Relax
08.09.2024 22:49

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap] -


Hawa, hawa..

Aldamana oglan ýagşy,

Ýaňsylamana molla...


Bir söz bar. "Garşyňa çykyp bilmejek adam-a güýjüňi görkezeniň.. seniň güýçlidigiňi, sowatlydygyňy, gahrymandygyňy aňladanok"

Häzirki döwürde-de iň köp ýaňsylanýan, garşysyna çykylýan şahs - mollamyka diýýän. Bu görgülileň ady hemme goşgularda, prikollarda, aýý garaz 3 adamyň üýşen ýerinde dini gürrüň açylsa mollalara taýak oklanýar.

Sebäbi bular öz adyny, abraýyny gorajak bolup hiç bir platformalarda çykyş edip ýörenoklar. Onsaň her geçen depip geçýär bulary. Şeýdibem jemgyýetde mollalar hakynda ýalňyş pikir şekillenýär.

Mollalaň alýan 50 manady trend-de. Emma adamlary barha jahyllyga itekleýän palçylaň, münejjimleň, bilgiçleň, porhanlaň, ýalandan tebipleriň, surata küf-çüf edip maşgala bozýan arabozarlaň gapysy oçurtly. Işiňden, ukyňdan, işdäňden wagt aýyryp şolaň gapysynda oturmaly we diýen puluny berip gaýtmaly. Şonda-da mollalaň alýan 50 manady trend-de.


*****


30.10.2023 / 12:47:05 - senesinde, saýtymyzda şular ýaly goşgy paýlaşylypdyr.



Döwrüň täze mollalary


Hiç zatdan habary ýok,

Döwrüň täze mollalary.

Çala okumyşdyr özleri,

Döwrüň täze mollalary.


Hemme zady haram eder,

Ýaşaýyşy zyndan eder,

Ahunsyrap akyl satar,

Döwrüň täze mollalary.


Gusulsyz gapyň ruçkasyn tutdurmaz,

Gusulsyz birje ädim atdyrmaz,

Gusulsyz ça-ga süýt emdirtmez,

Döwrüň täze mollalary.


Halypaňyz barmy siziň?

Ustadyňyz barmy siziň?

Nireden ylym aldyňyz?

Döwrüň täze mollalary.


Arap dilin bilýäňizmi?

Kuran okap bilýäňizmi?

Kitap tutdumy eliňiz?

Döwrüň täze mollalary.


Eý nadan mollalar,

Jahyldygyňyz köre aýan.

Şonda-da ýene gürleýäňiz,

Döwrüň täze mollalary,

Döwrüň jahyl mollalary.


Tankytlasaň gaharlanar,

Aýbyny aýtsaň çişiberer,

Sorag berseň agzyn ýumar,

Döwrüň täze mollalary.


Pygamber bolmuş sizden bizar,

Allaň gazabyna bolarsyňyz duçar,

Perişdeleň lagnaty siz,

Döwrüň täze mollalary.


Musulmanlaň ýigrenýäni,

Şeýtanlaryň gowy görýäni,

Iki dünýäniň bi-abraýy,

Döwrüň täze mollalary.


_______________________



Hiç bir zady bolşundan beter ulaltmajak bolup, owarram diýip geçip gitdigiňçe, käbirleriniň dili gijeýän eken...

Soňraky ýazjaklam, hiç kime aýratyn gönükdirilmedik, hiç kime duşmançylygym ýok. Ýazýanymyň sebäbi, häzirki wagtda köpçülik mollalar hakda ýokardaky ýaly pikir edýär. Hamala mollalar iýiji, ütüji, ýuwdujy, aldowçy we.ş.m...


Indi bolsa aşakda goşgyny ýeke-ýeke teswirleýäs:



Hiç zatdan habary ýok,

Döwrüň täze mollalary.

Çala okumyşdyr özleri,

Döwrüň täze mollalary.


