S_guvanjova
08.04.2021 10:49
Salam hemmanize men vagtlayynca gelip bilmeyan doslar D.S sizdenem õtünç sorayan hokman gelerin hemmenize sag bolun sag amanja geziñ❤💕💕🙋♀️👋👋👋
8
136
12
S_guvanjova
07.04.2021 10:54
Sevgilimiz olmaya bilir,ama arkamizda dag gibi kankamiz var❤❤😍😍👭
7
364
59
S_guvanjova
07.04.2021 08:50
Amerikan biologlary uzak ýaşly adamlaryň beýnisiniň ýitileşmegine täsir edýän sebäpleri ýüze çykardylar. Ýüz ýaşdan ýokary adamlaryň bedeninde beloklaryň düzgünleşdirýän "Forkhead box OЗ" umumy geniň bardygy anyklanyldy.Geçirilen barlaglaryň netijesine görä,"uzak ýaşamaga täsir edýän bu geniň" beýniniň ösüntgili öýjüklerini garramakdan goraýandygy anyklanyldy.Lukmançylyk ylmynyň degişli hünärmenleri ylmy-barlag işleriniň netijesini "Nature Communications"ylmy žurnalynda çap etdiler.Bu gen degişli hünärmenlere öňden mälimdi,emma geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň esasy wezipesi anyklanyldy.Ösüntgili öýjükler adamyň bütin ömrüne maglumatlary özleşdurmäge we yatda saklamaga ýardam berýän täze öýjükleri emele getirýär.Bu gen ruhy sarsgynyň netijesinde şol öýjükleriň dargamagynyň öňüni alýar.Haçan-da,bu gen işjeň ýagdaýa geçende adamyň immuniteti herekede geçýär we öýjükler bölünip başlaýar.Bu ugurda ABŞnyň Kornel we Dýuk uniwersitetleriniň alymlary iş alyp bardylar.Bu barada "RIA" habarlar gullugy haýar berýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Guwanjowa Selbiniýaz.
6
103
3
S_guvanjova
06.04.2021 08:55
5×5+5÷5=6?
Правильно или неправильно?
Насколько хорошо развит ваш мозг?
5
178
9
S_guvanjova
05.04.2021 11:09
Õzûñe ynamyñ bolsa,seniñ üçin elmydama ýörelge bardyr!
13
84
4
S_guvanjova
05.04.2021 11:09
Alymlar gorkunç düýş gõrmegiñ peýdasy barada aýtdylar!
Amerikan we şweýsar alymlary gorkunç düýşleriň nähili peýda getirip biljekdigini anykladylar. Bu barada TACC Human Braing Mapping žurnalynda neşir edilen ylmy işe salgylanyp habar berýär.
Gijeki garabasmalar – bu nerw sistemasy üçin türgenleşdiriji poligon, barlaglaryň netijelerinden gelip çykyşyna görä, erbet düýşler adamy mümkin bolan stress ýagdaýlaryna taýýarlamaga kömek edýär.
Barlagçylar elektrik ensefalogrammanyň kömegi bilen beýniniň haýsy böleginiň uky wagtynda garabasmalara täsir edýändigini anyklamakçy boldular.
Barlag iki tapgyrda geçirildi. Ilki bilen lukmanlar 18 sany meýletinçini barlagdan geçirdiler, uky wagtynda elektrik ensefalografiýa usulynyň kömegi bilen (EEG) olaryň beýnisiniň dürli bölegindäki işjeňligi ölçediler. Her barlagdan geçirilýäniň kellesinde 256 datçigi berkitdiler. Şeýle-de olary uky wagtynda birnäçe gezek turzup, oýanmazyndan öňdäki sekuntlarda nähili düýş görendiklerini soradylar. Şeýle etmek bilen alymlar beýniniň haýsy böleginiň ol ýa-da beýleki emosinal hasratlara jogap berýändigini anyklamakçy boldular. Netijede, olar uky wagtynda gorky duýgusyna jogap berýän iki bölegi aýan etdiler: bu merkezi bölek we öňki guşaklyk gabyk. Merkezi bölek oýanan wagtyňdaky emosiýalara jogap berýär we biz gorkuny duýan wagtymyz sistematik taýdan janlanýar.
