Relax
13.10.2023 11:22

Hytaýlylaryň bambuk agajyny nädip ösdürip ýetişdirýändiklerini bilýärsiňizmi?


Ilki, agajyň tohumyny ekýärler, suwarýarlar we dökünleýärler.


Birinji ýyl tohumda hiç hili üýtgeşme bolmaýar. Soňra, tohum täzeden suwarylýar-da, ýene dökünlenýär. Bambuk agajy ikinji ýyl hem ýerden dömüp çykmaýar. Üçünji we dördünji ýyl diýlende, her ýylky iş gaýtalanyp, bambuk agajynyň tohumyna ýene suw hem dökün berilýär. Emma tohum şonda-da şinelemeýär.


Hytaýlylar uly sabyr bilen bäşinji ýylam bambuga suwdur dökün bermegi dowam etdirýärler. Ahyrsoňy, bäşinji ýyl tamamlanyberende, bambuk agajy gögerip ugraýar, alty hepde ýaly gysga wagtyň dowamynda-da takmynan 27 metr boý alýar.


Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar: Bambuk agajynyň boýy 27 metre alty hepdede ýetýärmi ýa-da bäş ýyldamy?


Soragyň jogaby, elbetde, bäş ýylda. Uly sabyr bilen, irmän-ýadaman, tohum bäş ýyllap suwarylyp dökünlenmedik bolsady, agaç ulalmazdy, hatda ondan nam-nyşan hem bolmazdy.


Üstünligiň örän aňsat formulasy bar:


-Zähmet çekmeli.

-Sabyr etmeli.

-Hemişe ynamly bolmaly.

-Hiç haçan yza tesmeli däl.

24
72
Relax
12.10.2023 21:06
Dünýäni dolandyrýaanlaryň taryhy 2-nji bölüm:

Sosial synplaryň emele gelmegi
Yşyk saçýanlaryň dünýäni eýelemek plany üstünlikli amala aşyryldy. Emma olara erk etmek üçin has köp zat gerekdi. Şoňa görä-de, olar sosial synplary döretdiler. Pul indi häkimiýetiň we bölünişik guralynyň alamatyna öwrülipdi. Adamlar baý we garyplara bölündi.

Yşyk saçýanlar bu täze tertipde baýlaryň iň ýokary derejä ýetmegini üpjün etdiler. Baýlar indi bu gizlin guramanyň oýnatgylarydy. Olar hökümdarlarynyň buýruklaryny ýerine ýetirip, dünýäniň galan bölegine garşy häkimiýetiň görkezilişini döretdi.

Şol wagt Yşyk saçýanlar bilimli adamlary öz tarapyna goşdylar. Alymlar, pelsepeçiler, suratkeşler we beýlekiler jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol oýnadylar. Emma Yşyk saçýanlar olary öz bähbidi üçin ulanmagy ýüregine düwdüler. Olar gizlin guramanyň maksatlaryny goldaýan pikirleri ýaýratmaga mejbur boldular. Şeýlelikde, jemgyýetler baradaky pikirler we garaýyşlar has-da gözegçilik astyna alyndy.

Bilim ulgamyda gözegçilik astyna alyndy. Indi bolsa alymlar tankydy düşünmegiň we öz kararlaryny kabul deregine, olary belli bir sistemaň içinde oýlanmaga we hereket etmäge mejbur edýärdi. Bilimiň bu täze ulgamy, Yşyk saçýanlaryň ýalanlary esasynda jemgyýetleriň umumy düşünjesine we pikirine täsirini ýetirdi.

Emma Yşyk saçýanlar ýeke däldi. Olar bilen hyzmatdaşlyk edýän we dünýäni paýlaşýan başga gizlin guramalar hem bardy. Olaryň iň esasysy Illýuminatiler we masonlardy.

Illýuminati XVIII asyrda ýüze çykyp tiz wagtda dünýäniň iň güýçli we täsirli gizlin guramalarynyň birine öwrüldi. Olaryň arasynda dünýä tertibine gözegçilik edýän baý we güýçli adamlar hem bardy. Illýuminatiniň maksady dünýäni doly basyp almak, 'Täze Dünýä Tertibini' döretmekdi.

Emma Masonlar bolsa has irki taryhlardan bäri bardy. Olaryň gadymy Müsüre daýanýan taryhy olary beýleki gizlin guramalardan tapawutlandyrdy. Dünýä agalyk etmek üçin, erkinlik bilimini we nyşanlaryny ulanypdyrlar. Şeýle hem onuň jemgyýetçilik we syýasy gurluşlary şekillendirip bilmek üçin möhüm wezipeleri ýerine ýetiren agzalary köpdi.

Bu gizlin guramalar dünýäni gizlin dolandyrýarlar we bütin jemgyýetleri öz bähbitlerine hyzmat etmek üçin ulanýarlar. Ýer ýüzündäki ähli zatlar olaryň golastynda, her bir adamyň ykbaly bu gizlin guramalaryň elinde şekillendirilýär.
24
143
Relax
12.10.2023 17:16
ERKEK DEK BOLGUN...

Erkek, erkek dek bolgun, ýok, gurjak dek bolmagyn
Ykbalyň elindäki, oýunjak deý bolmagyn.

Ykbal itiniň sesi, täsir etmez mertlere,
Boýun egme takdyra, Kaddyň diňläp mert ýöre.

Erkek, erkek dek bolgun, kowalaşma boş söze
Ähli demosfenlardan, ýegdir birje iş bize.

Gur sen, ur sen, pytrat sen, duşmanyňy utup git,
Ähli işiň bitirde, tüweleý deý ýitip git.

Erkek, erkek dek bolgun, hakykata maýyl bol,
Dogry zadyň ugrunda, jan bermäne taýyn bol.

Ynamdan döneniňden, ömrüňden dönen ýagşy
Binamys ýananyňdan, namysly sönen ýagşy.