- hiç zatdan habary ýok bolsa, halk köpçüligi başyna götermezdi... Hudaýa şükür, türkmen aga mollasyna hormat goýýar, törüne geçirýär. Toý-ýasyny, sähet-bi sähedini şolar bilen maslahatlaşýar.


Onsaňam bir döwrüň, zamanaň, geçmişiň, geljegiň, täze-köne mollasy bolýa diýip biz-ä eşdemizok. 100 ýyl mundan owal hiçimizem ýokduk. Diýmek hemmämizem täze.


Molla diýmegiň özi dini derejäniň iň kiçisi... [sadik, mekdep, uniwersitet bolsa].. mollanam sadik döwrüni başdan geçirýän dini wekil diýip hasaplap bolar. Çünki ol entäk başlangyç bilimleri öwrenýär. Onuň elinde ullakan wlast ýok. Tejwid, muhteser, kyragat, azançylyk, metjit ymamy, nika, jynaza - şundan aňryk geçenok olaň ygtyýarlylygy... şulara hem hyýanat etmän alyp gitmek üçin, bir är ömri gerek...


***


Hemme zady haram eder,

Ýaşaýyşy zyndan eder,

Ahunsyrap akyl satar,

Döwrüň täze mollalary.


- Ine ýene bir büdreýän ýeriň. Halal zady - haram etmek mollaň elindäki zat däl ol. Hat-da pygamberiň elindäki zat hem däl. Allanyň özi mukaddes kelamynda hemme zady açyk-aýdyň beýan etdi. Näme halal / name haram.

Seniň şol ýaňsylaýan mollaň, diňe şu zatlary ylmynyň, sowadynyň ýetişine görä beýlekilere ýetirip berýär. Adamlaň özi gowy düşünýär, näme haramlygyny. Bilmän edenok, bilip, aňyrsyna ýetip edýäler. [Şerap, zyna, doňuz eti, süýthorlugyň haramdygyny kim bilenok?]… Prosta biriniň ýatladyp durmagyny islänok. Sebäbi biri ýatladyp dursa kalby daralýar, günäleri ýadyna düşünýär. Oňada birahat bolýar.


***


Gusulsyz gapyň ruçkasyn tutdurmaz,

Gusulsyz birje ädim atdyrmaz,

Gusulsyz ça-ga süýt emdirtmez,

Döwrüň täze mollalary.


- Bu näme diýdigiň indi? Men mydama gusully gezýän diýdigiňmi?!

Sen nabarot tankyt etjek bolup, beter arşa çykarypsyň. Men-ä beýle takwa, her oturan ýerinde wagyzçyl molla duşyp görmedim. Aýratynam bular ýaly her kimiň özi biläýmeli zatlary köpçülikde ýaňrap oturanyny göremok. Gusul-a buýurýan bolsa, gaty janypkeş kişi ekeni, kimem bolsa... eger sen şeýle wagyz eşiden bolsaň, diymek töweregiňde, obaňda gusul almany bilmeýän adamlar köp bolmaly belki..


Siziň düşünjäňizde diňe namaz okaýan, metjide barýan adamlar gusul almaly diýen pikir gatap galan bolsa, muňa molla günäkär däl. Gusuly obyçhno är-aýal gatnaşygyndan soň hem hökman alynýar.

Ondan daşary süýt emdireňde gusul alyp/almazlygyň öz ygtyýaryň. Gusulyň päklik simwoldygyny düşünen ata-babalarymyz hiç mahal gusul-täretsiz gezmändir. Ene-mamalarymyz hatda tamdyra çörek ýapanda-da päklenipdirler. Muny biriniň aýdyp, ýatladyp durmagyna hajat ýok.


***


Halypaňyz barmy siziň?

Ustadyňyz barmy siziň?

Nireden ylym aldyňyz?

Döwrüň täze mollalary.


- Bu soragyňy mollaň maňlaýyna geçip özünden soramaly, bärde gybat kakyp oturman. Hiç mollada öz halypasyndan, geçen ylym ýolundan aýtmaga utanan ýa-da aýtmagy artykmaç hasap eden ýerini göremok. Nabarot buýsanyp aýdýalar, "planyň elinden pata alandyryn" , "planyň sopusy bolandyryn" diýip...


