Relax
03.07.2023 08:47
Emeli aň: Howpdan has köp mümkinçilik, gorkudan has köp ösüş


Soňky wagtlar emeli aňyň (AI) howpludygy we onuň heläkçilige eltjekdigi barada gürrüňler köpeldi. Tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösýän we gündelik durmuşyň köp ugurlaryny özgerdýän döwürde, elbetde, emeli aň seresaplyk bilen çemeleşmeli tema bolup durýar. Ýöne esasan ylmy-fantastik romanlardan alnan gözgyny ýagdaýlardan doly bu gürrüňler AI-niň howpludygyny ulaldyp, onuň potensial peýdasynyň üstüni örtýär.
AI-niň potensial howplaryna üns bermegiň olardan habarly bolmak we ätiýaçlyk çärelerini görmek möhümdigine şübhelenmeýäris. Emma bu AI-niň jemgyýetimiz we ykdysadyýetimiz üçin hödürleýän üýtgeşik mümkinçiliklerini äsgermezlik etmelidigimizi aňlatmaýar. Mysal üçin, AI saglygy goraýyş ulgamyna has takyk diagnoz goýup, ulgamda netijeliligi ýokarlandyryp, bilim boýunça şahsy okuw tejribelerini berip bilýär.
Aslynda, emeli aň tehnologiýasyna bolan gorkynyň köpüsi gözegçilikden çykan robotlaryň adamzada agalyk etjekdigi baradaky toslama esaslanýar. Emma bu garaýşy köp alymlar goldamaýarlar. Hat-da Azimow ýaly meşhur ylmy-fantastik ýazyjylar hem adamzat bilen uýgun AI geljegini öňünden aýtdy. Aýzek Azimow "Robotehnikanyň üç kanuny" ady bilen robotlaryň ahlak ýörelgesini döretdi:
1. Robot adama zyýan ýetirmeli däl ýa-da adamyň zyýan çekmegine boş seredip durmaly däl.
2. Robot, eger birinji kanuna ters gelmedik ýagdaýda, adamyň buýruklaryna gulak asmalydyr.
3.Robot birinji we ikinji kanunlara garşy gelmedik ýagdaýda özüni goramaga borçludyr.
Bu kanunlar adam merkezli AI ahlagy baradaky görnüşini hödürleýär we AI-niň adamzada zyýan ýetirmek mümkinçiligini çäklendirýär. Emma Azimowyň kanunlary diňe başky kanunlardyr. Tehnologiýanyň ilerlemegi bilen AI-niň ahlak kadalaryny we düzgünlerini hemişe täzelemeli we gaýtadan baha bermelidir.
Gorky we howplary boýun alyp, AI-niň hödürleýän mümkinçiliklerini hem goşmak zerurdyr. Eger-de biz bu tehnika ahlak we oýlanyşykly çemeleşsek, has adalatly, netijeli we progressiw jemgyýet döredip bileris. Betbagtçylykly ýagdaýyň deregine, AI-niň adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak we dünýäni gowulandyrmak mümkinçiligine üns bermelidiris.
Sözsoňy hökmünde, AI-ni gözegçilikde saklamagyň we ony adam merkezli ahlak esasynyň içinde ösdürmegiň wajypdygyna düşünmek zerurdyr. Munuň üçin oýlandyryjy pikir alyşma we dogry düşündiriş talap edilýär.
17
128
Relax
02.07.2023 20:53
Beynini guyclendirmegin 11 yoly
1. Akylly dermanlar. "Modafinil" yaly dermanlar, beynini 90 sagat ishjenlikde tutyar. Beyninin bir boluminden beyleki bolumine bolan akymy guyclendiryar.
2. Iymitler- proteyine bay iymitler peydaly. Yzygider ertirlik edinmek hem beyninin ishjenligini yokarlandyryar, gazly icgiler bolsa tersine.
3. Saz- ayratynda Mozart dinlemek matematika bolan ishjenligi artdyryar we aydym derslerinin cagalaryn IQ-syny yokarlandyryar. Yone pop sazlar tersine.
4. Biyonik beyin- elektrotlar bilen beyne az mukdarda elektrik akymyny bermegin beynin guyjunin yokarlanyandygy subut edildi.
5. Zehini ishletjek mashklar- kyn matematika soraglary zehini yitileshdiryar. 5 hepdelap zehini ishlediji mashklary eden cagalaryn IQ- synyn 8% artandygy anyklandy.
6. Yatkeshligi guyclendiriji oyunlar- cribbage desk-inde her karty bir harakter bilen ozleshdirip butun harakterlerin oynayan hekayasyny doredip, 52 karty yzygider yatlap bilersiniz.
7. Uky- 21 sagatlap yatmasak beynimizde serhoshlyk yuze cykyar. 2 sagatlyk ishlemeden sonra gije gowy yatmak, owrenmani yenilleshdiryar.
8. Yoreyish- hepdede 3 gezek yarym sagat yoremek; owrenme, dykgatlylyk, logiki pikirlenmani 15 esse artdyryar.
9. Hobby- orum oryan krasword cozyan garrylaryn alzhemir yaly kesellere tutulmany azaldyar.
10. Dykgatlylyk- buda beyni ucin gerekli mashk. Bir ishde gysga wagtlyk dykgatyn bozulmasy tazeden dykgatly bolmak ucin 15 minuda golay wagt gerek.
11. Nerw gozegcilik- beynin icindalki hereketin aktiwitliginin kontrolyny sazlayar.
21
96
Relax
01.07.2023 13:00
Degişme görnüşinde täsin maslahatlar

