Relax
25.06.2023 22:11
Erteki


Çagalara aýdyp bermäň erteki,
Agageldiň şygryn okabam bermäň.
Ýok, erteki däldir,
olaň ertesi
Aňyrsynda bize nämälim perdäň.

Olaň geljegine ýetmez ýaşymyz,
Ömrümizem ýetmez,
Ýetmez gözýetim.
Ylym-bilim beriň,
beriň baryňyz
Öz ýoluny, goý, özleri gözlesin.
Çagalara aýdyp bermäň erteki:
Şer haýryň alnynda dilemez aman.
Juda çylşyrymly olaň ertesi,
Durmuşam toý bilen bolmaýar tamam!
Şagyzy ýetdirmez suwama keljä,
Uçmaz garyp gyzyň dokan halysy.
Ejizleseň ne ýanyňa döw gelýä,
Ne-de sumrug sorar seniň halyňy.
Ne padyman weziri bor patyşaň,
Ne bir köşge hüjüm etjek ulus bar.
Garypdan şa çykmaz,
çyksa şo zaman
Ol dünýäniň garyplaryn unudýar.

Çagalara aýdyp bermäň erteki,
Olar juda sada, juda ýönekeý.
Ertekisi bile bizi eldeki
Hem türkana etmänmidi köneler.

Çagalaň geljegi başgadyr asyl,
Olaň kämil oýunlarna äňediň!
Biz ýaňy zemine ýetirýäs akyl,
Olar habaryny alýar älemiň.

A zeminde ne gudrat bar,
ne-de syr,
Düýn syryldy dünýäň pynhan perdesi.
Paýlaşyga düşen dünýä hem asyr
Olar üçin barypýatan erteki,

Çagalara aýdyp bermäň erteki...

Nobatguly REJEBOW.
18
51
Relax
25.06.2023 10:32
Adalatlylygyň heýkeli-Femida.


Femida bu adalatlylygyň we deňligiň heýkelidir. Bu heýkeliň heýkeltaraşy näbelli bolsa-da, dünýäniň ähli ýerinde adalatlylygyň nyşanydygy hemmämize mälimdir.

Femida heýkeli gadymy grek hudaýy hasaplanýar. Ol adalatlylygyň,deňligiñ hudaýy diyip bilinýär.
Femidanyň esasy gurallary: gylyç,mantiýa we göz örtüginden ybarat.

Femida heýkeli adalatly zenanyň keşbini suratlandyrýar. Onuň egnindäki eşigine mantiýa diýilýär.
Femidanyň çep elindäki terezi adalaty we adalatly deňagramlylygy görkezýär. Libra şekili, kazyýetiň iki tarapynda-da subutnamalaryň adalatly görkezilmegini aňladýar. Adalat ýerine ýetirilýänçä bu deňeşdirmäniň yzygiderli dowam ediljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, Femidanyň elinde asylap duran terezi, başga bir sebäbe görä üýtgetmezden, subutnamalaryň doly we dogry görkeziljekdigini we adalatly baha beriljekdigini aňladýar. Günäkärler we bigünäler, gowylyklar we ýamanlyklar, edilen ýagşylyklar we ýamanlyklar şol adalat terezisinde ölçener we şona göräde adalat ýerine düşer diýen manyny berýär.

Beýleki tarapdan, Femidanyň sag elindäki gylyç, adalat tarapyndan talap edilýän hökümleriň we jezalaryň ýerine ýetiriljekdigini suratlandyrýar. Gylyç güýjüň we jezanyň nyşanydyr.Gylyjyň iki ujunyň ýiti bolmagy, adalat talap eden halatynda diňe jeza bermän, duýduryş berip biljekdigini aňladýar. Femida gylyjy sag elinde tutýar sebäbi güýç sag tarapda jemlenýär.Şol bir wagtyň özünde, Femidanyň elinde gylyjyň aç-açan görünýändigi we gizlenmeýändigi adalatyň “aç-açan” görkezijisi hökmünde kabul edilip bilner. Şonuň üçin, Femida hökümi bermek bilen çäklenmän, adalat işini hem ýerine ýetirýär.

