Prensess
16.05.2022 01:43
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim. Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm. Öz ýeňles gylygma gazaply boldum. Öz durmuş ornuma indi düşünýän. Adamlara has ynamly garadym Ýeňiş bilen tamam boldy
10
35
3
Prensess
06.05.2022 08:00
Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär,
Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez;
Gözel bardyr dünýä malyn iýdirsiň,
Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.
Dünýäde bahylyň ýüzüni görme,
Aşyň, nanyň, suwuň alyşyp berme.
Gul diýip, ýigidiň aslyny sorma,
Hojasy bar, belki, guluna degmez.
Dünýä malyn berseň, eýesi satmaz,
Şa istese, anyň dilegi bitmez,
Bedew bar, pul berseň, bahasy ýitmez,
Bedew bardyr, salan juluňa degmez.
Döwletli är gerek, söweşde serhoş,
Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş,
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş,
Bu döwlet her kimiň eline degmez.
Magtymguly, bu dünýäniň eşreti, –
Iýmek, içmek, münmek,
guçmak, söhbeti.
Bir niçeler mydam kylar tagaty,
Niçeleriň sežde alnyna degmez.
Awtor:Magtymguly Pyragy
11
84
11
Prensess
05.05.2022 08:03
😏
10
27
5
Prensess
03.05.2022 07:45
Täzeçe bir many aldy köp zatlar,
Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy.
Bir ömürde meniň gören gudratym:
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Adam adama dost diýlen sözlere
Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi,
Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly,
Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy.
Dogry, şindem onuň şol öňki ady,
Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi.
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Ol juda kän zada akyl ýetirip,
Öz-özünden başga bir syry açdy...
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Baýaky aý, ýyllar sogup barşyna
Zamana täze bir akyma geçdi.
Bähbitlisi bolsun — aýdylyşy ýaly —
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Awtor: Berdinazar Hudaynazarow
12
66
9
Prensess
02.05.2022 09:15
Tutan Orazalarynyz eden doga dileglerniz arzuwlarnyz Bayram namazlanyz Allah dergahinde Kabul bolsun🤲🏻
11
24
3
Prensess
01.05.2022 10:28
Adamlary söýmek — ýeňil iş däldir,
Adamlary söýmek — uly hünärdir.
Kimler demir ýenjip, söýýändir ony,
Kim Sibirden geçip, söýýändir ony.
Serhetde adamy söýýändir esger,
Şahyr adam söýüp ýazýandyr eser.
«Adamlary söýýän!» diýip gagyrma
Bu bir boş sözlere sarpa goýmakdyr.
Sen gygyrma. Hünäriňi dowam et,
Şunuň özi adamlary söýmekdir.
Awtor:Gurbannazar Ezizow
10
248
42
Prensess
30.04.2022 15:45
Ajy hakykat
14
79
5
Prensess
20.04.2022 08:12
Salam gowmysynyz Men sizin kopunizi tanamok sizinem kopunuz meni tananzok son un kyn gorsenizem kyn gormesenizem ozunuz bilen tanysh edayin.
Men ozun bilen tanysh etsem
Adym: Merjen
Yylym: 2001
Yashayan yerim: Mary
7
286
20
Prensess
19.04.2022 09:30
Salam Öwrenmeli saytynyn agzalary gowmysynyz? Kim Maryly bolsa kommentarya yazayynda sizin komeginiz gerda mana
7
136
19
Prensess
18.04.2022 08:26
Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart!
Biz bu dünýä eýe kimin garýarys.
Iň gymmat,
Iň zerur,
Gözel zatlary
Alýarys-da, ýara sowgat berýäris.
Bütin Ýeri sowgat berýäs gyzlara,
Onuň minaradyr şäherlerini,
Onuň al şerap deý iňriklerini,
Dumanly-dumanly säherlerini.
Soňra ýyldyzlary,
Deňiz-derýany,
Soň kellämiz gyzyp gidiberse has,
Aýy iki ýaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.
Emma bize ýeň berenok eneler:
«Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok.
Asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen
Olar ýere teňňe bolup düşenok.
Aý diýýärler,
Deňiz-derýa diýýärler,
Tapanlarny jomartlarça seçýärler,
Emma ujypsyzja galyň tölemän
Gyzymyz şagal deý alyp gaçýarlar...»
9
107
16
Yene yükle