S_guvanjova
04.04.2021 09:24
Şweýsariýaly Bernard Werberiň başlangyjy bilen “Dünýäniň täze ýedi täsinligi” taslamasy gurnalyp, täze ýedi täsinlik anyklanyldy. Dünýäniň täze ýedi täsinliginiň sanawyna goşmak üçin teklip edilen köp sanly binalar we gözel ýerler saýlanyp, bäsleşigiň netijeleri Lissabonda mälim edilipdi. Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň täze ýedi täsinligi bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Hä­zir­ki wag­tda bi­ze “Ga­dy­my dün­ýä­niň ýe­di tä­sin­li­gi” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Mü­sür pi­ra­mi­da­la­ry, Wa­wi­lon­da­ky Se­ra­mi­da­nyň as­ma bag­la­ry, Efes­dä­ki Ar­te­mid yba­dat­ha­na­sy, Olim­pi­ýa­da­ky Zew­siň heý­ke­li, Ga­li­kar­nas aram­gä­hi, Ko­loss Ro­doss­ki­niň heý­ke­li, Alek­sand­ri­ýa ma­ýa­gy mä­lim­dir. Ola­ryň ara­syn­dan di­ňe Mü­sür­ pi­ra­mi­da­la­ry­ sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Şo­ňa gö­rä, şweý­sa­ri­ýa­ly Ber­nard Wer­be­riň baş­lan­gy­jy bi­len “Dün­ýä­niň tä­ze ýe­di tä­sin­li­gi” tas­la­ma­sy gur­nal­yp, tä­ze ýe­di tä­sin­lik anyk­la­nyl­dy. Tä­jir­çi­lik mak­sat­ly bol­ma­dyk gu­ra­ma “New Open World Cor­po­ra­ti­on” 90 mil­li­on­dan gow­rak ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ses ber­li­şik ge­çir­di. Dün­ýä­niň tä­ze ýe­di tä­sin­li­gi­niň sa­na­wy­na goş­mak üçin tek­lip edi­len köp san­ly bi­na­lar we gö­zel ýer­ler saý­la­nyp, bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri Lis­sa­bon­da mä­lim edil­ipdi. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­niň tä­ze ýe­di tä­sin­li­gi bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik. Eý­sem, siz bu sa­na­wyň tä­ze­le­nen­di­gi­ni eşi­dip­mi­di­ňiz?

Be­ýik Hy­taý di­war­y, Hy­taý:
Dü­nýäde iň uly bi­na­gär­lik des­ga­sy bo­lup, onuň uzyn­ly­gy 8851,8 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Be­ýik Hy­taý di­war­y Hy­taý im­pe­ri­ýa­sy­nyň de­mir­ga­zyk ser­het­le­ri­ni çar­wa­la­ryň hü­jü­min­den go­ra­mak üçin gur­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu di­war adam­zat ta­ra­pyn­dan gur­lan iň uzyn des­ga­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­de iň köp ba­ryl­ýan ýer bo­lan Be­ýik Hy­taý di­war­y­ny ýyl­da 40 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy gör­mä­ge gel­ýär. Di­wa­ryň bir bö­le­gi Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­ki­niň go­la­ýyn­dan geç­ýär.

Ko­li­zeý. Rim, Ita­li­ýa:
Ga­dy­my Rim am­fi­teatr­la­ry­nyň iň ulu­sy, ba­ky şä­he­riň do­ly hu­kuk­ly ny­şa­ny, me­ge­rem, dün­ýä­niň iň meş­hur bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­li­gi­dir. Onuň ikin­ji ady Fla­wi­ýew am­fi­te­at­ry bo­lup, şol dö­wür­de Ga­dy­my Rim­de hö­küm sü­ren we am­fi­te­at­ryň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşy­ran Fla­wi­ýew ha­ne­dan­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na ber­lip­dir. Ko­li­zeý­de uzak wagt­lap Ri­miň myh­man­la­ry we ýa­şaý­jy­la­ry üçin gla­dia­tor sö­weş­le­ri we beý­le­ki güý­men­je to­ma­şa­la­ry gu­ra­lyp­dyr.

