Relax
12.09.2023 18:47

Pablo Eskobar - öz ýurduny ikä bölen adam

 Dünýäniň bikanun neşe söwdasynyň läheňleriniň biri, “kokain koroly” bolan Pablo Eskobaryň aradan çykaly bäri otuz ýyla golaý wagt geçse-de, watandaşlarynyň oňa garaýyşlary boýunça iki topara bölünmegi dowam edýär. Kimler üçin ol köp adamyň ganyna galan ganhor, hiç hili ahlak ýörelgesi bolmadyk misginsokar, haram puluň mesi bolan. Kimler üçin bolsa öz garadangaýtmazlygy bilen arşa galan, ýaňra syýasatçysumaklaryň we satlyk emeldarlaryň eminden gelen, sözüniň arkasynda durup bilen gerçek ýigit (“oňarýandyr – edýändir” diýen nukdaý nazardan). Onuň elinden ölen müňlerçe pidalaryň ezizleriniň häzirem ýüregi dagly, onuň sahawatyny gören käbir garamaýaklar, aýratynam ildeşleri üçin bolsa ol il-gününe hossar çykan “ýagşyzada”. Eskobaryň ýaşan mähellesiniň edara binasynda onuň şekili çekilen baýdak parlaýar. “Onuň pidalaryna biziň hormatymyz bar, emma biziňem oňa alkyşymyza düşünmeklerini isleýäris – diýip, mähelläniň arçyny BBC habarçysyna aýdýar – Bizi ýykan-ýumran külbelerden allanäme jaýlara göçürip getiren şol dälmi?”


Eskobar hakynda diňe onuň öz ýurdy Kolombiýada däl, eýsem bütin dünýäde-de şonuň ýaly pikir bölünişigi bar. Internet sahypalarynda hem Eskobaryň ýaşamagy öwredýän, puluň güýjüni magtaýan, öz ýeten derejesini güjeňleýän jümlelerine häli-şindi orun berilýändigini görýäris.


Kolumbiýada 1945-nji ýylda dünýä inen Pablo Emilio Eskobar Gawaria 1980-nji ýyldan başlap, 1993-nji ýyldaky ölümine çenli ýurtda neşe söwdasyny alyp barýan toparlaryň arasyndaky iň kuwwatly medellin toparyna baştutanlyk etdi. Onuň döwründe ABŞ-a we dünýä iberilýän ähli kokainiň 80 göterimini medellin topary üpjün edýärdi. Ömrüniň soňky ýedi ýylynda (1887-1993 ýý.) ol “Forbes” žurnalyndaky dünýäniň iň baý milliarderleriniň sanawynda öz ýerini saklady. 1989-nji ýylda ol bu sanawda dünýäniň iň baý ýedinji adamy diýip yglan edildi, şol wagt onuň häzirki 60 mlrd. dollara deň puly bardy. Şol döwürde ol her günde ýarym million ABŞ dollaryny gazanýardy, dollarlaryny diňe desseläp daňmak üçinem her hepdede 2500 dollar töweregi pul harçlanýardy. Onuň her ýerlerde gizläp goýan pullarynyň 10 göterimine golaýyny syçan iýendigi, ýene bir böleginiň çyg çekip çüýrändigi belli boldy. Öleninden soň-soňlaram onuň, hususanam, her ýerlerdäki jaýlarynyň suwagynyň astyndan pul weşeňleri çykdy durdy. Diňe öz ýurdunda däl, eýsem ABŞ-da, Atlantik ummanynyň amerikan we ýewropa kenarlaryndaky adalarda hem Eskobaryň birgiden mülkleri we köşki-eýwanlary bardy. Oglunyň ýatlamagyna görä, bir gije dagyň gowagynda hökümet agenlerinden gizlenip otyrkalar çagalaryny çoýundyrmak we nahar taýýarlamak üçin Eskobar 2 mln. dollary ojakda ýakypdyr.


