♦️Dost başa, duşman aýaga bakar.♦️
Bu nakyl ata-babalarymyzyň görüm-görelde, edep-terbiýe, edim-gylym ýörelgelerinden ugur alýar.
♦️Dostuň başa bakmagynyň sebäbi, birinjiden, adamyň hal-ýagdaýy, ruhy dünýäsi onuň ýüzünden aňlanylýar. Dost üçin esasy zat – seniň saglygyň, hal-ýagdaýyň. Ikinjiden, adamyň maşgala abatlygy hem onuň başyndan aňlanylýar. Dost kyn günüň çagyrmankaň, gowy günüň çagyransoň geler. Şonuň üçin başynda şeýle kyn ýagdaýy bolan adamy dost ýeke galdyrmaýar. Galyberse-de, dostuň başa bakmagy durmuş bilen bagly, başyň gowgaly bolmagy dostuň hem aladasy, başyň rahat, dünýäň abat bolmagy dostuň hem şatlygy. Şonuň üçin dost başa bakar.
♦️Duşman aýaga bakar. Bu ýerde duşmanam, aýagam öz asyl manysynda däl. Duşman – töweregiňde ýalandan dostsyrap gezýän adam. Aýak – göçme manyda adamyň maddy taýdan hal-ýagdaýyny aňladýar. Aslynda şeýle bir düşünje bar, adamyň maddy ýagdaýyny, näderejede özüne esewan edýändigini ilki bilen onuň aýagy, ýagny köwşi bilen saçy görkezýär. Çünki egin-başa näçe timar berilse-de, köplenç, ahmal edilýän iki närse şular. Şonuň üçin ilki aýaga – maddy ýagdaýa garaýan adamdan howply duşman ýok.
Unutmaň,
DOST BAŞA, DUŞMAN AÝAGA BAKAR!