Ma­çu-Pik­çu, Pe­ru:
Hä­zir­ki za­man Pe­ru­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ink­le­riň ga­dy­my şä­he­ri bo­lan Ma­çu-Pik­çu ýer­leş­ýän ýe­ri­ne gö­rä, “Bu­lut­la­ryň ara­syn­da­ky şä­her” ady­ny al­dy. Ol dag ge­riş­le­ri­niň ýo­kar­syn­da, de­ňiz de­re­je­sin­den 2450 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Şä­her ink­le­riň hö­küm­da­ry Pa­ça­ku­tek ta­ra­pyn­dan im­pe­ra­to­ryň ka­bul­ha­na­sy, şeý­le hem, “Mu­kad­des dag dü­şel­ge­si” hök­mün­de gu­r­lup­dyr.

Pet­ra, Ior­da­ni­ýa:
Hä­zir­ki Ior­da­ni­ýa­nyň çä­gin­de daş­dan oýu­lyp ýa­sa­lan meş­hur Pet­ra şä­he­ri Ara­wa jül­ge­sin­de ýer­le­şip, daş-tö­we­re­gi uçut ga­ýa­lar bi­len gur­şa­lan. Bu ýe­re di­ňe şä­he­riň öz­bo­luş­ly der­we­ze­si ha­sap­lan­ýan dag jül­ge­le­ri ar­ka­ly gi­rip bol­ýar. Şä­he­riň bi­na­la­ry­nyň kö­pü­si gy­zyl reňk­li ga­ýa­lar­dan oýulyp ýa­sa­lyp­dyr, hat­da, şä­he­riň “Pet­ra” ady hem “ga­ýa” diý­lip, ter­ji­me edil­ýär. Her ýyl ýa­rym mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy daş­dan oýu­lyp gur­lan syr­ly şä­he­ri gör­mä­ge gel­ýär­. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Sti­wen Spil­ber­giň “In­dia­na Jons we soň­ky haç­ly ýö­riş” at­ly meş­hur fil­mi­niň soň­ky sah­na­la­ry Pet­ra­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip­di.

Çi­çen-Isa. Mek­si­ka, Ýu­ka­tan:
Ga­dy­my şä­her Çi­çen-Isa, Mek­si­ka­nyň Ýu­ka­tan ýa­rym ada­syn­da ýer­leş­ýän Maý­ýa döw­le­ti­niň sy­ýa­sy we me­de­ni mer­ke­zi­dir. Ar­heo­log­la­ryň pi­ki­ri­çe, Çi­çen-Isa Ma­ýýa me­de­ni­ýe­ti­niň di­ni mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr.
"Zaman"Gazeti.
11
206
S_guvanjova
4 Aprel 2021
GyzyklyMaglumatlar,😇👍
S_guvanjova
4 Aprel 2021
Gulnar_03,bolyala govlasan bolsan bizem govy hudaya shukir ertir gaydya agdan
guli_
4 Aprel 2021
Tũrkmenperi,Howwa hudaya sukr gowylasyp baryan sen naili gowjamy giyew naili
S_guvanjova
4 Aprel 2021
Gulnar_03,yokla zyyany yok ayyrdym eyyam govmy sen govlasyanmy gripden
guli_
4 Aprel 2021
Tũrkmenperi,Yok yok senki dogry prosta onki maglumat bolp gelya gulm goy duruversin😇🤗🌷
S_guvanjova
4 Aprel 2021
bagyslan men bilemokdym Tachmahalyn ayrylanyny nadogry post goyan bolsam otunc sorayan.hazir sazlayan
guli_
4 Aprel 2021
D.S,Admin sena sen bilmeli🙄🤔😄
guli_
4 Aprel 2021
IDEALLIDER,😄😄hakyky
ideallider
4 Aprel 2021
Gulnar_03, ok aýyrypdyrlar, garaş ýene goşarlarda😄
guli_
4 Aprel 2021
Tũrkmenperi,Ayryldy taze maglumatlara gora 5sany bolp gitya inni ikisi ayryldy biri tacmahal beylekini blmkda ....onam nm un ayyrdylar tacmahalyn yzy polnyususrcylyk hapacylyk eken sonnan ony ayyrdylar taze maglumatlara seret
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.