Eskobaryň beýle derejede baýamagynyň sebäpleri: ol ABŞ-da şol wagta çenli ýoň bolan marihuana neşesiniň ornuna Kolumbiýada giň ýaýran ösümlikden alynýan kokain neşesiniň gelmeginden ilkibaşdan peýdalanyp ugrady, özüniň Kolumbiýa jeňňellerindäki gizlin kärhanalarynda bu neşäniň ägirt mukdarda önümçiligini hem-de onuň ABŞ-a daşalmagyny örän giň gerimde hem-de döwrebap usulda ýola goýdy. Üstesine-de Eskobaryň Kolumbiýadan iberýän neşe önümleri beýleki ýurtlaryňka garanyňda “ýokary” hillidi. Soňabaka bütin ýurt möçberinde neşe söwdasyna gözegçiligi eline alan Eskobar öz ejazasy bolmazdan hiç kime ýurtdan neşe çykartmady. Neşäni daşarda ýerleşdirmegi öz üstüne alyp, ol munuň üçin beýleki neşe täjirlerinden girdejiniň 35 göterimini özüne alýardy. Kem-kemden Eskobar öz neşe işewürligini bütin Günorta Amerikada ýaýbaňlandyrdy.  


Näme üçin ýurtdaky we daşardaky neşe söwdagärleri, Kolumbiýanyň, goňşy latyn amerikan döwletleriniň we ABŞ-nyň häkimiýetleri Eskobaryň bu diýdimzorlugyna ýol berýärdiler? Sebäbi öz işine päsgel berýänler barada Eskobaryň şerti ýönekeýjedi – “Saňa pul gerekmi ýa gülle?”. 1976-njy ýylda Ekwadorda we birtopar ýaranlary 18 kg neşe bilen tutulanda onuň para bilen sypjak bolmasy başa barmady. Birnäçe aýa çeken dawa işinden soň Eskobaryň iki sany kazyýet işgärini öldürtmegi bilen bu iş öz-özünden ýapyldy. Şondan soň Eskobar öz garşysyna çykan hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerini, şeýle hem bäsdeş neşe täjirlerini hiç hili gypynç etmezden öz adamlaryna ýa-da kireýkeş ganhorlara öldürdip başlady. Onuň şahsy özüniň 4000-den hem gowrak ölümiň aňyrsynda durandygy çaklanýar. Diňe polisiýa işgärleriniň 600-sini öldürtdi. Şeýle hem döwlet howpsuzlyk, prokuratura işgärlerini, kazyýet agzalaryny, zurnalistleri öldürdýärdi. Eskobaryň terrorçylyk hereketi netijesinde ýurtda jenaýat güýjäp, Kolumbiýa dünýäniň jenaýat merkezine öwrüldi. Ýurtda 1991-nji ýylda 25.100 adam, 1992-njy ýylda 27.100 adam öldürildi. 1991-nji ýylda diňe Madellin şäherinde 7.500 adam gurban boldy. Awtoulaglary partlatmak, adamlary ogurlamak we gynap öldürmek durmuşyň adaty bölegine öwrülipdi.


80-nji ýyllaryň ortalarynda Eskobaryň neşe imperiýasy ýurdy öz gysymyna alypdy. Emma Eskobaryň iň gorkýan zady – ABŞ-a tutulyp berilmek howpy – barha çynyrgaýardy. Kolumbiýada ol türmä basylsa-da, bu il gözüne edilýän oýun ýaly bir zat bolmalydy. Emma ABŞ türmesine düşse ol ymykly, ömürlik oturmalydy, özene-de ol ýerde oňa elpe-şelpelik boljak däldi. ABŞ prezidenti R.Reýganyň edarasy öz ýurduna neşe getirýän kokain söwdasynyň läheňlerine çynlakaý çörňeşdi, olary tutup ABŞ-a bermäge borçlandyrýan şertnama gol çekmäge Kolumbiýa hökümetini mejbur etdi.