Erkek, erkek dek bolgun, zat üçin söwda etme
Baýlyk gazanmak üçin, erkiňi pida etme.

Bütin ömrüň boýuňa, şu öwüt häkim bolsun:
Egniň haltaly bolsada, eliňde erkiň bolsun.

Erkek, erkek dek bolgun, göreşden etme heder
Şeýdip bilseň, ne duşman, ne takdyr zyýan eder.

Diňe ýöräp ýörkäň däl, ýatyrkaňda erkek bol
Ýykylsaňda bükülme, tupan ýykan dum dek bol.

Şandor PETÝOFI.

Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW
22
72
Relax
11.10.2023 22:10
Dünýäni dolandyrýanlaryň taryhy: Pul (#1)

Bir wagtlar ýer ýüzünde tire–taýpalar, jemagatlar, milletler bolupdyr. Adamlar bilelikde ýaşaýardylar we işleýärdi, bilelikde öz jemgyýetleri üçin zerur bolan ähli zady öndürýärdi. Şol döwürlerde pul diýen zat ýokdy. Adamlar öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin tebigatdan gerek zatlaryny göni alýardylar. Olar awa awlardylar, gerek zatlarny tebigatdan ýygnapdyrlar, ekipdirler we öz zerurlyklaryna görä orupdyrlar. Bu jemagatlaryň arasynda gatnaşyklar paýlamak we alyş-çalyş etmek arkaly amala aşyrylýardy.

Dünýäni dolandyrýanlar bu ýagdaýy synlap, mümkinçilik gördüler. Olar "pul" diýen zady oýlap tapdylar. Pul ilki bu adamlaryň elinde gural bolup göründi. Ilkibada, köp adamlar puly tygşytly ulanmagyň gowy taraplaryna göz ýetirýärdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen pul dünýäniň ähli syrlaryna we güýjüne gözegçilik edýän gurala öwrüldi.

Bu dünýäniň dolandyryjylary tehnologiýany öz hyzmatyna goýup, adamlary has köp gözegçilik astyna alyp başladylar. Ilkibada, elektrik energiýasy tebigatyň bir bölegi hökmünde atmosferadan mugt alyp bolýan elektrik çeşmesi bolupdyr. Emma bu dünýäniň dolandyryjylary elektrik energiýasyna gözegçilik edip, ony girdeji çeşmesine öwürmegi başardylar. Munuň üçin olar elektrik energiýasyny paýlamak üçin kabelli sistemasyny oýlap tapdylar we birden elektrik ulgamy hem tölegli boldy.

Dünýäni dolandyryjylar özlerini "Yşyk saçýanlar" diýip atlandyrdylar. Ilkibaşda olar Nikola Teslanyň atmosferadan mugt elektrik energiýasyny almak baradaky işlerini bilen gyzyklandy. Emma bu pikir Yşyk saçýanlaryň maksatlaryna ters gelýärdi. Netijede, Teslanyň işine gizlin päsgel berip, oňa gözegçilik etdiler. Elektrik energiýasyny kabeller arkaly paýlap başladylar, şeýdip olar üçin täze girdeji çeşmesine öwrüldi. Bu işde olara Tomas Edisonyň kömegi has uly boldy.

Şol bir wagtyň özünde lukmançylyk ulgamynda hem düýpli özgerişler bolup geçdi. Näsaglary derňäp, tebigatdan alnan ösümlikler bilen derman ýasan lukmanlar uly farmasewtika kärhanalaryna degişli lukmanlar bilen çalşyryldy. Bu firmalary eýelemek bilen Yşyk saçýanlar adamlaryň saglygynyň üstünden gözegçiligi ýola goýmagy başardylar.

Emma bu ýagdaýlar aýzbergiň diňe ujy bolup durýar. Yşyk saçýanlar adamlaryň aňyna erk etmegi planlaşdyrýarlar. Olar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim we maglumat tehnologiýalary arkaly jemgyýetleriň garaýşyny we pikirlerini şekillendirdiler. Muňa dildüwşük teoriýasynda «Beýni ýuwmak» diýilýär.

Şonuň üçin şu günler dünýä agalyk etmek sanlyja adamyň elinde jemlenýär. Hemme zadyň bahasy bar, şol bahany kesgitlänler Yşyk saçýanlardyr. Olaryň gizlin ulgamlary we meýilnamalary bütin dünýä ýaýraýar we biziň durmuşymyzy adamlaryň köpüsiniň bilmeýän ýoly bilen manipulirleýär. Dildüwşük teoriýasy bu hakykaty ýüze çykarmaga çalyşýar, emma olaryň sesi köplenç köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sesi bilen ýitýär.

Dowamy bar...

©Khanture
25
269
Relax
09.10.2023 11:32

1. Kim başga birinde gören aýbyny geň görse, özi hem şol aýba duçar bolman ölmez.


Hz.Muhammed (SAW)





2. Nadanyň ýanynda kitap ýaly sessiz bol.


Möwlana




3. Haýra niýet eden wagtyň howlugyň tä şeýtan seni aldap ol niýetiňden döndürmesin.


Hz.Aly




4. Günäler garşysynda özüňe erk edip çydamak, käwagt ýüzlerçe rekat namaz okamakdan has sogaplydyr.


M.Fethullah Gülen




5. Her bir eşiden zadyny aýtmagy, kişiniň günä gazanmagy üçin ýeterlikdir.


Hz.Muhammed (SAW)




6. Akylly adam, bütin ýumurtgalaryny bir sebetde goýmaz.


Cervantes




7. Iň çalt kabul edilen doga bir musulmanyň başga bir musulman hakynda eden gaýybana dogasydyr.


Hz.Muhammed (SAW)




8. Yigit söweşde, dost dertde, agras adam gaharda belli bolar.


Arap Atasözi




9. Garaňky gijelerde metjide gitmäge dowam edenleri kyýamat güni doly ýagtylyk bilen buşlaň.


Hz.Muhammed (SAW)





10. Mekirlik akyllylyk däldir.


Euripidies




11. Çagaňy özüň üçin söý, ymmat üçin ýetişdir.


