Relax
16.04.2024 17:27

Dünýäniñ iñ uly 4 bombasy. Ýadro bombalar


Dünýäde ýadro ýaraglary gaty uly ösüşe eýe boldy. Hawa, el bombalaryndan dälde ýadro ýaraglary barada gürrüñ etýäs. Siz iñ uly bomba Atom bombasy hasap etýäñizmi ? Gelin onda bombalar barada biraz gürrüñ edeliñ.


Atom bombasy

Atom ýadrosy ýok edilende uly energiýany ulanýan aşa weýran ediji güýji bolan bomba. ABŞ-nyň Manhattan taslamasy bilen Ikinji jahan urşy döwründe ony ösdürip, Hirosima we Nagasakide ulandy. Soň bolsa SSSR-iň önümçiligi sowuk urşa sebäp boldy.

Adamlarda uly ýigrençli gorky duýgusyny döreden, hiç kimiñ ulanmaga gaýraty çatmaýan Atom bombasyny Amerika Ýaponiýa garşy ulanandyr.

Atylan bombalaryñ her biri 20 tondadyr. Ýarylanda ilki bilen gaty erbet ses bilen göz kör ediji ýagtylyk peýda bolýar. Bomba ýarylan ýerinden 3-5 km içinde näme bar bolsa kül eder. Bu Atom bombasy 200 mün adamyñ ölümüne sebäp boldy. Atom bombasy ýarylanda güýji we reaksiýasy 7-15 km e çenli täsir edip biler. 15 km dan soñ hiç güýji bolmaz.

Bomba ýarylandan göni 1 minut soñra gaty gyzgyn ýylylyk, gaty uly yşyk, ýadro radiasiýa we basyş Elektromagnitly Pals emele geldi. Soñ Radioaktiw düşüş peýda boldy. Radioaktiw düşüş bomba ýarylandan 20 30 minut soñra emele geler. Bomba ýarylanda jaýlar muzeýler kitaphanalar kiçiräk binalar küle döner. Agaçlar yerinden oýnap, daşdaky jaýlar gelýän uly tizlikli tozanyñ netijesinde pytrar. Ýyldyrym ýadro yşygy ady berilen yşyk peýda bolar. Bu yşyga ýalañaç göz bilen seredilende 15-45 minut geçiji bolan körlüge sebäp bolýar. Bu yşykdan goranmak üçin kagyz hem ýetip biler. Bu yşygyñ öldürme güýji ýokdyr. Esasy howply bolan ýylylyk ýadro radiasiýasy bilen ýadro ýyldyrym yşygynyñ birlikde gelmegidir. Bu daşdaky ýaşaýjylar üçinem gaty howply bolup biler. Bu ýylylyk radiasiýasy yşyk tizliginde hasaplanýar. Ýylylyk radiasiýasynyñ ýarag güýjüne daýanýan dowamlylygy bardyr. Ýöne ýarylan ýerinden uzaklaşdykça güýji ýatyşýandyr. Bu radiasiýalary hiç bir zat durduryp bilmez näme bolsada ýakyp eretýändir. Bu güýç gaty uly ses bilen birleşip binalary köprüleri ýykýandyr. Elektromagnitly Pals bolsa bar bolan enjamlary bozup, islenmeýän signal çykaryp maddy zepere sebäp bolýar. Iñ esasy howplardan biri hasaplanýan serpikme radiasiýasy bardyr. Başgada Atom bombasy atylanda Galyjy we yzarlaýjy kesele sebäp bolýar. Nagasaki we Hiroşima atylan Atom bombalaryñ her biri 20 tondadyr. Atom bombasy gaty erbet kesele sebäp bolýandyr bu keseliñ yzarlaýjylygy sebäpli Ýaponiýada şuwagtam maýyp çagalar dogýandyr. Bir Atom bombasy 15.000 TNT deñdir.


B83

B83 1970-nji ýyllarda “Liwormor” barlaghanasynda işlenip düzülen we 1983-nji ýylda kabul edilen ABŞ nyñ öndüren bombasydyr. Atom bombasyndan 3 esse beter güýçlüdir. Agramy 1 mln tondyr. Ýarylanda boýy 20 km çenli uzap bilýär. Göz öñüne getiriñ Atom bombasy 1 km da ýetenok. B83 iñ boýy bolsa 20 km çenli ýetip bilýär. Bu iñ uly daglaryñ biri bolan Ewerest dagyndanam hatda ondan ýokary uçyp bilýän uçarlardanam beýik bolýar. Bu uly termon ýadro bombasydyr. Bomba 1970 nji ýyllarda başgada köp ýurtlar tarapyndan öndürlip ugrady. 1984 nji ýylyñ 15 nji dekabrynda barlag edilendir. Bombanyñ uzynlygy 3,67 m; diametri 45,7 sm.