Her elin-de 10 barmagy bolan adamlar,hiç wagt ölmez.

Ýeňsesinde gözi bar adamyň,hiç wagt saçy düşmez.

Sygyrlar mäläp,geçiler molap dursa,öýüň gapdalynda,wulkan atylar.

Syrma kel adamyň saçyndan bir taryny tütetseň,kesel ýanyňa gelmez.

Internede girmeýän gyzyň imosyndan habar gelse,bagtly bolarsyň.

Jokrama yssyda ýagan garyň suwy,aşgazana peýda.

Gujak ýaly garpyzy,tutuşlugyna ýuwutsaň,biwepalyk görmersiň.

Diri aýynyň içinde,3 gün ýatyp çyksaň,soguljanyňy aýyrar.

Birbada 40 ýylana çakdyrsaň,derlemäňe peýda.

Ölüniň ýanynda 100 gün gömülüp çyksaň,gözagyrydan dynarsyň.

Bir günde 25 sagat gezim etseň,şähdiň açylar.

Malyň eti halal,eýesiniňki haram.

Bir näçe ýyldan bäri erik bolmaýan nowça iýseň,ömrüň uzak bolar.

Plýus bu-keseleýin hem dikleýin goýulan, goşa minus.
33
549
Relax
30.06.2023 17:34
ŞWESIÝA

Agam ýok, gara-da ýok,
Ganam ýok, ýara-da ýok.
Bir täsin ile düşdük —
Begem ýok, töre-de ýok.

Haýwan adam deňinde,
Adam hudaý deňinde.
Boýnun sallap duran ýok
Patyşaňam öňünde.

Şagal şagal ýerinde,
Gurt ýerinde gurt eken.
Özünde doglan bolsaň,
Ýaşalaýjak ýurt eken.

Ýöne biz bir gelmişek,
Azaşyp ýol salmyşak,
Her täze ýyl toýunda
Aglap dutar çalmyşak..
16
204
Relax
29.06.2023 21:15
Dostoýewskiý we psihologiýa

