Relax
08.09.2024 22:49

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap] -


Hawa, hawa..

Aldamana oglan ýagşy,

Ýaňsylamana molla...


Bir söz bar. "Garşyňa çykyp bilmejek adam-a güýjüňi görkezeniň.. seniň güýçlidigiňi, sowatlydygyňy, gahrymandygyňy aňladanok"

Häzirki döwürde-de iň köp ýaňsylanýan, garşysyna çykylýan şahs - mollamyka diýýän. Bu görgülileň ady hemme goşgularda, prikollarda, aýý garaz 3 adamyň üýşen ýerinde dini gürrüň açylsa mollalara taýak oklanýar.

Sebäbi bular öz adyny, abraýyny gorajak bolup hiç bir platformalarda çykyş edip ýörenoklar. Onsaň her geçen depip geçýär bulary. Şeýdibem jemgyýetde mollalar hakynda ýalňyş pikir şekillenýär.

Mollalaň alýan 50 manady trend-de. Emma adamlary barha jahyllyga itekleýän palçylaň, münejjimleň, bilgiçleň, porhanlaň, ýalandan tebipleriň, surata küf-çüf edip maşgala bozýan arabozarlaň gapysy oçurtly. Işiňden, ukyňdan, işdäňden wagt aýyryp şolaň gapysynda oturmaly we diýen puluny berip gaýtmaly. Şonda-da mollalaň alýan 50 manady trend-de.


*****


30.10.2023 / 12:47:05 - senesinde, saýtymyzda şular ýaly goşgy paýlaşylypdyr.



Döwrüň täze mollalary


Hiç zatdan habary ýok,

Döwrüň täze mollalary.

Çala okumyşdyr özleri,

Döwrüň täze mollalary.


Hemme zady haram eder,

Ýaşaýyşy zyndan eder,

Ahunsyrap akyl satar,

Döwrüň täze mollalary.


Gusulsyz gapyň ruçkasyn tutdurmaz,

Gusulsyz birje ädim atdyrmaz,

Gusulsyz ça-ga süýt emdirtmez,

Döwrüň täze mollalary.


Halypaňyz barmy siziň?

Ustadyňyz barmy siziň?

Nireden ylym aldyňyz?

Döwrüň täze mollalary.


Arap dilin bilýäňizmi?

Kuran okap bilýäňizmi?

Kitap tutdumy eliňiz?

Döwrüň täze mollalary.


Eý nadan mollalar,

Jahyldygyňyz köre aýan.

Şonda-da ýene gürleýäňiz,

Döwrüň täze mollalary,

Döwrüň jahyl mollalary.


Tankytlasaň gaharlanar,

Aýbyny aýtsaň çişiberer,

Sorag berseň agzyn ýumar,

Döwrüň täze mollalary.


Pygamber bolmuş sizden bizar,

Allaň gazabyna bolarsyňyz duçar,

Perişdeleň lagnaty siz,

Döwrüň täze mollalary.


Musulmanlaň ýigrenýäni,

Şeýtanlaryň gowy görýäni,

Iki dünýäniň bi-abraýy,

Döwrüň täze mollalary.


_______________________



Hiç bir zady bolşundan beter ulaltmajak bolup, owarram diýip geçip gitdigiňçe, käbirleriniň dili gijeýän eken...

Soňraky ýazjaklam, hiç kime aýratyn gönükdirilmedik, hiç kime duşmançylygym ýok. Ýazýanymyň sebäbi, häzirki wagtda köpçülik mollalar hakda ýokardaky ýaly pikir edýär. Hamala mollalar iýiji, ütüji, ýuwdujy, aldowçy we.ş.m...


Indi bolsa aşakda goşgyny ýeke-ýeke teswirleýäs:



Hiç zatdan habary ýok,

Döwrüň täze mollalary.

Çala okumyşdyr özleri,

Döwrüň täze mollalary.


- hiç zatdan habary ýok bolsa, halk köpçüligi başyna götermezdi... Hudaýa şükür, türkmen aga mollasyna hormat goýýar, törüne geçirýär. Toý-ýasyny, sähet-bi sähedini şolar bilen maslahatlaşýar.


Onsaňam bir döwrüň, zamanaň, geçmişiň, geljegiň, täze-köne mollasy bolýa diýip biz-ä eşdemizok. 100 ýyl mundan owal hiçimizem ýokduk. Diýmek hemmämizem täze.


Molla diýmegiň özi dini derejäniň iň kiçisi... [sadik, mekdep, uniwersitet bolsa].. mollanam sadik döwrüni başdan geçirýän dini wekil diýip hasaplap bolar. Çünki ol entäk başlangyç bilimleri öwrenýär. Onuň elinde ullakan wlast ýok. Tejwid, muhteser, kyragat, azançylyk, metjit ymamy, nika, jynaza - şundan aňryk geçenok olaň ygtyýarlylygy... şulara hem hyýanat etmän alyp gitmek üçin, bir är ömri gerek...


***


Hemme zady haram eder,

Ýaşaýyşy zyndan eder,

Ahunsyrap akyl satar,

Döwrüň täze mollalary.


- Ine ýene bir büdreýän ýeriň. Halal zady - haram etmek mollaň elindäki zat däl ol. Hat-da pygamberiň elindäki zat hem däl. Allanyň özi mukaddes kelamynda hemme zady açyk-aýdyň beýan etdi. Näme halal / name haram.

Seniň şol ýaňsylaýan mollaň, diňe şu zatlary ylmynyň, sowadynyň ýetişine görä beýlekilere ýetirip berýär. Adamlaň özi gowy düşünýär, näme haramlygyny. Bilmän edenok, bilip, aňyrsyna ýetip edýäler. [Şerap, zyna, doňuz eti, süýthorlugyň haramdygyny kim bilenok?]… Prosta biriniň ýatladyp durmagyny islänok. Sebäbi biri ýatladyp dursa kalby daralýar, günäleri ýadyna düşünýär. Oňada birahat bolýar.


***


Gusulsyz gapyň ruçkasyn tutdurmaz,

Gusulsyz birje ädim atdyrmaz,

Gusulsyz ça-ga süýt emdirtmez,

Döwrüň täze mollalary.


- Bu näme diýdigiň indi? Men mydama gusully gezýän diýdigiňmi?!

Sen nabarot tankyt etjek bolup, beter arşa çykarypsyň. Men-ä beýle takwa, her oturan ýerinde wagyzçyl molla duşyp görmedim. Aýratynam bular ýaly her kimiň özi biläýmeli zatlary köpçülikde ýaňrap oturanyny göremok. Gusul-a buýurýan bolsa, gaty janypkeş kişi ekeni, kimem bolsa... eger sen şeýle wagyz eşiden bolsaň, diymek töweregiňde, obaňda gusul almany bilmeýän adamlar köp bolmaly belki..


Siziň düşünjäňizde diňe namaz okaýan, metjide barýan adamlar gusul almaly diýen pikir gatap galan bolsa, muňa molla günäkär däl. Gusuly obyçhno är-aýal gatnaşygyndan soň hem hökman alynýar.

Ondan daşary süýt emdireňde gusul alyp/almazlygyň öz ygtyýaryň. Gusulyň päklik simwoldygyny düşünen ata-babalarymyz hiç mahal gusul-täretsiz gezmändir. Ene-mamalarymyz hatda tamdyra çörek ýapanda-da päklenipdirler. Muny biriniň aýdyp, ýatladyp durmagyna hajat ýok.


***


Halypaňyz barmy siziň?

Ustadyňyz barmy siziň?

Nireden ylym aldyňyz?

Döwrüň täze mollalary.


- Bu soragyňy mollaň maňlaýyna geçip özünden soramaly, bärde gybat kakyp oturman. Hiç mollada öz halypasyndan, geçen ylym ýolundan aýtmaga utanan ýa-da aýtmagy artykmaç hasap eden ýerini göremok. Nabarot buýsanyp aýdýalar, "planyň elinden pata alandyryn" , "planyň sopusy bolandyryn" diýip...


Şonuň üçin mert bolup özünden sorasaň, nireden ylym alandygynam, ustadynyň kimliginem aýdar...


***


Arap dilin bilýäňizmi?

Kuran okap bilýäňizmi?

Kitap tutdumy eliňiz?

Döwrüň täze mollalary.


- molla bolmak üçin arap dilini bilmeli diýen şert ýa-da borç ýok. (Gaýtalap aýdýan!!! Arap dilini diýendirin, arap harplarynyň tejwidini däl!!!)... Kurany Kerimi ýüzleý okamak üçin, kyragat etmek üçin, hatm etmek üçin arap harplarynyň tejwidini öwrenseňem ýeterlik. We ýokarda aýdyşym ýaly bu şertler mollaň wezipesine girenok. Jynaza, nika, tebärek çykýanlaň hemmesi arap dilini bilenok. Arap dilini kämil öwrenmek üçin keminden 5-10 ýyl gerek. Arap dili başga zat;

Arap elipbiýiniň, harplarynyň okalyşy, (ýagny tejwid) umuman başga zat;


Sen bolsa bu warsaky setirlerňde, arap dil bilýäňmi, Kuran okaýaňmy, kitap açýaňmy diýip sorag goýýaňda, soňuny mollalar diýip jemleýäň. Şol zatlary bilmeýänine şübhe edýän bolsaň, näme üçin "mollalar" diýip, molladygyny ykrar edýäň?


Seň pikiriňçe, seň hyzmatyň üçin öýüňe gelip, bir zat-bir zat diýip samyrdap, seni aldap puluňy alyp gidýäler diýip hasap edip ýördüňmi?!

[Utan-how, bu derejede-de pese düşmäň]


Sen birini ýalana çykarmak üçin, onuň özünden sowadyň ýokary bolmaly ahyryn?! Meselem: sen onuň arap dilini ýa-da tejwidi ýalňyş aýdýanyny subut etmek üçin, sen onuň özünden hem şol tejwidi gowy bilýän bolsaň subut edip bilýäň ahyryn?!

Özüň bilmeýän bolsaň nädip subut etdiň? Düýşüňe girdimi?


***


Eý nadan mollalar,

Jahyldygyňyz köre aýan.

Şonda-da ýene gürleýäňiz,

Döwrüň täze mollalary,

Döwrüň jahyl mollalary.


- Köre aýan bolsa diňleme, yzyna düşme... gepiň geçjek adam bolsa nesihat et. Diňe gybatyny edip, aýbyny açanyň bilen adam düzelmeýär. Başarsaň özüň ylym öwrenip, kämilleş-de olardan ozup git. Ikisinem başarmaýan bolsaň, şol bir zady ýaňrap oturma.


Hiç bir ugurda, hiç bir wezipede hemme kişiň "aňrybaşy" bolmaýşy ýaly, bu molla-sopuçylyk ýolunda-da kemterlik bolýar.



***


Tankytlasaň gaharlanar,

Aýbyny aýtsaň çişiberer,

Sorag berseň agzyn ýumar,

Döwrüň täze mollalary.


- Tankytlasaň üstüňe topulýan, ýa-da adam şekilli sorag berseň "kelläni agyrtma" diýip ýüzüňi alyp göýberýän molla göremok men-ä. Ala-böle saňa şeýle adamlar duşýan bolmaly-da. Ýa-da sen adam şekilli sorag bermänem oňarmaýan bolmaly.

Edep bilen ýüzlenmäni, sorag bermäni başarsaň hemme soragyňa-da jogap berýäler. Ony özüne kiçilik bilýäni ýok. Bilse aýdar, bilmese-de "bilemok" diýer. Bir adamyň hemme zady bilmegi mümkinem däl, onuň borjam däl.


Aýbyny açsaň diýipsiň. Adamyň, onda-da musulmanyň aýby açylmaýar. "Musulmandan aýyp tapan, tää özi şoňa duçar bolýança dünýeden geçmez" diyen hadys bar. Daş-töwerege howply, zyýanly bir aýby bar bolsa-da, köpçülikde ýüzüne basylanok. Edep bilen ýekeme-ýeke görüşip özi bilen medeniýetli gürrüň edilýär.


Aýyp-hatasyz ynsanyň özi ýok. Aýypsyz diňe Perwerdigär.