Iri neşe täjirlerini ABŞ-a bermek barada Kolumbiýada kanunyň kabul edilmegine garşy Eskobaryň aldym-berdimli göreşi başlandy, çünki şol täjirleriň sanawynyň başynda onuň özi bardy. Bu kanuny goldan köpsanly syýasatçylar, kazylar we žurnalistler barada aýtmanyňda-da häkimiýete gelse şu kanuny durmuşa geçirjekdigini yglan eden prezidentlige dalaşgärleriň üçüsini öldürtdi. Olaryň uçarlaryny partladyp, ýüzlerçe bigünä raýatlaryň ölümine we maýyp galmagyna sebäp boldy. Syýasy jögülikdenem gaýtmady.1985-nji ýylda Eskobaryň küşgürmegi bilen çepçi topalaňçylar Kolumbiýanyň ýokary kazyýetiniň köşgüne çozup, kazylaryň ýarysyny öldürdiler, ABŞ-a iberilmeli jenaýatçylar, şol sanda Eskobar hakynda toplanan resminamalary ýakdylar.


Şeýle ýagdaýlarda hökümet Eskobar bilen geleşik etmäge mejbur boldy. 1991-nji ýylda Kolumbiýa raýatlaryny ABŞ-a bermegi gadagan edýän kanun kabul edilenden soň Eskabor özüne diýseň amatly şertlerde boýun egdi. Oňa sähelçe günä bildirilip, dagyň üstünde öz dizaýny boýunça saldyran “türmesine” – köşk ýaly binada ýerleşdirildi. Ol ýerde suwa düşülýän howuz, jakuzi, sauna, içgi bary, diskoteka zaly, şaglawuk... bardy. Bu ýere onuň ýanyna dost-ýarlary, zenanlar, öz maşgalasy gelip bilýärdi, onuň özi hem islän wagty şähere keýp çekmäge, futbol tomaşalaryna, garaz, islän ýerine gidip-gelýärdi.


Üstesine-de, Eskobar bu ýerdenem öz neşe söwdasyny dolandyrmagy dowam etdirýärdi. Bir gezek ol iki sany ynamdar ýaranynyň özüni söwdada çürkeýändigini eşidip, olary öz “türmesine” getirtdi. Biriniň dyzlaryny buraw bilen deşip, dyrnaklaryny sogrup, hut özi gynady we öldürip, jesedini meýdana taşlatdy, beýlekisi hem şeýdildi. Eskobaryň şolar ýaly “edermenlikleri” mediýa ýaň salandan soň, ýurduň prezidenti ony berkräk düzgünli tussaghana geçirmegi buýurdy. Muny eşiden Eskobar öz kaşaň “türmesinden” gaçdy we şondan soň dünýäniň iň uly jenaýatkäri hökmünde onuň yzyndan hakyky aw başlandy.


Gaçgagy yzarlamaga Kolumbiýanyň polisiýasyndan daşary CIA baştutanlygynda ABŞ-nyň iň saýlama howsuzlyk güýçleri, ýurduň ultra sagçy milletçi ýaragly toparlary, Eskobaryň pidalarynyň garyndaşlary goşuldylar. Bu herekete öň neşe söwdasynda Eskobaryň ýarany, soňra bolsa iň uly bäsdeşi bolan Kali örän işeňňir gatnaşdy. Eskobaryň köpsanly öýleri, kärhanalary weýran edildi, ýüzlerçe ýaranlary, dogan-garyndaşlary öldürildi, söwdasynyň ugry gaçdy.


Ýurduň garyp gatlagy üçin Eskobaryň “Robin God” keşbini oýnandygyny aýdypdyk. Eskobaryň garyplara nebsi agyrandan bolup, olar üçin jaý toplumlaryny salyp berýärdi, ýollary çekýärdi, futbol meýdanlaryny gurýardy, garyplaryň çagalarynyň türgenleşigini üpjün edýärdi (özi ölemen janköýerdi). Eskobaryň esli wagtlap tutdurman gaçyp gezmeginde hem garyp daýhanlaryň oňa duýgudaşlygynyň ähmiýeti bardy. Golaý-goltumda polisiýanyň awtoulagy ýa-da dikuçary peýda bolan dessine Eskobara habar edilýärdi, oňa we ýaranlaryna gizlenmäge ýer berilýärdi. Munuň üçin polisiýa, aýratynam Kaliniň adamlary garyplardan rehimsiz öç alýardylar.


