Relax
08.09.2023 08:17

Hindistanyň häkimiýetleri ýurduň adyny häzirki döwletiň ýerleşýän ýerleriniň gadymy ady bolan «Bharat» diýip üýtgetmegi meýilleşdirýär. Bu barada «The Economics Times» neşiri habar berýär. «Britanlar Bharaty Hindistan diýip atlandyrdylar. <...> Biziň ýurdumyz müňlerçe ýyl bäri Bharat ady bilen tanalýar... Bu ýurduň gadymy ady, ol gadymy sanskrit tekstlerinde duş gelýär. Hindistan ady kolonial atdy we şonuň üçin gulçulygyň nyşanydy. Hindistan ady konstitusiýadan aýrylmaly» diýip, Hindistanyň parlamentinde belläp geçdiler. Şonuň ýaly, 1935-nji ýylda Persiýa (grek ady) halkara adyny Eýrana (özleriniň tutýan ady) üýtgetdi. Hindistanyň ýaşaýjylary hindi dilinde (resmi dilde) hem öz ýurduny «Bharat» diýip atlandyrýarlar, bu resminamalarda hem görkezilýär. Ýurduň adyny üýtgetmek karary 18 – 22-nji sentýabr aralygynda geçiriljek parlamentiň ýörite mejlisinde kabul edilip bilner.

27
159
olia
8 Sentýabr 2023
@Bitter, Turkiyede uytgetda. BMG tarapyndanam tassyklandy. On inlisce Turkeydy indi Turkiye etdiler birki yyllykda
lord
7 Sentýabr 2023
Gruzinler özlerini Sakartweli diýýärler, döwlet dili kartwel (gruzin dili). Şolar resmi yglan etdiler ýakynda öz dillerindäki ady. Soňam Ýewrosoýüza dalaşgärdiklerini bildirdiler. Onsaň öň Konga Demokratik respublikasy öňki Zair adyny aýyrdy.
lord
7 Sentýabr 2023
Resmi yagdaýda şeyle-de Bharat diyyarler hindileriň özleri oz watanyna. Şu wagta çenli köp dowlet üýtgetdi atlaryny. 91de bizem üytgedenleriň biridik.
reli
7 Sentýabr 2023
Gowy bharat kino diymelimi ady belli hindistan önki ady gowy myka diyan
Relax
7 Sentýabr 2023
@Bitter, sps
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.