Prensess
18.04.2022 08:26
Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart!
Biz bu dünýä eýe kimin garýarys.
Iň gymmat,
Iň zerur,
Gözel zatlary
Alýarys-da, ýara sowgat berýäris.

Bütin Ýeri sowgat berýäs gyzlara,
Onuň minaradyr şäherlerini,
Onuň al şerap deý iňriklerini,
Dumanly-dumanly säherlerini.

Soňra ýyldyzlary,
Deňiz-derýany,
Soň kellämiz gyzyp gidiberse has,
Aýy iki ýaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.

Emma bize ýeň berenok eneler:
«Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok.
Asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen
Olar ýere teňňe bolup düşenok.

Aý diýýärler,
Deňiz-derýa diýýärler,
Tapanlarny jomartlarça seçýärler,
Emma ujypsyzja galyň tölemän
Gyzymyz şagal deý alyp gaçýarlar...»
9
107
DJ-🎧
18 Aprel 2022
♋CHJM♋,sen oglanmy ya gyzmy
♋CHJM♋
18 Aprel 2022
DJ-🎧,😑😑😐😐😐
DJ-🎧
18 Aprel 2022
sonky 2 setir birhililay 😅şagal dey alyp gacyalar 🏃‍♀️🏃‍♂️zat diyyara sotayy😅dayzajan gyzyň gacmasyn onda gyzyňdada günâ badyr özüni ulaldyp terbiyelap yetişdiren ene ataň ýüzüni yere salyp gacyan bolsa ,bey diysemem ozi alyp gacypdyr oytyan diyayman😅men intak oylenemok,😁 yone bara oyun bir yana dogryjamy aydayyn mena alyp gacylyan gyzlar bara hic kimede wepa bermeya ozuni eklap saklan ene atany taslap yuzuni gyzartyan gyz sana wepa berermi ,gyzlar ,oglanlar men su pikirim yalnysmy ya dogrymy sizin pikirinizce??
❤GÜLHANYYM❤
18 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Перман.
18 Aprel 2022
♋CHJM♋,???
♋CHJM♋
18 Aprel 2022
Перман.,😕😕😕😕
Перман.
18 Aprel 2022
Мен учина ин намарт эркегин иши. Ата-энанин наразычылыгы билен башланан дурмушын соны говы болмаз. Мен пикрима
Şadyýangözel🌺
18 Aprel 2022
Boyun alsaňam yagşy 🙄
Relax
18 Aprel 2022
♋CHJM♋, ola dogry
♋CHJM♋
18 Aprel 2022
Alfons,borla Maral sazyny chal bar zat wagtlayyn name Hemishelik zat barmy....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.