B83 enjamlaşdyrylan bombaçynyň uzynlygy 3,67 m, diametri 457 mm. Üýtgeýän kuwwaty 1,2 Mt çenli bolan termiki ýadro zarýady, uzynlygy 90-dan 120 santimetre çenlidir. Bomba daşaýjy uçaryň gitmegini üpjün etmek üçin “Kevlar PTS” bilen enjamlaşdyryldy. B83 aşakdaky uçarlarda ulanylyp bilner :

B-1B

B-2

B-52H

F-15E

F-16

F/A-18A


Castle bravo

Castle Bravo - 1954-nji ýylyň 1-nji martynda Bikini atolunda (ABŞ bilen baglanyşykly Marşal adalary respublikasy) termon ýadro partlaýjy enjamynyň Amerikanyň synagy tarapyndan döredilen bomba. Partlama energiýasy 15 megata ýetdi we “Bravo Castle” ABŞ-nyň ähli ýadro synaglaryndan iň güýçlüsi boldy. Partlama, daşky gurşawyň radiasiýa hapalanmagyna sebäp boldy, bu bolsa bütin dünýäde alada döretdi we ýadro ýaraglary baradaky bar bolan pikirleriň çynlakaý gözden geçirilmegine sebäp boldy.

Bu bomba B83 den hem beter howplydyr.

Uzynlygy 4,5 m; we diametri 1,35 m bolan silindr görnüşlüdir, agramy 10,5 tonna. Partlaýjy enjam Ulam - Teller shemasy boýunça ýasaldy. Ýarylanda gaty uly termon ýadro reaksiýa peyda bolýar.

Ýarylanda 6 Mt bilen 4-8 Mt aralygynda bolup biler diýip hasaplanylýardy. B83 1,2 MT dyr.

Bombanyñ içindäki gurluşy 1954 nji ýylyñ 28-nji fewralda günortan tamamlady. Bomba synag edilende gämide we uçarda bolan takmynan 10 müň adam partlamany synlady.

Partlama 1954-nji ýylyň 1-nji martynda sagat 06:45-de boldy. Partlama güýji hasaplananlardan 2,5 esse ýokary bolup, 15 Mt boldy, şolardan 5-si birleşme reaksiýasyndan we 10-sy termon ýadro zarýadyny gurşap alýan uranyň gabygynyň bölünmeginden çykdy. Bunkerdäki synçylar partlamanyň täsirini güýçli ýer titremesi hökmünde häsiýetlendirip, bunkeri "tupanly deňizdäki gämi" ýaly hasap etdiler.

Hasaplanan güýjüň artykmaçlygynyň sebäbi, energiýa goýberilişine baha berlende, zarýadda bar bolan beýleki litiý izotopynyň 7Li rolunyň hasaba alynmazlygydyr. Ilkibaşda sintez reaksiýasy wagtynda diňe 6Li reaksiýa berer öýdülýärdi, ýöne başga bir izotopyň hem reaksiýa döredendigi we şeýle ýokary partlama güýjüne sebäp bolandygy ýüze çykdy.

Partlamanyň kömelek buludy çaltlyk bilen beýiklige çykdy. Bir minutyň içinde 15 km belentlige, 6 minutdan bolsa 40 km ýetdi. Partlamadan 8 minut soň iň uly belentlige ýetdi. “Kömelek gapagynyň” diametri takmynan 100 km, “ininiñ” galyňlygy 7 km e ýetdi. Toprakda we deňiz düýbüniň ýanaşyk ýerlerinde bolan partlamadan soň, diametri takmynan 1,8 km bolan ullakan bir çukur emele geldi.

Ýarylan bombadan gaty uly reaksiýa çykdy hatda bombadan çykan reaksiýa Çernobildäki atylan reaksiýa bilen deñeşdirildi.

Ýarylandan soñ bunkerdäkiler 11 sagatdan soň çykyp bildiler. Partlamadan 5 sagat soň, merkezden 55,5 km uzaklykda ýerleşýän gämiler hem sagatda takmynan 5 rentgen derejesinde ýokaşdy, bu bolsa gäminiñ ekipalaryny içerde gizlenmäge mejbur etdi.

Uzynlygy 550 km we ini 100 km bolan ýumurtga görnüşindäki zona peýda boldy. Ýadro reaksiýasynyñ ýokaşmasy şeýle bir derejä ýetdi welin, 2-nji martda ol ýerdäki 28 ABŞ goşuny uçar bilen gyssagly ýagdaýda Kwajeleine göçürildi.

Synag meýdançasyndan onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän radiasiýa derejesi Newada synag meýdançasyndaky köp sanly ýadro synagynyň merkezinden has ýokarydy. Şeýlelik bilen, Bikini şäherinden 192 km uzaklykda ýerleşýän Rongelap atolunyň demirgazykda ýerleşýän gyrasynda radiasiýa derejesi sagatda 1000 rentgen şöhlesine ýetdi (600 rentgen dozasy elbetde adamlar üçin ölümlidir)


Çar bombasy (Царь бомба) (TSAR BOMB)

Çar bombasy şu güne çenli ýarylan iñ uly ýadro bombasydyr. Dünýäniñ iñ uly bombasy hasaplanýar. Çar bombasy 1961 nji ýylda SSSR tarapyndan öndürilendir we şo ýylam synag edilendir. Bomba iñ başda 100 MT (1 MT 1 milýon tondaky TNT deñdir) soñra 50 MT düşürilendir. Bomba 27 ton agyrlykda bolup, 8 metr uzynlykda we 2 metr ini bardyr. Ýarylanda ýogynlaşmasy 64 km beýgelendir. Bomba synag edilende TUPOLEV TU-95 uçary bilen paraşutly ýere goýberilendir, bulam uçaryñ çaltlyk bilen uzaklaşmasyna peýda edendir.