Şonuň üçin mert bolup özünden sorasaň, nireden ylym alandygynam, ustadynyň kimliginem aýdar...


***


Arap dilin bilýäňizmi?

Kuran okap bilýäňizmi?

Kitap tutdumy eliňiz?

Döwrüň täze mollalary.


- molla bolmak üçin arap dilini bilmeli diýen şert ýa-da borç ýok. (Gaýtalap aýdýan!!! Arap dilini diýendirin, arap harplarynyň tejwidini däl!!!)... Kurany Kerimi ýüzleý okamak üçin, kyragat etmek üçin, hatm etmek üçin arap harplarynyň tejwidini öwrenseňem ýeterlik. We ýokarda aýdyşym ýaly bu şertler mollaň wezipesine girenok. Jynaza, nika, tebärek çykýanlaň hemmesi arap dilini bilenok. Arap dilini kämil öwrenmek üçin keminden 5-10 ýyl gerek. Arap dili başga zat;

Arap elipbiýiniň, harplarynyň okalyşy, (ýagny tejwid) umuman başga zat;


Sen bolsa bu warsaky setirlerňde, arap dil bilýäňmi, Kuran okaýaňmy, kitap açýaňmy diýip sorag goýýaňda, soňuny mollalar diýip jemleýäň. Şol zatlary bilmeýänine şübhe edýän bolsaň, näme üçin "mollalar" diýip, molladygyny ykrar edýäň?


Seň pikiriňçe, seň hyzmatyň üçin öýüňe gelip, bir zat-bir zat diýip samyrdap, seni aldap puluňy alyp gidýäler diýip hasap edip ýördüňmi?!

[Utan-how, bu derejede-de pese düşmäň]


Sen birini ýalana çykarmak üçin, onuň özünden sowadyň ýokary bolmaly ahyryn?! Meselem: sen onuň arap dilini ýa-da tejwidi ýalňyş aýdýanyny subut etmek üçin, sen onuň özünden hem şol tejwidi gowy bilýän bolsaň subut edip bilýäň ahyryn?!

Özüň bilmeýän bolsaň nädip subut etdiň? Düýşüňe girdimi?


***


Eý nadan mollalar,

Jahyldygyňyz köre aýan.

Şonda-da ýene gürleýäňiz,

Döwrüň täze mollalary,

Döwrüň jahyl mollalary.


- Köre aýan bolsa diňleme, yzyna düşme... gepiň geçjek adam bolsa nesihat et. Diňe gybatyny edip, aýbyny açanyň bilen adam düzelmeýär. Başarsaň özüň ylym öwrenip, kämilleş-de olardan ozup git. Ikisinem başarmaýan bolsaň, şol bir zady ýaňrap oturma.


Hiç bir ugurda, hiç bir wezipede hemme kişiň "aňrybaşy" bolmaýşy ýaly, bu molla-sopuçylyk ýolunda-da kemterlik bolýar.



***


Tankytlasaň gaharlanar,

Aýbyny aýtsaň çişiberer,

Sorag berseň agzyn ýumar,

Döwrüň täze mollalary.


- Tankytlasaň üstüňe topulýan, ýa-da adam şekilli sorag berseň "kelläni agyrtma" diýip ýüzüňi alyp göýberýän molla göremok men-ä. Ala-böle saňa şeýle adamlar duşýan bolmaly-da. Ýa-da sen adam şekilli sorag bermänem oňarmaýan bolmaly.

Edep bilen ýüzlenmäni, sorag bermäni başarsaň hemme soragyňa-da jogap berýäler. Ony özüne kiçilik bilýäni ýok. Bilse aýdar, bilmese-de "bilemok" diýer. Bir adamyň hemme zady bilmegi mümkinem däl, onuň borjam däl.