Dostoýewskiniñ adyny eşitmedik ýok. Emma ony hakykatdanam tanaýarysmyka? Ýa-da näçe adam onuñ kitaplaryny eline alyp okap gördükä? Freýd psihoanalitikanyñ düýbüni tutujydy, emma şolam "Nirä giden bolsam, menden öñ şol ýere giden şahyr gördüm" diýipdir. Ýazyjy-şahyrlar añüstüniñ ýerasty dünýäsine lukmanlardan, hukukçylardan, psihopatlardan has çuñ görnüşde aralaşapdylar. Stefan Sfeýg bolsa "Dostoýewskiý psihologlaryñ psihologydyr..." diýip, oña psihologiýa ugrunda aýratyn orun berýär. Nämüçinmi?
Meselem... Stanford tussaghanasy tejribesini ýatlalyñ. Ýönekeý adamlary gözegçi we tussag diýip ikä bölüp, emeli türmä ýerleşdiripdirler. Eýse soñra näme bolandyr öýdýäñiz? Gözegçiler özlerini oýnaýan roluna aşa aldyryp, şeýle sadist, haramzada adamlara öwrülipdi.
A birmahal Dostoýewskiý näme diýipdi?
“Dünýäniñ iñ gereksiz, iñ ýaramaz adamyny alyp, kassir ediñ. Özüni kimdir öýdüp, şobada sizi äsgermän başlar.” Başga bir synaga ser salalyñ...
Siziñ pikiriñizçe adam iñ köp ýalany kime sözleýär? Söýgülisinemi, ejesine? Ýa dostlarynamy? Ýok. Özüne... Psihologlar muny 1959-njy ýylda geçiren kognitiw (познавательный) synagynda anyklapdyrlar.
Çykan netijede adamlaryñ öz añyny manipulirleýändigi, mese-mälim hakykaty öz peýdasyna görä düşündirip üýtgedibilýändigi ýüze çykaryldy.
Eýsem bu synagdan tegelek ýetmiş dokuz ýyl öñ Dostoýewskiý "Doganlar Karamazowlarda" näme ýazypdy: "Esasy zat, adamyñ öz-özüne ýalan sözlemezligi. Özüne ýalan sözläp, sözlän ýalanyna ynanan kişi öz içindäki we töweregindäki hakykatlaty tanamazlyga, munuñ netijesinde-de özüne we daş-töweregindäkilere hormat goýman başlaýar. Özüne ýalan sözleýän kişi hemmelerden çalt öýkeläp bilýär.”
Eýse bu aýdylýanlar psihologlaryñ psihology üçin adaty zatmydy? Ýok. Düýbünden beýle däldi. Muny onuñ özü-de aýdypdy:
“Meniñ şahsyýetim hemişe pessimistik, näsag we heýjanly boldy” diýip. Meselem, ol ölemen humarhondy. Onda-sa nähili… Kitaplarynyñ köpüsini humar oýnap eden bergilerini üzmek üçin ýazypdy. Freýd onuñ humara bolan garaşlylygyny “çäkden aşan islegiñ krizisi” diýip düşündirip, Dostoýewskiniñ dowamly humar oýnap öz-özüni jezalandyrandygyny öñe sürüpdi. Ýagny oýnan humarynda keýp däl-de, güýçli ýykgynçylykly instinkt bardy. Edil mazohistler ýaly.
Dostoýewskini okaman bu dünýäden geçip gitmek, adamyñ öz durmuşyna edip biljek iñ uly ýamanlygydyr...

Murat ALPAÝ.
28
412
Relax
28.06.2023 22:33
ÝİTİRMEK" DUÝGUSY


Aragatnaşygymyz häsiýetimizi açyp görkezer.
Biz bir almanyñ iki ýarsy däl, biz bir-biriniñ ýanynda duran iki alma!
Aragatnaşyklarda ýygy-ýygdan eşitýän jümläm: "Biz almanyñ iki ýarysy ýaly" Gulaga juda romantik eşidilýär, şeyle dälmi? Bu jümle añymyza şeyle çuñ ýerleşipdir welin birini söýsek hökman ikä bölýäris! Sebäbi onuñ ýarsy özümizdigimize ynanýarys! Gynansakda bu ýagdaý biziñ añymyza ýerleşen ýalñyşlyklaryñ biridir. Iki aýry ynsanyñ bölünip bir almanyñ parçasy bolmagy mümkin däl! Şu sebäpli iki ynsan aýrylandan soñ, aýralyk yzasyna çydap bilmez yaly derejä gelýärler. Sebäbi biziñ añymyz beyleki ýarysyny ýitirenine ynanýar we aýralyk yzasy 2-3 esse köpelýär. "Biz bir almanyñ iki ýarysy" pikiri bilen aragatnaşyga başlanlar, aýrylandan soñ gynanmakdan beter, özlerini kemelen ýaly duýýarlar. Aragatnaşyk dowam edýän wagtynda-da "Ýitirmek gorkusy" bilen ýaşaýarlar.
"Ýitirmek" duýgusy durmuşa we aragatnaşyklara zyýan ýetirýän ýalan duýgularyñ biridir! Sen özbaşyña aýratyn bir mertebesiñ! Durmuşda saylan ýoldaşyñ, söýgüliñ hem edil senin ýaly aýratyn bolmaly, aýratyn özbaşdak güýç bolmaly. Iki sany erkin güýçli adam durmuşdan has gowy lezzet alyp biljek adamlar boljagyny ýadyñda sakla! Iki sany ýarty bölegi bir bütin edip birleşdirmek pikirinden özüni halas et!
Aragatnaşyklar biziñ kemçilikli ýerlerimizi doldurýan protez däldir, biziñ bir bütinligimizi görkezýän söýgüden doly bileleşikdir! Bile garramak üçin däl, güýç we söýgi bileleşigini döredip, köpelmek üçin aragatnaşyga mätäç biz. Añyñdaky "Ýitirmek gorkusynyñ" ýüze çykmagyny islemeýän bolsañ "Biz bir almanyñ iki ýarysy, sen meniñ beýleki bölegimsiñ" düşünjesinden özüñi halas edip, ýekelikde-de bir bütin bolup biljegiñi ýadyñda saklamalysyñ!

