Relax
23.06.2023 21:39
NÄME DILÄRDIŇ?!

Gurply, puldar tanyşlarymyň biri meni myhmançylyga çagyrdy.
Gürrüňmiziň arasyna dymyşlyk düşende, ol iki tirsegini-de stola diräp, göni meniň gözlerime seretdi:
- Şahyr, saňa bir sorag bermek mümkinmi?
- Iki sorag ber.
- Eger bir knopkany basanyňda, adyny tutan zadyň gaşyňda häzir boljak diýseler, sen nämeleri dilärdiň?
Men onuň bu garaşylmadyk soragyna kinaýalyraj jogap-da berip biljekdim. Ýöne onuň näme diýjek bolýanlygyny bilmek üçin gönümel jogap berdim:
- Saglyk dilärdim.
- Saglyk dilejegiňi bilýän. Başga näme dilärdiň?
- Parahatlyk dilärdim.
- Ony dilejegeňi hem bilýän. Ýöne pul, baýlyk babatynda näme dilärdiň? Näçe maşyn? Näçe jaý? Näçe pul? Meselem, ynha meniň hemme zadym ýerbe-ýer. Şonda-da "Ýene näme gerek?" diýip sorasalar, bir topar zatlary diläp biljek. Ýene iki sany maşyn dilejek. Köşk ýaly ullakan üç sany jaý dilejek... we başga, başga, başga zatlar... Ýeri, sen näme dilejek?
- Men... seniň ýaly adamlaryň azrak bolmagyny dilejek.
Ol şondan bäri meniň bilen gepleşenok.

Kerim GURBANNEPESOW
29
198
Dovlet Ashyrov
25 Iýun 2023
🤣
okayjy
24 Iýun 2023
"Düýn we şu gün" kitabyndan 👍
wolfff
23 Iýun 2023
@maral, howwa 😁
maral
23 Iýun 2023
@wolfff, kabirlerine seytmelida arasynda
gunjagaz
23 Iýun 2023
👍
wolfff
23 Iýun 2023
@maral, hakyky 😂göni çüýläpdiraý
maral
23 Iýun 2023
Kapak👌
durdane
23 Iýun 2023
Laýk 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.