Relax
01.08.2023 13:10

Film sungaty teatry aradan aýyrdy, telewideniýa hem film sungatyny aradan aýyrdy, internet hem telewideniýany aradan aýyrdy, indi interneti aradan aýyrjak zatlar hem döräp biler

31
220
Relax
30.07.2023 20:03

Dünyädäki hiç bir öňden görüjilik hadysasy dogry çykan däldir, diňe dogry çykan yaly görünendir. Dünyädäki zatlar tebigy zatlardy, dünyä we älem üçin tebigy kanunalayyklyklar bar. Bularyň daşyndan çykyp ynsan beýni bilen geljegi görmek, geljekde ya-da geçmişde bolmak mümkin däl. Biz bir çaklamany ähtimallyklara böleliň. Eger biri "geljekde şeyle bolar" diyse, birinji ähtimallyk bu hakykatdanam bolar, ikinji ähtimallyk bu hadysa bolmaz we öňden görüji yalançy hasaplanar,üçünji ähtimallyk şoňa meňzeşräk zat bola, dördünji ähtimallyk bu zadyň boljagy öňdenem bellidir, bäşinji ähtimallyk aýdylan zamanda däl-de başga wagtda bolar. Indi bu ähtimallyklaryň hersiniřň bolup bilmegi nä derejede dogry we haýsy köp gabat gelinyär? Şeyle-de 95 million sany çaklama öňe sürüp, "bularyň hökman biri dogry çykar" diýmek aňsat, we gynansakda diyyänlerem bar, ya-da dünyäde hemme zat bolup biler, emma bu zerurlyk däl-de, tötänleyin bolup geçer. Muny öwrenen köp zatdan habary bolmadyk kişi bolsa, bu kişiniň gudratlydygyna ynanar. We dünyäde "gudrat" diyilen ähli zatlar ya tebigy hadysady, ya-da yalandyr.

22
260
Relax
29.07.2023 20:41
Ogluň atasy barada ýaş aýratynlygyna görä pikiri(ruhnama-312 sahypa)

• Her ýaşyň öz aýratynlygy bolýar. Ogul atasy hakda dürli pikirleri başdan geçirýär. Ogul: Bäş ýaşda: «Kakam ähli zady bilýär» diýip pikir edýär. On ýaşda: «Kakam köp bilýär». On bäş ýaşda: «Menem kakam ýaly köp bilýärin». Ýigrimi ýaşda: «Eger hakykaty aýtmaly bolsa, kakamyň bilýän zady ýok». Otuz ýaşda: «Näme diýseňem, kakam käbir zatlary bilýär». Kyrk ýaşda: «Kakam bilen pikirleşsem-ä gowy bolardy». Elli ýaşda: «Kakam ähli zady bilýär». Altmyş ýaşda: «Wah, kakam diri gezip ýören bolsa, men onuň bilen şu zatlar hakda maslahatlaşardym. Kakamy aýamda saklamaly ekenim» diýýär.
24
96
Relax
29.07.2023 10:42
DÜNÝÄNIÑ IÑ YSSY ÝYLY 2024-NJI ÝYL BOLAR!