1993-nji ýylyň dekabrynda bir jaýda daşy gabalan Eskobar jaýyň üçeginde polisiýa bilen atyşyp wepat boldy. Eskobaryň gulagyndan giren ajal okuny onuň özüniň goýberendigi ýa-da polisiýa snaýperiniň atanlygy syr bolmagynda galýar.


Eskobaryň jynazasyna 25000 adam ýygnandy. Onuň hatyrasy häzirem ýurda bölünişik salmagyny dowam etdirýär. Ol hakynda daşary ýurtlaryň ýüzlerçesine satylýan filmler döredilýär, aýdymlar aýdylýar, onuň suratlary örän geçginli satylýar. Daşary ýurtlardan hem onuň öýüni, bolan ýerlerini, mazaryny görmäge ýörite syýahata gelýärler. Meşhur sungat işgärleriniň hem Eskobaryň mazaryna gül goýup ýörenleri bar.


Emma Eskobaryň pidalarynyň dogan-garyndaşlary, ýurtda we dünýäde häzirem dowam edýän neşe belasynyň, jenaýatçylygyň garşysynda duran, ýaş nesliň sagdyn geljegi barada alada edýän syýasatçylar, hökümet edaralary we žurnalistler bu taryhy şahsyýetiniň zyýanly täsirine garşy göreşip geldiler we häzirem göreşýärler.

44
352
Relax
10.09.2023 19:50

Hytaýda harby itler öz naharlaryny almak üçin nobata durlar. Bu itler derrew nahar almak üçin hyrlamaýarlar, eýelerine topulmaýarlar,ýanyndaky itler bilen uruşmaýarlar, beýleki adamlara-da topulmaýarlar, şeýle -de bu itlereýelerine gaty wepaly, iýen naharlaryny iş meýdanlarynda artygy bilen ödeýärler. Eger olaryň nobaty ýetse, naharlaryny alyp, bir ýere geçip iyýärler. Bu itleriň eýleki itlerden (we käbir adamlardan) tapawutly tarapy, olaryň diňe taýynlanmagy, öwredilmegi

42
343
Relax
08.09.2023 08:17

Hindistanyň häkimiýetleri ýurduň adyny häzirki döwletiň ýerleşýän ýerleriniň gadymy ady bolan «Bharat» diýip üýtgetmegi meýilleşdirýär. Bu barada «The Economics Times» neşiri habar berýär. «Britanlar Bharaty Hindistan diýip atlandyrdylar. <...> Biziň ýurdumyz müňlerçe ýyl bäri Bharat ady bilen tanalýar... Bu ýurduň gadymy ady, ol gadymy sanskrit tekstlerinde duş gelýär. Hindistan ady kolonial atdy we şonuň üçin gulçulygyň nyşanydy. Hindistan ady konstitusiýadan aýrylmaly» diýip, Hindistanyň parlamentinde belläp geçdiler. Şonuň ýaly, 1935-nji ýylda Persiýa (grek ady) halkara adyny Eýrana (özleriniň tutýan ady) üýtgetdi. Hindistanyň ýaşaýjylary hindi dilinde (resmi dilde) hem öz ýurduny «Bharat» diýip atlandyrýarlar, bu resminamalarda hem görkezilýär. Ýurduň adyny üýtgetmek karary 18 – 22-nji sentýabr aralygynda geçiriljek parlamentiň ýörite mejlisinde kabul edilip bilner.

27
159
Relax
07.09.2023 07:30

Sen diňe umyt et, umyt et...