"Biz bir almanyñ iki ýarysy bolma:ly. Iki aýry gül bolaly, birleşip çemen bolaly!"

Hakan Mengüç

"Ýüregiñ tämiz bolsa, heķaýañ gowy tamamlanar!" kitabyndan.
32
254
Relax
27.06.2023 22:01
HAKYŇY IÝDIRMEK: ISRIPMI ÝA-DA SADAKA?

Şäheriň içinde gatnaýan ýolagçy awtobusyndan düşüp, petek hakyny tölemek üçin ýanymyzda bolan bäş ýüz ýa-da müň manatlyk teňňäni sürüjiniň gapdalyndaky kagyz gaba oklarysda, ol ýerde galanja pullardan gaýtargymyzy almak isläris. Emma ol ýere toplanan pullary sürüjiniň öz ýanynda ýygşyryp goýup, iki-üç sany elliligi göz üçin taşlandygyny bilip dursagam, gaýtargyny talap etmän, yzymyza döneris-de
«Sadakam bolsun» diýeris. Bazara aýlanyp bolarsyň, satyjynyň ýanynda sanaman alan gaýtargy pul desseleriňi, öýe gelip arkaýynlykda
sanap oturansyň. Her desseden 1, 2 ýa-da 3 sany on müň manatlyk kem çykar welin, bir-ä sanaman alanyňa ökünersiň, ertir baryp ýagdaýy mälim etseň edäýesiňem geler welin, «Aý bolýa-da, ähli zady Hudaý bilip durandyr, bu-da sadakam bolsun» diýersiň. Öýde-daşda,yolda-yzda bir zadyňy ýitirseň, gözläp-gözläp,usurgarsyň, ýadarsyň, zadyňdan aýrylmak käteler janyňdan aýrylmakça görner, ahyry hiç bir uç tapman, lapykeç bolup, tamaňy üzeniňden soň «Hudaýyň özi almak isländir, sadakam bolsun» diýersiň. «Sadaka müň bir belany dep eder» diýilýär. Taňry sadakaçyl adamlary gowy görýär. Aslynda-da niýetiň-päliň düz bolsa, Allanyň halamaýan adamy ýok. Ol hemmä deň garaýar, deň bakýar. Biz günde-günaşa aýdýan sadakalarymyz sebäpli iň eziz adamlar bolup galmaly. Ýöne her bir zadyň şerti, talaby, düzgüni, yoň bolan ýörelgesi, dessury-däbi, derejesi bar. Sadaka aýtmak başgazat, sadaka bermek başga zat. Onsoňam Hudaýyň alanyna sadaka diýilýärmi ýa-da özümiziň ilki berenimize. Sürüjiniň gizläp goýan gaýtargylary, bilip we bilmezlikden kem gaplanan pullar, huşsuzlykdan, biperwaýlykdan, gapyllykdan gidirlen we ýitirlen zatlar... sadaka bolup bilýärmikä? Sadaka düşünjesi biziň halkymyzyň arasynda dürlüçe teswirlenýär. Käteler «Hudaý ýoly», «Aýdylanjanly», «Sadaka» sözleriniň üstünde çapraz pikirler döreýär. Her kim öz düşünişine görä, olary aýry-aýry zat edip goýýar. Aslynda-da olaryň barysy bölek-bölek edilen bir jümläniň sözleri: «Hudaýyň ýoluna aýdylan janlyny sadaka bermek». «Sadaka» sözi «tasdyk, tassyk» diýen söz bilen kökdeşdir. Ol«Hudaýa beren sözüňi tassyklamak» diýen ýaly zat bolýar. Şu sözdenem görnüşi ýaly, sadaka üçin öňünden niýet etmek şert bolup durýar. Emma biz gowuşmak umydy gaçaňkyrlan zatlary, tapyljak tamasy ýiteňkirlän zatlary Hudaýyň ýoluna sadaka aýdýarys. Özümiz beremzok, emma talap edip bilmedik, tapyp bilmedik hakly zadymyzy «sadaka» diýip goýberýäris. Tapsak welin.., «Hudaýa şükür, nesibämiz aýrylyşmandyr» diýip, begene-begene yzyna alýarys. Gadym döwürlerde biz ýaly bir adam bolupdyr. Dogry ol bize garanyňda has akyllydyr, ýöne edýän hereketleri biziňkä çalymdaş bolansoň, özümiz yaly biri göz öňüňe