Gözleriň göz örtügi bilen örtülmegi, adalatlylygyny we adalatyny goraýandygynyň yşaratydyr.Başga sözler bilen aýdylanda, Femida puldan, şöhratdan we wezipeden uzakda, bitarap we adalatly baha bermegi başarýar.
Heýkele üns bilen seretseňiz, görüp boljak başga bir aýratynlyk hem Femidanyň aýagynyň aşagyndaky ýylandyr. Bu zadyň esasy manysy durmuşdaky ýamanlyklaryň aýak aşagynda galmagyna aýdylýar.
Kanunyň buýruklary şulardyr:

Dogryçyl hereket etmek, özgelere zyýan bermezlik, herkimiň hakyny bermek.

-Ulpianus.
24
176
Relax
24.06.2023 22:25
Wah, şu siňekler bolmadyk bolsa
Satiriki hekaýa


Ol on ýaşyndaka şeýle diýdi:
- Wah, meniñem bir portfelim bolsady! Wah, meniñem bir beýleki çagalaryñky ýaly kitabym, oýunjagum bolsady! Ana şonda meniñ nähili okaýşymy görerdiñiz. Meniñ bolsa hiç zadymam ýok. Şu ýagdaýda nädip okaýyn-a men?..

◆ ◆ ◆

On üç ýaşyna ýetende onuñam beýleki çagalaryñky ýaly öz kitabam, öz depderem, öz portfelem, öz oýnawaçlaram boldy. Emma şonda-da onuñ okuwy ýol almady.
- Meniñ, näme, iliñki ýaly egin-eşigim barmy? - diýip zeýrendi. - Ejem, kakam, doganlarym - ählimiz bir otagda ýatyp-turýas. Şu daryşganlykda nähili okarsyñ? Wah, meniñem bir özbaşyma stolum, aýratyn öz oturgyjym, şkafym bolsady! Ana şonda meniñ nähilo okaýanymy görersiñiz!

◆ ◆ ◆

On sekiz ýaşynda indi aýratyn otagy hem boldy.
- Her hepdede sowar ýaly kisäñde on lirañam bolmasa, neneñ iş bilen hoşuñ bolar? Kitap almaly, surat almaly, olarsyz aljak galañ näme? Şolarym bolan bolsa, men özümiñ kimdigimi görkezerdim!
Ýigrimisinde onuñ isleg-arzuwy hasyl boldy.
- Wah, şu kursam bir tizräk gutarsamdym! Durmuş bir zat, mekdebem - başga bir zat! Unuwersiteti gutarmaly, ana okuw şol! Uniwersiteti gutaraýsam, şeýle bir işlärin, şeýle bir işlärin, şonda görersiñiz! Şeýle bir ýazaryn welin, şu bara... Wah, çaltrajyk bir uniwersiteti gutarsamdym! Onsoñ...

◆ ◆ ◆

Ýigrimi dört ýaşap, uniwersiteti tamamlanda ol şeýle diýdi:
- Göwnümiñ islegiçe işläp bilemok. Meniñ ähli küýüm-köçäm goşun bilen bagly. Wah, şu gullugymy bir tamamlasam, gije-gündiz dynman işlejek, ýadamany-beýlekinem biljek däl. Azap etmeseñ, hiç başarjak zadyñ ýok. Azap etmeli, zähmet çekmeli. Şeýle bir ýazaryn welin, dünýä gürrüñimi eder. Wah, goşunçylygyñ ýüzüne köz degsin!

