S_guvanjova
17.04.2021 15:44
Saçyñ dümeginiñ sebapleri we bejergisi
Näme üçindir saçyň selçeňleşmesi we düşmegi diňe erkek adamlarda duş gelýän kynçylykdyr öýdülýär. Hakykatdan hem, saçyň köp düşmegi aýallary hem az alada goýmaýar. Eger erkek adamlarda saçyň düşmegi genetiki töwekgelçilik faktorlary ýa-da gormonal üýtgeşmeler netijesinde ýüze çykýan bolsa, aýallarda bu kynçylygyň sebäpleri has hem köpdürli bolup biler.

Zenanlar saçlaryny boýamaga, himiki usul bilen olary buýralaşdyrmaga, fen bilen guratmaga höwesek bolýarlar. Bir tarapdan biz ýylpyldaýan we owadan öwüşgin berýän, rejelenen saçlara syn edip, başgalaryň öwgüsine eýe bolsak-da, beýleki tarapdan ýaramaz täsirler olaryň guramagyna, iýmitlenmeginiň bozulmagyna we kesellemegine sebäp bolup bilýär.

Saçlaryňyzyň uzak wagt sagdyn saklanmagy üçin, olara dogry ideg edip, kesellemegine we düşmegine getirýän sebäpleri aradan aýyrmak möhümdir.

Saçyň düşmegine getirýän sebäplere aşakdakylar degişli bolup biler:

bedendäki alyş-çalyş ýagdaýlarynyň üýtgemegi;
nesil yzarlama häsiýeti;
gormonal üýtgemeler (meselem, galkan şekilli mäziň işiniň ýetmezçiligi);
göwrelilik;
uzaga çekýän stress ýagdaýy;
uzak wagt berhiz tutma ýa-da açlyk çekme;
saçlara ýaramaz faktorlaryň täsir etmegi (himiki boýaglar, antibiotikleri uzak wagt kabul etmek, gormonal serişdeleri nädogry ulanmak, radioaktiw şöhleleriň täsiri, himiýa serişdeleri bilen bejergi almak, güýçli zäherleriň täsiri);
bedeniň tapdan düşmegi (uzaga çeken dowamly we ýokançly kesellerden soň).
Eger saçlaryňyz gün-günden inçelip, düşmesi köpelýän bolsa, onuň sebäbini bilip, dogry bejergi almak üçin triholog lumana ýüz tutmalydyr. Gerek bolan ýagdaýlarda ol goşmaça baraglary geçmegi hem maslahat berip biler.

Saçyň düşmegi babatda alada galmazdan öň, ýörite synag edip görmek ýerliklidir.

Irden, ukudan turanyňyzdan soň, ýere ak mata ýa-da kagyz ýazyň. Şonuň üstüne saçyňyzy darap, gaçan saçlary we darakda galanlary sanaň. Eger Siziň gaçan saçlaryňyzyň sany 30-50 gyla deň bolsa, alada galmagyň zerurlygy ýokdyr.

Saçlaryň bir böleginiň düşüp, olaryň ýerine başgalaryň ösüp täzelenip durýanlygy tebigy ýagdaýdyr. Ýöne, Siz 60-120 gylyň gaçandygyny sanan bolsaňyz, onda bu ýagdaý bir sebäbiň barlygyndan habar berip, çäre görülmelidigini aňladýandyr.

Saçyň düşmegi (latynça-alopesiýa – saç düşme, kellik) – kelläniň we göwräniň belli bir böleklerinde, saçlaryň selçeňleşmegine we aýrylmagyna getirýän saçlaryň düşme keselidir.
8
136
Ovezova_
17 Aprel 2021
👏👍👍
ideallider
17 Aprel 2021
Egnimde ýalpyldawuk çyra ýokdy, şondada bur-ýerde peýdasy deger, sagbol ýetireniňe😄👍
M.M
17 Aprel 2021
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.