Relax
27.06.2023 00:25
Bu gün Ardfe ertir Gurban baýramy.
Arefe güni hijri-kamary ýyl hasabyna görä zilhijje aýynyň dokuzunjy günüdir. ýagny gurban baýramyndan öňki gün. bu günde hajylar arafat dagyna çykýarlar. hajylaryň ol ýerdäki duruşyna “wakfe” ady berilýär. resulallahyň (s.a.w.) arefe güni hakynda şu hadysy bardyr: “arefe güni wakfe wagtynda hak tagalanyň dowzahdan azat eden gullarynyň sany başga günde azat edilenler bilen deňeşdirip bolmajak derejede köpdür.” mundan başga-da, şu hadysda ol gün ediljek amalyň gazandyrjak sogabyny bildirýär: “jenab-y allahyň arefe güni agyz beklänleriň ikinji we has soňraky ýyllarynyň günälerini örtjekdigini umyt edýärin.” (müslim, syýam, 1162). ýöne, arefe güni wakfe etjek hajylaryň agyz beklemezlikleri has dogry hasaplanýar. emma, haja gitmedikler ol gün oraza tutyp biler.
arefe güni arafatda wakfede duran hajylar topary magşar gününiň kiçi bir mysalyny görkezýärler. ähli hajylar – gara tenlisi, gyzyl tenlisi we akýagyzy deň şertlerde, birmeňzeş lybas geýip, ýolbaşçysy-işçisi, baýy-garyby – ählisi bilelikde “lebbeýk, allahumme lebbeýk, la şerike leke lebbeýk, inne-l-hamdewe-n-ni’mete leke we-l-mülke la şerike leke” (manysy: “emriňe taýýar men… allahym emriňe taýýar men… emriňe taýýar men, seniň şärigiň ýokdur. emriňe taýýar men… şübhesiz, hamd-da, nygmat-da diňe saňa mahsusdyr. seniň hiçbir şärigiň ýokdur”) dileg-dogalary bilen başlary açyk, aýakýalaň wakfä durup, allaha ýalbaryp, günäleriniň bagyşlanmagyny dileýärler.