Dünýäniň gyzmagyna sebäp bolýan «El Nino» howa hadysasy başlandy. ABŞ-nyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň Ýerdäki iň yssy ýyl boljakdygyny mälim etdiler.
Bütin dünýä täsir etmegine garaşylýan «El Nino» howa hadysasy Ýuwaş ummanda başlandy. ABŞ-nyň Milli Okean we Atmosfera Dolandyryşy (NOAA) tarapyndan berlen beýanatda «El Nino»-nyň öňümizdäki aýlarda täsirini kem-kemden ýokarlandyrjakdygy belleýär.
Klimat hünärmenleri «El Nino» howa hadysasy sebäpli dünýäniň käbir ýerlerinde guraklyk, aşa köp ýagyş ýagmagy ýaly dürli ýaramaz täsirleri döredip biljekdigini aýdýarlar.
Iňlis alymlary «El Nino»-nyň häzirki wagtda güýçlenýändigini we 2023-nji ýylyň ahyrynda iň güýçli ýagdaýyna ýetjekdigini çaklaýarlar we 2024-nji ýylda täze global temperatura rekordynyň bolmagynyň ähtimaldygyny bellediler.
«El Nino» - Afrikada, Awstraliýada we Aziýa yklymynyň käbir ýerlerinde gurakçylyga, Hindistanda musson ýagyşlaryna şeýle-de Amerikanyň günorta we merkezi böleginde güýçli çabgaly ýagyşlara sebäp bolmagyna garaşylýar.
30
342
Relax
Relax
29.07.2023 00:04
Relax
28.07.2023 12:56
2023-nji ýylda ulanyjylaryň arasynda iň meşhur emoji "şatlyk gözýaşlary bolan ýüz"😂 boldy. Şeýle gyzykly maglumatlary Facemoji smaýlikler bilen paýlaşmak üçin programmany işläp düzüjileriň gözleglerine salgylanyp, Usa Today portaly getirýär. Reýtingiň ikinji ornunda "gülküden ýaňa ýerde togalanýan" smaýligiň şekili🤣 ýerleşdi. Liderleriň üçlügini gyzyl ýürejik ❤ jemleýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Şeýle-de, ulanyjylaryň sanly aragatnaşykda ulanýan iň meşhur şekiljikleriniň onlugyna şular girdi:

🙏 seplenen eller;

😭 aglaýan ýüz;

😍 ýürejik gözli ýylgyrýan ýüz;

✨️ ýalpyldamalar;

🔥 ot;

😊 ýylgyrýan gözli ýylgyrýan ýüz;

🥰 ýürejikli ýylgyrýan ýüz.

Usa Today portalynyň belleýşi ýaly, umuman alanyňda, adamlar her gün 10 milliarddan gowrak smaýlik iberýärler. Bu her minutda tas 7 million smaýlikdir. Öň, standartlaşdyrylan emoji toplumlaryny işläp düzmäge jogap berýän Unicode täjirçilik däl guramasy internet ulanyjylaryň 92%-iniň emoji ulanýandygyny aýdypdy.
Emoji - elektron habarlarda ulanylýan alamatlar, nyşanlar we piktogrammalar. Bu pikiri ýa-da hal-ýagdaýy söz bilen däl-de, suratyň üsti bilen bermegiň ýa-da emosional äheňleri goýup, şeýle görnüşde tekst habarynyň üstüni ýetirmegiň usulydyr. Emoji sosial ulgamlarda we messenjerlerde işjeň ulanylýar.
26
105
Relax
27.07.2023 09:12

Eger bir zady düşündirýän wagtyňyz beden diliňiz gowy bolmasa, aýdýan zadyňyz näçe möhüm bolsa bolsun ejiz görünersiňiz. Beden diliňizi dogry ulansañyz psihologiýaňyzy aldap bilersiňiz.Meselemn bir zat başaran adamlar ellerini açýarlar,bökýärler. Gamgyn adamlar bolsa öz-özüne dolanyp, kellesini aşak egip, ýapylyp oturýar. Şol sebäpli oturaňyzda özüňize ynamly görnüşde oturyň, bir zat gürrüň bereniňizde hem şeýle ediň

57
486
Relax
24.07.2023 21:47
Bilýärdiñizmi?
31
196
Relax
24.07.2023 09:52
Bu kompanýalar üstünlige ýetmek üçin ilki başyny şeýle ýagdaýda başladylar.
31
289
Relax
23.07.2023 17:54

Bilýärdiñizmi?

1987-nji ýylda Amerika howa ýollary ykdysady taýdan krizise giripdi we ondan baş alyp çykmalydy. Krizisden çykmakü çin uçarda berilýän zeýtuns anyny 2dälde 1 etdi we 1ýylda krizisden çykdy we 40000$ peýda gördi.

24
326