Aýbyny açsaň diýipsiň. Adamyň, onda-da musulmanyň aýby açylmaýar. "Musulmandan aýyp tapan, tää özi şoňa duçar bolýança dünýeden geçmez" diyen hadys bar. Daş-töwerege howply, zyýanly bir aýby bar bolsa-da, köpçülikde ýüzüne basylanok. Edep bilen ýekeme-ýeke görüşip özi bilen medeniýetli gürrüň edilýär.


Aýyp-hatasyz ynsanyň özi ýok. Aýypsyz diňe Perwerdigär.


***


Pygamber bolmuş sizden bizar,

Allaň gazabyna bolarsyňyz duçar,

Perişdeleň lagnaty siz,

Döwrüň täze mollalary.


Mbäh, pygamberleň adyndan gürlediň-ow.

Aslynda, dine kuwwat berýänlere, yslam alymlaryna "pygamberiň mirasdüşerleri" diýilýär. Olaryň derejesi, hormaty ýokary bolýar.

Indi pikir et. Şol alymlaram bir wagt mollaçylykdan başladylar. Şolaram başda harp tanamaz, sesi gyryk molladylar. Soňra yhlasyna görä kämilleşip "mirasdüşerlik" derejesine ýetdiler. We olaram yzynda şägirt goýup molla ýetişdirdiler we ýetişdirýäler. Senem olary bir aýakdan sürüp, at dakyp otyrsyň. Şu ynsapdanmy indi?!


Mollalar diýip umumy ýüzleneniň-de içine ýagşy/ýaman hemmesi girip gidýäninden habaryň barmy? Bularyň hakyny nädip halal etjek?

Aýdaly, biri çykyp hemme "Süleýman" atlylar biderek, parahor, kezzap, Allaň duşmany diýip gygyrsa, hemmesi üýşüp "dur-how ýegen, biz saňa näme etdik. Sen biziň hemmämizi tanaýaňmy näme? Menä seni 1-nji sapar görýän" diýip, ýakaňdan tutsalar näme jogap berjek?


***


Musulmanlaň ýigrenýäni,

Şeýtanlaryň gowy görýäni,

Iki dünýäniň bi-abraýy,

Döwrüň täze mollalary.


Adam adamy ýigrenmegiň özi dürs däl. Musulman bolup asla-da gelşenok. Aýdaly, sen özüňi musulman hasap edýän bolsaň we şeýle mollalary ýigrenmek derejesine ýeten bolsaň, sen wagt ýitirmede imanyňy täzeden gözden geçir...


Şeýtanyň gowy görýän adamsy ýok. Jennetden kowulany bäri ynsanyň ezeli duşmany şeýtan.

"Gowy görmek" - sözi, birine ýagşylyk islemek, ýüregiňe ýakyn tutmak manysynda ulanylýar. Şeýtan hem şuny isleýämikä? Hat-da şeýtan öz azaşdyran adamlary bilen jähennemde ýatyrka "men size hiç zat edemok, meň elimden hiç zat gelenok, men diňe was-wasy etdim" diýermiş...


Ýokardaky aýdanym. Allanyň gazabyna duçar bolmagyny isläp, perişdeleri özüňe şaýat tutunyp, şeýtana şärik etmek derejesine ýeten bolsaň, imanyňy täzeden gözden geçir...

Her nämede bolsa diniň duşmany däl olar, bu dereje ýigrener ýaly.




____________________________



Goşguly temany ýapýas.

Indi çyndanam hakykady aýtmaly bolsa, döwrümiziň käbir mollalarynyň özüni alyp barşy meňem maňzyma batanok.

(Belki goşguda-da "käbir" sözi ulanylan bolsa ýerlikli boljakdy. Ýöne şol käbirlerini hem şeýtana deňäp, lagnat edip bolmazdy, näme bolanda-da olar musulman. Nesihat edip, ýolundan sowsa bolýar)


Meselem: garyn çykaryp ýören;

aýat-dogalary gazanç çeşmesine öwüren;

Atasyndan miras galan ýaly, baş ymamlygy, azançylygy hiç kime beresi gelmeýän;

We ýene-ýeneleri menem halamok we goldamok...


