Relax
05.03.2024 01:05

Ilkinji telefon we aragatnaşyk nesli #Günde güýmenýäň zadyň taryhyny bil


Adam sesini elektrik signallaryna öwürmek we uzak aralyga geçirmek maksady bilen, 1876-njy ýylda ABŞ-da oýlanyp tapylan telefon bu günki gün dürli wizual, ses, ýazuw mazmuny iberilýän, kabul edilýän enjamlaryň birine öwrüldi.

Telefonyň oýlanyp tapylmagy aragatnaşykda aýratyn öwrülişik boldy. Bu enjam adamyň sesini elektrik signallaryna öwürmek, signallary ses ýaly kodlamak arkaly ugratmak maksady bilen döredildi. Telefonlaryň durmuşymyza dessine ornaşmagy adamzadyň uzak menzillerden aragatnaşygyny has ýakynlaşdyrdy.

Taryhda ilkinji telefon söhbetdeşligi 1876-njy ýylyň 10-njy martynda Bostonda ABŞ-ly oýlap tapyjy Aleksandr Graham Bell bilen kömekçisi Tomas Watsonyň arasynda geçirildi.

Oýlap tapyjy Aleksandr Graham Bell «ses telegrafyny» oýlap tapandygyny köpçülige görkezmek üçin, kömekçisine «Jenap Watson, bärik geliň! Men sizi görmek isleýärin» diýip simli geçiriji arkaly ses ugratdy. Şeýlelikde, telefon adam durmuşyna ornaşdy.


• ILKINJI TELEFON LINIÝASY 1877-NJI ÝYLDA DÖREDILDI


Belliň üstünlikli geçiren tejribesi esasynda 1877-nji ýylda Massaçusets ştatynyň Boston bilen Somerwil şäherleriniň arasynda ilkinji telefon liniýasy döredildi. Wagtyň geçmegi bilen ABŞ-da telefon liniýalary ýaýrap başlady. 1880-nji ýyla çenli ABŞ-da 50 müňe golaý telefon enjamy bardy.


• ILKINJI SEBITARA JAŇ 1915-NJI ÝYLDA AMALA AŞYRYLDY


Amerikanyň bir ujundan beýleki ujuna ilkinji telefon jaňy 1915-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda geçirilen Panama-Ýuwaş ummany halkara sergisinde Bell tarapyndan amala aşyryldy.

Şol gün ABŞ-nyň 28-nji prezidenti Wudrow Wilson kontinental liniýany ulanyp, Ak Tamdan San-Fransisko ýarmarkasyna gatnaşanlara jaň edip ýüzlendi.

Ilkinji kontinentara telefon söhbetdeşligi simli däl-de, radio ýygylyklary arkaly ýerine ýetirildi.

1927-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda London bilen Nýu-Ýork şäherleriniň arasynda ilkinji telefon söhbetdeşligi geçirildi. Telefon gepleşigi iňlis poçta bölüminiň baş müdiri Ewelin Mýurre bilen «Bell» amerikan telefon kompaniýasynyň başlygy Walter S.Giffordyň arasynda geçirildi.

ABŞ-nyň howa we kosmos giňişligi gullugy (NASA) 1962-nji ýylyň 10-njy iýulynda ilkinji aragatnaşyk hemrasy — «Telstar-1» orbita uçuryldy. «Telstar-1»-iň kömegi bilen ilkinji gezek teleýaýlymlary we telefon gepleşiklerini hemra arkaly ýaýratmak mümkin boldy. Ilkinji kabelsiz telefonlar 1970-nji ýyllarda peýda boldy.


• ARAGATNAŞYGYŇ «G» NESLI


1990-njy ýylyň başynda aragatnaşygyň birinji nesli (1G), ýagny ilkinji öýjükli telefonlar peýda bolýar. Aragatnaşygyň ikinji nesli (2G) öýjükli telefonlar ilkinji gezek 1991-nji ýylda satuwa çykaryldy. Aragatnaşygyň üçünji nesli (3G) 2002-nji ýylda ABŞ-da we 2003-nji ýylda Ýewropada tanyşdyryldy. 4G ABŞ-da ilkinji gezek 2009-njy ýylda ulanyldy. 5G 2019-njy ýyldan bäri belli nokatlarda elýeterli boldy.

58
610
Relax
14 Mart 2024
@enes_, Salam,gowy, Amin hemanki seyle bolsun, sikyata yazyp ugraday
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.