◆ ◆ ◆

Ýigrimi altysynda gullugyny gutaryp, öýlerine gaýdyp geldi.
- Işläp biljek däl! Ýüregime düwşüm ýaly işläp bilemok. Ýazyp bilmeýän! Meniñ ýagdaýymda hiç kimem ýazmaz. Bir döwüm çöregiñ pikirini etmeli. Gowy wezipäñ, akyp ýatan girdejiñ bolmasa, ýazuw-pozuw ýadyña düşermi heý? Wah, bir gowuja işim bolsady! Ertirden agşama çenli dynman işläp, ýüregime düwüp ýören kitabymy ýazardym.

◆ ◆ ◆

Ýigrimi sekiz ýaşynda ol hemişelik işw ýerleşdi.
- Ýok, işläp bilemok, bolany şol! - diýip, ol belli-külli karara geldi. - Görüñ özüñiz, nädip işläýin ahyryn. Adamyñ öýi bolmaly, radiopriýomnigi bolmaly. Radiony açýañ welin, göwnüñ açylýar - süýji söz ýañlanyp dur! Näçe işledikçe işläsiñ geler, asyl ýadamarsyñ. Sazyñ hoş owazyna gulak as-da - ýaz-da otur! Wah, radio, radio!

◆ ◆ ◆

Ol ýigrimi dokuzynda özbaşyna bir öýi kireýine aldy, giden bir etaž özüniñki boldy. Radiopriýomnik hem edindi. Ýöne ýene stoluñ ýeñsesine geçip, ýürekde besläp ýören eserini ýazmaga girişip bilmedi.
- Wah, bu ýekeligiñ oduny sen goýaý! - diýip zeýrendi. - Ýalñyzlyk ýaly ýaman zat ýok! Kalbym edil düýpsüz ýatan gowak ýaly hañlap ýatyr - boş... Ýeri, onsoñ şu ýagdaýda zat ýazyp bilermiñ, döredermiñ? Adama ganat berýän, telwas berýän ägirt uly güýç gerek!
Şo bolmasa, eliñ ýöremeýär. Ýeri, kim üçin işläýin-ä? Nämeden ylham alaýyn. Wah, söýgi, söýgi! Nirde sen, köýdürdiñ meni!

◆ ◆ ◆

Ol otuzynda aşyk-magşuk boldy. Ol hem söýdi, ony hem söýdüler. Emma ol şunça ýyllar arzuwlap gelen işine ýene başlamaga het edip bilmedi.
- Wah, söýgi, söýgi! Munuñ ýaly gowy zay bolmaz! - diýip, ol aýdýardy. - Söýgi ~ ýaşaýşyñ diregi. Ajaýyp duýgy. Emma... öýlenmeli. Ine öýlenerin, onsoñ durmuşym bir akaba düşer, ana onsoñ golumy çyzgap işlärin, enşalla! Wah, bir gowy aýal tapsamdym! Ýekeje minudymam boş geçirmen!

◆ ◆ ◆

Ol otuz iki ýaşap öýlendi. Bagty çüwdi, diýeni boldy, emma ýene işe girişip bilmedi. Muña-da bahana tapylman durmady.
- Durmuş aladasy egnimden basyp, halys lütümi çykarýar. Uzynly gün halt-halt edip, ölmez-ödi güzeran görýän. Döredijilige wagty nirden alaýyn? Döredijilik işi başga zatlaryñ ählisini zyñaýanda-da zordan eýgerdýär, hany oña boş wagt! Menib gazanýanja pulum bilen döredijilik ýadyña düşermi asyl!

◆ ◆ ◆

Otuz altysynda aýlygyny galdyrdylar. Galdyrmasyna galdyrdylar, ýöne, geliñ, onuñ özüne gulak asalyñ:
- Hawa, özbaşdak öýüm bar... Ýöne otaglary gary dar, üstesine-de çagalarym ýanymda. Şu goh-galmagal-da bir adam ýazyp bilermi?! Wah, bir dört ýa bäş otagly jaýa bir ýetsemdim, onsoñ size görkezerdim kimdigimi? Nähili işler bitirerdim gijesi-gündizi durman ýazardym!