Bu wagt adamlaň özi dinden bihabar. Azajyk yhlas etseler ... nika, talak, miras ýaly meselelerden dini sowat öwrenseler, bu mollalara zerurlygam galmaýar. Meseläniň öz-özi çözülip gidýär.


*****


Şu ýerde ýene bir wakajygy goşup gideýin;


Bir gezek ýanymda daýym zeýrendi "aýý gurbanlykda obamyzyň plan mollasyny çagyrsam bahana tapyp gelmedi" diydi. Öz obamyzda ýekeje mollamyz bar. Oda hemme ýere ýetişenok. Diňe galyňja düwünçek berýänlere barýar, biz garybyň ýukajyk düwünçegine gelenok, ýetişenok diýip zeýrendi.

Dogrudyr. Ýetişýän däldir. Ýa-da çyndanam kim öňürtilese, kim gowjarak tölese şoňka 1-nji baryp, başgalary äwmeýän bolsa, jemgyýeti şular ýaly baý-garyp gatlaga bölýän bolsa, çyndanam ol molla ýazgarylmana mynasyp.

Men ýöne daýyma ýene sorag berdim:

- näçe sany ogluň bar?

- 5

- heyy 5 ogluňdan birini molla etjek bolup synanyşdyňmy?

- Ýok, diýdi.

- woot, günä özüňde. Şunça ogluňdan ýekejesine dini sowat öwretmänsiň. Molla-medresä bermänsiň. Şonuň üçin gaty görmegiň ýerliksiz bolýar. Sebäbi, öz aýdyşyň ýaly obanyň bir mollasy nirä ýetişsin? Ol molla ertir ölüp gitse, näme obada indi molla ýok diýip, nikaňyzy, jynazaňyzy, aýat-töwüriňizi taşlamak niýetiňiz ýokdur-a? Şol mollanyň ýerini basar ýaly, öz obaňyzdan birini şoňa şägirt etmeli, onça-munça dini sowat öwretmeli.




Türkmen aga aýdandyr "bir Alham, üç Kulhuallany okasaň aýat-töwür bolar-da" diýip. Şonuň üçin öwlüýä zyýaratlarynda, nahar töwürlerinde we.ş.m ýerlerde gysgarak aýatlary özüňizem okap bilýäňiz. Başgada "her musulmanyň biläýmeli" şerigatdaky ownuk-uşak meselelerini her kimiň özi öwrenmeli. Molla kowalap ýörmek gerekdäl...


Umuman, düşünjek düşündi. Başarşymça bitarap bolmana synanyşdym. Galanam her kimiň özüne.

  Dark_Wolf

23
234
zumer_chas
Düýn 22:11 wagtda
Salam dos menkinem teswirlerini pozup beray
sadajaaa_
Düýn 22:10 wagtda
Salam meň hemme tesvirlerimi pozup beräýiň!!!
flowers_
Wednesday 22:36 wagtda
@matsuriken, saglyk bolsa bolýala🙄
matsuriken
Wednesday 22:31 wagtda
@flowers_, 😐😢
flowers_
Wednesday 22:28 wagtda
@matsuriken, tüketmediñeý🙄
flowers_
Wednesday 22:28 wagtda
@milanaaa, otur diýlende oturar adam diýeniñ🤨
matsuriken
Wednesday 22:16 wagtda
@gunesh_, Oýun edemok. 😐
gunesh_
Wednesday 22:14 wagtda
Boldylaý indi oýunyňam çeni ýagşy. Gözüme görünme gaýdyp. NOKAT!
matsuriken
Wednesday 22:11 wagtda
@gunesh_, 😐. Bolpdur bagyşla. Gel ýaraşyp. Akylly bolup oýnes! 😌🙌
gunesh_
Wednesday 22:10 wagtda
Bolgusyz suwjarma maňa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.