***


Pygamber bolmuş sizden bizar,

Allaň gazabyna bolarsyňyz duçar,

Perişdeleň lagnaty siz,

Döwrüň täze mollalary.


Mbäh, pygamberleň adyndan gürlediň-ow.

Aslynda, dine kuwwat berýänlere, yslam alymlaryna "pygamberiň mirasdüşerleri" diýilýär. Olaryň derejesi, hormaty ýokary bolýar.

Indi pikir et. Şol alymlaram bir wagt mollaçylykdan başladylar. Şolaram başda harp tanamaz, sesi gyryk molladylar. Soňra yhlasyna görä kämilleşip "mirasdüşerlik" derejesine ýetdiler. We olaram yzynda şägirt goýup molla ýetişdirdiler we ýetişdirýäler. Senem olary bir aýakdan sürüp, at dakyp otyrsyň. Şu ynsapdanmy indi?!


Mollalar diýip umumy ýüzleneniň-de içine ýagşy/ýaman hemmesi girip gidýäninden habaryň barmy? Bularyň hakyny nädip halal etjek?

Aýdaly, biri çykyp hemme "Süleýman" atlylar biderek, parahor, kezzap, Allaň duşmany diýip gygyrsa, hemmesi üýşüp "dur-how ýegen, biz saňa näme etdik. Sen biziň hemmämizi tanaýaňmy näme? Menä seni 1-nji sapar görýän" diýip, ýakaňdan tutsalar näme jogap berjek?


***


Musulmanlaň ýigrenýäni,

Şeýtanlaryň gowy görýäni,

Iki dünýäniň bi-abraýy,

Döwrüň täze mollalary.


Adam adamy ýigrenmegiň özi dürs däl. Musulman bolup asla-da gelşenok. Aýdaly, sen özüňi musulman hasap edýän bolsaň we şeýle mollalary ýigrenmek derejesine ýeten bolsaň, sen wagt ýitirmede imanyňy täzeden gözden geçir...


Şeýtanyň gowy görýän adamsy ýok. Jennetden kowulany bäri ynsanyň ezeli duşmany şeýtan.

"Gowy görmek" - sözi, birine ýagşylyk islemek, ýüregiňe ýakyn tutmak manysynda ulanylýar. Şeýtan hem şuny isleýämikä? Hat-da şeýtan öz azaşdyran adamlary bilen jähennemde ýatyrka "men size hiç zat edemok, meň elimden hiç zat gelenok, men diňe was-wasy etdim" diýermiş...


Ýokardaky aýdanym. Allanyň gazabyna duçar bolmagyny isläp, perişdeleri özüňe şaýat tutunyp, şeýtana şärik etmek derejesine ýeten bolsaň, imanyňy täzeden gözden geçir...

Her nämede bolsa diniň duşmany däl olar, bu dereje ýigrener ýaly.




____________________________



Goşguly temany ýapýas.

Indi çyndanam hakykady aýtmaly bolsa, döwrümiziň käbir mollalarynyň özüni alyp barşy meňem maňzyma batanok.

(Belki goşguda-da "käbir" sözi ulanylan bolsa ýerlikli boljakdy. Ýöne şol käbirlerini hem şeýtana deňäp, lagnat edip bolmazdy, näme bolanda-da olar musulman. Nesihat edip, ýolundan sowsa bolýar)


Meselem: garyn çykaryp ýören;

aýat-dogalary gazanç çeşmesine öwüren;

Atasyndan miras galan ýaly, baş ymamlygy, azançylygy hiç kime beresi gelmeýän;

We ýene-ýeneleri menem halamok we goldamok...


Bu wagt adamlaň özi dinden bihabar. Azajyk yhlas etseler ... nika, talak, miras ýaly meselelerden dini sowat öwrenseler, bu mollalara zerurlygam galmaýar. Meseläniň öz-özi çözülip gidýär.


*****


Şu ýerde ýene bir wakajygy goşup gideýin;


Bir gezek ýanymda daýym zeýrendi "aýý gurbanlykda obamyzyň plan mollasyny çagyrsam bahana tapyp gelmedi" diydi. Öz obamyzda ýekeje mollamyz bar. Oda hemme ýere ýetişenok. Diňe galyňja düwünçek berýänlere barýar, biz garybyň ýukajyk düwünçegine gelenok, ýetişenok diýip zeýrendi.

Dogrudyr. Ýetişýän däldir. Ýa-da çyndanam kim öňürtilese, kim gowjarak tölese şoňka 1-nji baryp, başgalary äwmeýän bolsa, jemgyýeti şular ýaly baý-garyp gatlaga bölýän bolsa, çyndanam ol molla ýazgarylmana mynasyp.

Men ýöne daýyma ýene sorag berdim:

- näçe sany ogluň bar?

- 5

- heyy 5 ogluňdan birini molla etjek bolup synanyşdyňmy?

- Ýok, diýdi.

- woot, günä özüňde. Şunça ogluňdan ýekejesine dini sowat öwretmänsiň. Molla-medresä bermänsiň. Şonuň üçin gaty görmegiň ýerliksiz bolýar. Sebäbi, öz aýdyşyň ýaly obanyň bir mollasy nirä ýetişsin? Ol molla ertir ölüp gitse, näme obada indi molla ýok diýip, nikaňyzy, jynazaňyzy, aýat-töwüriňizi taşlamak niýetiňiz ýokdur-a? Şol mollanyň ýerini basar ýaly, öz obaňyzdan birini şoňa şägirt etmeli, onça-munça dini sowat öwretmeli.




Türkmen aga aýdandyr "bir Alham, üç Kulhuallany okasaň aýat-töwür bolar-da" diýip. Şonuň üçin öwlüýä zyýaratlarynda, nahar töwürlerinde we.ş.m ýerlerde gysgarak aýatlary özüňizem okap bilýäňiz. Başgada "her musulmanyň biläýmeli" şerigatdaky ownuk-uşak meselelerini her kimiň özi öwrenmeli. Molla kowalap ýörmek gerekdäl...


Umuman, düşünjek düşündi. Başarşymça bitarap bolmana synanyşdym. Galanam her kimiň özüne.

  Dark_Wolf

23
236
Relax
01.09.2024 22:20

Yslam dini ynsanyň iýip-içmegi, geýinmegi, bezenmegi, dynç alyşy, maşgala durmuşy, özara gatnaşyklary ýaly, durmuşyň ähli taraplaryny tertip-düzgüne salypdyr. Bu düzgünler ynsanyň tebigatyna, akylyna ters gelýän zatlar däldir. Şeýle hem olary berjaý etmek artykmaç ýük bolman, gaýta ynsanyň abraýyny artdyrýan kada-kanundyr. Şunlukda on dört asyryň dowamynda Kurana we sünnete daýanýan, emr we maslahatlaryň esasynda dünýä siwilizasiýasynda aýratyn, baý medeniýet döräpdir. Ynsanyň gündelik durmuşyna we jemgyýetçilik gatnaşyklaryna degişli yslam dininiň getiren emr we gadaganlyklary sagdyn jemgyýetiň esasydyr. Yslam dininde käbir iýmitiň, içginiň, eşigiň haram edilmeginiň dürli hikmeti bardyr. Ýöne haram edilenleriň esasy sebäbi şol hikmetler zerarlydyr diýip aýtmak ýalňyş bolar. Haram-halaly kesgitleýän diňe Allah Tagaladyr.


Yslamda haram kylynan iýmitler


Kurany Kerimde dört sany iýmitiň haramdygy aýdylýar.

«Ol (Allah) size diňe meýtäni (maslygy), damak gany, doňuz etini we Allahdan özgäniň adyna kesilen haýwanyň etini haram kylandyr...», (Bakara, 173).


1. Meýte (maslyk).

Kuranyň iýilmegini haram kylan iýmitleriniň iň esasylaryndan biri maslykdyr. Ol iýmek üçin damagy çalynmadyk ýa-da awlanmadyk, özi ölen haýwanyň we guşuň maslygydyr.


Näsaglyk ýa-da zäherlenme sebäpli ölen haýwanyň etini iýmek saglyk üçin howpludyr. Maslygyň haram kylynmagynyň iň esasy sebäbi şudur.


Damagy çalynman boglup ölen, urlup öldürilen, ýokardan gaçyp ölen, başga bir mal tarapyndan öldürilen haýwan maslyk saýylýar. Ýöne bu mallaryň jany çykmanka ýetişilip, damagy çalynsa halal bolýar. Suwda özi ölen balyk hem maslyk saýylýar.


Maslygyň şahyny, süňküni, ýüňüni peýdalanmak mubahdyr. Derisi bolsa eýlenenden soň, arassa saýylýar.


2. Damakgan.

Malyň damagy çalnanda ganynyň köpüsi daşyna akýar. Muny iýmek-içmek haramdyr. Ýöne inçe damarlarda akman galan gan ýa-da dalak we bagyr ýaly agzalarda galan ganyň iýilmeginde zelel ýokdur.

Ganyň haram edilmeginiň esasy hikmeti onuň hapalygy, içinde adama zyýanly dürli mikroblaryň we bakteriýalaryň barlygy sebäplidir.


3. Doňuz.

Bu jandaryň etiniň haram edilmegi Kurany Kerimde (Bakara, 173; Maide,3; En'am, 145; Nahl, 115) hem-de hadyslarda anyk, kesgitli görnüşde aýdylypdyr. Pygamberimiz bir hadysynda:«Allah we Onuň Resuly hamryň, maslygyň, doňzuň we çokunmak üçin ýasalýan butlaryň alyp-satylmagyny haram edendir», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi) diýýär.


Doňzuň içýagynyň azyk üçin we başga maksatlar üçin ulanylmagy hem haram edilipdir.


Doňuz eti ýahudi we hristian dininde hem haramdyr. Töwratda doňzuň murdardygy bellenip, etiniň iýilmegi we maslygyna degilmegi gadagan edilipdir (Tesniýe, 14/8). Häzirki döwre gelip ýeten Injillerde doňuz pes jandar hasap edilse-de, etiniň iýilmegini gadagan edýän anyk maglumat ýokdur. Ýöne hristianlygy giňden ýaýratmak maksady bilen Pawlos doňuz etini gadagan edýän aýatlary Injilden aýryp«Ynsany agzyndan giren däl-de, agzyndan çykan hapalar», (Matta, 15/11,18) we«Bazarda alnyp-satylýan her bir zat iýlip bilner», (Korintoslylara birinji hat, 10/25)diýen ýaly deliller getirip täze düzgün girizipdir.


Yslam alymlary doňzuň etini-ýagyny iýmegiň gabanjaňlyk, namysjaňlyk ýaly duýgulary küteldip, ynsanyň ahlagyna erbet täsir edýändigini belleýärler. Şeýle hem häzirki döwrüň ylmy we medisinasy doňuz etiniň ynsan saglygyna zyýanlydygyny subut edýär. Ösen tehniki enjamlar bilen doňzuň eti we ýagy işlense-de, dürli azyk önümleri üçin goşmaça garyndy hökmünde ulanylsa-da, ol haramlygyna galýar.


4. Allahdan özgäniň adyna kesilen mal.


Jahyliýet döwründe araplar çokunýan butlarynyň adyna gurban niýeti bilen mal soýar eken. Şonuň üçin Kuran Allahdan başganyň adyna damagy çalnan haýwanlary haram hasaplapdyr.

«Eger Allahyň aýatlaryna ynanýan bolsaňyz, diňe Onuň adyny aýdyp kesilenlerden iýiň», (Engam, 118).


Başga bir aýatda «Allahyň ady aýdylman kesilen haýwanlaryň etini iýmäň», (Engam, 121). Şular ýaly aýatlara daýanyp, malyň damagy çalnanda «Bismillah» diýmegi şert goşupdyr. Bu yslamyň towhyd akydasyna berlen ähmiýetiň we şirke bolan ýigrenjiň anyk netijesidir.


Hanefi we Mäliki mezhebine görä,


«Bismillah» diýmek hökmandyr. Bilgeşleýin diýilmese, şol haýwanyň eti iýilmeýär. Unudylyp diýilmese, hiç hili zeleli ýokdur. (Buhary, Ebu Dawud).


«Bismillahi Allahu Ekber» diýmek, mustahap görülýär.


