Relax
25.08.2024 16:32

Amerika gitmegi, ol ýurtda okamagy, işlemegi, ýaşamagy köp adam arzuw edýär. Dünýäniñ çar künjeginde ýaşayan adamlar bu ýurda gitmäge jan edýär. ABŞ her ýyl takmynan 50 müñ adamy ýurda çagyrýar. Şeýle-de her ýyl münlerçe adam bikanun ýollar bilen Amerika göçüp barýar, ýöne Amerika bu ýagdaýdan närazy däl. ABŞ bu ýagdaýy biraz kanunylaşdyrmak üçin "Ýaşyl kart" düzgünini ulanýar. ABŞ-nyň öñki daşary işler ministri Madlen Olbraýtyñ aýdyşy ýaly, "ABŞ-ny keseden gelenler aýak üstünde saklaýar."

Ylymly, bilimli adamlary ýurda göçürip getirmek bilen supergüýç bolmagy maksat edinýän ABŞ her ýyl müñlerçe adama iş wizasyny we ýaşamaga hukuk berýär. 1990-njy ýylda "emigrantynkydan üýtgeşik wiza" ýa-da "ýaşyl kart" atly maksatnamany ýurduň bosgunlar baradaky kanunynyň 203-nji maddasyna goşan ABŞ Jorj Buşyñ prezidentlik eden döwründe ony aýratyn kanun hökmünde kabul etdi. Bu maksatnama dolulygyna Daşary işler ministrligi tarapyndan ýöredilýär. "Ýaşyl kart" atly maksatnamanyň esasynda her ýyl dünýäniň çar künjünde 55 müñ adam ABŞ-da ýaşamak üçin wiza alýar. Lotereýa oýny ýaly gabat geldi usulda saýlanýan bu adamlar ömürleriniň ahyryna çenli Amerikada ýaşamaga hukuk gazanýarlar we olar öz ýanlary bilen maşgalalaryny hem äkidip bilýärler.


• Kimler, haçan ýüz tutup bilýärler?


ABŞ-a gitmek isleýänleriñ arzalaryny kabul etmek işi bir aý dowam edýär we her ýylyñ oktýabr aýynyň ilkinji duşenbesinde başlanýar. Milli wiza merkezine bir aýyñ dowamynda ortaça 7-8 million arza gowuşýar. 2000-nji ýylda arzalary kabul etmek 2-nji oktyabrdan 1-nji noýabra çenli dowam etdi. Bu maksatnama gatnaşmak üçin ABŞ-nyň kesgitlän ýurtlarynyň raýaty bolmak gerek. "Ýaşyl kart" maksatnamasyna yüz tutmak üçin azyndan liseýi ýa-da uçilişedir tehnikumy tamamlan bolmaly ýa-da bolmasa soňky bäş ýylyñ içinde azyndan iki ýyl iş tejribäň bolmaly.


• Haýsy ýurtlar maksatnama gatnaşyp bilmeýär?


Kanada, Hytaý, Taywan, Kolumbiýa, Dominikan Respublikasy, Salwador, Gaiti, Hindistan, Ýamaýka, Meksika, Filippinler, Polşa, Günorta Koreýa, Angliýa we Wýetnam ýaly ýurtlaryň raýatlary bu maksatnama gatnaşyp bilmeýär.


• Maksatnama nähili ýöredilýär?


Milli wiza merkezine poçta bilen ýa-da internet arkaly gelen arzalar alty geografiki sebite bölünip, ýeke-ýekeden belgilenýär. Arzalaryň kabul edişlik möhleti dolansoñ, kompýutere girizilen arzalaryň arasynda gabat geldi usulda saýlaw geçirilýär.

Saýlawda bagty çüwenler ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi tarapyndan habardar edilýär we olar wiza almagyň şertleri bilen tanyşdyrylýar. Wiza almaga hukuk gazanan ilkinji 55 müň adamyň käbiri wiza üçin gerekli şertleri ýerine ýetirmedik ýagdaýynda olaryň ýerleri goşmaça saýlanan adamlar bilen doldurylýar.

Kitapcy

Ebru EREK.

Sende bu arzuw barmy?

20
281
Rova
10 Sentýabr 2024
zumer_chas
10 Sentýabr 2024
@Rova, kultury hem şonnan gowy däl
Rova
10 Sentýabr 2024
Men kulturyny halayan diydim ve dusunjani halayan diyende dowletin dusunjesi bolan kapitalisti aytjak bolmadym,
Rova
10 Sentýabr 2024
@zumer_chas, howa az diyip bolmajak koplukde adam garayagyzyn akyagyzdan pes derejededigini hasap edyar ve yigrenyanlerem bar, din bu yigrenjin uly sebaplerinden biri, nuh pygamber ve ogly barada bir rowayatda garayagyzlylary yamanlajak bir waka aydylyar. Komunizm kapitalizm ve beyleki ideolojiler barada geplesmegi halayan gepleseli welin
zumer_chas
9 Sentýabr 2024
@Rova, hmm, amerikanlar komunistleri yigrenyaninden habaryn barmy
Rova
9 Sentýabr 2024
@zumer_chas, yok men komunist garayysly adam
zumer_chas
9 Sentýabr 2024
@Rova, Kapitalist dushunjesi siz üçin gowymy?
Rova
9 Sentýabr 2024
Şol yerin kultur'yny (dusunjesini) ozume has yakyn goryan, dine sunun ozi hem gitme islegime sebap bolup dur
sh_shamko_
30 Awgust 2024
ABS dal BAE gidesim gelya nesip bolsa ugrynna :)). Giderin.
tm_girl
27 Awgust 2024
@Relax, salam meñ ähli teswirlemmi pozup beräýiñ.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.