Relax
29.07.2023 10:42
DÜNÝÄNIÑ IÑ YSSY ÝYLY 2024-NJI ÝYL BOLAR!

Dünýäniň gyzmagyna sebäp bolýan «El Nino» howa hadysasy başlandy. ABŞ-nyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň Ýerdäki iň yssy ýyl boljakdygyny mälim etdiler.
Bütin dünýä täsir etmegine garaşylýan «El Nino» howa hadysasy Ýuwaş ummanda başlandy. ABŞ-nyň Milli Okean we Atmosfera Dolandyryşy (NOAA) tarapyndan berlen beýanatda «El Nino»-nyň öňümizdäki aýlarda täsirini kem-kemden ýokarlandyrjakdygy belleýär.
Klimat hünärmenleri «El Nino» howa hadysasy sebäpli dünýäniň käbir ýerlerinde guraklyk, aşa köp ýagyş ýagmagy ýaly dürli ýaramaz täsirleri döredip biljekdigini aýdýarlar.
Iňlis alymlary «El Nino»-nyň häzirki wagtda güýçlenýändigini we 2023-nji ýylyň ahyrynda iň güýçli ýagdaýyna ýetjekdigini çaklaýarlar we 2024-nji ýylda täze global temperatura rekordynyň bolmagynyň ähtimaldygyny bellediler.
«El Nino» - Afrikada, Awstraliýada we Aziýa yklymynyň käbir ýerlerinde gurakçylyga, Hindistanda musson ýagyşlaryna şeýle-de Amerikanyň günorta we merkezi böleginde güýçli çabgaly ýagyşlara sebäp bolmagyna garaşylýar.
30
342
zubi
30 Iýul 2023
ka hăsiýetlere mahsus dăller menìñ pikirimçe
dowrann
29 Iýul 2023
23 hem kem dal
light
29 Iýul 2023
😧😧😧😧😧😧 2023 mika diyipdim bu yyl seylebolsa 2024 naili bolar 😐
wolf
29 Iýul 2023
Hujum Ha bolya 👍
wolf
29 Iýul 2023
Hujum, genicka ikiñiziñem diyyan kinoñyz yaman tanyş öñ gören bolmsgymam ahmal sebabi wayenni kinolory halayanda
aikamm
29 Iýul 2023
@wolf, howolo gitjek yern yok cydaman
wolf
29 Iýul 2023
Hujum hokman gorern welin dos 3nji gezek sorayanda nirelidigiñi aydaya 😐
wolf
29 Iýul 2023
Aikam,Genicka howwalay näme cydaman ölesim yokla
aikamm
29 Iýul 2023
@wolf, cydarsynlai
wolf
29 Iýul 2023
Çydarmykam gyzgyna 😞😟
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.