa-gopuz ýok ýerden bir bendäniň çagasyny
ýagty jahan bilen hoşlaşdyran atan-satanyň jenaýatkärligini subut etmek häzir onuň
ýalňyz maksadydy. Özüniň şu maksadyna ýetjekdigine-de gyzyň ynamy zordy.
Dowamy bar...