◆ ◆ ◆

Otuz sekizinde on bäş otagly jaýa göçüp bardy. Ýöne onuñ ýazjak bolýan işi şol öñküsi ýaly gymyldaman ýatyrdy. Onuñ hiç eli degmedi, işläsi gelmedi.
- Şäherdäki öýde-de bir döredijilik bolarmy? Nädip işlejek ahyryn - edil äpişgäniñ aşagyndan maşynlar şuwlaşyp geçip dur, goh, galmagal. Imisala wagty ýok. Ümsümlik, dynç bolmasa, elime galam alyp bilmeýärin. Pikirimi jemläp bilemok. Bu ýerde bolsa - tozan, hapaçylyk, ala wagyrdy. Wah, maña bir çolaja ýerdejik, gowuja jaýjagaz berseler, ana şonda nämeler döredip bolýandygyny ile görkezerdim!

◆ ◆ ◆

Ol kyrk ýaşady. Edil arzuw edýän jaýy ýaly imisala ýerden şarñyldap duran ajap jaý berdiler. Äpişgesinden seretseñ, göwnüñ açylýar. Näme diýse, eliniñ aşagynda boldy. Ümsümlik. Gykylyk-galmagal ýok. Ind-ä ýazyp başlandyr-ow diýýäñizmi? Aý, ýok, şuny etmedi-dä, ol!
- Neneñ döretjek, neneñ joşjak! Öýüñde owadan-owadan zatlar bolmasa, diwarlary gymmatly suratlar bezemese, ullakan ýazuw stoluñ bolmasa, ýumşajyk kresloñ, mahmal halyñ, her hili çäýnek-käsäñ we şulara meñzeş zatlaryñ bolmasa, asyl döredijilik işiñ ýöremez eken. Döredijilik üçin gözüñ owadana düşmeli. Adamyñ ylhamyny joşa getirýän, heýjana salýan albaý zerur, bir gapdalyndanam hoş owazly klassyk saz ýañlansyn dursun! Gözüñ, gulagyñ mydama hezil edip dursun, ana şonda gül ýaly eser döretmek mümkin, bolmasa - ýok. Eý Tañrym, heý, menem arzuwyma bir ýetermikäm?!

◆ ◆ ◆

Onuñ arzuwy hasyl boldy. Kyrk ikisinde ol ähli arzuw eden zadyny edindi - owadan, gymmat, amatly öý goşlaryny edindi. Edinmesine edindi welin, heý bir zat ýazdymy ýa ýene şo-ol öñküsi ýalymy?
- Ýekeje minutjyk bir meniñ ýerimde bolsadyñ, şonda bilerdiñ! Daşyndan synlap, düşünip bilmersiñ, ýok. Pulumam bar, günümdenem razy, gül ýaly ýaşaýşym bar. Aýalym maña bagt eçildi. Çagalarymam gowy. Öýümem giñ, şarñyldap dur, söz diýer ýaly däl, äpişgämden daş seredýän welin, göwnüm açylýar. Owadan-owadan gymmatbaha zatlarymam bar. Wagtymam kän. Emma... şu siñekler halys edýärler-dä! Siñekler ýüregime düşdi. Stola geçip, arkaýyn işlemäge goýanoklar. Bu nejisler zerarly meniñ görýän günüme, hut, it aglar, dogan. Wah, şu haram siñekler bolmanlygyndan, men nähili işlemelidigini görkezerdim. Gündiz-ä ýatyp bilemok, gündiz ukymy almasamam gije işläp bilemok. Äpişgäni ýapsam-a - yssy alyp barýa, öñüne tor tutsamam gelşiksiz bolýa. Gyşyna işläý diýjek bolýañmy? Gyşyna siñek ýok diýýäñmi?! Şoña ynanýañyzmy? A näme üçin o siñekler bilen gyşyna ýaşamaly dälmişin?.. Wah, şu siñekler bolmanda, nähili ajaýyp eser dörederdim men!..


Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
22
207
Relax
24.06.2023 10:13
Nauru, dünýäniň iň kiçi 3-nji ýurdy we
dünýäniň iň kiçi ada ýurdy. Hawwa, bu
bir ýurt we 10 müň halky bar. 2019-njy
ýylda Lionel Aingimea prezident
saýlandy. JIÖ 127 million dollar
21
195
Relax
23.06.2023 21:39
NÄME DILÄRDIŇ?!

Gurply, puldar tanyşlarymyň biri meni myhmançylyga çagyrdy.
Gürrüňmiziň arasyna dymyşlyk düşende, ol iki tirsegini-de stola diräp, göni meniň gözlerime seretdi:
- Şahyr, saňa bir sorag bermek mümkinmi?
- Iki sorag ber.
- Eger bir knopkany basanyňda, adyny tutan zadyň gaşyňda häzir boljak diýseler, sen nämeleri dilärdiň?
Men onuň bu garaşylmadyk soragyna kinaýalyraj jogap-da berip biljekdim. Ýöne onuň näme diýjek bolýanlygyny bilmek üçin gönümel jogap berdim:
- Saglyk dilärdim.
- Saglyk dilejegiňi bilýän. Başga näme dilärdiň?
- Parahatlyk dilärdim.
- Ony dilejegeňi hem bilýän. Ýöne pul, baýlyk babatynda näme dilärdiň? Näçe maşyn? Näçe jaý? Näçe pul? Meselem, ynha meniň hemme zadym ýerbe-ýer. Şonda-da "Ýene näme gerek?" diýip sorasalar, bir topar zatlary diläp biljek. Ýene iki sany maşyn dilejek. Köşk ýaly ullakan üç sany jaý dilejek... we başga, başga, başga zatlar... Ýeri, sen näme dilejek?
- Men... seniň ýaly adamlaryň azrak bolmagyny dilejek.
Ol şondan bäri meniň bilen gepleşenok.

Kerim GURBANNEPESOW
29
198
Relax
22.06.2023 22:15
Krokadilar hiç haçan garrap ölmeýäler olar açyklan ýa-da suwsyzlykdan ölýäler
30
242
Relax
22.06.2023 11:29
Igor Agliýskiniň "Ýüz sözdäki durmuş" goşgusyna wariasiýa

Agy. Emzik. Sallançak. Düýş.
Hüwdi. Gundag. Galpak hem diş.
Selpeme. Oýunjak. Jigi.
Keman. Şänik. Aşyk. Jübi.

Mekdep. Ikilik, soň bäşlik.
Pökgi. Badak hem basdaşlyk.
Oýun. Ýaňsy. Dawa. Ýumruk.
Syrylan baş. Otly. Gulluk.

Oba. Köçe. Mellek. Pagta.
Şäher. Dellek, soň paýtagta.
Kitaphana. Tahýa. Synag.
Talyp ýyllar. Käýinç. Sylag.

Söýgi haty. Gyz. Duşuşyk.
Leksiýa. Uky. Kitap. Yşyk.
Internet. Arzuw. Ýyldyzlar.
Eller. Lebler. Aşyk gözler.

Seýilbag. Oturgyç. Bilbil.
Kofe. Sessiýa. Diplom. Gül.
Toý. Tomaşa. Gaýyn. Giýew.
Durmuş. Gahar. Öýke. Kine.

Dostlar. Futbol. Arpa suwy.
Pikir. Baý bolmak arzuwy.
Ogul. Hüwdi. Sallançak bag.
Alada. Gam. Ýürekde dag.

Öý. Işdeşler. Öý. Maşgala.
Deňiz. Tanyş we başgalar...
Söwda. Baýlyk. Pul. Maksatlar.
Telewizor. Kino. Hatlar.