Şafygylar bolsa damak çalnanda


«Bismillah» diýmegiň sünnetdigini, kesen wagty besmeläniň aýdylyp-aýdylmandygy bilinmese, besmele aýdyp şol malyň etini iýmek bolýandygyny aýdýarlar. Haýwanyň damagy çalnanda besmeläni terk etmek mekruhdyr. Olaryň daýanýan delilleri şu hadysdyr:

«Pygamberimiz Mekgede ýaşan döwründe töwerekdäki taýpalardan musulman bolan bir jemagat sowgat hökmünde et iberýär. Besmele aýdylyp damagy çalnandygy näbelli bolan bu eti iýmek meselesi Pygamberimizden soralanda, Ol: «Besmele aýdyp iýiň» diýipdir. (Buhary).


Ymam Şafygy bu hadysa mutlak many berip, haýwan besmelesiz kesilen bolsa hem iýen wagtyň besmele aýtsaň ýeterlik boljakdygyny aýdýar. Ymamy Agzam bolsa, «eti iberen taýpanyň musulmandygy üçin, besmele aýdylmandygyna diňe şübhe edilipdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) bolsa, musulman hemişe Allahyň adyny aýdyp malyň damagyny çalandyr diýen düşünje bilen şol etiň halaldygyny» aýdýar. Ymamy Agzam: «Bu hadysa besmelesiz damagy çalnan malyň etiniň iýiljegine delil däldir»diýip höküm edýär.


Damak çalmak bilen baglanyşykly meseleler


1. Damak çalýan akyly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten we musulman bolmalydyr. Ýahudi we hristianyň hem damagyny çalan maly iýilýär. Ýöne olaryň damagyny çalan maly diňe yslam dininiň makullaýan şertlerine laýyklykda ýerine ýetirilen ýagdaýynda halaldyr. Butparazlaryň we müşrikleriň öldüren maly musulmana halal däldir.


2. Damak çalnanda haýwana ezýet bermän, ýiti pyçak ýa-da gural bilen çalmalydyr. Damak çalmaga derek elektroşok, sapança meňzeş ýörite gural bilen, kömürturşy gazyny ulanmak, tokmak bilen maňlaýyna urmak, ýeňsesinden çiş sokmak arkaly haýwany öldürmek dürs däldir. Ýöne mal ölmänkä damagy çalynsa eti halaldyr. Haýwana ezýet bermezlik üçin elektroşok edilýändigi aýdylsa-da, elektrik togy haýwanyň nerw sistemasynyň işleýşini togtadýar. Netijede, damagy çalnanda haýwanyň gany doly akmaýar. Şonuň üçin güýçli tok ulanmak dogry däldir.


3. Häzirki ösen tehniki enjamlardan peýdalanyp, «Bismillah» diýip, bir gezekde birnäçe towugyň damagyny çalmak dürsdür. Ýöne arassalananda ýeleginiň aňsat ýolunmagy üçin towugyň atylýan suwunyň gyzgynlygy 55 gradusdan ýokary bolmaly däldir. Çünki bu gyzgynlykdan ýokarda diffuziýa arkaly hapa ete siňýär. Netijede, et harama çykýar.


4. Dabaralarda, garşy almalarda damagy çalnan mal Allahyň ady aýdylyp öldürilse hiç hili zeleli ýokdur, onuň eti halaldyr. Ýöne damak çalynmagyna sebäp bolýan şahs ýa-da gurama mukaddeslik, Hudaý mertebesine göterilmeli däldir.


Eti halal haýwanlar


1. Sygyr, goýun, geçi, düýe, towşan, towuk, gaz, ördek, hindiguşy ýaly öý haýwanlarynyň we guşlarynyň eti halaldyr.


Hapa iýýän (jellale) towuk, sygyr, goýun ýaly haýwanlaryň arassalanmak möhleti geçmezden damagyny çalmak bolmaýar. Olaryň halallanmagy üçin towugy üç gün, goýuny we geçini dört gün, sygry we düýäni on gün daşaryk goýbermän arassa iýmit bilen bakmalydyr.


At eti dört mezhebe görä-de halaldyr. Ýöne Ymamy Agzam söweş we ulag hökmünde ulanylýandygy sebäpli, onuň etini mekruh hasaplapdyr.


Towşan eti hem dört mezhebe görä halaldyr. Ýöne käbir sahaba we tabi'in alymlaryna, şeýle hem müjtehid ymamlardan Ibni Ebu Leýla görä, towşan eti tahrimen mekruhdyr.


2. Keýik, jeren, ýabany sygyr, zebra ýaly haýwanlar.


3. Gögerçin, serçe, bedene, käkilik ýaly ýabany guşlar.


4. Balyklar.


Leňňeç, gurbaga, balykgulak ýaly ýakymsyz sypatly jandarlarlaryň eti Hanefi mezhebine görä halal däldir. Beýleki üç mezhebe görä, suwda ýaşaýan ähli jandarlary iýmek halaldyr. Ýöne Şafygylarda Hanefilerdäki ýaly, suwda ýaşaýan jandarlardan diňe gury ýerde ýaşaýan eti iýilýän haýwanlara meňzeýänleri halal, eti iýilmeýänlere meňzeýänleri bolsa haram diýen garaýyş hem bardyr.


Eti haram haýwanlar


1. Azy dişleri we penjesi bilen aw edýän gurt, aýy, arslan, gaplaň, şagal, belka, tilki, pil, maýmyn, it, pişik ýaly haýwanlar.


2. Dyrnaklary bilen aw awlaýan bürgüt, ýarganat, baýguş ýaly guşlar.


3. Ýakymsyz sypatly bolan ýylan, içýan, gurbaga, pyşbaga, syçan, hažžyk, alaka, ýagyş gurçugy, siňek ýaly haýwanlar we möp-möjekler.


4. Öý haýwanlaryndan eşegiň, gatyryň eti dört mezhebe görä hem haramdyr. Käbir alymlar gatyryň etini mekruh hasaplapdyr.


Aw we aw etmek


Aw gadymdan däbe öwrülen pişedir. Yslam dinine görä, eti iýilýän haýwanlar eti we derisi üçin, eti iýilmeýän haýwanlaryň derisinden, dişinden peýdalanmak we zyýanyndan goranmak üçin awlamak jaýyz görülýär. Hiç bir peýdasy bolmadyk halatda, diňe keýp we haýwanlara ezýet bermek niýeti bilen aw etmek halanmaýar. Pygamberimiz bir hadysynda: «Kim bir serçäni keýpine öldürse, ol guşuňam kyýamat güni Allaha şikaýat edip: «Eý, Rabbim, pylany meni hiç bir bähbit araman keýpine öldürdi» diýjekdigini habar berýär, (Şewkani, «Neýlül-ewtar»).


Aw – tüpeň, ok, naýza ýaly ýaralaýjy we öldüriji gurallar ýa-da tazy, elguş ýaly ýörite öwredilen haýwanlar arkaly edilýär.


Aw bilen baglanyşykly meseleler


1. Awçy – musulman, kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Otparazyň, butparazyň awlan haýwanynyň eti haramdyr.


2. Awçy – nyşana almanka, guşuny ýa-da tazysyny goýbermänkä besmele diýmelidir. Eger unutsa zeleli ýokdur.


3. Aw guralynyň awlanýan jandaryň bedenini ýarmagy we tenine girmegi şertdir. Güýçli urgy, daş, taýak bilen urlup awlanan haýwanlaryň etini iýmek bolmaýar. Urlup seňseledilen awyň derrew damagy çalynsa zeleli ýokdur.


4. Tazy tutan awyny bogup öldürse ýa-da etinden iýse, ol aw haramdyr. Elguşuň awyň etinden iýmeginiň zeleli ýokdur. Awda ulanylýan jandar eýesi tarapyndan goýberilmän, özbaşyna aw awlap getirse, eger onuň getiren awy janly bolsa, damagyny çalyp iýmek bolýar. Ýogsa iýilmeýär.


5. Aw wagty ýaralanan haýwan suwda gark bolsa ýa-da ýokardan gaçyp ölse, bularyň hem etini iýmek bolmaýar.


Içgiler we narkotik jisimler


Yslam – serhoş edýän, akyly we ruhy deňagramlylygy bozýan, nerw sistemasyna zyýan edýän maddalary ulanmagy haram edipdir. Bu Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär:

«Eý, iman edenler, hamr (spirtli içgiler), humar, ensab (butlara gurban kesilýän we olara çokunylýan ýer), pal oklary şeýtanyň myrdar, nejis işlerinden başga zat däldir. Bulardan daş dursaňyz halas bolarsyňyz. Şeýtan hamr we humar bilen siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, sizi Allahy zikir etmekden we namazdan daşlaşdyrmak isleýär. Indi bu hapa işleri taşlarsyňyzmy?!», (Maide, 90-91). Bu aýat içginiň we humaryň haram edilmeginiň hikmetlerini aç-açan beýan edýär. Pygamberimiz «Her bir serhoş edýän zat hamrdyr. Her hamr – haramdyr» diýipdir, (Buhary, Müslim). Başga bir hadysynda:«Köp içeniňde serhoş edýän zadyň azy hem haramdyr» diýipdir, (Tirmizi, Ebu Dawud).


Yslam alymlary bu aýata we hadyslara daýanyp hamryň haramdygyny we muny inkär edeniň küfüre düşjekdigini belleýär. Şeýle hem ady näme bolsa bolsun, nämeden öndürilse öndürilsin, köp içeniňde serhoş edýän içginiň az mukdarda içilmeginiň hem haramdygy aýdylypdyr.


Pygamberimiz bir hadysynda içgini öndüreni, öndürmäge şert döredeni, içeni, getireni, getirdeni, paýlany, satany, satyn alany, hödürläni, ondan girdeji gazanany, şol gazançdan iýeni näletläpdir, (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Maje). Bu hadysa we beýleki hadyslara daýanyp, Hanefi alymlary içgi öndürýäne üzüm satmagy jaýyz görmändirler. Spirtli içgileri gymmatly haryt hökmünde kabul etmän nejis saýypdyrlar. Onuň söwdasyny, saglygy bejermekde ulanmagy gadagan edipdirler. Içgi içilýän ýerde oturmagy hem ýazgarypdyrlar. Bu çäreleriň ählisi ynsany spirtli içgi içmek endiginden halas etmek we jemgyýetde bu zäheri düýbünden ýatyrmak, geljek nesliň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin görlen çäredir.


Pygamberimizden içginiň derman hökmünde ulanylmagy barada soralanda:«Ol derman däl – dertdir» diýip jogap beripdir, (Müslim, Ebu Dawud). Yslam alymlary serhoş edýän içgileriň derman maksady bilen içilmegini jaýyz görmändirler. Ýöne derman ýasamakda alkagolly maddalaryň ulanylmagyny jaýyz görüpdirler. Eger halal maddadan ýasalan derman ýok wagtynda, dindar we ynamdar lukman alkagolly dermany ulanmagy maslahat berse, ony ulanmak dürsdür.


Aýatda hamr «rijs» hapa saýylandygy üçin spirtli içgiler gan we ***dik ýaly galiz nejaset saýylýar. Şonuň üçin hem onuň az mukdary hem bedende, eşikde we namaz okaljak ýerde bolmagy namazyň dürslügine zyýan ýetirýär.


Narkotik maddalar


narkotik maddalar bedene, ruhy saglyga alkagolly içgilerden has beter zyýanlydyr. Şeýle hem olaryň maşgala we jemgyýete ýetirýän zyýany uludyr. Şonuň üçin yslam alymlary bulary ulanmagy haram saýypdyrlar.


Çilim we nas


Çilim XV asyrdan soň yslam ýurtlaryna ýaýrapdyr. Şonuň üçin, ilkinji döwür müjtehidleriniň bu mesele bilen baglanyşykly anyk kesgitli fetwalary ýokdur. Häzirki döwrüň yslam alymlary çilim barada şu garaýyşlary öňe sürýär:


1. Käbirleri kyýas ýoly bilen anyk bir höküme daýanyp bilmänligi üçin haram diýip bilmän, çilimi tahrimen mekruh saýypdyr.