geläýýär. Ol ýiten-ýitiren zadyny, azaşan malyny her gezek Hudaýyň ýoluna sadaka aýdar eken. Günler aşyp, nesibesi dartyp, ýene-de şol zadyny tapaýsa, gözüni dikip oturan zady alnyna gelen ýaly guwana-guwana garbap alar eken. Ana onsoň bir gün bu bendäniň kazasy dolýar. Perişdeler ony alyp gidip, jennetiň gapysyndan jykladýarlar «Ine, şu jennet» diýip, onuň bäri gyrasyndan bir künjüni görkezýärler. Ol adam jennetiň gyrasyny görenine monça bolýar, tamakinlik bilen aňyrlaryna göz aýlaýar. Şol pursat perişdeler ony dowzaha süýräp başlaýarlar. Ol bende rejäniň gowy däldigini duýýar. «Saklanyň, meni nirä alyp barýaňyz? Men Hudaýyň ýoluna günde-günaşa sadaka aýdýardym. Heý şolaryň sogaby bilen jennetiň töründen orun tapyp bilmerinmi?» diýip soraýar. Perişdeler oňa: «Hawa, sen öz ýitiren zadyňy, iýdiren hakyňy Hudaýyň ýoluna sadaka aýdýardyň. Soňam, tapan wagtyň ony yzyna alýardyň. Entegem Allatagala saňa geçirimlilik etdi. Şoňa görä-de biz aýdan sadakalaryň üçin-ä jennetiň gapysyndan jyklatdyk, soňra olary yzyna alandygyň üçin hem, seni yzyňa-dowzaha alyp barýarys» diýipdirler. Sadaka üçin kesilen malyň gaýdyp direlmeýşi ýaly, sadaka diýip aýdan zadyňyzy, soň tapaýanyňyzda hem, yzyna alman, mätäje-pukara ýa-da zerurlygy bolana sadaka bermek dürsdür. Ýokarda ýatlanylan ýagdaýlar, öz hakyňy talap edip bilmezlik
bolsa sadaka däl-de isripdir. Isrip bereketiň ýoguna ýanýan närsedir.
Onsoňam ol geleňsizlikler, «geçirimlilikler», «ýüregiň awamaklyk»,
«sebäpsiz tarhandökerlik» ýaly häsiýetler käbir adamlarda haram kesbe bolan batyl ynanjy berkidýär. «Ili aldap bolýar» diýen pikir bilen, nebsiniň yzynda şeýtana şägirt, hannasa halypa bolup geziberýär. Ýöne «Il» diýen sözüň «Alla» diýen manysy hem bar. Haky we halky aldamaga synanyşmak öz daşyňa kerep aýlamakdyr. Öz kerebine çolaşmaýan ýeke-täk jandar bolsa ol möýdür. Beýle ukyp adama bagyş edilmändir. Onsoňäm baýlykdyr, abraýy galplyk bilen gazanmak süýde suw garyp satmaga meňzeýär. Öňem biri şeýde-şeýde baýan eken.Ýöne bir gün ullakan sil gelipdir-de ýaňkyň ähli emlägini, malyny jaýyny ýuwdup-ýalmap gidipdir.Jemgyýet uly zat. Ýalňyşlygyny ýüzüne basmasaň, toba gelmeýänler, hatasyny ýaňzytmasaň, hakykaty gözlemeýänler, çökder günäsiniň jezasyny çekdirmeseň, özüni düzlemeýänler bar. Üstesine-de bu aglaba köpçülik bilen iş salyşýan adamlarda şeýle.Biziň her bir hereketimiz jemgyýetçilik terbiýesiniň bir şahasy, özboluşly sapagy. Özgeleriň ýalňyşmagyna görnetin sebäp döredýän bolsak,ol biziňem hatamyz. Özgeleri azaşmaga bilniksiz iterýän bolsak, ol biziňem günämiz. Ol hat-da Hudaýyň beren akyl-huşuny hem ýerliksiz ulandygymyz – isrip etdigimiz bolýar. Islendik ugurda, islendik ýerde, ähli ýaşda we ähli ýagdaýda özgeleriň säwlige uçramagyna sebäp bolmalyň. Iň bolmanda özümiziň dogry hereketlerimiz bilen nusga bolmaga çalşalyň. Onsoňam, hak ýola ündemegiň pazylaty sadakanyň sogabyndan üstün bolmasa, egsik däldir.