Arefäniň ýeri basgadyr: Bu günlerde agyz bekläp, gündizini we gijelerini ybadat bilen geçirmek hem bagyşlanmaga, hem-de uly-uly sogaplar gazanmaga sebäp bolar. Bu on gün içinde Arefe gününiň ýeri bolsa düýbünden başgadyr. Pygamberimiz (s.a.w.), Arefe güni tutulan oraza hakynda şeýle diýýär: “Arefe güni tutulan oraza, geçen bir ýylyň we geljek ýylyň günälerine keffaret bolar.(Tergib we Terhib Trj, 2. 457) Hz. Ebu Bekiriň ogly Abdurrahman, Arefe güni dogany Hz. Aişäniň (r.a.) huzuryna girdi. Hz. Aişe agzy bekli bolany üçin yssydan ýaňa üstüne suw dökýärdi. Abdurrahman oňa: “Orazaňy boz!” diýdi. Hz. Aişe: Resulullahýň (s.a.w.), Arefe güni agyz beklemek, özünden öňki ýylyň günälerine keffaret bolar diýenini eşiden halymda iftar (agyz açmak) edeýinmi? diýdi.(Tergib we Terhib Trj, 2. 458) Keffaret bolar, günäleri örter, bagyşladar diýmekdir. Biz ýaly edil günä deňizinde ýüzýän ahyr zaman musulmanlary üçin mundan uly bir buşluk bolup bilermi? Ine bagyşlanmak we magfiret pursady! Başga bir rowaýatda bolsa Hz. Aişe şeýle diýýär: Arefe gününiň orazasy müň gün oraza tutmak ýalydyr. (Tergib we Terhib Trj, 2. 460) Diýmek, bir günlük arefe orazasy, üç ýyllyk ýönekeý günlerde tutulan oraza sogabyna deňdir. Pygamberimiz (s.a.w.), bu günüň fazylatyny şeýle düşündirýär: Arefe güni gelende, Beýik Allatagala rahmetini saçar. Hiç bir gün şol günde bolşy ýaly dowzahdan azat bolmaz. Kim Arefe güni isle dünýä we isle ahyrýet bilen baglanyşykly Allahdan bir zat islese Allah onuň dilegini garşylar. Ýene tema bilen baglanşykly bir hadys şeýledir: Arefe gününden has fazylatly bir gün ýokdur. Allatagala ol gün, ýer ehli bilen meleklere garşy öwüner we (Arafatdaky hajylary kast edip) şeýle buýurar: Gullaryma bir bakyň. Saçlary-başlary dagynyk, toz-toprak içinde her uzak ilden maňa geldiler. Bu hallary bilen olar, rahmetimi umyt edýärler, azabymdanam gorkýarlar. Şaýat boluň, olary bagyşladym. Olaryň ýerlerini Jennet eýledim. Melekler diýerler: Olaryň arasynda biri bar, ýalandan bu işi edýär. Pylan aýalam şeýle. Allatagala şeýle buýurar: Olaram bagyşladym. Arefe güni ýaly, hiç bir gün Dowzahdan has köp azat edilen bolmaz.
Şuny ýatladalyň: Hadyslarda aýdylyp geçilen Zilhijjäniň ilkinji on gününden maksat ilkinji dokuz günüdir. Çünki, Zilhijjäniň onunjy güni Gurban Baýramynyň birinji günüdir, ol gün agyz beklemek jaiz däldir (dogry däldir); diňe ol gün ybadat günüdir. Müstehap bolan oraza, Gurban Baýramyndan öňki dokuz gündür. On gijä bolsa, Gurban Baýramynyň gijesem degişlidir. Çünki gijeler öň gelýär. Ýene-de, Zilhijjäniň sekizinji gününe terwiýe güni, dokuzynjysyna Arefe güni; Gurban Baýramy gününe (onunjy güne) nahr-gurban güni, ondan soňky üç güne-de teşrik günleri diýilýär. Bu günlerde kazasy bolmadyklar, bäş wagt namazyň üstüni nafile ybadatlar bilen köpeltmelidirler. Kazasy bolanlar bolsa has köp kaza namazlaryny okamalydyrlar. Hormatly agzalar, hemmäňiziň Arefe günüňizi gutlaýan.. goý, Allatagala bize bu günüň haýyrlaryna, fazylatlaryna ýetmegi hemmämize nesip etsin! Hemmäňiziň ýetip gelýän Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun! Bu günlerde edýän doga-dilegleriňiz, ybadatlaryňyz, tutýan orazalaryňyz Beýik Allatagalanyň huzurynda kabul bolsun! Soýjak gurbanlyklaryňyzam Allah kabul etsin, enşallah!


27.06.23.ý Agyz beklenýän we açylýan wagty⤵

Ahal, Aşgabat — 3:55 (açylýan wagty 20:46)
Mary — 3:42. 20:22
Lebap — 3:31. 20:21
Daşoguz : 3:37. 20:44
Balkan : 4:07. 20:58
21
166
medik_
21 Mart 2024
@atasddd, nameler diyyanay oraza ayynda ozem😡
gulshatayewa97
21 Mart 2024
@atasddd, samsyk zat ýazma haja gitmek Allaň parz eden zady bize
wolf
27 Iýun 2023
@zolushka, tüweleme bagtly boluñ, goşa garrañ 😁
runia
27 Iýun 2023
Amin siziňkem kabul eýlensin, baýramyňyzam mubarek bolsun!
runia
27 Iýun 2023
Kimde-kim bolsa şol güni birine ýatladaýsa, 80ýyllyk ybadat sogaby alar. (Menem ýazaýyn diýip unudupdyryn, siz ýazypsyŋyz✧)
Lilia_
27 Iýun 2023
@Relax, Hä düşündim minnetdar yokaryny okamandyryn
Relax
27 Iýun 2023
@arzuv_shayymova, ýokarda yazykly duran zat Arafada Wakfe durulya
Relax
27 Iýun 2023
@zolushka, Kabul bolsun
Lilia_
27 Iýun 2023
@zolushka, O näme bolýa. Men duusnman yazdym weli .
zolushka
27 Iýun 2023
We ýene bir täzelik daýym Hajy zyýaratynda wakfe durýar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.