Dynç alyş. Bag. Gürrüň. Çäýnek.
Çal saçlar. Gan basyş. Äýnek.
Agtyk. Hüwdi. Sallançak. Öý.
Pensiýa. Derman. Ak goýun toý.

Dem alyş. Jykgyldy. Sagat.
Säher. Agy. Molla. Tabyt.


Seýitmyrat Geldiýew
28
147
Relax
21.06.2023 22:17
Adalat(Işlekli)

Kakasy iki ogluna ýekeje işlekli alyp, olaryň öňüne goýupdyr-da, uly ogluna: «Deň ikä böl!» diýipdir. Uly ogly pyçak bilen işlekliginiň ortarasyndan kesip, deň ikä böldüm hasap edeninden soňra, kakasy kiçi ogluna ýüzlenip: «Isläniňi al!» diýipdir.

Adalat bilen hukugyň mysaly hem şuňa meňzeýär. Eger-de bölýän adam hilegärlige baş goşsa, onuň özüne az paý düşmeli.

Bu mysalda, kaka – kanun, uly ogul – döwlet, kiçi ogul – halk.
39
233
Relax
20.06.2023 20:46
Magtymguly Pyragynyň käbir syrly setirleriniň açyklamalary

Magtymguly Pyragy ýazan syrly setirleriniň magnysyny çözmekligi öz ildeşlerine goýup gidipdir. Biz "Her kim bilenini okar" diýişi ýaly Pyragynyň jöwher pähiminden ugur alyp, başardygymyzdan bu möhüm meselä girişip, şeýle düşündiriş bermekçi. Elbetde, bu syrly setirleriň kyssa rowaýatlaryň üsti bilen düşündirilişi bolmagy mümkin, emme häzirlikçe şular bilen çäklenmeli bolundy. Galyberse-de, bu berilen düşündirişler we rowaýatlar Magtymgulynyň göz öňüne tutan pikirini ödäp bilmezligi hem ahmaldyr.

"Habar ber, soraýyn genji-hazyna,
Pakyrdamy, baýdadygy bilinmez."

Iman, ynanç, adamkärçilik, halalhorlyk, päklik, genji-hazyna bolup biler. Olar bolsa pakyrlyga ýa baýlyga degişli däl.

"Ne kirişdir bent bolupdyr kemana,
Kaý gün goparmyşyn ahyrzamana."

"Kiriş" Ysrafylyň sury bolmagy mümkin. Ahyrzamanyň haýsy gün gopjagyny diňe ýaradan Allah tagaladan gaýry adam bilip bilmez. Mysal üçin:

"Bir sagatda gopar ahyrzamana,
Eger geler bolsa gahry dilberiň."

- diýmegi hem ýokarda aýdylana güwä geçýär.

"Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly,
Toýdadygy, ýasdadygy bilinmez."

Rowaýatlara görä bir gün Uzeýir pygamber çölden eşegine ýük ýükläp gelşine onuň kellesinde şeýle pikir döreýär "Hudaý tagala ölen adamlaryň dargap giden süňkleri gaýtadan ýygnap, olary nähili direltjekkä?" diýip, şübhe gidýär. Emma onuň bu pikiri Hudaý tagala aýan bolýar, Hudaý tagala Uzeýir pygambere (adamlary) nähili direltýänini görkezmek üçin onuň janyny alýar. Ýüz ýyldan soň ýene gaýtadan Uzeýir pygambere jan berip, onuň öňünde süňkleri dargap giden eşegini direldýär. Uzeýir pygamber bu wakadan soň, toba edip, eşegine ýük ýükläp öýüne garşy ugraýar. Rowaýatlara görä Uzeýir ölen wagtynda kyrk ýaşynda, ogly hem bir ýaşynda eken. Uzeýir direlen wagty ogly ýüz ýaşapdyr.