Atom bombasy ýarylanda Istanbul şäheriniñ daşky gurşawy bilen 10 da 1,8 bölegini tutar.

B83 ýarylanda bolsa Istanbul şäheriniñ daş gurşawy bilen 10 da 4,8 ini alyp biler. Şöhlelenmesi deñizlerdenem çykýandyr. Bu daşky şäherlerde gaty howplydyr.

Castle Bravo Istanbul şäherinde atylsa Türkiýänin şo ýerdäki ýerleşýän meýdançasy doly ýiter we has daşlarada gaty uly maddy zyýan ýetirip biler.

A Çar bombasy Istanbulda atylsa Gresiýa çenli zyýan edip, şöhlelenmesi Ankara şäherinin golaýlaryna ýetip biler. Eger Parižde atylsa Pariž şäheri bilen birlikde daşky gurşawy 35 km çenli ýeri alyp biler. Bu bomba atylanda Kosmosdan hem arkaýyn görüner. Çar bombasy Dünýä boýunça iñ uly bombadyr.

38
365
Relax
16.04.2024 00:29

1)Adamyn gownune degme :-( gun geler senem sol adamyn yerinde bolarsyn ...


2)Ar alyjy bolma ar almanyn sony yokdur


3)yalan sozleme -hakykat bilen yalanyn arasynda ozn kosenersin 


4)Adamyn gybatyny etme -hic kim durmusda bolyan erbetlikleri dilap alyan daldir .


5)Sana ynynyp bil baglany ulanyjy bolma -Ertiki gun senem ulanularsyn


6)Hic kimin (oglanyn.gyzyn )gelejegi bilen oyun etme -oz geljegini yakarsyn ....DURMUSDA DOGRY YASAMAK KYN ...

YONE HASAPSYZ ZAT YOK .!!!!

44
187
Relax
14.04.2024 23:07

Dünýäde harby gudraty boýunça 25 sany iň güýçli döwletler:


1. ABŞ


2. Russiýa


3. Hytaý


4. Germaniýa


5. Birleşen Karollyk


6. Fransiýa


7. Ýaponiýa


8. Ysraýyl


9. Saud Arabystany


10. Günorta Koreýa


11. Birleşen arap Emirlikleri


12. Kanada


13. Eýran


14. Şweýsariýa


15. Awstraliýa


16. Türkiýe


17. Hindistan


18. İtaliýa


19. Yrak


20. Singapur


21. Şwesiýa


22. Päkistan


23. İspaniýa


24. Katar


25. Belgiýa

30
335
Relax
14.04.2024 00:48

Degişme

2030-njy ýylyň tra-ta-ta.bö saýty


Mowzuk: Lýubow ýa-da söýgi

Kostýa 15.11.2030


Söýgi – bu haçanda biri seniň üçin iýjek bolup duran somsasyny bile bölüşse. Beýle adamlar indi seýrek duş gelýär. Hakykatdan söýen adam, gijelerine ýatman size suwjuk we bolgusyz sms-leri ugradýandyr. Sebäbi ol beýnisi bilen pikir etmeýär. Söýen adam diňe ýüregi bilen pikir edýär, ýöne ol başartmaýar. Sebäbi ýürekde olar ýaly funksiýa ýok. Söýen adamy tanamak üçin onuň hereketlerine üns bermeli. Olar ýöräp barýan wagytlary ýerde hapa suw bolsa-da, tezek bolsa-da, kanalizasiýaň lýugy açyk duran bolsa-da üstünden basyp geçýärler. Sebäbi olaryň gözleri açyk wagtynda-da, diňe öz söýen ýarlaryny görýärler.


Teswirler


Dýumowyçga

Örän ajaýyp mowzuk. Ýetirip duruň +2 plýus


Traktr

Bular ýaly samsyk mowzugy birinji gezek okap görýän -1 minus


Asmangül

Dogry aýdylan. Söýen adamyň duýgulary Ummanyň köpürjikleri ýaly gözel dünýäniň şemala gaýyp duran ýapraklardaky damjalara meňzeşdir. Sebäbi, her bir ýnsanda atomyň emele getirýän garmonlaryň, bägüliň ysy ýaly sepleşmeleriň biologiki çesmesiniň resmileşdirilen söýgi duýgusy bolup geçýär. +5 plýus


Dýumowyçga

Asmangül, ylalaşýan +1 plýus

_________________________


Mowzuk: Ýatlamalar

Mersedes 15.11.2030


Hiňňiligiň bady ýaly şemalyň,

Geçip gitdi duýgylarym bat alyp.

Uçup barýar durnalaryň mysaly,

Ýuwaş-ýuwaş ganat kakyp, wagt salyp.