"Aýtmaly habarym bar" kitabyndan

RAHMET GYLYJOW
23
192
Relax
27.06.2023 00:25
Bu gün Ardfe ertir Gurban baýramy.
Arefe güni hijri-kamary ýyl hasabyna görä zilhijje aýynyň dokuzunjy günüdir. ýagny gurban baýramyndan öňki gün. bu günde hajylar arafat dagyna çykýarlar. hajylaryň ol ýerdäki duruşyna “wakfe” ady berilýär. resulallahyň (s.a.w.) arefe güni hakynda şu hadysy bardyr: “arefe güni wakfe wagtynda hak tagalanyň dowzahdan azat eden gullarynyň sany başga günde azat edilenler bilen deňeşdirip bolmajak derejede köpdür.” mundan başga-da, şu hadysda ol gün ediljek amalyň gazandyrjak sogabyny bildirýär: “jenab-y allahyň arefe güni agyz beklänleriň ikinji we has soňraky ýyllarynyň günälerini örtjekdigini umyt edýärin.” (müslim, syýam, 1162). ýöne, arefe güni wakfe etjek hajylaryň agyz beklemezlikleri has dogry hasaplanýar. emma, haja gitmedikler ol gün oraza tutyp biler.
arefe güni arafatda wakfede duran hajylar topary magşar gününiň kiçi bir mysalyny görkezýärler. ähli hajylar – gara tenlisi, gyzyl tenlisi we akýagyzy deň şertlerde, birmeňzeş lybas geýip, ýolbaşçysy-işçisi, baýy-garyby – ählisi bilelikde “lebbeýk, allahumme lebbeýk, la şerike leke lebbeýk, inne-l-hamdewe-n-ni’mete leke we-l-mülke la şerike leke” (manysy: “emriňe taýýar men… allahym emriňe taýýar men… emriňe taýýar men, seniň şärigiň ýokdur. emriňe taýýar men… şübhesiz, hamd-da, nygmat-da diňe saňa mahsusdyr. seniň hiçbir şärigiň ýokdur”) dileg-dogalary bilen başlary açyk, aýakýalaň wakfä durup, allaha ýalbaryp, günäleriniň bagyşlanmagyny dileýärler.



