Meşhur ýazyjy Franz Kafka barada gyzykly maglumatlar: YG, post 1
_____
1. Kim bu Franz Kafka?
Franz Kafka 1883-nji ýylda Prag-da, maddy ýagdaýy erbet bolmadyk, ýewreý maşgalada dünýä indi. 6 Doganyñ iñ ulysy bolan Franz hukuk bilimini aldy, boş wagtlaryny ýazmana sarp etdi. Onuñ "Die Verwandlung" (de) ýagny "Dönüşüm" (tr) atly eseri dünýä edebiýatynyñ iñ görnükli eserlerinden biridir.
_____
2. Franz Kafkanyñ ýaşlygy we onuñ maşgalasy.
Franz Kafka heniz 7 ýaşamañka onuñ Georg hem-de Heinrich atly doganlary öldi. Hermann Kafka (kakasy) ve Julie Kafka (ejesi) günde 12 sagat işleýärdi, öýde köplenç Franz, bir hyzmatçy, hem-de 3 gyz uýasy (Valerie, Gabriele, Ottilie) bolýardy. Başlangyç orta bilimi Deutsche Knabenschule'de aldy. Ýokary orta bilimi Altstädter Deutsches Gymnasiumynda aldy.
_____
3. Franz'yñ Kakasy bilen bolan gatnaşyklary
Kakasy Franz'den köp zat garaşýardy we talap edýärdi. Dükany "Kavka"-ny (Çekçede "Kiçi Garga" diýmagi añladýar) gurmak Hermann-a ýeñil bolmady. Franz bolsa ýetginjek bolandan soñra, bu dükana öz islegi bilen hiç haçan barmady. Bu sebäpli Kakasy bilen Franziñ arasy ýaşlygyndan ýamanlaşyp başlady. Franz "Brief an den Vater" kitabynda kakasy bilen bolan gatnaşyklaryny has giñişleýin aýtýar.
_____
4. Franz'iñ işi
Franz, ilkinji gezek 1907-de 1 ýyllap işlejegi (günde 10 sagat) bir işe girdi. Franz ýazmagy söýýärdi emma işi onuñ bar wagtyny alýardy, şol sebäpli Franz başga bir işe geçdi. Kakasy Franziñ işiniñ aýlygyny halanokdy. Öz dükanynda işlese has köp gazanardy. Emma 12 sagat işlemegi Franz ozaldan bäri islänokdy.
_____
5. Dosdy we Ölümi
Max Brod Franziñ iñ ýakyn dosdy bolup, şol bir wagtda hem Franziñ eserlerini çap etmegine ýardam berýärdi. Franz hiç öýlenmedi, 1924-nji ýylda inçekeselden öldi. Ýaşaýan ýyllarynda Franz hijem meşhur däldi. Brod onuñ eserlerini çap etmage dowam etdi we indiki ýyllarda bu Franzi meşhur etdi.
_____
6. Kim bu Franz Kafka? (ýene)
Franz Kafka eserleri bilen uly meşhurlyk gazanan, ýewreý ýazyjy. Ýazmagy tutuş ömründe söýüpdir. Öz ýazma stili bolupdyr we bu stil Distopiýa edebiýatynyñ (meniñ iñ halaýan kategoriýam :D) 4 stilinden biri hasaplanyp, ol Franz'iñ adyny göterýän "Kafkasque"-dyr.
_____
"Dönüşüm" (tr) kitabyny ýüklemek üçin bas..