Ýöräp barýar dälileriň jenaby,

Görüň indi, kime galar çopanlar?!

Parlap duran tut agajyň ýapragy,

Garaşyp dur ýetip bilmän galanlar.


Teswirler


Dýumowyçga

Örän ajaýyp goşgy. Ýetirip duruň 

+2 plýus


Şompul

Örän manyly ýazylypdyr. Galamyň ujy ýiti bolsun 

+1 plýus


Asmangül

Parlap duran tut agajyň ýapragy,

Garaşyp dur ýetip bilmän galanlar.

Şeýle duýgulary bize ýetireniň üçin minnetdar. +5 plýus


Gatyk

Men-ä hiç sözünede düşünmedim 


Mersedes

Gatyk, başyňdan geçmedik duýgulara entek düşünip bilmersiň +3 plýus

_________________________


Mowzuk: Dogry aýdylanlar

Paparimskiý 16.11.2030


1.Suwy kän gaýnatsaňyz bugaryp gutarýandyr.

2.Ýagy gaty gyzdyryp, üstüne-de suw guýsaňyz, aşhanaňyz ot alar.

3.Öňler Aşgabatda goňur serçeler ýaşapdyr eken.

4.Adamyň öňünden gara pişik geçse, hiç zadam bolmaýar eken.

5.Gadym zamanlarda, ösümliklere himiýa goşmanam ösdürip bilýän ekenler.

6.Kagyzlar agaçdan ýasalýar.

7.Birwagytlar adamlar matematikany öz aňy, pikiri bilen çözmegi başarypdyrlar.

8.Birmahallar adamlar gyrantdan akýan suwy içipdirler.

9.Gadym zamanlarda, derman içmeýän sagdyn adamlar bolupdyr.

10.Birwagytlar gatygy süýtden ýasapdyrlar.


Teswirler


Dýumowyçga

Örän ajaýyp mowzuk. Ýetirip duruň 

+2 plýus


Transformer

Bolmajak zatlar 

+3


Asmangül

Adamyň öňünden gara pişigiň geçen wagty betbagtlyga uçraýandygy ylmyň üsti bilen subut edildi. Suwy kän gaýnadamyzda onuň gutarýandygy hemmä mälim zat. Sebäbi biz ony gaýnadanymyzdan soň käsä ýa-da çäýnege guýýarys. Ýekeje dogry aýdylan zadam görmedim mowzukda +8 plýus


Şypbyk

Asmangül, hoplayan. Sutten gatyk yamalyantyga wapse bodmadak zat

 +2 plýus

_________________________


Mowzuk: Jon Kukuruzyň edermenligi (bolan waka)

Akyllyböwrek 16.11.2030


Tomas Skler Florida ştatynda “Ballgay” atly balnisada skoryý pomoş ulagy sürýärdi. 2030-njy ýylyň 3-nji aprelinde şol balnisa Jon Kukuruz atly milýarder jaň edip:

– Maňa syroçno tiz kömek gerek. Meň garnyma galam sokdylar – diýip, zordan seslenip adresini berdi. Ol iş otagynda eken. Tomas Skler çizburgerini iýip, pepsikolasyny içip bolan badyna ulaga münüp, Jon Kukuruzy halas etmek üçin ulaga münüp ugraýar. Ýolda Tomas Skleriň öňünden gedaý çykyp päsgel berip başlaýar. Tomas ony öňünden aýyrmak üçin signala basýar. Ýöne gedaý ony goýbermejek bolup, elindäki çörekli torba bilen Tomasyň janyna kast etjek bolýar. Tomas öz janyny we esasanam Jon Kukuruzyň janyny halas etmek üçin, gedaýyň üstünden ulagy bilen basyp geçmeli bolýar. Tomas ýoluny dowam edip durka, ýene-de öňünden päsgelçilik döreýär. Ýollar dyknyşyk bolup ugraýar. Tomas betbagtlyga uçran Jon Kukuruzy iň soňky demine goýmazlyk üçin ol dyknyşygy öz ulagynyň abatlygyna kast edip, ýoldaky päsgel berýän ulaglary kakyp geçmeli bolýar. Ýoluň dyknyşyk bolmagyna sebäpkär bolanam swetaforlaryň işlemän galanlygy bolup çykýar. Tomas Skler barmaly ýerine ýetýär. Polisiýa işgärlerem şol ýere geldiler. Jon Kukuruz zordan dem alyp ýerde ýatyrdy. Ony galam bilen ýaralan owadan kätibi bolsa ýarym ýalaňaç, bir eli bolsa gol gandaly bilen äpet demir ystoluň aýagyna baglanygy eken.

