Rova
07.10.2024 12:40
Meşhur ýazyjy Franz Kafka barada gyzykly maglumatlar: YG, post 1
_____
1. Kim bu Franz Kafka?
Franz Kafka 1883-nji ýylda Prag-da, maddy ýagdaýy  erbet bolmadyk, ýewreý maşgalada dünýä indi. 6 Doganyñ iñ ulysy bolan Franz hukuk bilimini aldy, boş wagtlaryny ýazmana sarp etdi. Onuñ "Die Verwandlung" (de) ýagny "Dönüşüm" (tr) atly eseri dünýä edebiýatynyñ iñ görnükli eserlerinden biridir.
_____
2. Franz Kafkanyñ ýaşlygy we onuñ maşgalasy.
Franz Kafka heniz 7 ýaşamañka onuñ Georg hem-de Heinrich atly doganlary öldi.  Hermann Kafka (kakasy) ve Julie Kafka (ejesi) günde 12 sagat işleýärdi, öýde köplenç Franz, bir hyzmatçy, hem-de 3 gyz uýasy (Valerie, Gabriele, Ottilie) bolýardy. Başlangyç orta bilimi Deutsche Knabenschule'de aldy. Ýokary orta bilimi Altstädter Deutsches Gymnasiumynda aldy.
_____
3. Franz'yñ Kakasy bilen bolan gatnaşyklary
Kakasy Franz'den köp zat garaşýardy we talap edýärdi. Dükany "Kavka"-ny (Çekçede "Kiçi Garga" diýmagi añladýar) gurmak Hermann-a ýeñil bolmady. Franz bolsa ýetginjek bolandan soñra, bu dükana öz islegi bilen hiç haçan barmady. Bu sebäpli Kakasy bilen Franziñ arasy ýaşlygyndan ýamanlaşyp başlady. Franz "Brief an den Vater" kitabynda kakasy bilen bolan gatnaşyklaryny has giñişleýin aýtýar.
_____
4. Franz'iñ işi
Franz, ilkinji gezek 1907-de 1 ýyllap işlejegi (günde 10 sagat) bir işe girdi. Franz ýazmagy söýýärdi emma işi onuñ bar wagtyny alýardy, şol sebäpli Franz başga bir işe geçdi. Kakasy Franziñ işiniñ aýlygyny halanokdy. Öz dükanynda işlese has köp gazanardy. Emma 12 sagat işlemegi Franz ozaldan bäri islänokdy.
_____
5. Dosdy we Ölümi
Max Brod Franziñ iñ ýakyn dosdy bolup, şol bir wagtda hem Franziñ eserlerini çap etmegine ýardam berýärdi. Franz hiç öýlenmedi, 1924-nji ýylda inçekeselden öldi. Ýaşaýan ýyllarynda Franz hijem meşhur däldi. Brod onuñ eserlerini çap etmage dowam etdi we indiki ýyllarda bu Franzi meşhur etdi.
_____
6. Kim bu Franz Kafka? (ýene)
Franz Kafka eserleri bilen uly meşhurlyk gazanan, ýewreý ýazyjy. Ýazmagy tutuş ömründe söýüpdir. Öz ýazma stili bolupdyr we bu stil Distopiýa edebiýatynyñ (meniñ iñ halaýan kategoriýam :D) 4 stilinden biri hasaplanyp, ol Franz'iñ adyny göterýän "Kafkasque"-dyr.
_____
"Dönüşüm" (tr) kitabyny ýüklemek üçin bas..
9
128
Rova
27.05.2024 19:37
Ýazyjylardan hökümdarlara, meşhur adamlaryň ölmezden, janyna kast etmezden ýa-da öldürilmezden öň aýdany soňky sözler: 2-nji post

