S_guvanjova
S_guvanjova
19.04.2021 01:34
Twist ft Mc Kz Malik&Selbi🥰🥰 Tãze aýdym dinläp gõrin dostlar
S_guvanjova
18.04.2021 14:16
Gyzyñ näce sany enesi bolýar?
10
362
S_guvanjova
18.04.2021 13:41
Meniñ 3 dostum bar
Ajylara dozen yuregm💔
Derdime aglayan gozlerim🥺
Goz yaslarymy syran ellerim🥀
8
159
S_guvanjova
S_guvanjova
17.04.2021 16:03
Õwrenmeli yaly programma bol tsoltanov yaly programmacy bol D.S yaly admin bol MekanMollayew yaly yazyjy bol Barlagcy yaly goshgyny hala Ajayyp eserler yaly ajayyp Juvan yaly degisgen bol safia yaly
S_guvanjova
S_guvanjova
17.04.2021 15:44
Saçyñ dümeginiñ sebapleri we bejergisi Näme üçindir saçyň selçeňleşmesi we düşmegi diňe erkek adamlarda duş gelýän kynçylykdyr öýdülýär. Hakykatdan hem, saçyň köp düşmegi aýallary hem az alada
S_guvanjova
16.04.2021 12:06
Bu durmusda in agyr zat senki bolmadyk adamy gabanyp yasamakdyr.....❤💔
In agyr duygy bolsa umytsyz garasmakdyr🥺😔
14
208
S_guvanjova
16.04.2021 12:04
Iyilik yapmak bizim elimizde
12
36
S_guvanjova
15.04.2021 04:53
Allahyñ gõzel Atlary!
ALLAH Lafzaýy Jelal diýilýän bu ismi şerif – Allah Tagalanyň has adydyr. Șonuň üçin, bu beýleki atlaryň ählisini öz içine alýar. Beýleki atlar bolsa, diňe öz manysyny göterýär. Bu nukdaýnazardan Allah adynyň ornuny hiç bir at tutup bilmez. Dilçileriň aýtmagyna görä, bu söz arap sözüdir. Köplük sany ýokdur. Haýsy-da bolsa bir dilde jyns atlarynyň köplük sany bardyr. Șeýle hem, dürli dilde Allah Tagalanyň dürli-dürli ady bardyr. Türki dillerde «Taňry», pars dilinde «Huda», iňlis dilinde «God», rus dilinde «Bog» ýaly. Bu atlar «Allah» ýaly has at bolman, «Ilah», «Rab», «Mabud» ýaly jyns atlardyr. Arap dilindäki « Ilahyň» köplügi «Älihe», «Rabbyň» köplügi «Erbab» parsçada «Hudanyň» köplügi «Hudaýan» diýlişi ýaly, türki dillerde hem «Ilahlar», «Rabler», «Mabudlar», « Taňrylar» görnüşinde köplük sanda aýdylýar. Șonuň üçin «Taňry» sözi doly manyda «Allah» sözüniň ornuny tutmaýar. Mysal üçin, yslamyň esasy bolan «Lä ilähe illallah» (Allahdan başga ilah ýokdur) towhyd sözi terjime edilende « Taňrydan başga taňry ýokdur» görnüşinde bolmaýar. Șonuň üçin bu terjime dürs däldir. Sebäbi «Allah» sözi « Taňry» sözi bilen çalşyrylyp terjime edilse, ýalňyş bolýar. Çünki, «Taňry» jyns atdyr. «Allah» has atdyr. Ýöne bu ýagdaý Beýik Ýaradyjy göz öňünde tutulyp, başga atlary ulanyp bolmaz diýen manyny bermeýär. Kurany Kerimde bellenişi ýaly, iň gözel atlar Allahyňkydyr. Bu atlaryň haýsysy islense, şol at bilen doga etmek bolýar. Șol ady başga dile terjime hem edip bolar. Ýöne «Allah» adyny Allahdan başga zada bermek bolmaz. Beýleki atlaryň käbirini Allahdan başga zada-da berip bolýar. Ynsanlara Aly, Rahym, Aziz atlaryny bermek ýaly. Ýöne bu atlaryň başyna «gul» manysyny berýän «Abd» sözüni goşmak has laýykdyr. Abdulkadyr, Abdurrahym ýaly.
