Rova
05.05.2023 21:43

120 kg söýgülisine \"serçäm\" diýýän adamy görenim soň düşündim,

Söýgüniň gözi çyndanam kör


***********

Ertir irden alarmyň çalmagyna näçe wagt bardygyny görmek üçin oýandym, 2 sagat bar ekeni, begenjimden uklap bilmedim


***********

Bir gyz Facebookda ulanyjy sahypasyna \"men maňa ýalan sözlenmesini halamok\" diýip ýazan,

как будто biz halaýas, begenjimizden tans oýnaýas


***********

Giden biriniň arkasyndan betdoga etmäň, gaty sesde sögünip-sögünip şükür gitdiň diýiň ýeterlik


***********

Irden nahar iýemok, çünki men internetde,

Öýlän nahar iýemok, çünki men internetde,

Gije ýatyp bilemok, çünki men aç


***********

Zarýadym 100% bolanda, özümi şeýle gowy duýýan, söz ýok...


***********

Başlygyma \"Täze maşyn alypsyňyz gutlaýan,

gowy model şu\" diýdim, olam maňa:

\"Eger işiňe köp üns berip, işiňe köp wagt aýyryp, işiňe dogry ýerine ýetirseň, indiki ýyl mundan gowy modelini alaryn özüme\" diýdä


***********

Şol bir ýalňyşy 2 gezek etmeýän men, azyndan 5-6 gezek gaýtalaýan


***********

Aýna meniň iň gowy dosdumdyr, men aglaýarkam ol gülmez, näme diýýänä men, men aglaýarkam aýna gülse... 😅


***********

Indi düşünýän Monaliza suratyny näme üçin halaýarlar, çünki gyz geplänok


***********

+Salam 5 manatlyk doňdurmadan berseňize

-Alyň

+Näçe manat

-5

+Sagboluň


***********

+Meniň gitmegim üçin 3 sebäp aýt

- sebäp sebäp sebäp...


***********

+How old are you?

-I am \"näçe ýaşymda meňzeýän\" years old


***********

+Sürün, sürün maňa edenleriňden soň sürün, ejeňem, kakaňam sürünsün şu nivea kremi


***********

Adam 7 ýaşynda näme bolsa,

17 ýaşynda kim bolar,

27 ýaşynda nire bolar


***********

\"Gijäň rahat\" diýjek söýgülim bolmasada

\"Häli ýataňokmy?!\" diýýän ejem bar

35
405
ideallider
8 Sentýabr 2024
Menem 5-6 gezek gaýtalaýanlardan diýjekdimweli, ýerde ýatan dyrmygy ýeke gezek basýan😄👍
Yhlas Gökjäýew
6 May 2023
güýmenseň boljak ukyn gelýänça
Myhman
5 May 2023
Su gunksms azaldy pulun ba bolsa Jan et
Melikee
5 May 2023
Gaharym gelse telefon oýnaýan;
Telefon oýnasam zarýady azalýa;
Zarýady azalsa ýene gaharym gelýä
😩😁👌
camel.
5 May 2023
Bolgusuzyñam bolgusuzy
okyjy dz
5 May 2023
👍👍👍👍👍👍
Myhman
5 May 2023
Gowy degismeler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.