2. Käbir alymlar bolsa, çilim çekmegi saglyk taýdan zyýanly, ykdysady taýdan isrip we eklenje zyýanlydygy sebäpli haram saýypdyr.


Suw çilimi, müşdükli çilim we nas – bularyň ählisi çilim bilen deňdir.


Geýinmek we bezenmek


Yslam dininiň örtünmek emri, ynsanyň beden we ruhy saglygyny, jemgyýetiň umumy ahlagyny we maşgalany goramagy, jynslar arasyndaky tapawudy we gatnaşygy ýola goýmak ýaly maksatlary göz öňünde tutýar. Yslam dini geýinmekde hökmany bir görnüşi ündemeýär. Geýinmekde – aýalda we erkekde görülmegi haram bolan ýerleriň ýapylmagy esasdyr. Kurany Kerimde bu barada şeýle buýrulýar:

«Mü'min erkeklere: nazaryny haramdan daş saklamagyny, owrat ýerlerini ýapmagy, agzalaryny zynadan goramagy aýt», (Nur, 30). Başga bir aýatda bolsa, aýallaryň namysyny goramagy we harama bakmazlygy ündelýär.

«Mü'min aýallara-da nazaryny haramdan daş saklamagyny we owrat ýerlerini ýapmagyny, namyslaryny goramagyny aýt. Şeýle hem mejbury görünýän ýerinden başga zynatyny görkezmesin. Baş ýaglygyny ýakasynyň üstüne atsynlar...» (Nur, 31).


Yslam dini kişiniň ýagdaýyna görä, gözel we arassa geýinmegini müstehap görüpdir. Emma aşa geçmegi we isrip etmegi haram saýypdyr. Pygamberimiz:«Sada ýaşamak imandandyr» diýipdir, (Ibni Maje).


Dinimiz erkegiň we aýalyň ýaradylyşyna laýyklykda, käbir matany we şaý-sepi ulanmagy gadagan edipdir. Hezreti Alynyň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz çep eline ýüpek, sag eline-de altyn alyp:«Ýüpek we altyn ymmatymyň aýallaryna halal, erkeklerine haramdyr» diýip buýurýar, (Buhary). Ýöne ýüzüne ýüpek mata çekilen ýassyk, ýorgan, düşek ulanmak, ýüpekden tuty edinmek, ýüpekli namazlykda namaz okamak, ýüpek elýaglyk ulanmak jaýyz görlüpdir. Şeýle hem, bezeg niýeti bilen altyn we kümüşden ýasalan bezeg şaýlaryny öýden asmak jaýyz görlüpdir. Ýöne altyn-kümüşden ýasalan gaplary ulanmak we erkegiň altyn ýüzük dakynmagy haramdyr (Buhary).


Yslam ynsanyň asyl durkuny üýtgedýän, oňa täsir edýän zatlary etmegi, ýagny endamyňa ýazgy ýazdyrmak (weşm), dişleriňi owadanlamak (teflij), ýüzüň hamyny çekdirmek ýaly bejergi maksady bolmadyk her dürli estetiki we medisina operasiýalary etdirmegi gadagan edipdir (Buhary, Müslim). Ýöne betgelşik ýara, ýanyk yzlary, gyşaran dişler, çaşy göz, doga artyk agzalar adamyň görküni gaçyryp, köpçüligiň ýaňsa almagyna, kemsitmegine sebäp bolýan, saglygyňa zyýan ýetirän bolsa, bulary bejertmegiň zeleli ýokdur (Tirmizi).


Haram iýmit, içgi we geýim ulanmakdaky zeruryýet


Açlygy, suwsuzlygy kanagatlandyrmak, hassalygy bejermek üçin halal zatlar bolmadyk ýagdaýynda, haramdan peýdalanmak mubahdyr.


Ölmezlik üçin iýip-içmek her bir ynsan üçin farzdyr. Ynsan halal iýgi-içgi tapylmadyk ýagdaýynda, diňe ölmezlik üçin, zerur bolan mukdarda haram iýmit iýip-içip biler. Artyk iýip-içmek halal däldir.


Ynsan halal we tämiz zatlar bilen özüni bejertmelidir. Derman hem bir zerurlykdygy üçin çykgynsyz ýagdaýda haram zatdan öndürilen, ýasalan derman bilen özüňi bejertmek dürsdür. Meselem, erkeklere ýüpek geýmegiň haramdygyna garamazdan, Pygamberimiz Abdurrahman b. Awf bilen Zubeýr b. Awwam ýaly deri keseli bolan sahabalara ýüpek geýmäge rugsat edipdir.


Haram dermany ulanmak üçin şu şertler bolmalydyr:


1. Şol dermanyň ýerini tutup biljek halal dermanyň ýoklugy.

2. Şol derman ulanylmadyk ýagdaýynda jana howp abanmagy.

3. Dindar we ynamdar musulman lukmanyň şol dermany ulanmagy maslahat bermegi.


Spirtli içgiler we medisina


1. Häzirki döwre çenli spirt dezinfeksiýa maddasy hökmünde ulanylýar. Ýöne soňky edilen barlaglar alkagolyň dezinfeksiýa maddasy däldigini anyklady. Çünki alkagol bakteriýany proteýin bardasy bilen gurşap, onuň ösüşini – köpelmegini az wagtlyk togtadýar. Soňra güýjüni ýitirýär, bakteriýalar öňküsi ýaly aktiw hala gelýärler. Şonuň üçin, häzirki döwürde medisinada dezinfeksiýa maddasy hökmünde alkagol ulanyşdan aýrylyp, ýerine başga maddalardan peýdalanylýar.


2. Wiski ýaly alkagolly içgileriň ýüregiň damarlaryny giňeldip, onuň güýjüni artdyrýandygy aýdylýar. Emma soňky geçirilen barlaglar munuň dogry däldigini görkezdi. Çünki ýüregiň damarlary giňelmegi netijesinde gan akyşyň tizligi peselýär, bu bolsa, ýürege agram salýar.


3. Sowuk howada alkagolyň damarlary giňeldip, endamyňy ýyladýandygy, şeýdip, sowukdan goraýandygy barada aýdýarlar. Emma bu hakykata tersdir. Alkagol ulanylanda bedeniň ýylylygy köp ýitirýändigi üçin, doňmak prosesiniň çaltlaşýandygy anyklanypdyr.


4. Bir bulgur alkagolyň iň azyndan müň sany beýni öýjügini öldürýändigi medisinada bellidir. Şeýle hem alkagol jynsy güýji peseldýär.


Okamak arkaly kesel bejeriş


Keseliň maddy sebäbiniň bolşy ýaly, ruhy sebäbi hem bardyr. Gadymdan bäri gipnoz, saz we okamak arkaly käbir keseller bejerilipdir. Häzirki döwürde hem käbir keselliniň okamak arkaly şypa tapýandygy mälimdir. Sahyh hadys kitaplarynda Pygamberimiziň we sahabalaryň göz degende, ýylan, içýan çakanda, sehir (ters doga we jady) edilende käbir süre we aýatlary şypa niýeti bilen okandygy rowaýat edilýär.


Pygamberimiz hassalygy bejermekde dermanlaryň şu üç görnüşini ulanypdyr:


1. Ilahi dermanlar (rukýe we doga).

2. Tebigy dermanlar.

3. Ikisini hem özünde jemleýän dermanlar.


Ýöne «Pylan dermandan şypa tapdym, pylan suräni ýa-da aýaty okap gowulandym» diýmek ýalňyşdyr. Asyl şypa berýäniň Allahdygyny unutmaly däldiris.


Okamak we doga-dileg etmek arkaly hassany bejermek işine «rukýe» diýilýär. Bela-beter, musybat, hassalyk ýaly her dürli erbet ýagdaýlardan goranmak üçin Allaha sygynyp doga-dileg etmegi maslahat berýän hadyslary rukýäniň meşrugdygyna delil etmek mümkindir. Şeýle hem Kurany Kerimde:

«Doga ediň, jogap bereýin», (Mü'min, 60)başga bir aýatda:

«Dogaňyz bolmasa, Allahyň ýanynda hiç hili gadyryňyz ýokdur» (Furkan, 77)diýilýär.


Yslam alymlary hadyslara daýanyp, iň şypaly dermanyň dogadygyny, Kurany Kerimiň şypadygyny belleýärler. Doga belanyň duşmanydyr. Ony kowup çykarar, heniz gelmedik bolsa, öňüni alar, gelen bolsa ýeňleder. Doga mü'miniň ýaragydyr.


Alymlar kesel bejermekde ulanylýan tebigy dermanlaryň täsirli bolmagy üçin berhiz saklamak, sowukdan, yssydan goranmak ýaly şertleriň gerek bolşy ýaly, doganyň täsirli bolmagy üçin käbir şertleriň ýerine ýetirilmelidigini aýdýarlar.


a) Ygtykat arassa we päk bolmalydyr.

b) Haramdan we zulumdan daş durmalydyr.

ç) Doga edýän wagtyň kalbyň gaflatda bolman, Allaha doly ýönelmelidir.

Pygamberimiz bu barada: «Şuny berk biliň, Allah Tagala kalby gafyl kişiniň dogasyny kabul etmez» (Hakim) diýipdir.

d) Dogadan öň sadaka berilmelidir.

e) Doga kabul bolýan belli wagtlarda edilmelidir. (Farz namazyndan soň, juma güni, gijäniň soňky üçden birinde edilen dilegler has kabul bolguçdyr).

ä) Doga edeniňde, Kybla tarap öwrülmeli, özüňem päkize bolmalydyr. Allah Tagala hamd we sena edip, Onuň Resulyna salat we salam aýdyp, toba-istigfardan soň doga başlamalydyr. Dileg edilen wagty Allah Tagalanyň atlaryny zikir etmelidir. Kuranda we hadyslarda bar bolan dogalar bilen doga etmelidir.

f) Dogany gaýta-gaýta, üznüksiz etmelidir.


Surat we heýkel


Iki dünýä durmuşymyzy nurlandyran Kurany Kerimde suraty anyk gadagan edýän höküm ýok, emma heýkeli gadagan edýän hökümlere duş gelinýär:

«Eý, iman edenler, hamr (spirtli içgiler), humar, ensab (butlara gurban kesilýän we çokunylýan ýer), pal oklary şeýtanyň myrdar, nejis işlerinden başga zat däldir...» (Maide, 90). «Ensab» sözi müfessirler tarapyndan «Ybadat maksady bilen ýasalan butlar» diýip düşündirilýär.


Pygamberimiz surat we heýkel barada şu hadyslary aýdypdyr:

«Kyýamat gününde iň güýçli azaba duçar boljak suratkeşlerdir», (Buhary, Müslim).

«(Çokunmak üçin) surat we heýkel ýasaýanyň we muny halal saýanyň ýeri jähennemdir. Ol ýerde onuň ýasan her bir zadyna derek bir mahluk ýaradylar. Oňa jebir-sütem ederler», (Buhary, Müslim).

«Içinde it we diri zadyň suraty bolan öýe melekler girmez. (Goýun yzynda gezýän it we aw tazysy muňa degişli däldir)», (Buhary).


Hezreti Aişäniň gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz öýdäki üstünde haç bolan her bir zady döwüpdir, (Buhary).


Şuňa meňzeş hadyslara daýanyp, yslam alymlary ynsan we haýwan ýaly jandarlaryň suratyny çekmegi jaýyz görmändir. Suratyň we heýkeliň gadagan edilmegi Pygamberimiziň ýaşan döwri bilen berk baglanyşyklydyr. Muňa esasan şol döwürdäki däp-dessurlar, dini ynançlar gönüden-göni täsir edipdir. Şol döwürde her bir ýasalan heýkele çokunylýar eken, olar çokunmak niýeti bilen hem ýasalýar eken. Bu bolsa, ynsany şirke eltýär. Emma häzirki döwürde, surat çekip ýa-da heýkel ýasap oňa çokunýan ýokdur. Her hal: «Ylmyň ösen döwründe ynsanyň butparaz bolmagy mümkin däldir» diýip, Kuranda we hadysda nygtalýan höküme «indi zerurlyk ýok» diýmek ýalňyşdyr. Çünki Kuranyň we hadysyň hökümleri kyýamata çenli dowam edýär. Häzirki döwürde ynsanyň aňy ilkidurmuş döwründäkiden has ösen hem bolsa, Hindistan, Ýaponiýa, Hytaý ýaly ýurtlarda buta çokunýan köpdür.