*käbir sözleriň öz dilinde aýdylany has düşnükli*

21. Nostradamus - Ertir güneş dogýarka men bärde bolmaýan.

22. Nejip Fazyl Kysakürek - Diýmek şeýle ölünýär

23. Peýami Safa - ine bul ýaman

24. Albert Einstein - Men indi wezipämi tamamladym

25. Ernesto Çe - At, gorkak namart, diňeje bir adam öldüren bolýaň

26. Adolf Gitler - Jesedimi ruslara hiç hakan beräýmäň, meni moskwada heýkel edip goýarlar

27. Namyk Kemal - azajyk dynç alaýyn

28. Wiktor Gýugo - Gara şöhle görýärin

29. Mozart - Ölümiň tagamy dilimiň ujunda, bu dünýä degişli bolmadyk birzatlar duýýaryn

30. Karl Marx - Bar gidäýdä, soňky sözler ýeterli dogru söz aýdyk bilmedik akmaklar üçindir.

31. Gogol - Merdiwan, Derrew Merdiwan getiriň

32. Benito Musselini - meni göwsümden atyň

33. Soltan Süleýman - Men ölemde elimi tabytdan çykaryp goýuň, Görsünler, Soltan Süleýman bu dünýeden eli boş gitdi

34. Eými Waýnhaus - Ölmek islämok

35. We belkide iň meşhury, Julius Sezar - Senem mi Brutus?

36. Ýohann Göte - Ýene azajyk şöhle

37. Heath Ledger - Katie, Katie, gaýgy etme hemme zat gowy bolar, men azajyk dynç almaly

38. Walt Disneý - Kurt Rossell!

39 Çarli Çaplin - Näme üçin bolmasyn ( Why not?) Barybir öz zady

(Taňry ruhuňy geçirsin diýip bir papa aýdanda beren jogaby)

40. Atatürk - Waleýkimessalam
36
316
Rova
26.05.2024 17:46
Ýazyjylardan hökümdarlara, meşhur adamlaryň ölmezden, janyna kast etmezden ýa-da öldürilmezden öň aýdany soňky sözler: 1-nji post

*käbir sözleriň öz dilinde aýdylany has düşnükli*

1. Fränk Sinatra - Aklymdan azaşýan

2. Elwis Presliý - Bir zatlar okamak üçin banýa gidýärin

3. Jorj Orwel - 50nji ýaşa gelineninde hemmeler hak eden ýüzüne eýe bolýar.

4. Leonardo da Winji - Tañryny we adamlary gynandyrdym sebäbi işlerim birkemsiz bolmady

5. Genrih Ford - Bu gije gowy uklaryn

6. Stiw Jobs - Bäý bäh, bäý bäh, bäý bääh

7. Tomas Edison - ol ýer örän gowy

8. Maýkyl Jekson - Has köp süýt

9. Bob Hop - Meni geň galdyr

10. Jeýn Asten - Ölmekden başga hiç zat isämok

11. Bob Marliý - Pul durmuşyňy satyn alyp bilmez

12. Salwador Dali - Sagadym nirede

13. Frida Kalo - Gitmegiň gowydygyny we gaýdyp gelmezligi dileýän

14. Jäk Daniýels - Soňky içgi, haýyş edýän

15. Bethowen - Çapak doslarym, komediýa gutardy

16. Jim Morison - Pam, sen henizem şol ýerdemi

17. Kemal Sunal - Uçara münmesek bolarmy?

18. Bäri Waýt - Men gowy, meni ýeke goýuň

19. Pikaso - Meniň üçin iç

20. Jeýms Brown - Bu gije uzaklara gidýän
28
161
Rova
09.08.2023 21:45
Awstraliýa nagt pul ulanmagy bes etjek ilkinji yurt bolar:


Awstraliýada nagt pullaryñ ulanylyşy azaldylýar. Hökümet 1 mlrd Awstraliýa dollaryndan gowrak puly ulanylyşdan aýyrdy, bularyñ aglaba bölegi 5, 20 hem-de 50-lik Awstraliýa dollarlarydyr. 2030-njy ýyla çenli Awstraliýada nagt pulyñ ulanylyşykdan doly çykmagyna garaşylýar.