Düýşleriň agramy bilen açylmagy kyn bolan gözlerimi yene bir täze güne açdym,… “şu gün bir gijä galman, awtobusa ýetişerin” diyip umyt etdim… hemişeki endigie görä, ilki bilen balkonyň gapysyny açdym we tämiz howadan öýkenimi doldurdym… öýden çykanymda, täze dogan günün ilkinji şöhleleri yüzümi sypady. Çalasynlyk bilen duralga tarap ýörap ugradym. Yzy üzülmän geçyän maşynlaryň arasyndan ýoly kesip geçäymek hyllallady.


Maşynlaryň azalmagyna garaşyp, yoluň gyrasynda aýak çekdim. Sary eşikli bir zenan maşgala ýoluň gyrasyny süpürip yördi. Eşigi ünsümi çekdi. Meniň özüne seredyänimden bihabar işi bilen başagaý, asfalt jaýryklarynyň arasyndan çigit gabyklaryny çykarjak bolup, sübsesini gaharly-gaharly bulaýardy. Özüne gönükdirilen bakyşlary duýan borly, işini goydu-da, birdenkä maňa seretdi. Gözüm gözüne düşdi welin, ogurlykda tutulan ýaly boldum. Akja ýaglyk bilen ýüzüni pugta sarapdyr, diňe gür kirpikleriniň arasyndan ýaşajyk gyz maşgalanyň garaja gözleri görnüp dur. Bakyşlary täsindi…hat-da geňdi. Hamana, men oňa degişli bir zadyny elinden alan ýaly gaharly seretdi. Näme üçindir bilemok, bolşumdan utandym. Müýnli ýaly aljyrap ýüzümi sowdum, ayakgabymyň ökjesiniň çykarýan sesinden utandym, üstümden gelýän atyryň ysyndan utandym... umuman, özümden utandym. Şahyryň sözleri ýadyma düşdi: “Käwagt bagtly adam, bagtsyz adamyň ýanynda öz bagtyndanam utanar eken” . Ýüregim awady. Elleri gabarypdyr, sowukdan bolsa gerek, tor-tor bolupdyr. Tomusda günüň aşagynda köp işleýän borly, eşikleriniň gerşi solupdyr. “Allajan, şu bendäňem ryzkyny artdyrawer özüň” diýip içimden gaýybana dileg etdim...

.

Maşynlaryň kerweni geçip gutarandyr diýen umyt bilen çep tarapa seredenim şoldy welin, soňky model akja maşyn tizligini peseltdi-de, deňimize yetende, öňünde oturan geynüwli yaş ýigit boşan içgi gabyny “şunam alaý-da” diýip oklap geçdi. Beýnimde ýyldyrym çakan yaly boldy. Çalt gaharlanýan gylygymyň miwesi bolsa gerek, yzyndan ýetip, şol süwümsiziň ýakasyndan tutup, gaby özüne aldyrasym geldi. Nadan! Gaharyma süňňüm titreýärdi. Ol oglanyň kemsideni az ýaly, men hem zyňylan gaby alyşyna şaýat bolup, beter kemsitmäyin diýip, ýolumy dowam etdim.


Ol gyzdan uzaklaşsam-da, ol baradaky pikir menden uzaklaşanokdy. Ol hem ýaşajyk gyz, onuňam öz arzuw-hyýallary bardyr. Deňi-duşundan kem galasy gelenokdyr. Irden geýinipjik okuwa gidesi gelýändir. Ýüzüni saraman, arkaýyn gezip biljek işinde işläsi gelýändir. Men bolsa biderek zatlar üçin näşükürlik edýärin. “Umyt et, uýam, umyt et. Bagtly geljegiň daşda däldir. Garaňky gije gara garynjany görüp, ryzkyny beren, seni-de unutmaz. Sen diňe umyt et. Eliňden bar zadyňy alsalar hem, umydyňy hiç kim alyp bilmez” diýip içimi gürledip duralga ýetenimi bilmän galdym. Duralga boş. Adam-gara yok. ….