Arefäniň ýeri basgadyr: Bu günlerde agyz bekläp, gündizini we gijelerini ybadat bilen geçirmek hem bagyşlanmaga, hem-de uly-uly sogaplar gazanmaga sebäp bolar. Bu on gün içinde Arefe gününiň ýeri bolsa düýbünden başgadyr. Pygamberimiz (s.a.w.), Arefe güni tutulan oraza hakynda şeýle diýýär: “Arefe güni tutulan oraza, geçen bir ýylyň we geljek ýylyň günälerine keffaret bolar.(Tergib we Terhib Trj, 2. 457) Hz. Ebu Bekiriň ogly Abdurrahman, Arefe güni dogany Hz. Aişäniň (r.a.) huzuryna girdi. Hz. Aişe agzy bekli bolany üçin yssydan ýaňa üstüne suw dökýärdi. Abdurrahman oňa: “Orazaňy boz!” diýdi. Hz. Aişe: Resulullahýň (s.a.w.), Arefe güni agyz beklemek, özünden öňki ýylyň günälerine keffaret bolar diýenini eşiden halymda iftar (agyz açmak) edeýinmi? diýdi.(Tergib we Terhib Trj, 2. 458) Keffaret bolar, günäleri örter, bagyşladar diýmekdir. Biz ýaly edil günä deňizinde ýüzýän ahyr zaman musulmanlary üçin mundan uly bir buşluk bolup bilermi? Ine bagyşlanmak we magfiret pursady! Başga bir rowaýatda bolsa Hz. Aişe şeýle diýýär: Arefe gününiň orazasy müň gün oraza tutmak ýalydyr. (Tergib we Terhib Trj, 2. 460) Diýmek, bir günlük arefe orazasy, üç ýyllyk ýönekeý günlerde tutulan oraza sogabyna deňdir. Pygamberimiz (s.a.w.), bu günüň fazylatyny şeýle düşündirýär: Arefe güni gelende, Beýik Allatagala rahmetini saçar. Hiç bir gün şol günde bolşy ýaly dowzahdan azat bolmaz. Kim Arefe güni isle dünýä we isle ahyrýet bilen baglanyşykly Allahdan bir zat islese Allah onuň dilegini garşylar. Ýene tema bilen baglanşykly bir hadys şeýledir: Arefe gününden has fazylatly bir gün ýokdur. Allatagala ol gün, ýer ehli bilen meleklere garşy öwüner we (Arafatdaky hajylary kast edip) şeýle buýurar: Gullaryma bir bakyň. Saçlary-başlary dagynyk, toz-toprak içinde her uzak ilden maňa geldiler. Bu hallary bilen olar, rahmetimi umyt edýärler, azabymdanam gorkýarlar. Şaýat boluň, olary bagyşladym. Olaryň ýerlerini Jennet eýledim. Melekler diýerler: Olaryň arasynda biri bar, ýalandan bu işi edýär. Pylan aýalam şeýle. Allatagala şeýle buýurar: Olaram bagyşladym. Arefe güni ýaly, hiç bir gün Dowzahdan has köp azat edilen bolmaz.
Şuny ýatladalyň: Hadyslarda aýdylyp geçilen Zilhijjäniň ilkinji on gününden maksat ilkinji dokuz günüdir. Çünki, Zilhijjäniň onunjy güni Gurban Baýramynyň birinji günüdir, ol gün agyz beklemek jaiz däldir (dogry däldir); diňe ol gün ybadat günüdir. Müstehap bolan oraza, Gurban Baýramyndan öňki dokuz gündür. On gijä bolsa, Gurban Baýramynyň gijesem degişlidir. Çünki gijeler öň gelýär. Ýene-de, Zilhijjäniň sekizinji gününe terwiýe güni, dokuzynjysyna Arefe güni; Gurban Baýramy gününe (onunjy güne) nahr-gurban güni, ondan soňky üç güne-de teşrik günleri diýilýär. Bu günlerde kazasy bolmadyklar, bäş wagt namazyň üstüni nafile ybadatlar bilen köpeltmelidirler. Kazasy bolanlar bolsa has köp kaza namazlaryny okamalydyrlar. Hormatly agzalar, hemmäňiziň Arefe günüňizi gutlaýan.. goý, Allatagala bize bu günüň haýyrlaryna, fazylatlaryna ýetmegi hemmämize nesip etsin! Hemmäňiziň ýetip gelýän Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun! Bu günlerde edýän doga-dilegleriňiz, ybadatlaryňyz, tutýan orazalaryňyz Beýik Allatagalanyň huzurynda kabul bolsun! Soýjak gurbanlyklaryňyzam Allah kabul etsin, enşallah!


27.06.23.ý Agyz beklenýän we açylýan wagty⤵

Ahal, Aşgabat — 3:55 (açylýan wagty 20:46)
Mary — 3:42. 20:22
Lebap — 3:31. 20:21
Daşoguz : 3:37. 20:44
Balkan : 4:07. 20:58
21
166
Relax
26.06.2023 21:40
Bilýärdñizmi?
24
401
Relax
26.06.2023 10:49
Iki damar / satiriki hekaýa