Ebu Hanife




12. Köp gülmäň, çünki köp gülmek kalby öldürýär.


Hz.Muhammed (SAW)




13. Allah bilen bolsaň ölüm hem, ömür hem hoşdur.


Möwlana




14. Aňsatlaşdyryň, kynlaşdyrmaň! Söýdüriň, ýigrenç döretmäň.


Hz.Muhammed (SAW)




15. Kakaňa hormat goý, ogluňam saňa hormat goýsun.


Hz.Aly




16. Sadakasyny gizlin beren adam, Rebbiniň oňa garşy ähtimal gazap oduny söndürer.


Hz.Muhammed (SAW)




17. Mekirlik her işe ýarar, emma hiç bir iş üçin ýeterlik däldir.


Amiel




18. Gün geldi aglan günlerime agladym.


Hz.Ebu Bekir




19. Gülüň dikeni bar diýip gynanjak ýerimizde, dikeniň güli bar diýip begeneliň.


Goethe




20. Özüň üçin arzuw edýän zadyňy beýlekiler üçin hem dile-de musulmanlygyň tamamlansyn.


Hz.Muhammed(SAW)




21. Söýgide gün ýaly bol, Dostlukda akar suw ýaly bol, Ýalňyşlary örtmekde gije ýaly bol, Pespällikde toprak ýaly bol, Gahar gazapda öli ýaly bol, Näme bolsaň bol, ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol! .


Möwlana





22. Çagalaryňyzyň ertir söz eýesi bolmagyny isleýän bolsaňyz olara kitap sowgat ediň..


Hz.Aly



23. Jennetiň merkezine tagtyny gurmak isleýän, jemagata berk ýapyşsyn.


Hz.Muhammed (SAW)




24. Özüne göwni ýetýän adam Allaha daýanma duýgusyny ýalňyş ýerde ulanýar diýmekdir, mümin Allaha ynanyp diňe oňa daýanmaly.


Hz.Aly




25. Allanyň gahar etmeýänligini görüp aýnama, Möhlet berýänligini pikir et we gork!.


Anonim





26. Ýönekeý bir adamyň elinden gelenini etmegi, zehinli biriniň ýaltalygyndan has gymmatlydyr.


Baltasar Bracias





27. Niçeme ajaýyp ukyply adamlar, çekinjeňlik sebäpli ýitip gidendir..


Muhammet Bozdag




28. Tygşytly bolan garyp bolmaz, maslahat eden hem puşman bolmaz.


Hz.Muhammed (SAW)





29. Wagtlaryň iň gowusy bolan ýaşlyk çagyny, amallaryň iň haýyrlysy bilen geçirmelidir..


Hz.Aly




30. Adamlaryň jepasyna sabyr edip olaryň arasynda bolan mömin, olardan aýry durup jepasyna çydap bilmeýän adamdan has köp sogap gazanar..


Hz.Muhammed (SAW)




31. Nadanyň nadanlygyny subut etmek aňsat, ýöne oňa boýun aldyrmak kyndyr..


Hz.Aly




32. Sen tohum at-da git, hasyly kim alsa şol alsyn.


***



33. Bilimli Nesil, Kuwwatly Watan.


Türkmenbaşy




34. Köp ýalan sözleýäniň edýän kasamy hem köp bolar.


Alfieri




35. Köp güleniň hormaty gaçar.


Hz.Aly




36. Magtymguly namyradam,


Iller hoşdur, men näşadam,


Söz manysyn almaz adam,


Bir guýruksyz ite meňzär.


Magtymguly Pyragy




37. Kyýamat güni meniň şepagatyma laýyk boljaklar, maňa iň köp salawat getirenlerdir.


Hz.Muhammed (SAW)




38. Ýaman endikleri taşlamak iň gowy ybadatdyr.


Hz.Aly




39. Bütin haýyrlaryň açary pespällik, bütin şerleriň açary hem ulumsylykdyr.


Ýusuf b. Hüseýin




40. Çaganyň haýyrsyzy bolmaz, Allah haýyrly ene-ata bersin.


Hekimolgu Ismaýyl




41. Geler bir bir, gider bir bir, galar bir, Gelen gider, giden gelmez bu bir syr.


Anonim




42. Allanyň gatynda dogadan has gymmatly zat ýokdyr.


Hz.Muhammed (SAW)




43. Pul garyplygy ýok eder, bagtsyzlygy däl, nahar garny doýurar, ruhy däl.


Bernard Show



44. Gybat duşmançylyk besleýänleriň, görüpleriň we dikdüşdileriň iň köp ulanýan biderek ýaragydyr..


Said Nursi




45. Jemagat bilen bile boluň, we dawa jenjelden uzak duruň. Ýadyňyzdan çykarmaň, şeýtan ýeke özi hereket edýänleri boş goýmaz.


Hz.Muhammed (SAW)




Syryñy özüñden başgasyna aýtma


Her syrdaşyñ başga bir syrdaşy bardyr



Hezreti Aly




Etjek bolýan haýyrly işleriňi ertire goýma, görersiň welin, ertir bolar, sen bolmarsyň.



Hezreti Aly (r.a.)



Her gün şol bir eşikde daşary çykmaga utanýan adamlar näme üçindir her gün şol bir düşünjede köçä çykmaga utanmaýarlarka!?


Fahrian Berotti





Hudaý bize kynçylyklary, bizi synamaklyk üçin ugradýar, nalamaklyk üçin däl.




Bir zatlara güýmeniň, ýer dyrmalaň, ýöne boş bolmaň. Işsizlik ynsany hemme zatdan beter zaýalaýandyr.