Ufff. Içigaragalmyş, ýene ýetişmedim awtobusa. “bolýa-la, belki başlygyň özi hem giç geler” diýen umyt bilen soňraky gelen awtobusa mündüm-de, boş ýerleriň birine geçip oturdym. Gözüme dolan ýaşlary ýolagçylaryň görmezligi üçin penjireden daşaryny synlaýan kişi boldum. Beynimde “sen diňe umyt et, umyt et” diýen pikir gaýtalanyp durdy. “öňi-soňy hiç kimin hakynyň iýilmejek güni geler bir gün, seňkem essesi bilen berler, uýam” diyip, menem oz ýanymdan umyt etdim… we muňa çyn yürekden ynanýardym. Akmaga taýýar bolup, titreşip duran gözýaşlarym bolsa, hemişekisi ýaly dönüklik edip, ýaňaklarymdan süzüldi…

16
157
Relax
05.09.2023 16:00

Dünýämiz hakda gyzykly faktlar! 


⇢ Ýer şary bowling şaryndan hem tekizdir. Ýer ýüzündäki iň beýik dag we iň çuň çöketligi hem dünýäniň galyňlygynyň 1/5000-ini tutýar.



⇢ Kosmosda taşlanan hapalardan (zibil, musor) her gün ýere bir bölegi düşýär.



⇢ Her gün ýere 100 tonna meteorid tozga halynda düşýär.



⇢ Azon gatlagyndaky emele gelen deşik kiçelýändir. 2012 ýyldaky barlaglar 10 ýyl öňki ululykdaky deşikden kiçelendigini ýüze çykardy.



⇢ Dünýäde öndürilen iň gymmat (çykdaýjyly) zat 150 milýard harajat edilen Halkara Kosmos Menzilidir.



⇢ Dünýäde tapylan iň çydamly jandar bolan Tardigrad wakumly kosmos boşlugynda 10 gün ýaşap bilýär.



⇢ Hytaýyň hapa howasy (fabrika tüsseleri) kosmosdan görünýär, ýöne Hytaý diwary kosmosdan görünmeýär.



⇢ Bir gün 24 sagat däldir. 23 sagat 56 minut 4 sekuntdyr.



⇢ Ýer şarynyň daşyndan 22.000 emeli hemra (sputnik) aýlanýar. Olaryň diňe 5%-i işjeň ýagdaýda. 8%-niň ýagy gutaran, 87%-iniň işjeňligi bozulan.

51
639
Relax
05.09.2023 12:44
Hindilen Aýa gonduran modyly aslynda 😅
#meñzeşmi
16
138
Relax
05.09.2023 09:20


Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messiniň Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyndan soňra dünýä kubogyny öpen pursatyndaky suraty ýylyň iň gowy suraty saýlandy.


Bu suraty ispan suratçysy Hesus Alwares Oriela surata düşürdi. Onuň bu pursaty elden bermän düşüren suraty ýylyň iň gowy sport suraty hökmünde saýlanypalyndy. “Altyn pökgi” baýragyny 7 gezek eýelän Lionel Messi özüniň arzuwynyň amala aşan pursatlarynda dünýä kubogynyň deňinden geçip barýan wagty düşen sratlary bilen hem meşhurlyk gazandy.


Geçen ýylyň dekabr aýynda Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň finalynda Argentina Fransiýany ýeňip çempion bolupdy. Bu çempionlyk Messiniň futbol dünýäsiniň arzuwynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.


Argentin futbolçysy üçin bu pursatlar ýatdan çykmajak pursatlara öwrülip, ol birnäçe gezek dünýä çempionatlaryna yzygiderli gatnaşyp gelip, ahyrsoňy arzyly kubogyň eýesi bolupdy

7
784
Relax
05.09.2023 09:09

- Meni tanadyňmy?

- Ýok.

- Hawala, meni tanamarsyň, sebäbi meniň ýaly müňlerçe adamlara seniň bergiň bara..

- O nähili bergi?

- Men saňa ýatladaýyn, ol wagtlar sen Döwlet Ýol Gözegçilik gullugynda işleýärdiň. Men maşynly gelýärkäm sen meni saklap kanuny bozandygymy aýtdyň, aslynda emma men bozmadym we jerimänem köp ýazmak islediň. Men şonda azrak ýazaý diýemde sen...