Aslynda dinde haram we halal – zada görä däl-de, amallara görä kesgitlenipdir. Gadagan edilen zat – surat we heýkel däl-de, oňa çokunmakdyr. Şonuň üçin çokunmak niýetiň hem çokunarlar diýen şübhäň bolmasa, surat we heýkel ýasamak mubahdyr. Ýogsa häzirki döwürdäki foto, wideo, kino we ş.m. zatlar gadagan bolardy. Bularyň gadagan edilmegini: diňe diniň ynanç we ahlak esasyna zyýan ýetirjek, jynsy pitnelere we bozgaklyklara ýol açjak taraplary bilen baglanyşdyrmalydyr. Ony ynsanyň gözellik duýgusy, Allaha ynanjyny ösdürýän tarapy bilen baglanyşdyrmaly däldir.


Ýüzüne surat çekilen zatlaryň öýde ulanylmagy, namaz okalan wagty öňüňde suratyň bolmagy mekruhdyr.


Suratly eşigi geýmek mekruhdyr, ýöne şeýle eşik bilen kylnan namaz dürsdür. Her hal, iň gowusy namaz okalanda şeýle eşikleri geýmezlikdir. («Merginany», «el-Hidaýa»). Suratly zatlaryň satylmagy we satyn alynmagy hem jaýyzdyr. Ibni Hazym bolsa çaga oýnawaçlaryndan başga heýkelleri satmagyň we almagyň haramdygyny, emma suratly matany satmagyň dürsdügini aýdýar. («Muhalla» t-9


Aýdym-saz


Adamzat taryhy ýaly gadymy bolan we wagtyň dowamynda dürli özgerişlige sezewar bolan aýdym-sazyň hemme taraplaýyn ynsana täsiri bardyr. Onuň täsiri hem peýdaly hem zyýanly bolup bilýär. Aýdym-saz halk arasynda, umuman, wagt geçirmek üçin güýmenje diýip kabul edilýär. Emma ol aslynda duýgy we düşünjeleri ses bilen aňlatmak ýa-da sesi sazlaşykly we estetiki maksada laýyk görnüşde ulanmak sungatydyr. Ymam Gazala görä, aýdym-saz tebigy zat bolup, ynsany towhyda çagyrýan täsin owazlardyr. Ynsany keýpi-sapa, ýaramaz pişä eltýän sesler aýdym-saz däldir.


Yslamyň ilkinji döwründe aýdym-saz we gurallary edil surat we heýkel ýaly kabul edilipdir. Şol döwürde aýdym-saz diňe nebsiň bet arzuwlaryny kanagatlandyrmaga gulluk edipdir. Ymam Gazaly «Ihýa-u-ulumid-din» atly eserinde, aýdym-saz diňlemegiň mubahdygyny aýdýar. Çünki aýdym-saz aslyýetinde sungat we zerurlykdyr. Käbir keselleriň aýdym-saz arkaly bejerilýändigini ylym görkezýär. Bu bejeriş usulyna taryhda-da, şu günlerde-de duş gelinýär. Diňlenilende ynsanda Allaha söýgini, milli we dini gymmatlyklara hormaty döredýän aýdym-sazy diňlemek, ýerine ýetirmek mubahdyr. Emma gahar-gazaby, öýke-kinäni, jynsy höwesleri oýarýan, umytsyzlyga itekleýän aýdym-sazlary ýerine ýetirmek, diňlemek jaýyz däldir.


Sport we oýun


Dynç alyş ynsan üçin tebigy zerurlykdyr. Ynsan dynç alanda, bedeni sagdynlaşýar, zehini durlanýar, işeňňirligi ýokarlanýar. Yslam dini dynç alşy, şonuň bilen baglanyşykly oýunlary ynanç we ahlak kadalaryna ters gelmeýän görnüşde düzgünleşdiripdir. Çünki yslamda amala niýete görä baha berilýär. Pygamberimiz bir hadysynda: «Sizi Allahdan, Allahy ýatlamakdan daşlaşdyrýan her bir zat meýsirdir (humar)» diýýär, (Zeýlaýi, «Nasbur-raýe»). Bu hadysdan görnüşi ýaly, dynç alşyň we oýunlaryň ybadatlary we asylky borçlary terk ýa-da ahmal etmeklige getirjekleri halanmaýar. Şeýle hem humar niýeti bilen islendik oýny oýnamak haramdyr. Şonuň üçin saýlanan oýunlaryň şahsyň we jemgyýetiň peýdasyna bolmagy maslahat berilýär.


Pygamberimiz ylgamak, göreş, mergenlik, atçylyk we ýüzmek ýaly türgenleşikleri makullap, olary ýaşlara öwretmegi maslahat beripdir. Haýwanlara ezýet berýändigi, ynsanyň rehim duýgusyny öldürýändigi sebäpli haýwanlary uruşdyryp dynç almagy gadagan edipdir. (Ebu Dawud, Ibni Maje, Tirmizi, Ibni Hişam).


Ýokardaky sportuň görnüşleri şol döwrüň medeniýeti bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Yslamyň umumy kadalaryna laýyklykda, häzirki döwürdäki sportuň görnüşleri höwesjeň we professional görnüşde ýerine ýetirilip bilner. Şu döwürde sport ýaryşlary ýurtlaryň ykdysady-medeni derejesini aýan etmekde, milletleriň tanalmagynda hem ykrar edilmeginde uly rol oýnaýar. Hatda halkara ýaryşlar ülkede agzybirligi, jebisligi, watansöýüjiligi pugtalandyrýar.


Aýdylanlardan başga, yslam dininde käbir oýunlar gadagan edilipdir.


a) Humar oýnamak. Humaryň ähli görnüşi haramdyr. Kurany Kerimde humar buta çokunmak bilen deň tutulyp, şeýtanyň nejis işinden biridigi nygtalypdyr, (Maide, 90).

Humar – utan tarapyň utulan tarapdan bir zat almak şerti goýlan islendik oýundyr. Häzirki döwürde lotereýanyň käbir görnüşi, kart, nard daşlary, totalizator... humara degişlidir. Nard daşy barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Nard daşyny oýnaýan kişi Allaha we Onuň Resulyna isýan edendir», (Ymam Mälik, «Muwatta»).


b) Haýwanlary güýmenje edinmek.

It, horaz, goç ýaly haýwanlary uruşdyrmak düýbünden gadagan edilendir, (Tirmizi, Ebu Dawud). Hatda kapasda guş, akwariumda balyk saklamak hem halanmaýar. Ýöne Enes b. Mäligiň Nugaýr atly serçä meňzeş bir guşunyň bolandygy, Serwerimiziň (s.a.w.) Enesiň doganyna:«Eý, Ebu Umeýr, Nugaýr näme iş edýär?»diýip degşipdir, (Buhary, Müslim). Bu hadysa daýanyp, käbir alymlar guş, balyk saklamagy jaýyz görüpdir.



Çeşme:internet sahypalary

17
120
Relax
25.08.2024 16:32

Amerika gitmegi, ol ýurtda okamagy, işlemegi, ýaşamagy köp adam arzuw edýär. Dünýäniñ çar künjeginde ýaşayan adamlar bu ýurda gitmäge jan edýär. ABŞ her ýyl takmynan 50 müñ adamy ýurda çagyrýar. Şeýle-de her ýyl münlerçe adam bikanun ýollar bilen Amerika göçüp barýar, ýöne Amerika bu ýagdaýdan närazy däl. ABŞ bu ýagdaýy biraz kanunylaşdyrmak üçin "Ýaşyl kart" düzgünini ulanýar. ABŞ-nyň öñki daşary işler ministri Madlen Olbraýtyñ aýdyşy ýaly, "ABŞ-ny keseden gelenler aýak üstünde saklaýar."

Ylymly, bilimli adamlary ýurda göçürip getirmek bilen supergüýç bolmagy maksat edinýän ABŞ her ýyl müñlerçe adama iş wizasyny we ýaşamaga hukuk berýär. 1990-njy ýylda "emigrantynkydan üýtgeşik wiza" ýa-da "ýaşyl kart" atly maksatnamany ýurduň bosgunlar baradaky kanunynyň 203-nji maddasyna goşan ABŞ Jorj Buşyñ prezidentlik eden döwründe ony aýratyn kanun hökmünde kabul etdi. Bu maksatnama dolulygyna Daşary işler ministrligi tarapyndan ýöredilýär. "Ýaşyl kart" atly maksatnamanyň esasynda her ýyl dünýäniň çar künjünde 55 müñ adam ABŞ-da ýaşamak üçin wiza alýar. Lotereýa oýny ýaly gabat geldi usulda saýlanýan bu adamlar ömürleriniň ahyryna çenli Amerikada ýaşamaga hukuk gazanýarlar we olar öz ýanlary bilen maşgalalaryny hem äkidip bilýärler.


• Kimler, haçan ýüz tutup bilýärler?


ABŞ-a gitmek isleýänleriñ arzalaryny kabul etmek işi bir aý dowam edýär we her ýylyñ oktýabr aýynyň ilkinji duşenbesinde başlanýar. Milli wiza merkezine bir aýyñ dowamynda ortaça 7-8 million arza gowuşýar. 2000-nji ýylda arzalary kabul etmek 2-nji oktyabrdan 1-nji noýabra çenli dowam etdi. Bu maksatnama gatnaşmak üçin ABŞ-nyň kesgitlän ýurtlarynyň raýaty bolmak gerek. "Ýaşyl kart" maksatnamasyna yüz tutmak üçin azyndan liseýi ýa-da uçilişedir tehnikumy tamamlan bolmaly ýa-da bolmasa soňky bäş ýylyñ içinde azyndan iki ýyl iş tejribäň bolmaly.


• Haýsy ýurtlar maksatnama gatnaşyp bilmeýär?


Kanada, Hytaý, Taywan, Kolumbiýa, Dominikan Respublikasy, Salwador, Gaiti, Hindistan, Ýamaýka, Meksika, Filippinler, Polşa, Günorta Koreýa, Angliýa we Wýetnam ýaly ýurtlaryň raýatlary bu maksatnama gatnaşyp bilmeýär.


• Maksatnama nähili ýöredilýär?


Milli wiza merkezine poçta bilen ýa-da internet arkaly gelen arzalar alty geografiki sebite bölünip, ýeke-ýekeden belgilenýär. Arzalaryň kabul edişlik möhleti dolansoñ, kompýutere girizilen arzalaryň arasynda gabat geldi usulda saýlaw geçirilýär.

Saýlawda bagty çüwenler ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi tarapyndan habardar edilýär we olar wiza almagyň şertleri bilen tanyşdyrylýar. Wiza almaga hukuk gazanan ilkinji 55 müň adamyň käbiri wiza üçin gerekli şertleri ýerine ýetirmedik ýagdaýynda olaryň ýerleri goşmaça saýlanan adamlar bilen doldurylýar.

Kitapcy

Ebru EREK.

Sende bu arzuw barmy?

20
281
Relax
24.08.2024 17:37

Agzalaryn ses bermeginde editorlaryn yerini belemekci boldum


ýöne:

taze editorlyga enes agza kop ses alypdyr enesin goyan postlaryna + welin agzalara dusundirish ishlerini gecip bilermik?


kone editorlardan 

garlawach bilen zummeret kop ses alypdyr bulary ayyrsak dusundirish ishlerni gecip biljek barmyka ?


21
476
Relax
23.08.2024 17:54

Haysy editordan na razy ?

26
869
Relax
22.08.2024 17:36

Sen haysyny editorlyga layyk goryan?

54
1 658
Relax
21.08.2024 22:56

Salam

Taze Editor bolmana dalasgar agzalar barmy?

We onki editorlardan narazy agzalar barmy?

21
449
Relax
03.08.2024 21:55

Ateist, Allah'ın varlığına inanmadığını söyler, ancak dünyanın tüm acılarından Allah'ın sorumlu olduğuna inanır!