Daşky owadanlyk tanyşmak üçin gerek. Ýaşaşmak üçin kelle gerek. Adamçylyk gerek.



Esasy zat bilimiň köp bolmagy däl, onuň hiliniň ýol bolmagy möhümdir. Çünki köp bilibem, iň esasy zady bilmän bilersiň.


L.Tolstoý




Esasy zat, öz-özüňizi aldamaň.



-F. M. DOÝTOÝEWSKIÝ-

38
262
Relax
08.10.2023 18:42

1. Ýalňyzlyk duýgusy adamyň immunitetini gowşadýar




2. Ömrüň ahyryna çenli adam ortaça 150 trillion bit maglumatlary ýatda saklaýar.




3. Her gün 3000-den gowrak pikir kelläňize girýär




4. Adam gözüniň diňe 8 megapiksel kamerasy bolan “iPhone 5” bilen deňeşdirilende takmynan 576 megapiksel bar.




5. Düýş göreniňizde bedeniňiz ysmaz




6. Agyzda günde takmynan 1,4-1,5 litr tüýkülik öndürilýär




7. Göwräniň ylmy ady göbekdir




8. Bedende iň güýçli myşsa dil




9. Iki milliondan bir adamyň 116 ýaşamaga mümkinçiligi bar




10. Kelläňizi diwara urmak sagatda 150 kaloriýa ýakyp biler.



11. Adam näçe bilimli bolsa, şonça-da erotik arzuwlar bolýar.




12. Adam böwregi 1 000 000-den gowrak mikroskopik turbalardan durýar. Bu turbalaryň umumy aralygy (2 buddan) 65 km




13. Dört aýlyk adam düwünçegi, el çyrasyny ejesiniň garnyna gönükdirilende çişýär we yzyna öwrülýär




14. Ýer ýüzündäki adamlardan has köp janly organizm bir adamyň bedeninde ýaşaýar.




15. Siziň gülkiňiz ömrüňizi uzaldýar.




16. Öpüşmek, aşyklar iň soňky maglumatlara görä immuniteti ýokarlandyrýan maddalar toplumyny (ýaglar, duzlar, beloklar) geçirýärler.




17. Dünýäde başga bir dilde dyzyň arkasy üçin söz ýok




18. Dünýädäki ähli adamlar üçin 15 gram adrenalin ýeterlikdir




19. 60 ýaşa çenli adamlaryň köpüsi tagamynyň ýarysyny ýitirdi.




20. Günde bir paçkA çilim çekýän adam ýylda ýarym käse çilim içýär.



21. 2002-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda 30 sagat 59 minut 27 sekunt dowam eden iň uzyn öpüş bäsleşiginde Amerikalylar Luiza Almodowar we Baý Langli ýeňiji boldular.





22. Gadymy müsürliler söýgüli pişigi ölende ýas alamaty hökmünde gaşlaryny syrdylar.




23. Çekiş kanunyny açan jenap Isak Nýuton hem pişikler üçin gapyny oýlap tapdy.




24. Dem alýan howada kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy 0,32% -e ýetende, ysmaz we huşuň ýitmegi ýüze çykýar we 0,45% -de ölüm bolýar




25. Erkekler aýallardan üç esse köp öz janyna kast edýärler. Şeýle-de bolsa, aýallar erkeklere garanyňda üç esse köp öz janyna kast etmäge synanyşýarlar.




26. Her gezek dyrnagyňyzy keseniňizde agyry duýjakdygyňyzy göz öňüne getiriň. Emma dyrnaklaryňyzy dişlemek, kesmek ýa-da diňe döwmek muny duýmaýar. Sebäbi dyrnaklar öli öýjüklerden durýar.

37
574
Relax
06.10.2023 17:33

Adamlar hakda faktlar 2 -




◽. Ömrüň dowamynda adam derisi takmynan 1000 gezek çalşylýar.



◽. Adamyň gözi temperaturany duýmaýar



◽. "Bagt bilen aglamak" aslynda mümkin däl



◽. Pallamak beýniniň oýanmagyna kömek edýär. Pallamak köplenç ukynyň ýetmezçiligi we içgysgynçlyk bilen baglanyşykly, ýöne aslynda adama oýanmaga kömek edýär. Pallama wagtynda öýken has köp kislorod almaga mümkinçilik berýän şemal turbasy giňelýär, soň bolsa gana geçýär we bizi has hüşgär edýär.



◽. Muny eşitmek gaty gülkünç, ýöne beýni sorup bilýär we sözüň her manysynda ýagny, beýni yzygiderli türgenleşdirilse, adamyň myşsalary ýaly öser. Iň agyr aýal beýniniň agramy 1565 gram, iň agyr erkek beýniniň agramy 2049 gr



◽. Dünýädäki her ýedinji adam hytaýly, dünýädäki her bäşinji adam däli. Biz hytaýlylaryň we psihleriň höküm sürýän dünýäsinde ýaşaýarys!



◽. Deride düwürtikleriň bolmagy adam bedeninde fotoprotektiki pigment bolan melanin derejesini peseldjekdigini aňladýar. Şeýle deri ultramelewşe şöhlelerine sezewar bolýar. Düwürtikler köplenç ýetginjeklikde ýüze çykýar we 30 ýaşyna çenli düýbünden ýok bolup biler





◽. Göwreliligiň 29-njy hepdesinde aýalyň gany iki esse köpelýär. Ýürek, böwrek we öýken iki esse agyr işläp başlaýar



◽. Esasy söýgi garyndysy şerap dälde nar suwydyr. Alymlar gormonal derejämize täsir edýän, söýgi, höwes, isleg döredýän iň köp witaminleri we maddalary öz içine alýan nardygyny tassykladylar.