Jon Kukuruzyň garnyna galam 10 sm sünjülipdir eken. Galam onuň semizligi sebäpli garyn ýagyndan geçip, garyn myşsasyna ýetjek bolupdyr eken. Polisiýa işgärleri derňeme işlerini geçirenlerinde, onuň ganynda spirtnoý we narkotiki serişdelerini ulanandygyny görkezdi. Jon Kukuruzyň kätibi oňa zorluk bilen spirtnoý içgileri içirip, narkotiki serişdelerini sanjym bilen damarlaryndan urup, zorluk bilen jynsy gatnaşygyny etjek bolupdyr eken. Jon Kukuruz mertlerçe özüni ele alyp, kätibine garşylyk görkezende, kätibi onuň garnyna galam bilen urupdyr eken. Jon Kukuruz şonda-da onuň elini gol gandaly bilen ullakan demir ystola baglamagy başardy-da, tiz kömege we polisiýa jaň edipdir. Kätibi bolsa polisiýa işgärleri we skoryý pomoş gelip bilmez ýaly, öz adamlaryna habar edipdir. Ýoldaky gedaýam şonuň ugradan adamy olup çykýar, swetaforlaryň näsazlyklary hem şonuň ugradan adamlary sebäpli blup çykýar.


Teswirler


Dýumowyçga

Örän ajaýyp waka. Ýetirip duruň 

+2 plýus


Asmangül

Ýaşasaň her zat görjegaý. Tomas Skleriň ýetişenem gowy zat. Ýogsa nebir gowy adam dünýeden ötjek eken. Kätibiniň zalymlygy üçin ölüm jezasam azdyr. 

+4 plýus


Transformer

Ynanyp bilemok menä bu waka. Nämüçin owadan kätip ol çişigi zorlasynaý? 0


Mersedes

Transformer, mowzukda aýdyp dura polisiýa işgärleriniň derňemegi bilen subut edilendigi 

+2 plýus

_________________________

spagetti

23
215
Relax
08.04.2024 22:47

Rep aslynda näme ?


Biziñ köpümiz rep aýdymlaryny gaty gowy görýäs we elmydama söýüp diñleýäs. Her bir adamyñ halaýan reperi ýada rebi bardyr we käbir repleri diñledikçe doýup bolanok.

Kimileri söýgi repi halaýar kimileri durmuşa, kynçylyga degişli repleri halaýar. Sözleri biderek bolsada sesiñ saz bilen gowy garyşmagy netijesinde yzly yzyna gaýtaladyp diñleýänlerem bar. Köp kişi rep aşygydyr. Onda bu rep näme nirde döredi nädip gelip çykdy ?


Rep (iňlisçe rep, rapping) - ritmiki okaýyş, adatça hit bilen okalýar. Rep aýdymçysyna repçi ýa-da has umumy “emc” diýilýär

Rep 1979 njy ýylda esasy Afrika düýpli adamlaryñ ýaşaýan Amerikanyñ kenarlarynda, umuman başga şekilde aýdanyñda Gettolardan gaýtýar. Düýbi Amerikadan gaýtsada bilinen ilkinji repçi Italýaly Adriano Celentanonyñ Prisencolinensinainciusol aýdymydyr.

Rep sahnanyñ ýada sesli suratkeşiñ ýüregindäki ähli sungat eseridir.

"Rep" sözi iñlisçeden terjime edilende "Wekil" diýmäni añladýar.

Rep hip-hop stiliniň esasy elementlerinden biridir, şonuň üçin bu termin (esasanam gündelik gepleşiklerde) köplenç “hip-hop” sözüniň sinonimi hökmünde ulanylýar. Şeýle-de bolsa, rep diňe bir hip-hop sazynda däl, eýsem beýleki resanrlarda-da bar: köp deprekçi we bas aýdymçylary rep ulanýarlar; köplenç ýeterlik, esasanam ýokary meşhurlyk bilen baglanyşykly pop pop aýdym-sazynda pop repini emele getirýär; rok aýdym-sazynda ol rapcore, nu metal, alternatiw rok, alternatiw rep we käbir beýleki resanrlarda duş gelýär, mysal üçin gaty sazyň täze ugurlary. Estrada sazandalary we häzirki zaman R-n-B ýerine ýetirijileri hem öz kompozisiýalarynda köplenç rep ulanýarlar.

Rep dilden aýdylýan poeziýadan tapawutlanýar, sebäbi rep, adatça aýdym-saz bilen ýerine ýetirilýär we şahyrana ululygyna däl-de, saz ritmine tabyn bolýar. Rep, adatça, DJ, öwrüm sanawy pleýer, beatboxer ýa-da kapellanyň ýanynda bolmazdan ýerine ýetirilýär.

Rep hemme ýurtda diýen ýaly söýlip diñlenýär. Hemme ýurtda bolşy ýaly Türkmendede meşhur başarnykly reperler bardyr. S Beater, Syke däli, Abdy daýy, Zumer, La Blaze ýaly belli reperleri köpümiz tanaýandyrys we aýdymlaryny söýip diñleýändiris. Abdy daýy bilen Aragon esasy bileleşip aýtýarlar we orta gaty gowy rep aýdymy çykýar. Emin Rasen soñ çykandygyna garamazdan gaty çalt meşhur boldy we hakykatdanam diñlenjek lezzet berjek aýdymlary bar.