Öňki guşaklyk gabyk bolsa organizmi howpa bolan täsire taýýarlamaga gönükdirilendir.
Soňra alymlar ýene-de bir barlag geçirdiler. Onuň maksady ukudaky gorky bilen huşdakynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamakdan ybaratdy. 89 sany barlagdan geçiji bir hepdäniň dowamynda irden özleriniň düýşlerini we başdan geçiren emosiýalaryny depdere ýazmalydy. Şundan soň magnit-rezonans tomografiýasynyň kömegi bilen ekspertler barlaga gatnaşyjylaryň betbagtçylyk sahnasyndan görkezilen suratlara nähili täsir edýändiklerini anykladylar.
Ukuda başdan geçirilen gorky näçe güýçli bolsa, gatnaşyjylarda merkezi bölek we guşaklyk gabyk şonça-da az aktiwleşýärdi, ýagny garabasma köp bolýan adamlarda gorkynyň we howsalanyň derejesi pes. Şeýlelik bilen hünärmenler ukudaky emosiýa bilen ukudan daşardaky emosiýanyň arasynda baglanyşygyň bardygyny anykladylar.
Gijeki garabasmalar bu nerw sistemasy üçin gowy tälimçi. Şunuň bilen baglylykda alymlarda düýşi depressiýany we howsalaly ýagdaýlary bejermek üçin ulanmak pikiri döredi. Olaryň logikasy şeýle aňladylýar: eger pasientde gijelerine gorky döredip bolsa, onda olar durmuşda az gorkarlar.
10
108
2
S_guvanjova
04.04.2021 16:12
Salam Hormatly Õwrenmeli programmanyñ Admini D.S,Õwrenmeli programmanyñ Ýazyjysy MekanMollaýew size kõp kõp sag bolsun. D.S maña Hõwesjeñ statusyny mynasyp gõreniñize minnetdar umydynyzy hõkman õdeýän.😇MekanMollaýew ýazyjymyz sizem sag boluñ meni goldanyñyz üçin.🥰🥰
9
202
18
S_guvanjova
04.04.2021 09:24
Şweýsariýaly Bernard Werberiň başlangyjy bilen “Dünýäniň täze ýedi täsinligi” taslamasy gurnalyp, täze ýedi täsinlik anyklanyldy. Dünýäniň täze ýedi täsinliginiň sanawyna goşmak üçin teklip edilen köp sanly binalar we gözel ýerler saýlanyp, bäsleşigiň netijeleri Lissabonda mälim edilipdi. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň täze ýedi täsinligi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Häzirki wagtda bize “Gadymy dünýäniň ýedi täsinligi” diýlip atlandyrylýan Müsür piramidalary, Wawilondaky Seramidanyň asma baglary, Efesdäki Artemid ybadathanasy, Olimpiýadaky Zewsiň heýkeli, Galikarnas aramgähi, Koloss Rodosskiniň heýkeli, Aleksandriýa maýagy mälimdir. Olaryň arasyndan diňe Müsür piramidalary saklanyp galypdyr. Şoňa görä, şweýsariýaly Bernard Werberiň başlangyjy bilen “Dünýäniň täze ýedi täsinligi” taslamasy gurnalyp, täze ýedi täsinlik anyklanyldy. Täjirçilik maksatly bolmadyk gurama “New Open World Corporation” 90 milliondan gowrak adamyň gatnaşmagynda ses berlişik geçirdi. Dünýäniň täze ýedi täsinliginiň sanawyna goşmak üçin teklip edilen köp sanly binalar we gözel ýerler saýlanyp, bäsleşigiň netijeleri Lissabonda mälim edilipdi. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň täze ýedi täsinligi bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Eýsem, siz bu sanawyň täzelenendigini eşidipmidiňiz?
