Relax
04.10.2023 22:44

MAGTYMGULY KIM BOLUPDYR?!.


Megerem, "Magtymguly kim bolupdyr?!." diýen sowala biz kyýamat-magşara çenli-de doly we dogry jogap berip bilmesek gerek. Çünki, Magtymgulyny tanamagyñ ýoly onuñ kyblagähi, mähriban pederi Döwletmämmet Azadydan geçýär.

Magtymgulynyñ "Atamyñ" goşgusynda:


Görmesem, söýlemen oý bile çenden,

Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,

Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,

Müjewürsiz bolmaz üsti atamyñ.


Nukaba diýrler, üç ýüz eren ugraşdy,

Çiltende atama nazarym düşdi,

Nujeba barsam, heftenlere garyşdy,

Abdallardyr çyn peýwesti atamyñ.


Ýa-da şol goşgynyñ iñ soñky bendiniñ iki setirinde:


Magşar gün gaýgysyz girer behişde, -

Her kim çyndan bolsa dosty atamyñ. ~


- diýip aýdyşyndan çen tutsañ, Magtymguly barada aýtmak-ha beýle-de dursun, Döwletmämmet Azadynyñ kimdigi barada gaty eserdeñ bolmasañ, pylan zat aýdar ýaly däl.

Soñky iki setire ýeterlik üns berdikmikä? Atamyñ dosty bolana atam magşarda şepagat eder diýýär-ä! Pederiñi beýgeltmegiñ hatyrasyna özüñden oýlap aýdyp boljak sözlermikä şu?

Munuñ ýaly ýarym perişde beýik ynsanyñ elinden çykan perzent, eýsem Magtymguly bolup ýetişmän, kim bolup ýetişer öýdýäriskä?

Döwletmämmet Azadynyñ erenlere kybap ýaşaýşyna we kiçijik Magtymgulynyñ gelejekde nähili beýik ynsan bolup ýetişjekdigine delil geçýän ýekeje rowaýata ser salalyñ:


Hemişe ybadat bilen meşgul bolup ýören Azada bir gün kiçijik Magtymguly "Ata, ata" diýip birnäçe gezek gygyrypdyr. Namaz-ybadata, zikire meşgul bolup duran Azady oguljygynyñ sesini duýmandyr. Magtymguly hem "Ata" diýip goýar ýerde goýubermändir. Birhaýukdan yzyna gañrylyp sereden "Ogul, "ata, ata" diýip hälden bäri bizar etdiñ" diýipdir. Muña Magtymguly "Ata, men bary-ýogy birnäçe gezek gygyramda bizar bolan bolsañ, sen elmydama "Alla, Alla" diýip diliñden düşüreñok. Alla senden bizar bolanokmy?" diýipdir.


Edil häzir "Magtyymguly kim bolupdyr?!" diýip islendik türkmenden sorasañ, biri ýa beýik şahyr diýer, ýa-da "Ol şahyr däl, ol beýik welidir!" diýer welin, Magtymguly barada hökman özüçe belent baha bermäge çalşar.

Geçen XX asyrda, has dogrusy SSSR-iñ düzüminde ýaşap ýörkäk, edebiýatçylar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar Magtymgula dürli-dürli garaýyşlar bilen çemeleşdiler. SSSR ýañy gurulan badyna, ilki-ilkiler beýik akyldaryñ "bir bazarsyz şäherden, gurap ýatan çöl ýagşy" diýen setirlerini bahana edinip, bazar gatnaşyklary ~ bu kapitalizmiñ waspy bolýar, şonuñ üçin ol baý-kulaklaryñ, buržuaz synpyñ wekildir diýip tutdurdylar. Megerem zannyýaman bolşewikler Magtymgulyny türkmeniñ ganyndan-damaryndan söküp aýryp bolmajakdygyny añan bolara çemeli. Birdenem ony "garyp maşgalada" doglan etdiler, bir ýerlerden "Meñli" atly aýalyñ toslama obrazyny döredäge-de, ony hem garypdygy zerarly alyp bilmedik etdiler. Munuñ ýaly toslama teoriýalar arkaly Magtymguly barada birgiden eserler, hatda romanlar döredildi, kitaplar ýazyldy. Megerem, muña öz döwrüniñ gözi bilen seredip görmelidir?

Meselem, nähili? Ynha, uruşdan soñky ýyllar diýeli. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan merdana türkmen ýigitleriniñ birnäçesiniñ gahrymanlarça wepat bolan wagtynda, olaryñ ýanyndan Magtymgulynyñ diwanynyñ bolandygy taryhy hakykatdyr. Belki, hut şonuñ üçindir, öz ideýasyndan başga zady kabul etmeýän barlyşyksyz bolşewistik propoganda Magtymguly täzeçe "sosialistik realizm" atly galp metodyñ "donuna" bürendirmek isländir? Ýa beýle dälmikä?

