S_guvanjova
02.04.2021 20:18
Alymlar 2 müň ýyldan bäri pallamagyň sebäplerini öwrenmäge çalyşýarlar.Köplenç,ýadawlyk,içgysgynçlyk,ya-da başga biriniň pallaýandygyny görmek pallamagymyza sebäp bolýar.ABŞ-nyň Merilend uniwersitetiniň psihology Robert Prowaýn pallamagyň nähili bolup geçýändigini öwrenmek üçin geçiren amaly barlaglary bilen tanalýar.Onuň aýtmagyna görä,belli grek lukmany Gippokrat 2500 ýyl mundan ozal bu ugurda ilkinji barlaglary geçiripdir we "pallamak bedeniň ýaramaz howasyny arassalamaga kömek edýär"diýen netijä gelipdir. Lukmanlar XIXasyra çenli bu pikiriň dogrudygyny kabul edipdirler.XIXasyrda alymlar pallamagyň kömürturşy gazyny bedenden aýyrýandygyna göz ýetirýärler.Pallamak baradaky nazaryýetlerde onuň "ýokançdygyna"ýagny birinin pallanyny gören adamyň hem pallaýandygyna has köp üns berildi.Prowaýn adamlaryň 50 %-niň biriniň pallanyny göreninde,oňa pallamak bilen jogap berýändigini aýtýar.Alym "Ol şeýle bir ýokuşýar welin,pallaýan birini görmek ýa-da ol barada eştmek, hatda pallamak hakynda okamak hem pallamaga sebäp bolup bilýär"diýip belleýär.
Golaýda Nýu-Ýork uniwersitetiniň ylmy işgäri Endrýu Gellap täze pikiri orta atdy.Gellapyň pikiriçe,pallamak beýnini gyzmakdan goraýar. Eňegiň giňden açylmagy kelläniň içindäki gan aýlanyşygyna,artykmaç ýylylygyň paýlanmagyna mümkinçilik berýär we pallanylýan wagtda alnan dem bilen beýnini sowadýar.
16
332
S_guvanjova
4 Aprel 2021
IDEALLIDER,GyzyklyMaglumatlar,😇😇😇😇😇
ideallider
4 Aprel 2021
Gowy maglumat🙂👍
Myhman Myhman
4 Aprel 2021
Moledes. 862030200
S_guvanjova
2 Aprel 2021
Arazbibi,hovva eplenyan eken
Arazbibi
2 Aprel 2021
Tũrkmenperi,menem gordum eplenyanli
S_guvanjova
2 Aprel 2021
MahymM_🌹,.mm govy tel eken 👍👍gordim
AdyýokPlanyýew
2 Aprel 2021
👏👏👏
Arazbibi
2 Aprel 2021
MahymM_🌹,sen kimi şol tel men gördüm gawy📱📱📱
MahymM_🌹
2 Aprel 2021
Tũrkmenperi,Z flip menki yazyp gpr google
S_guvanjova
2 Aprel 2021
MahymM_🌹,A 20
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.