Relax
28.07.2023 12:56
2023-nji ýylda ulanyjylaryň arasynda iň meşhur emoji "şatlyk gözýaşlary bolan ýüz"😂 boldy. Şeýle gyzykly maglumatlary Facemoji smaýlikler bilen paýlaşmak üçin programmany işläp düzüjileriň gözleglerine salgylanyp, Usa Today portaly getirýär. Reýtingiň ikinji ornunda "gülküden ýaňa ýerde togalanýan" smaýligiň şekili🤣 ýerleşdi. Liderleriň üçlügini gyzyl ýürejik ❤ jemleýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Şeýle-de, ulanyjylaryň sanly aragatnaşykda ulanýan iň meşhur şekiljikleriniň onlugyna şular girdi:

🙏 seplenen eller;

😭 aglaýan ýüz;

😍 ýürejik gözli ýylgyrýan ýüz;

✨️ ýalpyldamalar;

🔥 ot;

😊 ýylgyrýan gözli ýylgyrýan ýüz;

🥰 ýürejikli ýylgyrýan ýüz.

Usa Today portalynyň belleýşi ýaly, umuman alanyňda, adamlar her gün 10 milliarddan gowrak smaýlik iberýärler. Bu her minutda tas 7 million smaýlikdir. Öň, standartlaşdyrylan emoji toplumlaryny işläp düzmäge jogap berýän Unicode täjirçilik däl guramasy internet ulanyjylaryň 92%-iniň emoji ulanýandygyny aýdypdy.
Emoji - elektron habarlarda ulanylýan alamatlar, nyşanlar we piktogrammalar. Bu pikiri ýa-da hal-ýagdaýy söz bilen däl-de, suratyň üsti bilen bermegiň ýa-da emosional äheňleri goýup, şeýle görnüşde tekst habarynyň üstüni ýetirmegiň usulydyr. Emoji sosial ulgamlarda we messenjerlerde işjeň ulanylýar.
26
105
nuria
31 Iýul 2023
😂
Miss_Minnosh❤️
28 Iýul 2023
👍🏻
aikamm
28 Iýul 2023
Dine sulary koplenc ulanyan🤣😂😁😅😉😊🙃🥰😍😘🥹🥺😔❤️ boli
light
28 Iýul 2023
Mene in kop 🙂👈 ulanyan
atakulyyewa_humay
28 Iýul 2023
👍 - bu ýok ekeni?!
senorita
28 Iýul 2023
«😂» 👈 her ýyl iñ meşhury õýdýãn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.