Ýa-da biziñ edebiýatçylarymyz Magtymgulyny halkyñ hakydasyndan aýyrmak isleýän bolşewiklere garşy oýlanşykly manýowr etdiler? Ýagny, "garyp maşgaladan" gelip çykan, garyp-pukara, söýen gyzyna gowuşyp bilmedik täze "Magtymgulynyñ" obrazy arkaly olar, beýik akyldarymyzy halk durmuşyndan çetleşdirmän saklamagyñ bir alajyny tapdylar. Belki-de garyp-pukaralyk bilen bir ýere sygyşmaýan altyn-kümüş zergäriniñ hakyky durmuşy hakyndaky barada hakykatyñ türkmeniñ öz eli-öz ýakasy bolan wagtynda bilinjekdigine ynanandyrlar? Ýagny, hut biziñ bu çaprazlyklaryñ tapawudyny bilmegimizi isländirler? Biziñ özümiz-ä, edebiýatçylarymyz Magtymgulynyñ sosial-durmuş derejesiniñ pes bolandygyna ynanandyrlar öýdemzok. Özüñiz pikir edip görüñ, häzir Türkmenistandan çykyp, daşary ýurt okuwlarynyñ iñ ýakynymyzda we elýeterimizde bolan Gazagystanyñ ýokary okuw jaýlaryna okuwa giden talyp ýaşlarymyza, aýda azyndan 500-600 amerikan dollary töweregi harç puly gerek. Şol döwrüñ Şirgazy medresesi diýmek ~ häzirki döwrüñ Kembrij, Oksford, Garward uniwersitetleri diýmekdir. Her ýeten ýeñiýoluk Şirgazy medresesinde okajakmy? Hindistan ýaly ýerden Nury Kazym gelip Şirgazy medresesinden bilim alýar. Yzyny özüñiz pikir edip görüñ...

Özem bu abraýly medrese ýokary okuwyñ iñ sonky basgançagy hökmünde hasaplanan bolmaly. Eger beýle bolmasa, Magtymguly Şirgazy medresesinden öñ iki medresede okamazdy.

Uzyn gepiñ gysgasy, türkmen halkynyñ başyndan nähili döwürler geçenem bolsa, ýene-de Magtymgulyny unutmazdy. Çünki Magtymgulyny unutmak diýmek ~ türkmenligiñi unutmakdyr. Hut şonuñ üçinem SSSR döwründe sowet ideogiýasynyñ arkasyna bukulyp, beýik akyldarymyza edilen bu "ýagşylyklar" (has dogrusy - hyýanatçylyk) halkyñ añyny bulaşdyrmakdan başga zada ýaramady. Dünýä edebiýatynyñ taryhynda beýik akyldarlaryñ doglan ýylyny-ha beýle-de dursun, doglan gününi, aradan çykan wagtyny, hatda sagadyna çenli bilip durka, bu gün gynansakda, her kitapda Magtymgulynyñ doglan we aradan çykan ýyllary dürli-dürli görkezilýär. Ýaşan ýaşynam bilýän ýok. Maşgala durmuşy barada-da doly we kesgitli bir zady orta atyp bilýän ýok. Hatda onuñ goşgularynyñ doly tekstologik barlagy hem ýok. Belki, şonuñ üçindir, belli ýazyjy Atajan Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap" atly kitabynda Magtymgulynyñkydyr öýdüp ýören köp goşgularymyzyñ aslynda, Gylyç Mülli atly ýañy-ýañylar ýaşap geçen bir kişä degişlidigini orta atýandyr? Dogrudanam, iñkise gitmezçe-de däl. Şol sanda A.Taganyñ Magtymguly barada orta atýan pikirleriniñ aglabasy bilen ylalaşmaýandygymyzy hem aýtmak isleýäris, bu barada soñ durup geçeris.

Biz käbir zyýanly pikirler barada gep gozganymyzda, "aý sowet döwründen galan zat-da..." diýmegi öwrenipdiris. Emma sowet rejiminiñ gumbaýrakdan ýasalan ýaly dargap, taryhyñ çañly sahypalaryny siñip gidenine näçe ýyl geçdi?!. Ýene sanlyja ýyldan tutuş otuz ýyl dolýar. Bir är ömri! Ondan bäri tutuş bir nesil çalyşdy. Has dogrusy, sowet ideologiýasynyñ saýasynda terbiýelenenleriñ indi ýek-tüki galan bolaýmasa, adam galmady. Galanlarynyñam bireýýäm ösüp-özgerip duran döwür añyny üýtgedip taşlady.