Goşmaça maglumatlar:

• Awstraliýa ekonomiýasy iñ gowy 22-nji ýurtdyr

• Awstraliýada 1966-njy ýyla çenli pound pul birligi ondan soñ hem Awstraliýa dollary ulanylyşa geçdi
51
533
Rova
05.05.2023 22:40
1. Rim Imperatory Commodus, imperatorlykdaky ähli maýyp adamlary Rim'e toplap Collesium'da ölümüne uruşdyrdy;

2. 1900-nji ýyllaryň başynda çilim şereketleri çilimini lukmanlar maslahat berýär diýip reklama edýärlerdi;

3. Birinji dünýä söweşiniň başlangyjynda Amerikan goşunlarynda diňe 18 söweş uçary bardy;

4. Amerikanyň içki söweşinde Amerikan ilatynyň %2,5 heläk boldy;

5. Dünýä taryhynda iň köp ölümüň bolany 10 söweşiň 7'si Hytaýda bolup geçdi;

6. 5-nji ýüzýylda Ýewropalylar keselini bejerjekdigine ynanýany üçin jeset iýýälerdi;

7. b.e. soň 755-nji ýylda Hytaýda çykan Lushan gozgalaňynda 30 mlndan köp adam ölüpdir we bu san ol wagtky dünýä ilatynyň 6'dan biridir;

8. Köne Müsürde siňekler Faraonyň ýanyna barmasyn diýip gullaryň bedeni bal bilen örtülýädi;

9. Geçen 3.000 ýylyň diňe 240 ýyly uruşsyz geçdi;

10. Şuwagt ulanylýan Amerikan baýdagy okuwçy Robert Heft'iň öý işidir we Heft bu öý işinden B alypdyr;

11. Orta asyrlarda haýwanlara käwagt ölüm jezasy berilýärdi;

12. 1800-nji ýyllarda adamlar öldümi ölmedimi anyk bilinmedigi üçin, tabytyň içine jaň mehanizmi goýulýardy. Eger gömülen kişi ölmedik bolsa özüne geleninde çykarylmagy üçin jaňy çalardy;

13. Mogollar oklarynyň ujuny oda bermek üçin öldüren duşmanlarynyň beden ýaglaryny ulanýardy;

14. Köne Müsürde bir hökümdar ölende, ähli kömekçileri we haýwanlary onuň bilen birlikde janly halda gömülýärdi;

15. Isgender zülkarneýin (Aleksandr Makedonskiý) ähli esgerlerinden  maşgalasyna hat ýazmagy buýurýady, gowy zatlar ýazmadyk esgerlere ölüm jezasy berýärdi;
35
247
Rova
05.05.2023 21:43

120 kg söýgülisine \"serçäm\" diýýän adamy görenim soň düşündim,

Söýgüniň gözi çyndanam kör


***********

Ertir irden alarmyň çalmagyna näçe wagt bardygyny görmek üçin oýandym, 2 sagat bar ekeni, begenjimden uklap bilmedim


***********

Bir gyz Facebookda ulanyjy sahypasyna \"men maňa ýalan sözlenmesini halamok\" diýip ýazan,

как будто biz halaýas, begenjimizden tans oýnaýas


***********

Giden biriniň arkasyndan betdoga etmäň, gaty sesde sögünip-sögünip şükür gitdiň diýiň ýeterlik


***********

Irden nahar iýemok, çünki men internetde,

Öýlän nahar iýemok, çünki men internetde,

Gije ýatyp bilemok, çünki men aç


***********

Zarýadym 100% bolanda, özümi şeýle gowy duýýan, söz ýok...