34
489
Relax
19.03.2024 12:04
Adamlara adamlar gerek däl. Adamlara bagt gerek, bagtly bolmak gerek. Olar bir adamy gerek edip görkezýändiginiň asyl sebäbi şol adam bilen bagtly bolaryn diýen pikiriň olaryň aňynda ýaşaýandygydyr. Eger, şol kimdir biri bilen bagtly bolmak pikiri birden "öläýse" onda ol adam sizden geçerler we siziň ýeriňize başga birini, özüni bagtly edip biljek birini siziň ýeriňize çalyşarlar. Şonuň üçinem başgalar bilen gatnaşyk alyp baranymyzda biz öz ýerimi başga birine çalyşdyrmajak ýaly hereket etmelidiris...
54
1 117
Relax
18.03.2024 10:45

Faktlar (top-40)


1. Her bir adam günde azyndan 15 gezek oýanýar. Bu bilen ol bir ukysyndan beýlekisine geçýär. Emma, ol birinden beýlekisine geçmek şeýlebir gaty gysga we tiz bolýar welin, biz ony duýmaýarys.




2. Pil 1 minutda 10 gezek dem alýan bolsa, syçanlar 200 gezek dem alýar.




3. Günüň "poçta markasy" göwrümüne deňeçer bölegi 1,5 million lampanyň berýän ýagtylygy ýaly ýagtylyk berýär.




4. Bir adam ýylda ortaça 84 million gezer gözüni gyrpýar.




5. İslandiýaly alymlaryň alan Nobel baýraklary, öz ýurdunyň 1 million adamyna 3 sany Nobel baýragy düşýär.




6. 100 ýaşyna çenli we ondan köp ömür sürýänleriň 80%-ini aýallar düzýär.




7. Her ýyl milliardlarça deňiz jandarlary we guşlar plastik zyňyndylary ýuwutmak bilen ölüm tapýar.




8. Deňiz suwy düzüminde altyn juda az mukdarda. Dünýä derejesinde suwda 10 milliard tonna altyn bardyr.




9. Dünýäde ilkinji dermanhana 1000-nji ýylda Bagdatda açylypdyr.




10. Bütin dünýäde 10% erkek, 8% aýal çepekeýdir.




11. Tirsek goýup oturylýan stollar mundan 400 ýyl öň döredilipdir.




12. Çagalar 6-7 aýlyk wagtlary hem nahar iýip, hemem dem alyp bilýärler. Ulylar muny başarmaýarlar.




13. Her ýyl Ýeriň d.g. ýarym şary gar we buzluklar netijesinde ýer 10 trillion tonna çenli agyrlaşýar.




14. İň köp köpri Sankt-Peterburgda- 539 köpri bar.




15. Pluton planetasy Günüň daşyndan 247 ýyldan bir gezek aýlanýar.




16. Ýer şarynda iň köp ýaýran mineral kwarsdyr.




17. Ýumurtga Hytaýda dirilik alamatydyr. Eger maşgalada ogul çaga dogulsa ýumurtgany gyzyla boýaýarlar.




18. Öýleri belgilemek XVIII asyrda Londonda peýda bolupdyr. Oňa çenli öýler öý eýeleriniň atlary bilen atlandyrylypdyr.




19. "Eman" agajy 1000 ýyla çenli ýaşaýar. Ömrüniň 80 ýylyny dikligine, ondan soň gapdallara ösýär.




20. Pişikleriň öň aýaklary islendik tarapa gaňrylyp bilýär.




21. Dünýädäki iň uly guýy İordaniýanyň Meheýba töwereginde ýerleşýär. Ol guýy sagadyna 9 müň kubmetr suw berýär.




22. Dünýädäki iň "Öli" köl Sisiliýadaky köl bolup, onuň aşagynda iki sany kislotaly bulak bardyr.




23. Garaňkylykda bir minut dursaňyz, gözüňiz 10 esse ýokarlanýar. 20 minutdan soň bolsa bu mukdar 6 müň esse ýokarlanýar.




24. 2003-nji ýylda täze sport görnüşi resmi ýagdaýda döredildi. Ol "Şahboks" diýlip atlandyrylyp, şahmat we boksy özünde jemleýär.




25. Adam ömri dowamynda 100 müň kilometr pyýada ýöreýär.




26. ABŞ-da takmynan, 2,383 million Smit familýaly adam bar.




27. Hemme guşlar aşaky çüňküni herekete getirse, Baýguş ýokarky çüňküni herekete getirýär.




28. İtaliýada iň giň ýaýran at- Mario Rossi.




29. Hytaýda 90 million adam Li familýasyny göterýär.




30. Ýewropanyň iň şemally ýeri Şotlandiýa, ol ýerdäki şemallar bütin Ýewropa şemal energiýasynyň 25%-ini berýär.




31. Baýguş başyny wertikal 270 dereje, gorizontal hereket boýunça 180 derejede aýlap bilýär.




32. İň köp öndürilen awtomat "Kalaşnikow" awtomatlarydyr.




33. 4 ýaşly çagalar bir günde ortaça 450 sany sorag berýärler.