Musa pygamber kowmuny Müsürden alyp çykyp, "Ýa Alla!" diýip ýaplaryndan bal we süýt akýan Kengan ýurduna tarap gadam basanda, onuñ gadyrbilmez kowmy ýolda az-kem kösenç görüp, Musa pygambere "Yzymyza dolanaly, Fyrgun bizi agyr işlerde işletse-de wagtly-wagtyna naharlaýardy" diýip iñirdäp başlapdyrlar. Muny gören Musa pygamber kowmuny tutuş kyrk ýyllap çölde aýlaýar. Kyrk ýylda ýañky Müsürde doglan ýaşuly nesil ölüp gutarýar. Nesil çalyşýar. Musa pygamber şol täze nesil bilenem arzuw edilen Kengan iline gadam basýar. Ýadyñyzda bolsa, şu rowaýaty Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletiniñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy (ýatan ýeri ýagty bolsun) çykyşlarynyñ birinde agzapdy...

Hawa, otuz ýyla golaý wagt geçenem bolsa, gynansak-da, häli-häzirlerem birwagtky sowet ideologiýasynyñ beýik Magtymgula "geýdiren" we geçen asyryñ 90-njy ýyllarynda zyñylyp taşlanan "garyplyk donuny" gaýtadan ýerden galdyryp, ol "dony" gaýtadan herekete girizmek isleýän ýazyjy-şahyrlarymyzyñ bardygy, juda gynandyryjy ýagdaýdyr.

Bir gezek Magtymgulynyñ günleriniñ geçirilýän günlerinde ýazyjy-şahyrlarymyzyñ biri Azadynyñ neberelerinden bolan Ata işandan Meñli barada sorapdyrlar. Muña az-kem gahary gelen Ata işan "Meñli diýip, biz-ä diñe dagdan añyrdan (Türkmenistanda) eşidýäris, biz beýle zatlary bilemzok-la" diýenmişin...

Sowet döwründäki edebiýatçylarymyz bolşewistik ideologiýany perdelenip, Magtymguly barada dil ýarmaga het edipdirler diýeli. Ýeri, indi näme mejbur edýärkä, toslama "Meñli" atly aýalyñ galp keşbini janlandyrmak. Men beýik Magtymgula ýöñkelýän bu galp teorýalary dowam etdirmek isleýänleriñ atlaryny tutup, olaryñ döreden we döretmäge hyýallanýan eserleri barada (şolar esermikä beri!) jikme-jik gürrüñem edip bilerdim. Emma söhbetimiziñ mazasyny gaçyrjaklygyndan, şeýle hem olaryñ tankydy bellik diýlen zada asla mynasyp däldiginden, bu barada mundan artyk zat aýtmazlygy makul bilýärin.

Biz diñe nämä üns bermeli?! Magtymgulynyñ terjimehalynamy? Meniñ pikirimçe ~ ýok! Bar, biz onuñ doglan ýylyny, aradan çykan ýylyny we şuña meñzeş şahsy maglumatlaryny bildigim-dä?!. Bu nämä ýarar?!

Elbetde, bu zatlar hem bilinse kem bolmazdy welin, biz esasy ünsi beýik akyldarymyzyñ bize galdyryp giden düýpsüz ummany ýatladyp duran gymmatly edebi mirasyna üns bermeli. Halypa ýazyjy Osman Ödäniñ aýdyşy ýaly, Magtymgulynyñ goşgularyny boýnumyzdan doga edip asmaga-da taýýardyrys welin, muña garamazdan, onuñ dürdäne setirlerinde bize ündeýän zatlarynyñ ýüzden birini hem ýerine ýetiremzok.

Magtymgulynyñ kimdigine göz ýetirmek beýle kynam däl, görüp bilýän gözler üçin, elbetde!

Ynha, mysal üçin ol:


"Tilim guş dilidir, suratym ynsan"


ýa-da:


"Men Haka aşygam, ýokdur gümanym" -


- diýip durka, diñe şu iki setire siñe seredenimizde hem Magtymgulynyñ ýagşyzadapisint nurana keşbi göz öñümizde janlanar duruberer.

"Ýykylsañ, ýere ýapyş" diýipdirler. Biz aýak üstünde gezip ýörkägem, büdrän pursatymyzda-da, ýykylan wagtymyzda-da dana Magtymgulynyñ goşgularyna ýapyşmalydyrys. Diñe şeýdenimizde, biz Magtymgulynyñ kimdigine, şol sanda özümiziñ hem kimdigimize doly göz ýetirsek gerek.

28
103
0306
5 Oktýabr 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍
tmyigit76
5 Oktýabr 2023
Dogry her zada öz döwrüniň gözi bn seretmeli. Biziň döwrümizem wagty gelse üýtgeşik bolup görner.
atakulyyewa_humay
4 Oktýabr 2023
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.