17
197
Relax
03.08.2024 16:28


Düýş näme?! Bu sowala adamzat pikirlenip başlan döwründen bäri jogap gözleýän bolsa gerek. Ylymda düýş hakynda dürli çaklamalar edilse-de, düýş näme?! diýen sowala anyk bir jogap ýok. Şonuň üçin düýşüň nämedigi barada ylymda edilen çaklamalary mysal getirip, okyjylary güýmäp oturmaýyn. Din boýunça düýşe nähili garalýar?! Bu sowala hem anyk jogap bermek gaty çetin. Ýöne dini ulamalaryň adamzadyň gören düýşüni ýorandygy inkär edip bolmajak hakykat. Özem düýş pygamber ýorgudy bolsun diýlip ýorlupdyr. Dini ulamalaryň düýş hakynda aýdan pikirlerini öwrenip, olaryň düýşi iki topara bölendigini aýtsa bolar. Birinji, hemme adamzada mahsus bolan ýatanyňda görülýän adaty hakyky düýşler. Ikinji, ruhy ahwalat. Ilki bilen hemme adamlaryň görýän adaty düýşi barada söhbete geçmezden owal, pygamberleriň, ulama adamlaryň, özüni kämilleşdiren ynsanlaryň görýän ruhy ahwalaty barada gysgaça durup geçsek, düýşüň nämedigine gowy düşünip bolar diýip pikir edýärin. Kämillige ýeten adamlaryň başyndan geçirýän geň-taňsy wakasyny ruhy ahwalat diýlip atlandyryylýandygyny mäneli Berdinazar ahun (1990-njy ýylyň başlaryna aradan çykan bu ýaşuly 1937-nji ýylda agyr süteme sezewar bolandygy üçin, özüniň ahundygyny gizlin saklapdyr). Hojanazar ogly bize gürrüň berdi.

Ukudaky adamyň ruhy ahwalaty görmegi hemme ynsanlara mahsus bolmandyr. Ruhy ahwalaty görýän ynsanyň aň kämildigine ýetmegi hökmany şert bolupdyr. Asla ruhy ahwalata kesgitleme bermek gaty kyn. Biziň düşünşiimizçe, ruhy ahwalaty görýän kämillige ýeten ynsan edil huşundaky ýaly düýşünde hem hereketlerine erk edýär. Türkmen okyjysyna düşnükli bolar ýaly, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragydan mysal alaýyn. Milli şahyrymyz Magtymgulynyň “Turgul diýdiler”, “Bir nan getirdi”, “Uçdum ýaranlar”, “Boldum girýana”, “Oýan diýdiler”, “Ýar bizem sary” ýaly ona golaý şygry şahyryň gören ruhy ahwalatynyň beýanydyr. Şahyryň “Turgul diýdiler” şygrynda gören ruhy ahwalatyna gysgaça syn etsek, ruhy ahwalatyň nämedigine aň ýetirmäge mümkinçilik bolar diýip umyt edýärin. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda beýan edilen wakanyň köýünde bolup geçendigini tekrarlap, turanda agzyndan ak köpük saçandygyny tassyklaýar:

Turup, Magtymguly gözün açypdyr,

Serine ne köýler gelip geçipdir,

Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,

“Oglan, Alla ýaryň, bargyl” diýdiler.


Bu goşgy şeýle başlanýar:


Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,

Bir dört atly gelip: «Turgul» diýdiler.

«Habarmyz bar saňa pursat jaýynda,

Şol ýerde ärler bar, görgül» diýdiler.


Soňra şol dört atlyny görüp, Magtymgulynyň kalby joşa gelip, başyna gowga inýär, ine, bir ýerdenem iki diwana gelip, Magtymgulyny duran ýerinden alyp gidýär, bu ýerde Magtymguly diwana sözüni däli manysynda ulananok, umuman, tä giçki orta asyra çenli Hudaýyň yşkynda hem gözleginde bolup, sözüň doly manysynda şu dünýäniň lezzetinden, hatda ogul-gyzyndan geçen adama diwana diýipdirler, ýöne bu diwana sözünde hiç bir erbet many ýokdur. Magtymguly:


Şol iki diwana tutdy golumdan,

Alyban gitdiler duran ýerimden,

Bir yşarat boldy şol wagt ýanymdan:

«Saýramda boluban durgul!» diýdiler.


diýip, özüniň şol atlylar bilen Saýrama gelşini beýan edýär. Magtymgulynyň bu ruhy ahwalaty görmeginiň maksady özüniň şahyrçylyk zehininiň hakdan berlendigini subut etmekdir. Şonuň üçin akyldar Muhammet pygamberiň baştutanlygynda geçen agyr mejlise Saýramda gatnaşyp, olardan ak pata alýar. Beýik akyldar ylhamynyň hakdan berlendigini subut etmek üçin hak ylhamyna eýe bolan adamlaryň mejlisinden şygrynda ak pata alandygyny esaslandyrýar. Magtymgula ak pata bermegi Muhammet pygamberiň özi şägirtlerine tabşyrýar. Muhammet pygamber Magtymgula ilki hak ylhamy bilen näme maksat tutan bolsa bermegi egindeşlerine tabşyrýar:


Resulalla aýdy: «Ýa, Şahymerdan,

Eý-ä, Eslim hoja, ýa, Baba Selman,

Abu Bekr Syddyk, ýa, Omar, Osman,

Bu guluň maksadyn bergil!» diýdiler.


Eslim, Baba Selman buýurdy merde,

Pyýalany tutup, saldylar derde,

Gitdi akyl-huşum, ýatdym şol ýerde,

«Arşda-ferşde ne bar, görgül!» diýdiler.

Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna,

Nazarym tokundy Arşyň kemerne,

«Jebrut äleminde Jelil syryna –

Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler


Näge hyýal etsem, ele getirdim,

Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim,

Bu hal ile men parahat ýatyrdym,

Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler.


diýip, Muhammet pygamberiň ak pata bermeginde älem-jahana akyl ýetirmek paýhasyna eýe bolýar. Has dogrusy, şahyr “Turgul diýdiler” goşgusynda şol döwürdäki halk ynanjyna görä, hakdan ylham alan şahyrdygyny subut edýär. Magtymguly “Turgul diýdiler” şygrynda özüniň şahyrçylygynyň hak ylhamydygyny il-gününe ykrar etdirýär. Şahyryň “Bir nan getirdi” şygry şu bent bilen başlanýar:


Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi

Keremi joş eýläp, bir nan getirdi,

Sag elinde gülgün bada şeraby,

Sol elinde täze birýan getirdi.


Türkmende nan rysgal-döwletiň gönezligi hasaplanýar. Diýmek, Magtymguly Nagyşbendä nan getirtmek bilen rysgal-döwletiniň onuň sopuçylyk ýoluna baglanandygyny beýan edipdir. Emma şahyr şygyrlarynda Nagyşbendiniň sopuçylyk ýolyna oňyn garaýşyny beýan edenem bolsa, Magtymguly Hak ylhamyndan gözbaş alýan şahyrçylyga ak pata alandygyny şygyrlarynda beýan edipdir. Şahyr “Boldum girýana” şygrynda Hydyrdan, Isadan, Alydan hümmet isländigini, emma olar bilen baglanyşykly garaşmadyk ruhy ahwalatynyň bolup geçendigini beýan edýär. Wakanyň soňunda Magtymguly olardan isleg-myradynyň hasyl bolmagy üçin ak pata alýar:


Diýdiler: «Üç kişi bolduk ussadyň,

Daýym dessan bolar älemde adyň,

Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň...»,

Bu syry akmak açar, ýa bir diwana.


Görnüşi ýaly, Pyragy adynyň “älemde dessan boljakdygyny” Hydryň, Isanyň, Alynyň adyndan beýan edýär. Şol döwrüň türkmen jemgyýetçilik aňyna görä, Pyragy adynyň “älemde dessan boljagyny” özüniň aýdanyndan mukaddes şahslaryň aýtmagynyň has ynandyryjy boljagyna oňat düşünipdir.

Hydyr, Isa, Aly Magtymgulynyň ussady bolýar. Bilnişi ýaly, Hydryň, Isanyň, Alynyň sopuçylyk taglymaty bilen hiç bir baglanyşygy ýok. Hydyr, Isa-pygamber. Gündogarda Hydyr baky ýaşaýşa eýe bolan pygamber hasaplanýar. Özem ol çöl-beýewanlarda, dagda-düzde adamlary suwsuzlykdan gandyryp, ölümden halas edýär. Isa pygamberem adamlara halasgär bolup gelen hem diri gaýyp bolan pygamber, Magtymgulynyň ussady bolan Hydyr, Isa pygamberem baky ýaşaýşyň simwoly. Aly bolsa ylmyň eýesi bolan şahs. Magtymguly adamlara halasgär, baky ýaşaýşa (Hydyr, Isa), ylma (Aly) eýe bolan üç ärden ak pata alýar. Magtymgulynyň ruhy ahwalatynda özüniň şahyrçylyk zehininiň Hakdandygyny subut edipdir. Şol sebäpli Magtymguly “Gökleň” diýen şygrynda “Sözi agzyma Hak salar” diýip, özüniň gören ruhy ahwalatlarynda ýazyşy ýaly, Hakdan içen şahyrdygyny beýan edýär. Ruhy ahwalaty görüp, özüniň Hakdan içen şahyrdygyny subut etmek däbi Gündogarda gaty ýoň bolupdyr. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Hafyz, Sagdy ýaly şahyrlaryňam şahyrçylyk zehinini ykrar etdirmek üçin gören ruhy ahwalatlaryny çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary bar. Ol şygyrlary mysal getirsek, makalamyz has uly bolar. Şeýlelikde, ruhy ahwalat kämillige ýeten ynsanlaryň ukudaky ýagdaýynda hem özüne akyl-huşy bilen erk edip bilmegidir.

Günbatar ýurtlarynda-da kämillige ýeten adamlaryň ruhy ahwalaty başyndan geçirendigi hakynda anyk maglumatlar bar. XIX asyrda ýaşan, dünýä belli rus şahyry Nikolaý Çernyşewskiý kähalat gündiziň günortanam özünden giden ýaly bolup ýatýar eken. Turubam haýsydyr bir eserini ýazýar ekeni ýa öňki ýazan eserini dowam etdiripdir. Nikolaý Çernyşewskiniň döwürdeşi bolan Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskide hem edil şeýle ýagdaý gaýtalanýar eken. Nikolaý Çernyşewskem, Fýodor Dostoýewskem ruhy ahwalaty başyndan geçirende agzyndan ak köpük saçyp, olaryň towlanyp, togalanýan halatlaram az bolmaýar ekeni. Elbetde, bu şahyrlaryň bu ýagdaýyny gören garyndaşlary, dost-ýarlary olardan biynjalyk bolupdyrlar. Emma olar özleriniň bu ýagdaýyndan ünjä galmazlygy ýakynlaryna tabşyrýar ekenler hem şol pursatda nähili hereket edýänem bolsalar özlerini oýarmazlygy çyny bilen haýyş edýär ekenler. Bir gezek Nikol

Magtymguly ilki bilen hak ylhamy boýunça ylma eýe bolup, “Arşda-ferşde” näme bar bolsa ylmy taýdan akyl ýetirmek ylhamyna eýe bolýar. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusyny” bolmanda ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlarynda, döredijiliginiň kämilleşen döwründe ýazypdyr. Magtymguly “Turgul diýdiler” goşgusynda tassyklamagyna görä:

Ýel boldum, ýügürdim ýeriň damarna,

Nazarym tokundy Arşyň kemerne,

«Jebrut äleminde Jelil syryna –

Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler


Näge hyýal etsem, ele getirdim,

Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim,

Bu hal ile men parahat ýatyrdym,

Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler.


diýip, Muhammet pygamberiň ak pata bermeginde älem-jahana akyl ýetirmek paýhasyna eýe bolýar. Has dogrusy, şahyr “Turgul diýdiler” goşgusynda şol döwürdäki halk ynanjyna görä, hakdan ylham alan şahyrdygyny subut edýär. Magtymguly “Turgul diýdiler” şygrynda özüniň şahyrçylygynyň hak ylhamydygyny il-gününe ykrar etdirýär. Şahyryň “Bir nan getirdi” şygry şu bent bilen başlanýar:


Bir gije ýatyrdym, şa Nagyşbendi

Keremi joş eýläp, bir nan getirdi,

Sag elinde gülgün bada şeraby,

Sol elinde täze birýan getirdi.


