Relax
11.10.2023 22:10
Dünýäni dolandyrýanlaryň taryhy: Pul (#1)

Bir wagtlar ýer ýüzünde tire–taýpalar, jemagatlar, milletler bolupdyr. Adamlar bilelikde ýaşaýardylar we işleýärdi, bilelikde öz jemgyýetleri üçin zerur bolan ähli zady öndürýärdi. Şol döwürlerde pul diýen zat ýokdy. Adamlar öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin tebigatdan gerek zatlaryny göni alýardylar. Olar awa awlardylar, gerek zatlarny tebigatdan ýygnapdyrlar, ekipdirler we öz zerurlyklaryna görä orupdyrlar. Bu jemagatlaryň arasynda gatnaşyklar paýlamak we alyş-çalyş etmek arkaly amala aşyrylýardy.

Dünýäni dolandyrýanlar bu ýagdaýy synlap, mümkinçilik gördüler. Olar "pul" diýen zady oýlap tapdylar. Pul ilki bu adamlaryň elinde gural bolup göründi. Ilkibada, köp adamlar puly tygşytly ulanmagyň gowy taraplaryna göz ýetirýärdiler. Emma wagtyň geçmegi bilen pul dünýäniň ähli syrlaryna we güýjüne gözegçilik edýän gurala öwrüldi.

Bu dünýäniň dolandyryjylary tehnologiýany öz hyzmatyna goýup, adamlary has köp gözegçilik astyna alyp başladylar. Ilkibada, elektrik energiýasy tebigatyň bir bölegi hökmünde atmosferadan mugt alyp bolýan elektrik çeşmesi bolupdyr. Emma bu dünýäniň dolandyryjylary elektrik energiýasyna gözegçilik edip, ony girdeji çeşmesine öwürmegi başardylar. Munuň üçin olar elektrik energiýasyny paýlamak üçin kabelli sistemasyny oýlap tapdylar we birden elektrik ulgamy hem tölegli boldy.

Dünýäni dolandyryjylar özlerini "Yşyk saçýanlar" diýip atlandyrdylar. Ilkibaşda olar Nikola Teslanyň atmosferadan mugt elektrik energiýasyny almak baradaky işlerini bilen gyzyklandy. Emma bu pikir Yşyk saçýanlaryň maksatlaryna ters gelýärdi. Netijede, Teslanyň işine gizlin päsgel berip, oňa gözegçilik etdiler. Elektrik energiýasyny kabeller arkaly paýlap başladylar, şeýdip olar üçin täze girdeji çeşmesine öwrüldi. Bu işde olara Tomas Edisonyň kömegi has uly boldy.

Şol bir wagtyň özünde lukmançylyk ulgamynda hem düýpli özgerişler bolup geçdi. Näsaglary derňäp, tebigatdan alnan ösümlikler bilen derman ýasan lukmanlar uly farmasewtika kärhanalaryna degişli lukmanlar bilen çalşyryldy. Bu firmalary eýelemek bilen Yşyk saçýanlar adamlaryň saglygynyň üstünden gözegçiligi ýola goýmagy başardylar.

Emma bu ýagdaýlar aýzbergiň diňe ujy bolup durýar. Yşyk saçýanlar adamlaryň aňyna erk etmegi planlaşdyrýarlar. Olar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim we maglumat tehnologiýalary arkaly jemgyýetleriň garaýşyny we pikirlerini şekillendirdiler. Muňa dildüwşük teoriýasynda «Beýni ýuwmak» diýilýär.

Şonuň üçin şu günler dünýä agalyk etmek sanlyja adamyň elinde jemlenýär. Hemme zadyň bahasy bar, şol bahany kesgitlänler Yşyk saçýanlardyr. Olaryň gizlin ulgamlary we meýilnamalary bütin dünýä ýaýraýar we biziň durmuşymyzy adamlaryň köpüsiniň bilmeýän ýoly bilen manipulirleýär. Dildüwşük teoriýasy bu hakykaty ýüze çykarmaga çalyşýar, emma olaryň sesi köplenç köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sesi bilen ýitýär.

Dowamy bar...

©Khanture
25
269
fasat
12 Oktýabr 2023
@Relax, dogry ,,Hakykatlar" elmydama gözlegleriň üsti bilen açylýar,dowamyna gyzyklanma bilen garaşýan!!! Çünki biz açyş etmedik,emma edilen açyşlary yzarlamak we Hakykady goldamak biziň borjumyzdyr!!!
Relax
12 Oktýabr 2023
@fasat, hakykatyň tarapdary
fasat
12 Oktýabr 2023
Unutma!!👈 Rokfellerler ýada Masonlar we ýene-ýenelere dünýäni dolandyrýar diýip ynanmaň!!! Çünki olar ýalylaryň müňlerçesi döredi,Emma biz açyş etmän diňe aýdylanlaryň gybatyny edýäris! Her kimiň görüş ukyby özünde👈Her wagt soňuna ýetmän many çykarmalyň,Geregiňi al gerekmejegini zyň,Sen haýsyndan???
Relax
12 Oktýabr 2023
@seneca, Üstünlik udaci...
seneca
12 Oktýabr 2023
@Relax, Düşündim, gaty gowy, menem tema degişli pikirlerimi ýazýan, bary bolany.
Relax
12 Oktýabr 2023
@seneca, islän okar islemedik okamaz ynanmaz ol herkimiň öz pikiri men hiç kimi zorlap ynandyrjak aladam ýok men herkimiň teswirine degişli jogaplary ýazýan vsyoo
seneca
12 Oktýabr 2023
Ylym barada gürlemek üçin "açyş etmegiňe" gerek ýok, emma gipotezalary (toslamalary) beýleki adamlara ynandyrjak bolsaň bu ýerde iş saňa düşýär.
Relax
12 Oktýabr 2023
@seneca, men seň bilen çekeleşemoga sen gürleýşiň şolar bilen çözilşip çekeleşip eýam açyş eden ýaly gürleýâň...
seneca
12 Oktýabr 2023
@Relax, Bize degmeseler bolýa-la, galan zat düzeler.)
seneca
12 Oktýabr 2023
@Relax, Ine-dä, aýdanlarym her wagt dogry çykyp dur.) Dostum, ylmyň dogrulygyny soraglajak bolsaň git filosoflar bilen bilim pelsepesini çekeleş, git epistemologiýany çekeleş, dünýä boýunça abraýly amerikan we iňlis akademiýalary bar, gitde şol ýerde bir zat subut et, bärde meniň bilen "ýeriň tekizdigini" gürleşme-de.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.