◽. Erkeklerde, söýgi döwründe, görüş üçin jogapkär beýni korteksiniň meýdany has işjeňleşýär. Şonuň üçin erkekleriň gözleri bilen söýýändikleri hiç zat däl. Aýallarda ýat bilen baglanyşykly zona has işjeň bolýar: instinkt birnäçe hepdäniň dowamynda ýoldaşyň özüni alyp barşyny ýada salýar we oňat we zyýanly taraplaryny dogry ölçemek üçin alnan maglumatlary seljerýär. Netijede, aýallar romanyň birinji tapgyrynyň ähli maglumatlaryn has gowy ýatlaýarlar.



◽ Aýallarda göwreli bolansoň, bogun agyrylary hemişe diýen ýaly ýok bolýar. sebäbini hiç kim bilenok)



◽. Amerikaly gyz Bruk Greenberg, 1993-nji ýylda doglan, fiziki we akyl parametrleri taýdan henizem bäbek. Boýy - 76 sm, agramy - 7 kg, dişleri - süýt. Lukmançylyk synaglary onuň genlerinde garramaga jogap berýän mutasiýa ýokdugyny görkezdi



◽. Bir çilim 5 minut ömri alýar!



◽. Uly adamyň bedeninde bir dyrnak ýasamak üçin ýeterlik demir bar.



◽. Dört sagadyň dowamynda kyrk käse kofe içmegi başarsaňyz, ölmegiňiz gaty ähtimal.



◽. Biziň eramyzyň birinji asyrynda dünýäde bary-ýogy 200 million adam bardy. Häzirki wagtda 6,8 milliard adam



◽. 2008-nji ýylda Muhammet ady Londonda täze doglan oglanlar üçin iň meşhur ada öwrüldi. Umuman aýdanyňda, Muhammet häzirki döwürde dünýäde iň ýaýran at.



◽. Adam düwünçekleriniň hemmesi başda aýal içki organlary bolan aýaldyr, ýöne alty hepdeden soň, çaga oglan bolsa, hromosomasyndaky genler düwünçejigiň köpeliş organlarynyň ösmegine sebäp bolýar. Enäniň gormonlarynyň deňagramlylygynda nädogry bir zat bar bolsa, çaganyň jyns agzalary doly ösmeýär we düşnüksiz bolup bilýär. Mysal üçin, çaga gyzyna testosteron aşa köp bolýar we jyns agzalary erkek bolýar, ýöne genetiki taýdan aýal. Fiziki taýdan - oglan, genetiki taýdan - gyz.



◽. Adamlarda kelläniň gündelik ösmegi 0,5-0,7 mm, sakgal 0,6-0,8 mm.



◽. Aýallar erkeklere garanyňda takmynan 2 esse ýalpyldaýarlar.



◽. Erkekleriň 10% we ýerdäki aýallaryň 8% çep elli

76
730
Relax
05.10.2023 10:20

Adam hakynda kabir gyzykly faktlar -




📌. Aýal örme ortaça iki ýüz müň tüýden ybarat bolup, 20 tonna agramy göterip bilýär


📌. Diş, adamyň özüni bejermek ukybyndan mahrum bolan ýeke-täk bölegi


📌. Bedende ähli kalsiniň 99% -i dişlerde we süňklerde bolýar


📌. Düwünçejik ösüşiniň dördünji-sekizinji hepdesinde ähli adamlaryň guýrugy bar, soň bolsa ýitýär.




📌. Düýşlerimizde köplenç nätanyş adamlary görýäris, ýöne aňymyzyň ýüzlerini oýlap tapmaýandygyny bilmeýäris. Bular hakyky adamlaryň ýüzi, ömrümizde gören, ýöne ýadymyzdan çykmadyk adamlar.



📌. Adam bedenindäki gan damarlarynyň umumy uzynlygy takmynan ýüz müň kilometre barabardyr. Nýu-Yorkorkdan Moskwa - bary-ýogy 7500 km



📌. Eger sogany kesip, aýagyň ýokarky bölegini kesip sürtseňiz, ýarym sagatdan soň soganyň tagamyny duýarsyňyz - üýtgäp durýan maddalar gan akmasy bilen bedeniň hemme ýerine ýaýrar.


📌. Adam dodaklary barmaklaryň ujundan ýüzlerçe esse duýgur. Hakyky öpüş, ýürek urşuňyzy minutda 100 ýa-da ondanam has köp urduryp biler


📌. Gözüňizi süpüreniňizde görünýän dürli reňkleriň ýalpyldawuklaryna "fosfen" diýilýär.


📌. Soňky 300 ýylda adamlar Ýerdäki ähli tokaýlaryň 66% -ini ýok etdiler


📌. Iň uzak wagtly ukysyzlyk rekordy 18 gün, 21 sagat 40 minutdyr. Rekord eýesi galýusinasiýa, paranoýa, bulaşyk görüş, gürlemek, konsentrasiýa we ýat bilen baglanyşykly meseleler barada gürledi.


📌. 2025-nji ýyla çenli dünýäniň 48 ýurdunda 2,8 milliarddan gowrak adam suw ýetmezçiligini başdan geçirer. 2050-nji ýyla çenli suw ýetmezçiligini yzygiderli başdan geçirýänleriň sany 7 milliard bolar


📌 Twitter, Facebook, Youtube ýaly sosial media häzirki wagtda köp hassalarda ukusyzlygyň sebäbi bolup durýar.


📌. Ýaşy ulaldygyça, organizm şonça-da güýçli bolar.


📌 Geljekki 10 ýylda bir günde çilim çekilýän paçka sizden 2 diş alar


📌. Beýniňde gan damarlarynyň uzynlygy takmynan 100 müň km.