Türkmende nan rysgal-döwletiň gönezligi hasaplanýar. Diýmek, Magtymguly Nagyşbendä nan getirtmek bilen rysgal-döwletiniň onuň sopuçylyk ýoluna baglanandygyny beýan edipdir. Emma şahyr şygyrlarynda Nagyşbendiniň sopuçylyk ýolyna oňyn garaýşyny beýan edenem bolsa, Magtymguly Hak ylhamyndan gözbaş alýan şahyrçylyga ak pata alandygyny şygyrlarynda beýan edipdir. Şahyr “Boldum girýana” şygrynda Hydyrdan, Isadan, Alydan hümmet isländigini, emma olar bilen baglanyşykly garaşmadyk ruhy ahwalatynyň bolup geçendigini beýan edýär. Wakanyň soňunda Magtymguly olardan isleg-myradynyň hasyl bolmagy üçin ak pata alýar:


Diýdiler: «Üç kişi bolduk ussadyň,

Daýym dessan bolar älemde adyň,

Magtymguly, wagtdyr, iste myradyň...»,

Bu syry akmak açar, ýa bir diwana.


Görnüşi ýaly, Pyragy adynyň “älemde dessan boljakdygyny” Hydryň, Isanyň, Alynyň adyndan beýan edýär. Şol döwrüň türkmen jemgyýetçilik aňyna görä, Pyragy adynyň “älemde dessan boljagyny” özüniň aýdanyndan mukaddes şahslaryň aýtmagynyň has ynandyryjy boljagyna oňat düşünipdir.

Hydyr, Isa, Aly Magtymgulynyň ussady bolýar. Bilnişi ýaly, Hydryň, Isanyň, Alynyň sopuçylyk taglymaty bilen hiç bir baglanyşygy ýok. Hydyr, Isa-pygamber. Gündogarda Hydyr baky ýaşaýşa eýe bolan pygamber hasaplanýar. Özem ol çöl-beýewanlarda, dagda-düzde adamlary suwsuzlykdan gandyryp, ölümden halas edýär. Isa pygamberem adamlara halasgär bolup gelen hem diri gaýyp bolan pygamber, Magtymgulynyň ussady bolan Hydyr, Isa pygamberem baky ýaşaýşyň simwoly. Aly bolsa ylmyň eýesi bolan şahs. Magtymguly adamlara halasgär, baky ýaşaýşa (Hydyr, Isa), ylma (Aly) eýe bolan üç ärden ak pata alýar. Magtymgulynyň ruhy ahwalatynda özüniň şahyrçylyk zehininiň Hakdandygyny subut edipdir. Şol sebäpli Magtymguly “Gökleň” diýen şygrynda “Sözi agzyma Hak salar” diýip, özüniň gören ruhy ahwalatlarynda ýazyşy ýaly, Hakdan içen şahyrdygyny beýan edýär. Ruhy ahwalaty görüp, özüniň Hakdan içen şahyrdygyny subut etmek däbi Gündogarda gaty ýoň bolupdyr. Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Hafyz, Sagdy ýaly şahyrlaryňam şahyrçylyk zehinini ykrar etdirmek üçin gören ruhy ahwalatlaryny çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary bar. Ol şygyrlary mysal getirsek, makalamyz has uly bolar. Şeýlelikde, ruhy ahwalat kämillige ýeten ynsanlaryň ukudaky ýagdaýynda hem özüne akyl-huşy bilen erk edip bilmegidir.

Günbatar ýurtlarynda-da kämillige ýeten adamlaryň ruhy ahwalaty başyndan geçirendigi hakynda anyk maglumatlar bar. XIX asyrda ýaşan, dünýä belli rus şahyry Nikolaý Çernyşewskiý kähalat gündiziň günortanam özünden giden ýaly bolup ýatýar eken. Turubam haýsydyr bir eserini ýazýar ekeni ýa öňki ýazan eserini dowam etdiripdir. Nikolaý Çernyşewskiniň döwürdeşi bolan Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskide hem edil şeýle ýagdaý gaýtalanýar eken. Nikolaý Çernyşewskem, Fýodor Dostoýewskem ruhy ahwalaty başyndan geçirende agzyndan ak köpük saçyp, olaryň towlanyp, togalanýan halatlaram az bolmaýar ekeni. Elbetde, bu şahyrlaryň bu ýagdaýyny gören garyndaşlary, dost-ýarlary olardan biynjalyk bolupdyrlar. Emma olar özleriniň bu ýagdaýyndan ünjä galmazlygy ýakynlaryna tabşyrýar ekenler hem şol pursatda nähili hereket edýänem bolsalar özlerini oýarmazlygy çyny bilen haýyş edýär ekenler. Bir gezek Nikolaý Çernyşewskiý doganoglan aýal dogany Lenanyň (Pylinin) “Nikolaý, biz neneň biynjalyk bolmaly, sen agzyňdan ak köpük saçyp, harlap towlanyp, büküşip ýatyrsyň” diýen sowalyna ol täsin şu jogaby beripdir: “Men nähili hereket edýänimi bilemmok, ýöne biynjalyk bolmaň. Men şonda alýan ruhy lezzetimi dünýäni elime berselerem almaryn. Şonuň üçin meni hergiz oýaraýmaň. Siz meni alýan lezzetimden kesip, meniň bedbagtlygyma sebäp bolmagyňyz hem mümkin”.

Hatda Muhammet pygamberiň Gurhanyň süreleriniň köpüsini ruhy ahwalaty ýagdaýynda alandygy hakynda maglumatlar bar. Muhammet pygamberem şeýle pursatda özüni oýarmazlygy haýyş edipdir. Ruhy ahwalat baradaky söhbetimizi uzaldybam bilerdik. Ruhy ahwalaty başyndan geçirýän adamlara garaguş agyryly diýlen ýaly töhmetleriň atylan pursatlaram bolupdyr. Ýöne ol adamlaryň ruhy taýdan gaty sagdyn bolup, diňe kämil şahsyýet bolup bilendikleri üçin, ruhy ahwalaty başyndan geçirendilerini aýtmak gerek. Ruhy ahwalat hakyndaky söhbetimizi jemläp, anyk şeýle netijäni aýtmak bolar. Ruhy ahwalat kämillige ýeten adamlaryň huşdaky pikirlerini düýşde dowam etdirip, anyk, oňyn netije alyp bilmegidir. Kämil adamlaryň başyndan geçirýan ruhy ahwalaty adaty adamlaryň görýän düýşüniň bir görnüşidir diýmäge doly esas bar. Ruhy ahwalaty nähili ýagdaýda görülýändigini, ol pursatda maglumatyň nireden alynýandygyny ylym heniz-ä çözmekden ejiz gelýär. Nesip bolsa, indiki makalamyz düýş hem düýş ýorgudy hakynda bolar.


17
91
Relax
27.06.2024 21:09


Iki ýüzli adamlar bir milliarddanam köpdür, menem şolaň biri. Ikiýüzli bolanda olaryň biri ýasama, biri original. Doglanyňda berlen ýüz. Durmuş bizi doňuzdan beter hyrsyz we arsyz edip taşlaýar, soňam gapdaldan birnäçe ýüz edinäýmesek başga alaç goýmaýar. Men öýde bir dürli, daşary çyksam başga. Daşarda ýörkäm gaty şadyýan, öýde ýaman serýozny adam. Kämahal tersine öýde ala-ýaz, köçä çyksam ýüzümden ýeňsäm gowy. Şu zatlaryň baryna öýdäki günäkär. Ýok, onuň günäsi ýok. Günä biziň biri-birimizi söýmeýänimizde. Ýalňyşypdyrys-da. Ýaşlyk ýalňyşylýan döwür eken. Ýaşlykda ýalňyşsaňam bütin ömür büdrär ýörer ekeniň. Onsaň gaýgyly aýdym aýdyp ýören ýaly men. Şükür bagşydaky ýaly: Ýaşlykdan ýakdyň meni diýip deklomasiýa aýdýan mahalymam bolýar käte.

Aý, aslynda-ha näşükür bolar ýaly günüm ýok-laý. Hususy kärhanam işläp dur, girdejimem güzerany gülala-güllük diýer derejede dolaýar, Alla şükür. Onsaň gapdaldan ýaşajyk gyz-gelinler gözüňe ilip başlaýar. Şol bolmasa durmuşyň duzy hem ýok. Golaýda duşuşyp ugran melegim hem durmuşyma duz guýup dur, hudaýa şükür. By nähili başlady diýsene, öýdäki çişikgülüm maňa geleli gününden halal ýaşaýar, bäş wagt namazly biçäre. Maňa-da «elli çermekden-belli çermek» düşünjesini öwretjek bolup kän kösendi. Onuň ol diýýäni meniň üçin Mandelanyň effekti ýaly bir zat-how, wapşe kelle alanok. Men bolsa golaýda tapynan melegim ýaly melekleri hiç wagt gapdalymdan geçirmedim. Başartsada başartmasada yzlarynda ylgaýan. Degse bäş, degmese ýigrimbäş diýýän, hahaha. Ýöne bu melegim, hä aýdynça onuň asyl ady hem Melek. Birinji gezek dagy ikiçäk galanymyzda çolaşyp-çyrmaşyp ýatyrkak gözleýän zadymy tapyp bilmän garader bolup sermenip ýörşüme «Melek diýdiň welin hakykatdanam melek bolaýma – diýip, ajy gülüp, hynçgyrdymam.- Hiç zat tapyp bilemoga».

Aý bolýa-da, ýaşap ýörün. Hepde-de iki gün ýanynda, şowuna düşse gijeläbem barýan. Şol wagt dagy meň boluberşimi, ýadyma düşse ýylgyryýan sebäpsiz ýöne. Irden pişik ýaly dylym-dylym edip, çagalarymy baga eltip gaýdan, soňam öýe gerek ýarak zatlary alyşdyrýan. Şu işleri oglanlara tabşyrsamam ylgap edýärler, ýok meň özüm edýän liçna.

Şeýdip Melegimiň ýanyna arkaýyn baryp bilýän. Melegimem melek. Ilki günler ýadyma düşýär. Oňa sataşan wagtlarym ýadyma düşýär. Onuň özi bir hekaýat.


Ak sakgaly peşeneli ýüzüne gelşip duran perişde sypat ýaşuly. Kabinetime gelip aýak basan dessine:

Salawmaleýkim- diýip, laňňa ýerimden turup, gol uzadypdyryn,- Geliň ýaşuly, geçiň şu ýere!

Ýaşuly elindäki telpegini gapdaldaky diwanyň üstüne oklap goýberdi-de, özi gapdalyma geçip ornaşdy:

- Sylap jan, gowumy oglum, sag-gurgunja gezip ýörmüň? Iş-güýçler düp-düzgün barýarmy?!

Onuň nurana ýüzüne seredi, hoşgylaw sözlerine aňk bolup otyryn, hemem:

- Alla şükür, Alla şükür, Gowy hemmesi ýaşuly jan – diýýän. – Öz ýagdaýlaryňyzam gowumy, garrylyk bilen tendarmysyňyz?

- Aý bizlerbir mydar ederis – diýip, perişde ýaly moýsepit goja ýylgyryp kürsä arka berip gaýyşýar. –Sizler gowy ýören bolsaňyz, hemmesi ýerbe-ýer bolar.

Onuň arkaýyn oturşy birhili ýaranok maňa. Ýogsa maňa howp salýan zat ýok. Ýöne ony teý tanap bilemok. Birhili gaýnatama hem meňzäp gidýär. Garry gaýnatam, öýdäkiniň atasy şunuň ýaly görmegeý adamdy.

Bir görsem ol ýaşuly öwüt berip otyr. Meni tanaýan bolmaly, men tanamasamam. Diňläp otyryn menem, gipnozlanan ýaly:

«Erkek kişi her bir işde halal bolmalydyr, erkegiň ady erk diýen sözden dörändir. Erkek özüne errk edip bilýän bolmaly oglum. «Haramylyk goç ýigidi har eder» diýip bir sözem bardyr. Her gün iş-güýjüňi bolandan soň, öýüňe dolanmaly, ojagyňa aýlanmaly. Şonda işleriňem oňuna boluberer.»