"Dört kapyr hudaýlyk dawasyn etdi,
Sakar atly jaýa saldy, bu dünýä."

Pyrgun, Şetdat, Nemrud we Hamandan - goşguda agzalýan dört kapyr bolmaly.

"Hiç aňmaýan zir-u zeber,
Ger tapsa, jismimden eser,
Biden, elipden bihabar,
Bäş demde bir Kuran çykar."

Hudaý tagala öwlüýälere daş ýoly ýakyn edişi ýaly, enbiýalara hem köp sözi az wagtda okap geçmeklige mümkinçilik berýär. Hezreti Muhammet Pygamberiň elipbiýden habarsyz bolsa-da, Hudaý tagalanyň gudraty bilen oňa okamaklyk bagş edilýär.

"Darganyň şährinde gökden ses geler,
Ol bir şeýle sesdir eşiden öler."

Jebraýyl aleýhyssalamyň sesi bolmaly. Hudaý tagala azyp, ýoldan çykan her bir şäher halkyny Jebraýyl aleýhyssalama: "Heläk et" diýip höküm etse, Jebraýyl aleýhyssalamyň sesini eşiden jandar galman ölýär, ýaşalýan jaýlar kül-peýkun bolýar.

"Ne mahlukdyr, ne erkekdir, ne dişi,
Bir gözi akdyr, bir gözi çaşy,
Reňki hem aladyr, on iki başy,
Ýer-u gögi birden ýuwdup duradyr."

"Ne erkekdir, ne dişi" diýende dişi-zanan, "Bir gözi ak, bir gözi çaşy" gije-gündiz, "Reňki hem aladyr, onn iki başy" dört pasyl, on iki aý, "Ýer-u gögi ýuwdup duran" hem ýyldyr.

"Bilermi sen haýsy derýa içinde,
Adamzat jigerli ýatan hut nedir?"

Gulzum derýasynda Ýunus pygamberi ýuwdan balyk.

"Magtymguly haýran her ýana bakar,
Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar,
Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,
Lagnetkerde ogul dogdy-dogmady."

Musa aleýhyssalam kyssasyndan. Musa aleýhyssamlam Şygyp pygamberden rugsat alyp, maşgalasy bilen enesiniň zyýaratyna barşyna garaňka galyp, ýoldan azaşyp, näderini bilmän durýar. Oňa uzakdan bir ot görünýär. Ol şol oda tarap ugraýar. Ol oda ýakynlaşdygyça ot güýjeýär, ýakyn baryp görse, suwy damyp duran göm-gök agaçdan ot çykyp dur. Ol ot däl-de "nur" bolmagy hem mümkin. Musa aleýhyssalam şeýle bir gök agajyň ot bolup ýanyp duranyny görüp, alym Pyragyda haýran galyp we "Ykbal bolmady" diýýän gazalynda şol agaja ýüzlenýär.
"Ýagşy oguldan rahmet arygy akar" diýip hem Musa aleýhyssalam göz öňüne tutulýar. "Lagnatkerde ogul" Pyrgun bolmaly.
39
748
Relax
20.06.2023 09:39
Ol 1915-nji ýylda dünýä indi. Ony öýde aglatmadylar. Çaga aglaberjek boldugy saýyn ejesi barmagyny çomaldyp:
- Haýt, bedasyl, gap sesiňi! - diýip haýbat atýardy.
Gülmek hem gadagandy, aglamagam gadagandy, kakasy:
- Sem boluň! - diýip buýurýardy.
Öýlerine myhman gelende-de:
- Ýuwaşja otyr, galmagal etme - diýip, ony geplemez ýaly edýärdiler.
Ejesi öýde ýeke galanda oňa:
-Wah, gürlemesene, ýürege-bagra düşdüň. Bir salym bir ynjalykly oturaýyn-la - diýýärdi.
Tä ýedi ýaşaýança eşidýän sözleri şular ýaly sözler boldy.