📌. Birmeňzeş ekizleriň DNK-lary birmeňzeş, ýöne dürli barmak yzlary bar


📌. Delfinler fiziologiki taýdan adamlara gaty meňzeşdir. Olar, öýken bilen dem alşymyz birmeňzeş bolup, dört kameraly ýüregi bar we beýnisiniň agramy biziňkiler bilen deňdir. Delfinler we adamlar ikisi-de ýyly ganly jandarlar bolup, hatda ululyklary hem adamlaňky ýaly 1,5 - 2 m ýetýär

26
190
Relax
04.10.2023 22:44

MAGTYMGULY KIM BOLUPDYR?!.


Megerem, "Magtymguly kim bolupdyr?!." diýen sowala biz kyýamat-magşara çenli-de doly we dogry jogap berip bilmesek gerek. Çünki, Magtymgulyny tanamagyñ ýoly onuñ kyblagähi, mähriban pederi Döwletmämmet Azadydan geçýär.

Magtymgulynyñ "Atamyñ" goşgusynda:


Görmesem, söýlemen oý bile çenden,

Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,

Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,

Müjewürsiz bolmaz üsti atamyñ.


Nukaba diýrler, üç ýüz eren ugraşdy,

Çiltende atama nazarym düşdi,

Nujeba barsam, heftenlere garyşdy,

Abdallardyr çyn peýwesti atamyñ.


Ýa-da şol goşgynyñ iñ soñky bendiniñ iki setirinde:


Magşar gün gaýgysyz girer behişde, -

Her kim çyndan bolsa dosty atamyñ. ~


- diýip aýdyşyndan çen tutsañ, Magtymguly barada aýtmak-ha beýle-de dursun, Döwletmämmet Azadynyñ kimdigi barada gaty eserdeñ bolmasañ, pylan zat aýdar ýaly däl.

Soñky iki setire ýeterlik üns berdikmikä? Atamyñ dosty bolana atam magşarda şepagat eder diýýär-ä! Pederiñi beýgeltmegiñ hatyrasyna özüñden oýlap aýdyp boljak sözlermikä şu?

Munuñ ýaly ýarym perişde beýik ynsanyñ elinden çykan perzent, eýsem Magtymguly bolup ýetişmän, kim bolup ýetişer öýdýäriskä?

Döwletmämmet Azadynyñ erenlere kybap ýaşaýşyna we kiçijik Magtymgulynyñ gelejekde nähili beýik ynsan bolup ýetişjekdigine delil geçýän ýekeje rowaýata ser salalyñ:


Hemişe ybadat bilen meşgul bolup ýören Azada bir gün kiçijik Magtymguly "Ata, ata" diýip birnäçe gezek gygyrypdyr. Namaz-ybadata, zikire meşgul bolup duran Azady oguljygynyñ sesini duýmandyr. Magtymguly hem "Ata" diýip goýar ýerde goýubermändir. Birhaýukdan yzyna gañrylyp sereden "Ogul, "ata, ata" diýip hälden bäri bizar etdiñ" diýipdir. Muña Magtymguly "Ata, men bary-ýogy birnäçe gezek gygyramda bizar bolan bolsañ, sen elmydama "Alla, Alla" diýip diliñden düşüreñok. Alla senden bizar bolanokmy?" diýipdir.


Edil häzir "Magtyymguly kim bolupdyr?!" diýip islendik türkmenden sorasañ, biri ýa beýik şahyr diýer, ýa-da "Ol şahyr däl, ol beýik welidir!" diýer welin, Magtymguly barada hökman özüçe belent baha bermäge çalşar.

Geçen XX asyrda, has dogrusy SSSR-iñ düzüminde ýaşap ýörkäk, edebiýatçylar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar Magtymgula dürli-dürli garaýyşlar bilen çemeleşdiler. SSSR ýañy gurulan badyna, ilki-ilkiler beýik akyldaryñ "bir bazarsyz şäherden, gurap ýatan çöl ýagşy" diýen setirlerini bahana edinip, bazar gatnaşyklary ~ bu kapitalizmiñ waspy bolýar, şonuñ üçin ol baý-kulaklaryñ, buržuaz synpyñ wekildir diýip tutdurdylar. Megerem zannyýaman bolşewikler Magtymgulyny türkmeniñ ganyndan-damaryndan söküp aýryp bolmajakdygyny añan bolara çemeli. Birdenem ony "garyp maşgalada" doglan etdiler, bir ýerlerden "Meñli" atly aýalyñ toslama obrazyny döredäge-de, ony hem garypdygy zerarly alyp bilmedik etdiler. Munuñ ýaly toslama teoriýalar arkaly Magtymguly barada birgiden eserler, hatda romanlar döredildi, kitaplar ýazyldy. Megerem, muña öz döwrüniñ gözi bilen seredip görmelidir?

Meselem, nähili? Ynha, uruşdan soñky ýyllar diýeli. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan merdana türkmen ýigitleriniñ birnäçesiniñ gahrymanlarça wepat bolan wagtynda, olaryñ ýanyndan Magtymgulynyñ diwanynyñ bolandygy taryhy hakykatdyr. Belki, hut şonuñ üçindir, öz ideýasyndan başga zady kabul etmeýän barlyşyksyz bolşewistik propoganda Magtymguly täzeçe "sosialistik realizm" atly galp metodyñ "donuna" bürendirmek isländir? Ýa beýle dälmikä?