Içimden: «Işime näme bolupdyr? Hudaýa şükür-eý, hemme zat ýüzünugruna bitip barýar. Soňky alty aýda dagy girdejimi görse, Hydyr atanyň gözi gyzar».

Goja içimdäkini okan ýaly:

Haram harsydan gaçarak dur, bende görýän däldir diýme, barymyzy ýaradan ulug Zat görüp durandyr.


Soňky iki aýyň içinde günüme göz degen ýaly boldy-aý walla. Ýaňky yrjal ýaly goja gelip gidensoň işimiň işi gaýtdy. Eddil düýäniň üstünde it ýaran ýaly bolaýdy. Resminamalarda bir ýalňyşlyk gidip, tas türmä basypdylar. Kärhanamy ýapmaly boldy, özümem karz-kowala batyp galdym. Ýagdaýym gowy bolmasa-da, «Ölme-hä Görogly ölme, ölýänçäň özüňden galma» diýip, özüme teselli beren bolup ýörün. Bir gowsy ulagymy satmaly bolmady. Soňky bergilere öýdäkiniň altynlaryny geçirdim. Käte geçen durmuş bilen häzirki ýagdaýlar kellämde stykowka edenok. Durmuş gazet ýüzündäki krossword däl-dä, bir gözüni dogry çözüp bilmeseň, gapdala oklap goýberer ýaly. Be-e, özi şu meň durmuşymmy diýýän. Öýe gelsem öýde çagalar gözüme jyn bolup görünýär, aýalyma seretsem myrryhym atlanýar. Kisämde sanalgyja manatlar. Gapdaldan tapylýan melekler ýatdan çykdy, dogrusy olar meni tananoklar indi. Telefonlarynda hem blok edilen meň nomurym.

Gije garabasdy erbet. Gün ýaşyp barýarka kabinetimde otyryn, garşymda hem şol ýaşuly. Iki adam bolup bir gizlin iş etseň, üçünji biri gaýypdan seredip durandyr. Gaçyp, gitjek ýeriň ýokdur diýýä, özem ýöne ýylgyrýar, ýylgyryp durşundan gorkup oýandym.

Soň oýlanyp oturdym kän, tä daň atýança gözüme uky gelmedi.şondan soň karara geläýdim öýdýän, toba etmeli diýdim. Halys alla toba etdim. Ak toba, gara toba. Şertim şahyma etme ýok.

Ertir irden turup metjide gitmeli diýdim. Obanyň toý-ýasyna işjeň gatnaşybam başladym. Aýal maşgala görsem aýagyna-da seredemok, göwsüne hem garamok, kelläni aşak edýän, ýüzümi beýleräk sowýan. Aýal-gyz diýeniň hakyt şeýtan bolarmyş, ýok, şeýtan aýal-gyzyň üsti bilen erkegi ýoldan urýarmyş. Erkegem aýal-gyz bilen zyna edýärmiş, netijede ikisinem ýoldan urýar.


Umuman, işlerim ugrugyp barýar bir şekilli. Menem kellejigi tahýaly, mömin-musulman bolup ýörün. Obanyň toý-tomgy mensiz geçmeýär. Baş beýemçi men toý-sadaka ýas tapawudy ýok. Indi aýat-kuranam öwrenen bolýan, sakgal goýberäýsemmi ýa diýip hem oýlanýan. Sylap molla diýerler derrew. Öz ýanymdan ýylgyrdym: kelte tokga sypatym bilen Bally molla diýäýmeseler.

Hemme zat gowy garaz. Öýdäki hem gözüme yssy basýar indi, çagalaram mähriban. Işlerem ugrugyberjek ýaly indi biraz.

Gülala-güllük günleriň birinde şähere ugradym. Iş ýerime gatnaýan birsyhly başyndan başlajak bolýan. Bir wagt daşary ýurtdan gelen harytlary gözden geçirýän, ammardakylary rewizýa edýän öz ýanymdan, haýsam bolsa hasap çykaýmaly. Garaz gatnap ýörün öý bilen iş arada. Biraz gowlaşýan ýaly işler, ugrugaýjak ýaly göwnüme bolmasa.

Ertir säher bilen şähere barýan, keýpimem gowy. Ertir namazynam okadym nesip etdiginden. Obadan çykan ýerimde ýaşajyk maşgala, ak guw ýaly goluny sähel galdyrýar. Ulagy nädip saklapdyryn bilemok. Ol gelip, ulagyma oturandan soň özüme geldim. Şolarada onuň ulaga münmänkä «Şähere barýaňyzmy» diýip sorap duranynam bilýän. Men bolsa, köne keseli gozgan deý doňup galan bolsam nätjek. Gelni barmaly ýerine eltdim. Uzadan puluny yzyna gaýtardym. Akja gollaryny yzyna çekip, ýolkireý üçin çykaran puluny gülberine saldy.

Soň uzakly gün ol gelin kellämden çykmady. Gaty owadanam däl, ýöne bir jeren gözleri janyňy alyp barýar. Hem maşyndan düşüp, öýüne tarap gidip barýarka seýkin başyşy, oho-how. Men birhili ýolumy urduryp barýanmy?!

Bir hepde geçdi göni. Owadan gelni her gün obadan şähere äkidýän. Işigaýdany düýäniň üstünde it ýarar diýýär. Şol düýäniň üstündäki adamy ýaryp bilýän it ýa-ha guduz bolmaly, ýa-da gaty sportsmen. Garaz şu bisähet gün gelin meni öýüne çagyrdy:

- Şunça günden bäri bir köpük alman şähere gatnadýaňyz, öýe girip duz dadyp soň gidiberiň- diýip, boýnuny burdy gelin. – Men sizi keýp edip kofe içeli diýip çagyramok, duz dadyň diýdim, saçagymyň hormaty üçin.

Duzdan uly bolup bolmaýa, girdim içeri. Gül pürkülen ýaly howly, müşk ysly otaglar, agzym dagy açyldy. Bar ýeri farfor, gymmat bahaly zatlardan doly. Gelin gurgun görünýär diýip, samsyklaç ýylgyrdym. Ýöne derrew duz dadyp ugradym:

-Sag bol dogan, nanyňa-duzuňa bereket bersin, goşuňyz abadan – diýip, turdum gaýtdym eglenmän.

Ulagyma münüp ugradym, emma yzyma birki ýola garadym, şol ýerde bir zadym galan ýaly. Ýüregiňmi diýjek bolýansyň, ýok şol ýerde bir ýüzüm galan ýaly, hahaha. Howwa hemmeler ýaly menem ikiýüzli ahyr. Ýaňyjada duz dadyň diýip öýüne çagyran gelniň ýanynda esasy ýüzümi ulanmadym. Esasy ýüzüm nähili, bilýäňizmi? Bilýäňiz. Şol gelin bilen ediberjek işlerim bar-a, ana şol meniň hakyky ýüzüm.

Bu günem gelni obanyň gyrasyndan alyp, şähere ugradym. Şu gün gaty dar köýnegini geýipdir, sepinen atyram janyňy alyp barýar. Ulagyň salonynda oturan ýerinden maňa seredýänini birki gezek gördüm. Ulagyň arkany görkezýän aýnasynda gözlerimiz gabatlaşdy. Ýa Rebbi, Ýa Rebbi, Ýa Rebbi özüň awraý berewer. Gelin öýüniň gapdaljygynda ulagymdan düşdü-de gitmän duruberdi. Men içimden «Näme maşynyma müneni üçin men tölemelimikäm» diýip, geň galdym, ýüzüne seretdim. Ýüzüne seretsem ýyljyraklap kellejigi bilen «ýör» diýýär şeýtan gelin:

-Kofe içip gidiň, birje bulgur. Türkden gelen kahwamyz bar - diýip, ýene diljagazyny aýnadadanam bolýar.

Ahyr bolmady, gapymy özi açyp, elimden tutup idirdikletdi göni. Kofäniň goňrasdan ýakymly ysy özüme getirdi. Diňe ol hem däl, gelin bu gün has ýakynlaşdy maňa. Gujagyma giräýjek bolýar. Dyzlarymy ýassanyp otyr. Menem toba eden adam. Häzir gaty erbet ýalňyşjagymy bili-ip durun-da. Sebäbi şu ugurda kän ýalňyşyp gördüm. Eden tobamy bozmaýyn diýip, gelin bilen egri oturyp dogry gepleşeýin diýdim. Maksadyny soradym, biraz oňaýsyz. Gelin ýerinden turdy, tolgundy, ýene aşak oturdy:

-Bilýäňizmi, sizi gowy gördüm. Gaty salyhatly görmegeý adam ekeniňiz. Size aşyk boldum, çynym bilen söýdüm sizi. Ýöne pikir etmäň bir bozuk haýrana sataşdym diýip, ýa siziň maşgalaňyzy bozmagam islämok.

Men «düşünemok saňa onda» diýen manyda gözlerimi mölerdip seretdim oňa. Ol bolsa aşak bakyp sözüni dowam etdi:

-Men sizi adam hökmünde gowy gördüm, erkek hökmünde sizden perzent isleýän. Siziň ýaly mert ynsandan zürýadym bolsa, ýaşan ömrüm bimany geçmez.

Hekaýamyň iň gyzykly ýeri geldi şu wagt. Menem ýaman aldym-berdimli pursatlarda. Top derwezäniň edil agzynda, topçularam gyjyr-myjyr. Içki ýagdaýymda şü. Ýüzümi ýerden galdyryp gelne seretdim, gelin aşak bakyp otyr gaşymda. Indi onuň islegini bitirmek är işi, erkeklikden saýylýar. Her kime berilýän şansam däl bagt aslynda.

-Menem sizi gaty gowy gördüm.- diýip, ýoňsuz ýuwdunyp söze başladym. - Siziň ýaly owadan, akylly, süýji dilli, hoşgylaw maşgala Allanyň gudraty bilen döräýen bir keramat.

Men şu ýerde sägindim, sebabi ýene şol baýaky peşeneli ýaşuly ýadymyň bir çetinde agaran gür gaşlaryny galdyryp, gözlerini güldürip dur. Birhili boldum-aý, derrew ses tonumam üýtgedi öýdýän:

-Size gerek bolsa ömrümi bagyş ederdim. Ýöne isleýän zadyňyz meniň üçin Kap dagy ýaly agyr zat. Eger çyndanam meň ýaly ogluňyzyň bolmagyny isleýän bolsaňyz ýeke-täk bir ýol bar.

Gelin umytly gözlerini dikanlap seretdi, men ýene sözümi dowam etdirdim:

- Siz meniň kyýamatlyk ejem boluň! Men siziň kyýamatlyk ogluňyz...

Men sözümi soňlap bilmedim, gelin zöwwe ýerinden turup, beýleki otaga tarap gyssanmaç gidip galdy. Bir salymdan aglaýan sesi eşidildi. Men gitjegimem bilmän, galjagymam bilmän, iki jan awara bolup otyryn.

Ýöne birhili tobamy bozmanym üçin içim erbet dyrmalanyp agyrýar, ýöne gelniň haýyşyny bitirmänim üçin indi işim oňup gitjek ýaly. Şol wagt içimden näme diýýän diýsene, häzirlikçe bir işim oňubersin, soň göreris. Özem gözöňüme baýaky goja gelýär, şol garry gaýnatama meňzeş, arkaýyn gepleýän goja. Şol meň garry gaýnatama ýöne ýerden meňzänok-da.

Soňra iş ýerime gelip, öz eden işime syn berip oturdym. Bi eden priýomym bir zaman Baýram hanyň ogly Abdyrahmanyň eden işi. Bir ýerde okapdym. Megerem Prem Çandyň romanynda bolaýmasa şu epizod. Aý garaz menem ullandym durmuşda. Hany, indi ertirden synlap başlaly, işler biraz ýöreşiberer. Ertir belki şol ýaşuly halymdan habar alyp gider. Meň ýüzümde entegem toba maskasy bar.


kitapcy

Sylapberdi MUHAMOW.

32
274