* * *

Mekdebe gitdi. Sapak wagty bir söz aýtdygy:
- Gepleme diýilýär saňa! - diýip, mugallym gygyrýardy.
Klas tagtasyna çykaryp:
- Soralýan zada jogap ber. Kän ýaňrama - diýip, öňünden duýdurýadylar.
Şeýdip on iki ýaşady.
Orta mekdebe gitdi. Çala agzyny açdygy:
- Senden soralanok - diýdiler.
Direktor oňa: "Söz kümüş, dymmagam altyn" nakylyny ýatlatdy.
Türk dili mugallymy:
- Iki gezek diňläp, bir sapar sözle. Adamyň iki gulagy, birem agzy bardyr - diýdi.
- Ýuwaş!
- Gap sesiňi!
- Ýaňrap oturma!
Tä on bäş ýaşyny doldurýança şeýle dowam etdi.

* * *

Lisseýe gatnap başlady. Bu ýerde-de onuň ilki eşiden sözi:
- Sözländen dyman ýagşy! - boldy.
- Kän gürleme.
- Dymypjyk otyr!
- Sem boluň!
On dokuz ýaşaýança şeýle boldy.

* * *
Uniwersitete girdi. Öýde oňa:
- Uly adamlar gepleýärkä, kiçiler gulak asmalydyrlar - diýip, pent etdiler.
Ejesi:
- Söz ulyňky, suw kiçiňki - diýip öwretdi.
- Professor bir sapar:
- Diliňi dişläp gezgin! - diýdi.
Şeýde-şeýde ýigrimi üç ýaşady.

* * *
Gulluga gitdi. Bölümiň komandiri:
- Gepleme, eşşek ogly! - diýip buýruk berdi.
Seržant:
- Bes et samahyllyňy! - diýdi.
Kapitan:
- Tükediň gürrüňizi! - diýdi.

* * *

Polisiýa çagyrdylar. Polisiýa gullukçysy gahar bilen:
- Kim senden zat soraýar! - diýdi.
Komissar bolsa:
- Diliňi damagyňa goýbererin! - diýdi.

* * *

Işe girdi. Ýanyndaky ýoldaşlary barmaklaryny dodagyna ýetirip:
- Ýuwaş-ş! - diýdiler.
- Jan dogan diliňi saklaweri! Bir belaň üstünden barýaň! - diýdiler.
Başlyklar hem:
- Gören ýeriňe burnuňy sokup ýörme! - diýdiler.
- Ol seň işiň däl!
- Saňa näme?
- Ugruňa gez, ýogsa-da...

* * *

Öýlendi. Aýaly:
- Başyňa döneýin, sen bir goşulma - diýdi.
Çagalary dünýä indi, ulaldylar:
- Kaka, bu zatlara seniň aklyň çatmaz. Goşulmada arkaýyn oturyber! - diýdiler.

* * *

Bu adam - belli bir derejede men, belli bir derejede siz, belli bir derejede biziň hemmämiz.
Öňki döwürlerde aýallar ärleriniň dillerini lal açdyrmak üçin nahara garamandalak atar ekenler. Bize-de görýän weli, şony beren bolmalylar. Hany bir göz aýlaň, diliňiz ýerindemi?! Dilimizi ýuwdan bolaýmaly biz. Agzymyz barda, dilimiz ýok.

* * *

Indi şol - hem maňa meňzeş, hem size meňzeş adam söz azatlygynyň berilmegini talap edýär. Onuň gepläsi, aýdasy gelýär.
Emma oňa:
- Gepleme! - diýýärler.
Meniň bolsa oňa:
- Aýt! Içiňi dök! Göwnüňde kitüw galmasyn! - diýesim gelýär.
- Ýöne nähili aýtjak? Nädip aýtjak? Hany, biziň dilimiz barmy ahyry...

Eziz NESIN
30
274