Ýa-da biziñ edebiýatçylarymyz Magtymgulyny halkyñ hakydasyndan aýyrmak isleýän bolşewiklere garşy oýlanşykly manýowr etdiler? Ýagny, "garyp maşgaladan" gelip çykan, garyp-pukara, söýen gyzyna gowuşyp bilmedik täze "Magtymgulynyñ" obrazy arkaly olar, beýik akyldarymyzy halk durmuşyndan çetleşdirmän saklamagyñ bir alajyny tapdylar. Belki-de garyp-pukaralyk bilen bir ýere sygyşmaýan altyn-kümüş zergäriniñ hakyky durmuşy hakyndaky barada hakykatyñ türkmeniñ öz eli-öz ýakasy bolan wagtynda bilinjekdigine ynanandyrlar? Ýagny, hut biziñ bu çaprazlyklaryñ tapawudyny bilmegimizi isländirler? Biziñ özümiz-ä, edebiýatçylarymyz Magtymgulynyñ sosial-durmuş derejesiniñ pes bolandygyna ynanandyrlar öýdemzok. Özüñiz pikir edip görüñ, häzir Türkmenistandan çykyp, daşary ýurt okuwlarynyñ iñ ýakynymyzda we elýeterimizde bolan Gazagystanyñ ýokary okuw jaýlaryna okuwa giden talyp ýaşlarymyza, aýda azyndan 500-600 amerikan dollary töweregi harç puly gerek. Şol döwrüñ Şirgazy medresesi diýmek ~ häzirki döwrüñ Kembrij, Oksford, Garward uniwersitetleri diýmekdir. Her ýeten ýeñiýoluk Şirgazy medresesinde okajakmy? Hindistan ýaly ýerden Nury Kazym gelip Şirgazy medresesinden bilim alýar. Yzyny özüñiz pikir edip görüñ...

Özem bu abraýly medrese ýokary okuwyñ iñ sonky basgançagy hökmünde hasaplanan bolmaly. Eger beýle bolmasa, Magtymguly Şirgazy medresesinden öñ iki medresede okamazdy.

Uzyn gepiñ gysgasy, türkmen halkynyñ başyndan nähili döwürler geçenem bolsa, ýene-de Magtymgulyny unutmazdy. Çünki Magtymgulyny unutmak diýmek ~ türkmenligiñi unutmakdyr. Hut şonuñ üçinem SSSR döwründe sowet ideogiýasynyñ arkasyna bukulyp, beýik akyldarymyza edilen bu "ýagşylyklar" (has dogrusy - hyýanatçylyk) halkyñ añyny bulaşdyrmakdan başga zada ýaramady. Dünýä edebiýatynyñ taryhynda beýik akyldarlaryñ doglan ýylyny-ha beýle-de dursun, doglan gününi, aradan çykan wagtyny, hatda sagadyna çenli bilip durka, bu gün gynansakda, her kitapda Magtymgulynyñ doglan we aradan çykan ýyllary dürli-dürli görkezilýär. Ýaşan ýaşynam bilýän ýok. Maşgala durmuşy barada-da doly we kesgitli bir zady orta atyp bilýän ýok. Hatda onuñ goşgularynyñ doly tekstologik barlagy hem ýok. Belki, şonuñ üçindir, belli ýazyjy Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly kitabynda Magtymgulynyñkydyr öýdüp ýören köp goşgularymyzyñ aslynda, Gylyç Mülli atly ýañy-ýañylar ýaşap geçen bir kişä degişlidigini orta atýandyr? Dogrudanam, iñkise gitmezçe-de däl. Şol sanda A.Taganyñ Magtymguly barada orta atýan pikirleriniñ aglabasy bilen ylalaşmaýandygymyzy hem aýtmak isleýäris, bu barada soñ durup geçeris.

Biz käbir zyýanly pikirler barada gep gozganymyzda, "aý sowet döwründen galan zat-da..." diýmegi öwrenipdiris. Emma sowet rejiminiñ gumbaýrakdan ýasalan ýaly dargap, taryhyñ çañly sahypalaryny siñip gidenine näçe ýyl geçdi?!. Ýene sanlyja ýyldan tutuş otuz ýyl dolýar. Bir är ömri! Ondan bäri tutuş bir nesil çalyşdy. Has dogrusy, sowet ideologiýasynyñ saýasynda terbiýelenenleriñ indi ýek-tüki galan bolaýmasa, adam galmady. Galanlarynyñam bireýýäm ösüp-özgerip duran döwür añyny üýtgedip taşlady.

Musa pygamber kowmuny Müsürden alyp çykyp, "Ýa Alla!" diýip ýaplaryndan bal we süýt akýan Kengan ýurduna tarap gadam basanda, onuñ gadyrbilmez kowmy ýolda az-kem kösenç görüp, Musa pygambere "Yzymyza dolanaly, Fyrgun bizi agyr işlerde işletse-de wagtly-wagtyna naharlaýardy" diýip iñirdäp başlapdyrlar. Muny gören Musa pygamber kowmuny tutuş kyrk ýyllap çölde aýlaýar. Kyrk ýylda ýañky Müsürde doglan ýaşuly nesil ölüp gutarýar. Nesil çalyşýar. Musa pygamber şol täze nesil bilenem arzuw edilen Kengan iline gadam basýar. Ýadyñyzda bolsa, şu rowaýaty Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletiniñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy (ýatan ýeri ýagty bolsun) çykyşlarynyñ birinde agzapdy...

Hawa, otuz ýyla golaý wagt geçenem bolsa, gynansak-da, häli-häzirlerem birwagtky sowet ideologiýasynyñ beýik Magtymgula "geýdiren" we geçen asyryñ 90-njy ýyllarynda zyñylyp taşlanan "garyplyk donuny" gaýtadan ýerden galdyryp, ol "dony" gaýtadan herekete girizmek isleýän ýazyjy-şahyrlarymyzyñ bardygy, juda gynandyryjy ýagdaýdyr.

Bir gezek Magtymgulynyñ günleriniñ geçirilýän günlerinde ýazyjy-şahyrlarymyzyñ biri Azadynyñ neberelerinden bolan Ata işandan Meñli barada sorapdyrlar. Muña az-kem gahary gelen Ata işan "Meñli diýip, biz-ä diñe dagdan añyrdan (Türkmenistanda) eşidýäris, biz beýle zatlary bilemzok-la" diýenmişin...