- jerimäň ýarsyny elime beräý...diýipdiň.

- Hä-häää çala ýadyma düşdi, bagyşla dost, iş-dä näme edeýin...

- Seniň şeýle etmekligiň bilen sen maňa bergili bolduň...

- Näme üçin?

- Sebäbi sen meni aldadyň, ýene jerimäni köp ýazmaklygyň maksady menden para almakdy we hileligiň bilen maksadyňa ýetdiň hem maňa para bermäge mejbur etdiň.

- Bagyşla meni bagyşla, ýogsa ýakarlar meni.

- Bolýa bagyşlaýyn, ýöne bir soragym bar. Sen şol puly näme etdiň?

- Dogrymy aýdaýyn, çagalaryma eşik aldym...

- Menem şol pullara çagalaryma eşik almaga barýardym.

- Meni bagyşla?!

- Şeýtmek bilen öz çagalaryňa haram iýdirip, haram geýdirdiň, indi olar hem senden algyly, sen bolsaň bergili. Meniň yzymdan çagalaryň hem geler, olar hem seniň günäňi geçsinler-dä. Geçmeseler waý halyňa!!!


Kesbiň haramlyk bolsa,

Galdyň weýran içinde.

©Pyragy

24
146
Relax
04.09.2023 23:10

0-njy ýanwarda dogulmak; 31-nji fewralda aradan çykmak;

0-njy mart, 0-njy ýanwar, 30-njy fewral we 31-nji fewral. Bular taryhdaky günler. Emma nädip beýle?

Taryhdaky täsin günler sözüni ilkinji gezek eşideniňizde, bellenilýän geň günler hakda pikir edip bilersiňiz. Ýöne  aýtjak zadym, ozal bar bolan, ýöne, indi ýitip giden ýa-da  onuň barlygyndan bihabar günlerimiz barada.

 

Mysal üçin, 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän güni eşitdiňizmi? 30-njy fewral ýa-da 31-nji fewral hakynda eşitdiňizmi?

 

Käbir ýurtlar bu seneleri taryhda dürli sebäplere görä ulandylar. Onda näme üçin soň ýitdiler? Mysal üçin, näme üçin häzirki wagtda 31-nji fewral güni ýok? Olaryň hersiniň başga sebäbi bar ...

 

Düşündirişi ilki fewral aýyndan başlalyň. Adatça fewral aýynyň 28 gündigini we her 4 ýyldan bir gezek 29 gün bolýandygyny bilýäris. Şeýle-de bolsa, taryhda bir wagtlar 30-njy fewral we 31-nji fewral bolupdyr.

30-njy fewral gününi Şwesiýa we Finlýandiýa ulanypdylar. Senenamany tertiplemek maksady bilen 30-njy fewraly kabul etdiler.

Günbatar ýurtlary miladydan öňki 46-njy ýylda Julius Sezar tarapyndan kabul edilen Julian senenamasyny 16-njy asyra çenli ulandy. Emma, Julian senenamasyndaky kiçi ýalňyşlyk ýüze çykarylany sebäpli, Günbatar ýurtlary 13-nji Rim Papasynyň döreden komissiýasy tarapandan taýýarlanan Gregorian senenamasyna (milady senenamasy) geçdiler. 

 Beýleki tarapdan Şwesiýa we Finlýandiýa (Finlýandiýa şol wagt Şwesiýanyň çägine girýän sebitdi), Julian senenamasyny 1700-nji ýyldan başlamagy we Gregorian senenamasyna geçmegi bolsa, öňdäki kyrk ýylyň içinde amala aşyrmagy meýilleşdirdi. Emma Şwesiýa üçin  1700-nji ýyla derek 1704-nji we 1708-nji ýyl boldy. Bu ýagdaý, Şwesiýa senenamasynyň Julian senenamasy bilen deňeşdirilende 10 gün yza galmagyna sebäp boldy. 