34. Adamy öldürmek üçin ony 100 müň sany çybyn çakmalydyr.




35. Kit dünýädäki iň syrly haýwandyr. Sebäbi, ol hiç durmaýar, diňe ýüzýär.




36. Bütin dünýädäki maglumatlaryň 80%-i iňlis dilinde saklanýar.




37. Söýgi temasyndan kösenýänleriň 75%-i 14-20 ýaşyndaky ýaşlardyr.




38. Her dört adamdan biri klawitura seretmezden hat ýazyp bilýärler.




39. Poçta hyzmaty mugt bolan ýeke-täk döwlet- Andorra.




40. Düýeleriň iň uly populýasiýasy Awstraliýada.

57
677
Relax
11.03.2024 04:54

Oraza aýy-2024 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar


Türkmenistan boýunça ähli senenamany almak üçin aşakdaky paýtagtymyz we welaýatlar boýunça senenamany aýry-aýry PDF görnüşinde almak üçin Aşgabat we welaýat atlary ýazylan ýere basyň!


Aşgabat we Ahal


Balkan welaýaty


Daşoguz welaýaty


Lebap welaýaty


Mary welaýaty

90
1 039
Relax
08.03.2024 00:11

8-nji mart — Halkara zenanlar güni ýa-da Bütindünýä işçi zenanlaryň güni aýal-gyzlara garşy jynsparazçylykly düşünjä garşy göreşmegiň günüdir.

Mundan 1.5 asyrdanam köp wagt öň deňhukukly işe deň aýlyk hakyny talap edip we iş ýerlerindäki ýaramaz şertlere garşy janlaryny orta goýup aýaga galan aýal-gyzlaryň bu günki-gün atlary ýatdan çykyp gidenem bolsa, olar başyny başlan göreşli ýollarynyň häzirki günlerde-de gahrymany bolup gelýärler. Bu gün ýer ýüzüniň zenanlary şol döwüriňkiden kän-kän tapawut etse-de, dowam edip gelýän bökdençlikleri şol atsyz gahrymanlaryň başyny başlan göreşinden mysal tutup dillenip bilýärler.

1857-nji ýylyň 8-nji martynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň tekstil kombinatynda işleýän ýüzlerçe aýal aýlyk haklarynyň pesligine, iş wagtynyň kadadan artykdygyna we adamkärçilige sygmajak ýaramaz şertlere nägilelik bildirip iş taşlaýyş yglan edýärler. Iş taşlaýyşlar dowam edip durka ýüze çykan ýangynda kombinatyň öňünde gurlan barrikadalary taşlamandygy sebäpli 129 işçi zenan ölüpdir.

50 ýyl owalky pajygaly wakany ýatlamak üçin 1908-nji ýylyň 8-nji martynda ýene Nýu-Ýorkuň tekstil kombinatynda işleýän aýal-gyzlar “Zenanlaryñ uly ýörişi” diýip at berlen mitingde has oňaýly iş şertleri, aýal-gyzlara ses berme hukugy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işledilmeginiň bes edilmegi ýaly meseleleri gozgaýarlar.

1910-njy ýylyň 26-27-nji awgustynda Kopengagende geçirilen Halkara Zenanlar konferensiýasynda şol konferensiýanyň sekretary bolan nemes syýasatçysy Klara Zetkin zenanlaryň ýylda bir gezek gününi bellemegi teklip edýär. Bu teklipden soň 1911-nji ýylda zenanlar güni ilkinji gezek Awstriýada, Daniýada, Germaniýada, Şweýsariýada bellenilipdir. Kän wagt geçmänkä, 1911-nji ýylyň 25-nji martynda Nýu-Ýorkda gapylara gulp urlup zor bilen işledilýän “Triangle” köýnek fabriginde ýangyn ýüze çykýar. Ýangynda 148 aýal ölýär.

Bütindünýä işçi zenanlaryň güni 1921-nji ýyla çenli mart aýynyň haýsam bolsa bir gününde bellenilipdir. Zenanlar gününiň 8-nji mart güni diýip 1921-nji ýylda Moskwada geçirilen Internasional zenanlar konferensiýasynda kesgitlenýär. Birinji jahan urşy ýyllaryndan başlap tä ikinji jahan urşunyň soňky ýyllaryna çenli birnäçe ýurtda gadagan edilen Halkara zenanlar güni 1960-njy ýyldan soň ABŞ-da-da bellenilip başlanýar. Bu bolsa 8-nji mart gününiň bütin dünýäde uly joşgun bilen bellenilmegine sebäp bolýar.

1975-nji ýylda Bütindünýä zenanlar ýyly diýip yglan edilenden soň Birleşen Milletler Guramasy 1977-nji ýylyň 16-njy dekabryndan her ýylyň 8-nji martyny Halkara zenanlar güni diýip bellenilmegi hakynda karary kabul edýär.

Dünýä derejesinde alanymyzda aýal-gyzlaryň hukuklary boýunça soňky ýyllarda oňyn öňegidişlikler gazanylsa-da, aýal-gyzlar babatda alanda köpsanly meseleler entek çözülerden ir. Dünýäniñ iň garyp adamlarynyň aglaba bölegini häzirem aýal-gyzlar düzýär. Dünýäniň sowatsyz adamlarynyň aglabasy-da aýal-gyzlar. Şonuň üçin Halkara zenanlar gününiň aýal-gyzlaryň hukuklarynyň dikeldilmeginde, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulaşdyrylmagynda, bilim berlişiniň ýokarlanmagynda, umuman şular ýaly aktual meseleleriň orta atylmagynda ähmiýeti diýseň uludyr.