***********

Başlygyma \"Täze maşyn alypsyňyz gutlaýan,

gowy model şu\" diýdim, olam maňa:

\"Eger işiňe köp üns berip, işiňe köp wagt aýyryp, işiňe dogry ýerine ýetirseň, indiki ýyl mundan gowy modelini alaryn özüme\" diýdä


***********

Şol bir ýalňyşy 2 gezek etmeýän men, azyndan 5-6 gezek gaýtalaýan


***********

Aýna meniň iň gowy dosdumdyr, men aglaýarkam ol gülmez, näme diýýänä men, men aglaýarkam aýna gülse... 😅


***********

Indi düşünýän Monaliza suratyny näme üçin halaýarlar, çünki gyz geplänok


***********

+Salam 5 manatlyk doňdurmadan berseňize

-Alyň

+Näçe manat

-5

+Sagboluň


***********

+Meniň gitmegim üçin 3 sebäp aýt

- sebäp sebäp sebäp...


***********

+How old are you?

-I am \"näçe ýaşymda meňzeýän\" years old


***********

+Sürün, sürün maňa edenleriňden soň sürün, ejeňem, kakaňam sürünsün şu nivea kremi


***********

Adam 7 ýaşynda näme bolsa,

17 ýaşynda kim bolar,

27 ýaşynda nire bolar


***********

\"Gijäň rahat\" diýjek söýgülim bolmasada

\"Häli ýataňokmy?!\" diýýän ejem bar

35
405
Rova
27.04.2023 19:29

Öñki

döwürlerde bir ata ve ogly bolupdyr. Bu ata ogul garyprak bolsada gözellerden gözel ak aty barmyşyn. Bu aty baýlar-garyplar, avçylar-çopanlar hatda ýüzlerçe atyñ eýesi bolan Şa hem sorap gelipmişin emma ata bu aty satmapmyşyn. Bir gün bu at ýitýär ve elbetde adamlar bu atyñ eýesine baryp "Bu aty satan bolsadyñ, aljagyñ baýlyk ömrüñiñ soñuna çenli ýeterdi, Şa saña bu aty galdyrar öýtýäñmi," ýaly sözler aýdýar. Ata: İşiñ anygyna ýetmän geplemäñ, belki bu at aýlanyp ýene geler, belki atyñ gitmegi has peýdaly bolar
Atanyñ aýdyşy ýaly at ertesi gün dolanyp gelýar 10 yabany at hem muny yzarlap gelýär,
Adamlar: Seniñ aýdýanyñ dogry eken sen, öz atyñam ýitirmediñ ýanynda 10 at hem gazandyñ,
Ata: İşiñ anygyna ýetman geplemäñ kim bilýär bu atlaryñ peýda getirjegini
Atlar şeýle owadan ve ýyndamdy velin ony hem onlarça adam sorap gelenmişin, emma ata ol atlary hem satmanmyşn. Şol güni ogly atdan gaýdyp aýagyny döwüpmişn ve agşamy bu atlar gaçypmyşn.
Adamlar: Wah bu atlary satsadyñ şu wagt baý bolardyñ ve ogluñ aýagyny döwmezdi,
Ata: Giñ boluñ belki bu meniñ peýdama bolandyr
Ertesi gün Şa ol obadan aýagy döwülenden başga ýaş oglanlary uruşa akidipdir. Bu uruş gaty agyr boljagyndan gidenleriñ gaýdyp geljegi belli dälmiş
Adamlar: Wah señ aýdanyñ ýene dogry boldy, seniñ ogluñ yanyñda biziñki uruşda, gaýdyp geljegi hem belli däl.

İŞİÑ ANYGYNA ÝETMÄN GEPLEMAÑ BELKİ İŞ SİZİÑ PİKİR EDİŞİÑIZ YALY DÂLDIR

"Geleceğe yön veren başarı hikayeleri" kitabyndan
35
285
Rova
Rova
29.03.2023 22:12
Pepsi 15 ýyldan soñ ilkinji gezek logosyny üýtgetdi! •Täze logo markanyñ 80-90-njy ýyllardaky ulanan logosyny ýatlatdy •Todd Kapplan, Markanyñ 2008-den bäri ulanýan logosynyñ "batyr we özüne
Rova
Rova
20.03.2023 19:39
Manyly surat
Rova
Rova
15.03.2023 18:48
Üstünlige ýetmek üçin "ençeme tarelka dövmeli" ;)