Sowet döwründäki edebiýatçylarymyz bolşewistik ideologiýany perdelenip, Magtymguly barada dil ýarmaga het edipdirler diýeli. Ýeri, indi näme mejbur edýärkä, toslama "Meñli" atly aýalyñ galp keşbini janlandyrmak. Men beýik Magtymgula ýöñkelýän bu galp teorýalary dowam etdirmek isleýänleriñ atlaryny tutup, olaryñ döreden we döretmäge hyýallanýan eserleri barada (şolar esermikä beri!) jikme-jik gürrüñem edip bilerdim. Emma söhbetimiziñ mazasyny gaçyrjaklygyndan, şeýle hem olaryñ tankydy bellik diýlen zada asla mynasyp däldiginden, bu barada mundan artyk zat aýtmazlygy makul bilýärin.

Biz diñe nämä üns bermeli?! Magtymgulynyñ terjimehalynamy? Meniñ pikirimçe ~ ýok! Bar, biz onuñ doglan ýylyny, aradan çykan ýylyny we şuña meñzeş şahsy maglumatlaryny bildigim-dä?!. Bu nämä ýarar?!

Elbetde, bu zatlar hem bilinse kem bolmazdy welin, biz esasy ünsi beýik akyldarymyzyñ bize galdyryp giden düýpsüz ummany ýatladyp duran gymmatly edebi mirasyna üns bermeli. Halypa ýazyjy Osman Ödäniñ aýdyşy ýaly, Magtymgulynyñ goşgularyny boýnumyzdan doga edip asmaga-da taýýardyrys welin, muña garamazdan, onuñ dürdäne setirlerinde bize ündeýän zatlarynyñ ýüzden birini hem ýerine ýetiremzok.

Magtymgulynyñ kimdigine göz ýetirmek beýle kynam däl, görüp bilýän gözler üçin, elbetde!

Ynha, mysal üçin ol:


"Tilim guş dilidir, suratym ynsan"


ýa-da:


"Men Haka aşygam, ýokdur gümanym" -


- diýip durka, diñe şu iki setire siñe seredenimizde hem Magtymgulynyñ ýagşyzadapisint nurana keşbi göz öñümizde janlanar duruberer.

"Ýykylsañ, ýere ýapyş" diýipdirler. Biz aýak üstünde gezip ýörkägem, büdrän pursatymyzda-da, ýykylan wagtymyzda-da dana Magtymgulynyñ goşgularyna ýapyşmalydyrys. Diñe şeýdenimizde, biz Magtymgulynyñ kimdigine, şol sanda özümiziñ hem kimdigimize doly göz ýetirsek gerek.

28
103
Relax
29.09.2023 09:43

Durmuşda öz ýeriňi tapmakmy


Daş töweregiňe seredýäň welin her kim öz işi bilen başagaý bolup ýör. Bazardaky satyjylar, taksistler, edara işgärleri ýa-da daýhanlar. Göwnüme bolmasa şularyň hemmesi durmuşda öz ýerlerini tapyp, kanagat edişip işläp,gezip ýörler. A sen näme edip ýörsüň? “Näme iş bilen meşgullanýarsyň? Käriň näme?” diýlen soraglara takyk jogap berip bileňok.

Munyň sebäbi bir işde ökdelemegiň ýerine hemme zada ýetjek bolduň. Ählisinden biraz öwrendiň taşladyň, öwrendiň taşladyň. “Käri öwren-de ýigren” sözüne ýalňyş düşünäýdiň öýdýän hä körpe?

Bu zatlar barada bir iki adamyň ýanynda söz açan wagtyň hem sen “Şükürsiz” bolýarsyň. Daş töwerekde seniň günüňe ýetip bilmeýänler barmyşyn. Dogry welin bärde meniň günäm näme?


Meniň pikirimçe bärde çagalykda eşiden “Pylanyň çagasy bela ýaly” gürrüňimiziň täsiri gaty uly. Sen ýaňy bir käri öwrenip başlaýarsyň welin ýaňky gürrüňi aýdýarlar. Onsoň sen şol pylanyň çagasynyň edýän zadyny etjek bolýarsyň. Şeýdip şeýdip azyndan 10 ýylyňy iýdiň. Oturlyşykda sen kelläňdäki maglumatlar bilen hemme kişini güýmeýärsiň welin ol maglumatlar pul gazandyranokda köşek.


Ene ataň senden soraman köp seniň hakyňda köp kararlar aldymy? Aldy. Kä wagt senden näme isleýändigiňi soran wagtlarynda welin sen jogap berip bilmediň. Sebäbi sen bu soraga garaşmandyň. Jogabyny pikirlenip tapýançaň eýýäm olar sen barada kararlar aldy. Bagyşla gija galdyň han ogul!


Bolan zatlar üçin hiç kimi (maşgala) günäkärläsiň gelenok welin kän bir özüňde-de günä goýasyň gelenok.


Durmuşda sen hiç kime garşy erbet bolasyň gelenok, ýagşylykda tanasynlar isleýärsiň emma jemgyýetde çenden aşa ýagşy adam ejiz adam hökmünde görülýänine soň düşünýärsiň. “Dawaý indi erbet adam boljak!” diýersiň welin onuň üçin hem gijräk. Sebäbi 25–30 ýyllyk öwrenilen endik,häsiýeti üýtgetmek aňsat zat däl (mümkin däl).


Indi wagtyň geçmegi bilen sen ene ata bolýarsyň. Indiki maksadymyz ene atamyzyň ýalňyşyny gaýtalamazlyk. Olaryň öz ýaşap, başaryp bilmedik zatlaryny biziň başarmagymyzy isläp eden ýalňyşlaryny sen öz çagaňda etmeli däl welin sen hem köp zady başarmadyň ahyry. “Men edip bilmedim çagam bir etsin” diýýärsiň. Onda bu herekete paradoks hem diýip bileris. (Çözgüdi barmy? Pikirlenmeli)

36
241