8-nji mart ýaly belli günlerde aýal-gyzlara garşy urp-adatlara duwlanyp edilýän dürli jenaýatlara, aýal-gyzlara we kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy dürli bidüzgünçiliklere, zorlukly jynsy jenaýatlara, mekdep ýaşyna ýeten gyzlaryň bilim almaga bolan hukugyndan bilkastlaýyn mahrum edilmelerine garşy çykyşlarymyzy has-da güýçlendirmek mümkinçiligi bar.

90
747
Relax
05.03.2024 01:05

Ilkinji telefon we aragatnaşyk nesli #Günde güýmenýäň zadyň taryhyny bil


Adam sesini elektrik signallaryna öwürmek we uzak aralyga geçirmek maksady bilen, 1876-njy ýylda ABŞ-da oýlanyp tapylan telefon bu günki gün dürli wizual, ses, ýazuw mazmuny iberilýän, kabul edilýän enjamlaryň birine öwrüldi.

Telefonyň oýlanyp tapylmagy aragatnaşykda aýratyn öwrülişik boldy. Bu enjam adamyň sesini elektrik signallaryna öwürmek, signallary ses ýaly kodlamak arkaly ugratmak maksady bilen döredildi. Telefonlaryň durmuşymyza dessine ornaşmagy adamzadyň uzak menzillerden aragatnaşygyny has ýakynlaşdyrdy.

Taryhda ilkinji telefon söhbetdeşligi 1876-njy ýylyň 10-njy martynda Bostonda ABŞ-ly oýlap tapyjy Aleksandr Graham Bell bilen kömekçisi Tomas Watsonyň arasynda geçirildi.

Oýlap tapyjy Aleksandr Graham Bell «ses telegrafyny» oýlap tapandygyny köpçülige görkezmek üçin, kömekçisine «Jenap Watson, bärik geliň! Men sizi görmek isleýärin» diýip simli geçiriji arkaly ses ugratdy. Şeýlelikde, telefon adam durmuşyna ornaşdy.


• ILKINJI TELEFON LINIÝASY 1877-NJI ÝYLDA DÖREDILDI


Belliň üstünlikli geçiren tejribesi esasynda 1877-nji ýylda Massaçusets ştatynyň Boston bilen Somerwil şäherleriniň arasynda ilkinji telefon liniýasy döredildi. Wagtyň geçmegi bilen ABŞ-da telefon liniýalary ýaýrap başlady. 1880-nji ýyla çenli ABŞ-da 50 müňe golaý telefon enjamy bardy.


• ILKINJI SEBITARA JAŇ 1915-NJI ÝYLDA AMALA AŞYRYLDY


Amerikanyň bir ujundan beýleki ujuna ilkinji telefon jaňy 1915-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda geçirilen Panama-Ýuwaş ummany halkara sergisinde Bell tarapyndan amala aşyryldy.

Şol gün ABŞ-nyň 28-nji prezidenti Wudrow Wilson kontinental liniýany ulanyp, Ak Tamdan San-Fransisko ýarmarkasyna gatnaşanlara jaň edip ýüzlendi.

Ilkinji kontinentara telefon söhbetdeşligi simli däl-de, radio ýygylyklary arkaly ýerine ýetirildi.

1927-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda London bilen Nýu-Ýork şäherleriniň arasynda ilkinji telefon söhbetdeşligi geçirildi. Telefon gepleşigi iňlis poçta bölüminiň baş müdiri Ewelin Mýurre bilen «Bell» amerikan telefon kompaniýasynyň başlygy Walter S.Giffordyň arasynda geçirildi.

ABŞ-nyň howa we kosmos giňişligi gullugy (NASA) 1962-nji ýylyň 10-njy iýulynda ilkinji aragatnaşyk hemrasy — «Telstar-1» orbita uçuryldy. «Telstar-1»-iň kömegi bilen ilkinji gezek teleýaýlymlary we telefon gepleşiklerini hemra arkaly ýaýratmak mümkin boldy. Ilkinji kabelsiz telefonlar 1970-nji ýyllarda peýda boldy.


• ARAGATNAŞYGYŇ «G» NESLI


1990-njy ýylyň başynda aragatnaşygyň birinji nesli (1G), ýagny ilkinji öýjükli telefonlar peýda bolýar. Aragatnaşygyň ikinji nesli (2G) öýjükli telefonlar ilkinji gezek 1991-nji ýylda satuwa çykaryldy. Aragatnaşygyň üçünji nesli (3G) 2002-nji ýylda ABŞ-da we 2003-nji ýylda Ýewropada tanyşdyryldy. 4G ABŞ-da ilkinji gezek 2009-njy ýylda ulanyldy. 5G 2019-njy ýyldan bäri belli nokatlarda elýeterli boldy.

58
611