Beýik Hytaý diwary, Hytaý:
Dünýäde iň uly binagärlik desgasy bolup, onuň uzynlygy 8851,8 kilometre barabardyr. Beýik Hytaý diwary Hytaý imperiýasynyň demirgazyk serhetlerini çarwalaryň hüjüminden goramak üçin gurlupdyr. Häzirki wagtda bu diwar adamzat tarapyndan gurlan iň uzyn desgalaryň biri hasaplanýar. Dünýäde iň köp barylýan ýer bolan Beýik Hytaý diwaryny ýylda 40 milliondan gowrak syýahatçy görmäge gelýär. Diwaryň bir bölegi Hytaýyň paýtagty Pekiniň golaýyndan geçýär.
Kolizeý. Rim, Italiýa:
Gadymy Rim amfiteatrlarynyň iň ulusy, baky şäheriň doly hukukly nyşany, megerem, dünýäniň iň meşhur binagärlik ýadygärligidir. Onuň ikinji ady Flawiýew amfiteatry bolup, şol döwürde Gadymy Rimde höküm süren we amfiteatryň gurluşygyny amala aşyran Flawiýew hanedanlygynyň hormatyna berlipdir. Kolizeýde uzak wagtlap Rimiň myhmanlary we ýaşaýjylary üçin gladiator söweşleri we beýleki güýmenje tomaşalary guralypdyr.
Maçu-Pikçu, Peru:
Häzirki zaman Perunyň çäginde ýerleşýän ady rowaýata öwrülen inkleriň gadymy şäheri bolan Maçu-Pikçu ýerleşýän ýerine görä, “Bulutlaryň arasyndaky şäher” adyny aldy. Ol dag gerişleriniň ýokarsynda, deňiz derejesinden 2450 metr belentlikde ýerleşýär. Şäher inkleriň hökümdary Paçakutek tarapyndan imperatoryň kabulhanasy, şeýle hem, “Mukaddes dag düşelgesi” hökmünde gurlupdyr.
Petra, Iordaniýa:
Häzirki Iordaniýanyň çäginde daşdan oýulyp ýasalan meşhur Petra şäheri Arawa jülgesinde ýerleşip, daş-töweregi uçut gaýalar bilen gurşalan. Bu ýere diňe şäheriň özboluşly derwezesi hasaplanýan dag jülgeleri arkaly girip bolýar. Şäheriň binalarynyň köpüsi gyzyl reňkli gaýalardan oýulyp ýasalypdyr, hatda, şäheriň “Petra” ady hem “gaýa” diýlip, terjime edilýär. Her ýyl ýarym milliondan gowrak syýahatçy daşdan oýulyp gurlan syrly şäheri görmäge gelýär. Ýeri gelende aýtsak, Stiwen Spilbergiň “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” atly meşhur filminiň soňky sahnalary Petrada surata düşürilipdi.
Çiçen-Isa. Meksika, Ýukatan:
Gadymy şäher Çiçen-Isa, Meksikanyň Ýukatan ýarym adasynda ýerleşýän Maýýa döwletiniň syýasy we medeni merkezidir. Arheologlaryň pikiriçe, Çiçen-Isa Maýýa medeniýetiniň dini merkezleriniň biri bolupdyr.
"Zaman"Gazeti.
11
206
14
S_guvanjova
03.04.2021 01:59
Bu nichiksi sõýgi,gitmek isleýãn,ýõne nãme ûçindir gidip bilemok😔😔☹☹
13
162
17
S_guvanjova
02.04.2021 20:18
Alymlar 2 müň ýyldan bäri pallamagyň sebäplerini öwrenmäge çalyşýarlar.Köplenç,ýadawlyk,içgysgynçlyk,ya-da başga biriniň pallaýandygyny görmek pallamagymyza sebäp bolýar.ABŞ-nyň Merilend
16
332
20
Yene yükle