Sorag-ideg bilen daýymlary tapdym. Daýymy çagakam görüpdim. Ejemiň hatyny gowşurdym. Okap boldy-da, diliniň üstüne biri münen ýaly, esli wagtlap dymdy. Näme sebäpden beýdendigine düşünmedim. Beýle agyr oýlara çümer ýaly esas ýokdy. Ol meni diňe işe ýerleşdiräýmelidi. Wessalam. Ol, ejem aýtmyşlaýyn, bir edaraň kethudasymyş. Ol bir haýukdan soň “bolýa-da” diýdi. “Daýyly oglan dartyk” diýilişi ýaly, men-ä ganat bekläp geldim, bi-de zordan “bolýa-da” diýýär.
Birsalymdan daýym meni öz iş kabinetine çagyrdy. Çaý başynda ikiçäkdik.
-Ýegen, seni öz ýanyma-da alyp bilerdim. Ýöne dogan-garyndaşlaryny çekýär diýmezler ýaly, seni başga bir ýere ýerleşdireýin. Emma daýyňy ýüňsakgal etmeli dälsiň...
-Daýy, men spesalist ahyry. Iş başararyn. Ýerleşmäge hemaýat etseňiz bolýar.
-Ana, gördüňmi, eýýämden “men spesalist ahyryn” diýip başladyň. Beýdip, ýol almarsyň. Bu dünýäde tanyşlyk gerek, tanyşlyk, ýene-de tanyşlyk! Iň esasy zadam: ýolbaşçyň göwnüne ýaramaly... onuň bir diýenini iki gaýtalatmaly däl. Onuň pikirini diline gelmänkä hereketinden aňmaly. Gaty duýgur bolmaly. Onuň gaňyrşyna gaýtmaly däl. Diliňden “hoş” sözüňi aýyrmaly däl. Oňa akyl öwretjek bolmaly däl, ol ýolbaşçy ahyryn. Öz pikiriňi orta atmaly däl, pikiriň bolsa, ýanyňda sakla. Iň gowusy-ha, pikirlenmezligi öwrenmeli. Tankytdan daşda dur – ol bulagaýlaryň işidir...
-Daýy, eger dogry düşünen bolsam, men eli diplomly, boýny galstukly göle bolmaly-da?! Şeýlemi?
-Aý, diliňe döneýin, bildiň, ýegen, bildiň! Onda-da mölegöz göle!
-Daýy diýýän-ä, häzir ylmy medisinada hirurgiýanyň has rowaç tapyp, gudrat görkezýändiginden habarym bar. Adamyň arhytekdura gurluşynda kelle diýen ýaly has möhüm detal bolaýmasa, galanlaryndan isläniňi kesip taşlamak ýa-da emeli organ bilen çalşyrmak itiň aňsadymyş...
-Ýegen, näme diýmekçi bolýaň?
-Daýy jan, sabyr ediň, düşündireýin. Adam anatomýasyndan başy çykýanlaryň şaýatlyk edişine görä, her adamda, ownuk-uşak damarlary hasap etmäniňde, söýgi, gahar, gülki, uky, wyždan, namys diýen uly damarlar barmyş. Şularyň iň soňky ikisini jähenneme iberäýsem nädýär?!
Meniň niýetime daýym düşünäýdi öýdýän, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi:
-Genialno, ýegen, genialno! Meniň ýegenimdigiň bep-belli-dä!
-Bep-belli bolsa, daýy jan, şo iki damaryň ýoguna ýansam, süňňümem ýeňläýer. Wyždan bilen namys damarym bolmasa-da oňşuk etse bor. Beýlekilerindenem dura-bara dynaryn-da.
-Berekella, berekella ýegen! Seniň almajak galaň bolmaz!
-Daýy diýýän-ä, ilki işe girmekçi bolanyňyzda, siz nämäňizi kesdiripdiňiz?
Bu oslagsyz sowal daýymyň gözleriniň owasyny giňeltdi. Ol saňgaty bolup galdy. Men ony oňaýsyz ýagdaýdan halas etmäne howlugdym:
-Daýy jan diýýän-ä, siz, belki, häzirkiňizdenem uly wezipäni isleýänsiňiz. Geliň, ýaňky damarlarymyzy bileje kesdireli! Kesdirmän, ýöne üýtgedibem bolýa. Mysal üçin, öňünden “bi” goşduryp, binamys, biwyždan ýaly formada özgertmek mümkin. Forma hiç, mazmuny üýtgese bolýar...
Daýymyň gözlerine gan aýlandy-gaharyň alamaty. Gaharyň hereketdäki formasam – wagşylyk. Ýekegapanyň öňünden sag-aman sowulan ýagşy. Berdim ýazzyny.

Aşyrberdi KÜRT
22
163