11
108
S_guvanjova
15.04.2021 04:49
Sõzi manysy bilen ÕWRENELIÑ!
Em­gek ekin­de gal­maz.
Em­gek – azap, çe­ki­len hor­luk, siň­di­ri­len yh­las di­ýen ma­ny­la­ry aň­lad­ýar.
Bu na­kyl zäh­met bi­len bag­ly bo­lup, top­ra­gyň çe­ki­len aza­by, siň­di­ri­len yh­la­sy jo­gap­syz – mi­we­siz goý­ma­ja­gy, yh­las bi­len aty­lan her bir dä­nä­niň müň bol­ja­gy aý­dyl­ýar we zäh­met­sö­ýer­lik, je­pa­keş­lik ün­del­ýär.
Top­ra­gyň jo­mart­ly­gy ha­kyn­da pe­der­le­ri­miz­den bi­ze ga­lan baş­ga-da bir­nä­çe dür­dä­ne se­tir­ler bar:
Ýykylsaň, ýere ýapyş.
Ýer bakany bakar, bakmadygy – ýykar.
Ýer doýmasa, är doýmaz.
Ýer daýhany dabanyndan tanar…


9
113
S_guvanjova
13.04.2021 21:31
♦️Dost ba­şa, duş­man aýa­ga ba­kar.♦️
Bu na­kyl ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gö­rüm-gö­rel­de, edep-ter­bi­ýe, edim-gy­lym ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýar.
♦️Dos­tuň ba­şa bak­ma­gy­nyň se­bä­bi, bi­rin­ji­den, ada­myň hal-ýag­da­ýy, ru­hy dün­ýä­si onuň ýü­zün­den aň­la­nyl­ýar. Dost üçin esa­sy zat – se­niň sag­ly­gyň, hal-ýag­da­ýyň. Ikin­ji­den, ada­myň maş­ga­la abat­ly­gy hem onuň ba­şyn­dan aň­la­nyl­ýar. Dost kyn gü­nüň ça­gyr­man­kaň, go­wy gü­nüň ça­gy­ran­soň ge­ler. Şo­nuň üçin ba­şyn­da şeý­le kyn ýag­da­ýy bo­lan ada­my dost ýe­ke gal­dyr­ma­ýar. Ga­ly­ber­se-de, dos­tuň ba­şa bak­ma­gy dur­muş bi­len bag­ly, ba­şyň gow­ga­ly bol­ma­gy dos­tuň hem ala­da­sy, ba­şyň ra­hat, dün­ýäň abat bol­ma­gy dos­tuň hem şat­ly­gy. Şo­nuň üçin dost ba­şa ba­kar.
♦️Duş­man aýa­ga ba­kar. Bu ýer­de duş­ma­nam, aýa­gam öz asyl ma­ny­syn­da däl. Duş­man – tö­we­re­giň­de ýa­lan­dan dost­sy­rap gez­ýän adam. Aýak – göç­me ma­ny­da ada­myň mad­dy taý­dan hal-ýag­da­ýy­ny aň­lad­ýar. As­lyn­da şeý­le bir dü­şün­je bar, ada­myň mad­dy ýag­da­ýy­ny, nä­de­re­je­de özü­ne ese­wan ed­ýän­di­gi­ni il­ki bi­len onuň aýa­gy, ýag­ny köw­şi bi­len sa­çy gör­kez­ýär. Çün­ki egin-ba­şa nä­çe ti­mar be­ril­se-de, köp­lenç, ah­mal edil­ýän iki när­se şu­lar. Şo­nuň üçin il­ki aýa­ga – mad­dy ýag­da­ýa ga­ra­ýan adam­dan howp­ly duş­man ýok.
Unut­maň,
DOST BA­ŞA, DUŞ­MAN AÝA­GA BA­KAR!
10
253