 Bu bulaşyklygy aýyrmak üçin 1712-nji ýylda iki gün senenama goşuldy Şeýlelikde, 30-njy fewralda ýüze çykdy. Şwesiýa Gregorian senenamasyna geçmegi 1753-nji ýylda tamamlady.

 

Şeýle-de bolsa, 30-njy fewraly gün hökmünde kabul eden diňe şwesiýalylar däldi. Bir wagtlar ähli aýlary deň hasaplaýan Sowet Soýuzy hem 30-njy fewraly gün hökmünde ulanýardy.

 

Sowet Soýuzynda 1929-1932-nji ýyllar aralygyndaky aýlaryň hemmesi 30 gündi. Mundan başga-da, galan bäş-alty gün hiç bir aýa degişli däldi we dynç alyş güni hasaplanýardy. Şeýlelik bilen Sowet Soýuzy 1930-njy we 1931-nji ýyllarda 30-njy fewralyny ulandy. Emma bu ynkylap senenamasy, 1932-nji ýylda gaýtadan öňki kadaly ýagdaýyna geldi.

 

30-njy fewral, azajyk hem bolsa düşünip biljek günümiz. Ýöne 31-nji fewrala degişli bolan täsin zat, bu, diňe bir aýalyň mazar daşyna ýazylmagydy.

Gregorian senenamasynyň hyýaly güni bolan 31-nji fewral, Kristiana Haag atly aýalyň mazar daşyna ýazylmagydy. Mundan başga, hiç bir çeşmede 31-nji fewral hakda maglumat ýok.

Onda size bir aýyň 0-njy güni hakynda aýdylsa näme pikir edersiňiz? Geň görýäňiz, şeýle dälmi? Mysal üçin, taryhyň täsin seneleriniň arasynda 0-njy ýanwar we 0-njy mart diýilýän iki aýry gün hem bar. 

 

Bulardan 0-njy ýanwary 31-nji dekabra alternatiw at diýip pikir edip bileris.

Mysal üçin, sanly ulgamda wagty ýazmaga mümkinçilik berýän döwür 1900-nji ýylyň 0-njy ýanwaryndan başlaýar. Şeýle hem, 0-njy ýanwarda asman jisimleriniň şol pursatdaky hereketlerini takyk hasaplamak üçin ulanylandygyny hem belläliň

 

0-njy mart hem 0-njy ýanwar ýaly hyýaly sene. Käwagt astronomlar fewral aýynyň soňky güni bilen manydaş 0-njy marty ulanýarlar

©NHanow

7
1 569
Relax
04.09.2023 22:49

Durmuşymyz esasy dörde aýrylýar: 12-25 ýaşlar arasy, 25-40 arasy, 40-55 arasy we 55-den aňarsy. ILki bilen 12-25 ýaşlar arasy esasy ädim ätmek döwrüdir. Durmuşyňyzy esasy şu döwürde gurarsyňyz. 25-40 arasynda durmuşa

garyşýaňyz, söz sözläp başlarsyňyz. 40-55 arasy kämillikdir, hökmürowan bolmak döwrüdir. 55 we aňyrsy bolsa dynç almak wagtydyr. Bu ýaşlarda kän bir zat etmersiň, täze zatlar

ýüze çykarmarsyňyz, esasan gaýtalarsynyz. Bu döwrüni ýaşaýanlaryň arasynda, azam bolsa eser berýäne gabat geliner. Ine hemmämiz şu

döwürlerden geçeris, sebäbi biz şu döwürlerde edenlerimiz bilen şekillenýäris. 12-25 ýaşlar

arasy aslynda hemme zatdyr. Yatkeşlik

we beden saglygynyň iň ýerinde bolan bu döwründe hem okap öwrenmek hem sport bilen meşgullanmak hem-de pursatlary gollamak we töweregi synlamak gerek. Bu işler şu ýaşlarda mümkündir. Diýmek ynsan, ilki bilen ömrüniň haýsy döwründe näme etjegini gaty gowy bilmelidir.



©Ilber Ortaýly

31
225